Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:17
Çyn şahyryň şany ýörär...

Çyn şahyryň şany ýörär
Gaýtam özi gidenden soň;
Owazy illere ýaýrar
Bir gün sesi ýatandan soň.

Janym-tenim bu gün seňki,
Ömrüm günäli, garaňky;
Aýan bolar şahyr ruhy
Özi gözden ýitenden soň.

Şahyr ruhy çyksa tenden –
Göýä gylyç çykdy gyndan;
Bulut kimin dargar beden:
Ruh parlar bedenden soň.

Yşk bakydyr, ömür salgym:
Şahyryňy ýada salgyn!
Il ezizlär şeýda kalbyn
Özi mundan ötenden soň –

Ýelesinde ýeller ösen,
Ygasynda güller ösen,
Çaýyr-çemen üstün basan
Bir tümmege batandan soň.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 174 | Mowzugy paýlaşan: Ýaran_Ýagmyr_99 | Teg: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 2.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 571 2 »
avatar
0
1 Мango • 23:24, 17.12.2023
Ýaran kaka. şahyrlaryň waspyn etdiň welin Ýan kakaňam şahyrlar barada bir şygyry ýada düşdi.
paýlaşaýaýyn şörde.

ŞAHYRANA BAŞLANGYÇ

Şatlanyň, eziz adamlar – şahyr doguldy.
Sandyraň, zalym namartlar – şahyr doguldy.
Ýaşyl ýaýla: elter ol päk ýürek ynsanlary,
akar çeşmä elter hoşgöwün sadalary.
Äkider olary Ylahy sesiň gelýän ugruna.
Äkider olary Taňrynyň buýran ýerine.
Akmak, näletkerdeler galarlar porsy ýerzeminde,
gowylary halas eder, ýamanlykdan uzak tutar.
Düýpsiz uçuryma taşlar zalym, jellat, ogry we akmaklary.
Şany beýik bolsun şahyryň doglan gününiň.
Aglaň, uwlaň, çyňsaň şagallar,
çünki, etmişiňiz alnyňyza geljek.
Şahyryň doglan güni mübärek bolsun, mübärek bolsun onuň doglan ýurdy.
Şahyr – gözenegiň arkasynda-da erkindir, şahyr – oňa ok tär etmez.
Şahyrdyr özüni sorag edeni soraga çeken.
Şahyrdyr adalatsyz kazylary hasaba çeken.
Şahyrdyr Taňry sesini eşden we eştdiren.
Şahyrdyr şeýtany tanan hem oňa höküm eden.
Bagtyýar ýurtdyr ol, şahyry bolsa!
Bagtyýar şahyrdyr ol, ýurdy bolsa!

© Ýan RYBOWIÇ

Terjime: MANGO

* * *

ПОЭТИЧЕСКИЙ ДЕБЮТ

Радуйтесь, люди добрые, – родился поэт.
Трепещите, злые и малодушные, – родился поэт.
Честных людей поведет он в зелёное поле,
к водам спокойным поведёт он людей простых.
Он поведёт их туда, куда ведёт его голос Божий.
Он поведёт их туда, куда велит Господь.
Дураки и подонки останутся в смрадных подвалах,
а добрых он спасёт, оторвёт их от зла.
В чёрную бездну низвергнет он тиранов, палачей, воров и глупцов.
Люди добрые, славьте день, когда родится поэт.
Плачьте, скулите шакалы,
ибо зло ваше обратится против вас.
Благословен день, когда родился поэт, благословенна страна, где он родился.
Поэт, который свободен даже за решёткой, поэт, которого пуля не берёт.
Поэт, который допрашивает тех, кто допрашивает его.
Поэт, который судит неправедных судей.
Поэт, который слышит и возвещает голос Божий.
Поэт, который знает Сатану и властвует над ним.
Счастлива страна, у которой есть поэт!
Счастлив поэт, у которого есть страна!

© Ян РЫБОВИЧ
avatar
1
2 Ýaran_Ýagmyr_99 • 13:39, 18.12.2023
Sag bol, Mango dost!

Ýöne Ýan aganyň goşgusynyň “ýaşyl ýaýla, akar çeşme” diýip başlanýan ýeri meniňki bilen sazlaşjak ýaly etdi-de, soňy başga zat bolup gitdi.

Ýan aganyňkyda awtoryň raýatlyk pozisiýasy bar, zalymlara we gaýry sosial şerlere garşy “arlama” bar, ýigrenç bar, (“zäher bar” diýsem-ä birhili), onuň şahyrynyň jemgyýetde göreş missiýasy bar, umuman adamzat durmuşyndaky haýryň şere garşy göreşi bar, ýeňşe optimizm bar. Onuň goşgusy meniňkiden kämil bolsa gerek, ýöne deňeşdirerden başga ugurly.

Meniň şahyrym beýle göreşiji hem däl, gahryman hem däl, aşa-beşer (сверхчеловек) hem däl (ok kär etmeýän). Dogry, onuň garaýşy hem optimistik, ýagtyja (surata seret). Ol özünde aýratyn ylahy peşgeş hem görýär, emma bu onuň üçin dünýäniň, durmuşyň, şahyryň ykbalynyň özünde bar bolan pajygaly gapma-garşylyk. Ýagny ol munda jemgyýeti hem, hiç kimi hem günälänok, umuman, närazy hem däl, gaýtam özüniň bikemal, nogsanly ynsan ömrüniň adamlaryň onuň şahyrçylyk missiýasyna ynanmagyna, dirikä hakyky ruhuna düşünmegine päsgel berýändigini aýdýar. Bu bendäniň hiç kime pretenziýasy ýok, günä-ýazykly ömri tamamlanandan soň şahyrana mirasynyň kabul edilip, dabaralanjakdyga ynanýar we sabyr bilen garaşýar. Dogry, onuň tebigaty ynsanlara garanda has söýýändigi, tebigata gyzgyn söýgi, özüni gurşaýan adamlara bolsa ynamsyz, sowuklaç garaýandygy soňky bentde duýulýar.

Meniň şunuň ýaly takwaja, mysapyr şahyryma garanda Ýan aganyňky duranja bir Prometeý welin, Ýan aganyň goşgusynda bir oýlandyrýan ýagdaý bar: diýmek, jemgyýetdäki zalym gurluş geçmişe gidenden soň, “çoh garaşylan ajap eýýam gelenden” soň şahyr näme etmeli? Ýan aganyň şahyry göreşmek üçin doglan. Zorluksyz, diktaturasyz, zalymsyz jemgyýetde oňa, onuň şygryýetine näme iş galýar? Diňe bagt aýdymyny aýtmakmy? Ýan aganyň “ангажированный” şahyry belli bir döwre degişli, taryhy taýdan çäklije bolup çykýar-da onda?

Meniň bu goşgym özümiň “bäşlemeler” diýýänim, ýagny adatça bäş bentli, sekiz bogunly ýönekeýje goşgularymdan. Saýtda öňem birkisini beripdim. Olar ýenil düzülip, ýeňil okalýan aýratyn topar. Aslynda hiç zadym agyr okalýandyr öýdemok welin “bäşlemelerim” diňe ýeňil okamak üçin ýazylan, olarda kän çuňlugam, originallygam ýok. Köplenç giň ýaýran pikirleri beýan edýärler, şonuň üçinem plagiat gürrüňi bolmazlygy üçin käbirini ýaýratman, özümde saklaýaryn. Terjime, has dogrusy nezire diýen ýaly. Dünýä edebiýatynda gezip ýören ideýalary, sýužetleri edebiýatymyza gazandyrmaga ýardam edýän ýaly welin, biziň okyjylarymyz “men şu pikiri bir ýerde eşidipdim, nireden aldyň?” diýerler öýdýän, muny bolsa düşündirip oturmak islämok. Magtymgulynyň käbir bentleriniň Saadynyň-beýlekileriň terjimesinden başga zatdygyny bilenoklar.

Umuman, awtorlyk, plagiatlyk, öýkünme mesleleri bizde entek çözülmedik, çig mesele. Gozgasaň dawasy kän.

Şonuň üçinem, Mango dost, goşgudan öň lenç edilmedik ideýalara garaşýandygyňy öň hem aýdanyňa görä, şu goýýan “bäşlemelerimde” ogrinallygyňam, çuňlugyňam, aktuallygyňam ýokdugyny, diňe çeperçilik üçin ýazylan ýeňiljek zatlardygyny, ýagny, dogruja, simmetrik, arassa figuralary üçin interýeriň o bu ýerinde goýlan içi boş küýzejikler kysmy bir zatlardygyny öňünden раз и навсегда duýdurýaryn. Olarda Ýan agamyzyňky ýaly zalymlary titredýän tupanlar bolmaz, stakanyň içindäki tolkunjyklar ýaly sentimental, “nurana gussaly” lirikajyklar bar. Belki, käbirleriniň estetiki вкус-yna laýyk geler we bir pursatlyk gözini eglär. Emma içi boşrak, göreşijileri jeňe ruhlandyrýan hyjuwlar ýok içinde. Bar zat bar, ýok zat ýok-da, nädeli.
avatar
2
3 aygull • 15:41, 18.12.2023
Bizde şahyr bn goşguçyny saýgarmak gerek ilki.Onsoñ, hop ýagşy diýip, gürrüňe başlaberýäñ. Şol aýyl-saaýyl edilmese, boglan sübse bolmaz.
avatar
0
4 Kyyas • 16:30, 18.12.2023
Şahyr sanagly olaram bir wagt aramyzdan aýryldy. Galanlaryna şahyr diýseñem edebiýatçy diýseñem garşy bolanok.
(Diri wagty sylagyny bermän ölenden soñ wah hakyky şahyr aramyzdan gitdi diýip aýdyp bilýäs).

Emma özüne şahyr diýýän ýok bolsa gerek.(bardyram) şu wagt şahyr diýip dälde Edebiýat döredijilik adamsy diýip atlandyrylaýmasa, meniñ ýaly goşguçylar aşa kän...
avatar
2
5 Ýaran_Ýagmyr_99 • 17:01, 18.12.2023
Meniň pikirimçe, "şahyr" we "goşguçy" düşünjeleriniň arasynda tapawut ýok. "Şahyr" - "şygyrçy" diýmek ("şiir" - "şair"). Şygyra türküläp "goşgy" diýsek, goşgy düzýänlere "goşguçy" diýmeli bolarys.

Meselem, Magtymguly - beýik goşguçy. Ol ömrüňde edebiýat ugrunda diňe goşgy düzmek bilen meşgullanypdyr. Dessan ýazan şahyrlaryňkydaky ýaly kyssa setirleriň biri hem onda ýok.

Goşgy ýazmak senet bolsa, şahyr hem bir senetçi. Ýöne ol öz önümlerini "ýasamaly" däl-de, "döretmeli", bu bolsa başga zatlar.

Meniň pikirimçe, "goşguçy" diýip diňe goşgy bilen meşgullanýan awtory, "şahyr" diýip bolsa adamlaryň arasynda döwrüň beýik ideýalaryny wagyz edýän, keramaty bilen ýagyş ýagdyryp bilýän ýa-da şehit bolan şahyrlar göz öňünde tutulýan bolsa gerek.

Ruslarda hem "поэзия" bilen meşgullanýan adama "поэт" diýilýär. "Cтихотворец" diýlende hem şol manyny berýär.

Türkmenleriň soňky wagtlarda tapan "goşguçy" sözüniň manysyny meniňem bilesim gelýär. "Sen-dä şol" diýseňizem gaty görmerin :D
avatar
0
6 Kyyas • 19:27, 18.12.2023
Özbeklerde koşukçy diýýalermi?☺️
avatar
1
7 Ýaran_Ýagmyr_99 • 20:37, 18.12.2023
Dogrusy, goşgy bilen meşgullanýanlary "şahyr" we "goşguçy" diýip bölýänleriň, umuman, "goşguçy" diýen negatif sözi döredip, dolanyşyga goýberenleriň nämäni göz oňünde tutýandygyny aňýaryn. Olaryň şol göz öňünde tutýan esasynda ullukan bir hakykaty hem görýärin. Ýöne "goşguçynyň" "şahyrdan" üýtgeşik näme manysynyň bardygyny berk sorap, olaryň özleriniň düşündirmeklerini isledim.

Howa, "goşguçy" sözüniň (başga dilde barmy-ýok, dahyly näme?) ýaşamaga hakynyň bolmagy mümkin.

Mysal: bir ýaşulyny tanaýaryn. 70-nji ýyllardamy-nämemi, partiýa-hökümet üçin şahyr defisiti döredimi-nämemi, bilemok, bir sebäp bilen "şahyr" adyny alypdyr, degişli wezipeleri hem. Bir süýregi bardy, ýyllarboýy süýregi, indem "at gazanan" edebiýat işgäri bolup ýör.

30-35 ýaşlar aralygynda goşgy goşup, gazetlere iberýärdim, soň goýdum diýen ýaly (häzirki berýänlerim esasan şonda çykmadyklar). "Pylan aga pylan ýerini düzetmeli diýýär" diýýärdiler, ýagny ýaňky "şahyr". Eý, Hudaý! Aýdýan zatlary däliniň sagy bejerjek bolşy ýaly. Ilki gülüp, soňam "şol mahluk meniň goşgymyň golaýyndan gelmesin, çykarmasaňyz çykarmaň" diýýärdim. Men bellige garşy däl, emma goşgy düzmeýänleriň belligi käte peýdaly bolýardy, ýaňkynyňky welin... bir mysalyny getirsem bilerdiňiz. Sowady - ýok, türkmen dilini -bilenok (özi türkmen welin), adamçylygy...

Aý, garaz, men iň soňky gezek "şular şol adama degişli, okadyň" diýip, bir topar rubagy iberipdim. Ertir goýaryn nesip bolsa. Saýty okaýan däldir, okasa ýatlardy.

"Goşguçy" diýip şolar ýalylara aýdýaňyz öýdýän. Olar ýaly bolsa belki "Türkmen diliniň düşündirişli sözlügine" girizmek gerekdir. Emma men seresap garşylap, anyk kesgitleme bermegiňizi isledim. Girizseňiz menem "Mysal üçin" diýen ýerine ýaňkynyň at-familiýasyny ýazdyraýyn.

Diňe men däl, diýýän kändi. Ýüzüne-de aýdýardylar ýaşulylar. "Ömürboýy özüne şahyrmykam diýip ýören dereksizler bar" diýip ýüzüni daraýardylar. Emma penakäri gorap gezdi "azar bermäň" diýip.

Häzirki ýaşlar bolsa ol zatlary bilenoklar. Ýöne ýaňkynyň bir setirini hem bilýän ýok.
avatar
0
8 Kyyas • 20:56, 18.12.2023
Şol bölünmede men özüme goşguçy diýmek isleýän. Sebäp, ýöne köçede sanawaç sanan ýaly goşgyjagaz düzýärdim. Biraz kapyýalap, bezeşdirip. Soñ meni hakykatdanam obamda şahyr derejesine ýetirdiler diýen ýaly,

Şahyr-şygyr düzýän adam, şygyr-???
Goşgy-???
Ara tapawudyny aýt diýseler özümem doly düşünemok diýip jogap berýän.
Ýöne goşguçy diýip atlandyrylanda, hiç kime göwni ýetmez,özüne şahyr diýilmegi dereje bilýän. Şol şygyrdan eklenç gözleýän. Kimdir biriniñ goşgusyny taraşlap bezeýän. Garaz diýsen diýibermeli.
(Özüñ kim? Käwagt öz özüme şu soragy berýän, edebiýatda senden belent döredijilik işgärleri, adamlary dymyp jogap bermän oñýarlar, a sen ýañy takyryñ suwyna düşüp ummanda ýüzen ýaly hondan bäri bolýañ diýip öz özüm bilen ringe girýän wagtym az däl)
avatar
1
9 Ýaran_Ýagmyr_99 • 21:02, 18.12.2023
Dogrudanam, taryhdaky belli şahyrlaryň atlary ýöne bir goşgy ýazýan adamlar hökmünde däl-de, başga, has ýokary missiýaly adamlar hökmünde aýratyn hormat bilen gurşalany üçin häzir goşgy ýazýan adamlar özlerine durmuşda "şahyr" diýmekden gaça dursalar gerek (Ýan aganyň şahyry nähili sypatda görýändigini gördüňiz-ä - adam däl, terminator).

Şoňa görä-de, goşgularynda "şahyr" diýip çykyş edýänlerem goşgynyň daşynda beýdip "ýokardan tutmagy" oňaýly hasaplaýan däl çemeli.

Şonuň üçinem birnäçe kitap goşgy çykaran adam hem aňrujy birnäçe hekaýasy bolsa-da özüne eýýäm "ýazyjy" diýse gerek.

Şahyrlyk taryhyň baýlygy ýaly bolup galdy öýdýän.

Emma goşgudan başga zat ýazmaýarlar natmeli?

Goşgulary bilen internetde saýt alyp baryp, "blogger" diýäýmese.

Öň ýaňky aýdyşyňyz ýaly badyhowa "goşguçylaryň" iň uly arzuwy bolan "şahyr" tituly häzirki agras ýaşlarymyzy kän özüne çekip baranok. Olar bu ady (hakly olarak) iki uçly, pretensioz, äpet täç ýaly agyr görýärler öýdýän.

Menem durmuşda şeýle görýärin. Diňe goşguda gadymy ýörelgä berilýärin.
avatar
1
10 Lacrymosa • 21:20, 18.12.2023
Islendik wagtda, işlendik şertde, islendik temadan, islendik zat hakda goşgy ýazyp bilýänlere goşguçy diýilýär. Islendik wagtda, işlendik şertde, islendik temadan, islendik zat hakda goşgy ýazyp bilmeýänlere bolsa şahyr diýilýär. Döretmek goşguçyň öz erkinde, elinde, emrinde, şahyryň welin erkinde, elinde däl. Palan zat hakynda, sagat palança çenli palança topbak goşgy getir diýseň goşgyçy getirýär, a şahyr getirip bilenok. Şular ýaly zakaz edilse, goşguçy üçin normal zat, şahyr üçin normadan çykma zat. onsoň şahyryň girre gahry gelip, orbitasyndan sypyp gidýä...
goşgy ýazmak üçin şahyra Ylham gerek, özem hökmanmyş, a goşguçy üçin Ylham şert däl.
goşguçy goşgy düzýä, a şahyr döredýä diýýäler-ä. Meňkem eşitmiş
avatar
1
11 Ýaran_Ýagmyr_99 • 21:43, 18.12.2023
Gyzykly. Onda "goşguçy" negatif bir hadysa däl bolýar. Men ýaňky "halypa" barada "goşguçy" diýenimde ýalňyş ugra gidipdirin. Oňa ýöne "ýalan şahyr" diýäýmeli eken.

Onda "goşguçy" ýöne söz senediniň ussady bolýar. Şahyr bolsa belent ideýalaryň gullugynda. Asman-pelekden wahyý ýaly bir zat gelmese bolanok.

Umuman, goşguçy "ganatsyz şahyr" ýaly bir zat bolýar. Mundan çykdy diýsene.
avatar
0
12 Pero • 21:52, 18.12.2023
"Goşguçy" diýen anyk kesgitlemäni birinji gezek eşidýän. Oña derek ýazylýan we düzülýän goşgulary bilýän. Şahyrlañ islendigi ýazyp görendir(planlaşdyryp,muña mysal hökmünde watançylyk goşgulary),düzübem görendirler(özi akyp gelýän goşgular). Başga-başga zatlar diýip çylşyrymlaşdyrmak nämä gerek. Goý,ýazasy gelen ýazsyn. Ol adam iñ gowy şahyrlardan bolman biler,emma iñ gowy şahyrlañ iñ gowy okyjysy bolup galar. Geliñ,şahyry çarçuwa salmalyñ-la!
avatar
0
13 Мango • 21:53, 18.12.2023
umuman men şahyrlyk barada siziň goşgyňyzy okamda, ýan däde ýada düşdi-dä. onuňam diňe şu ikije setirini halaýan "Счастлива страна, у которой есть поэт! Счастлив поэт, у которого есть страна!"

gowy hä.
ýurduň şahyry bolmaly. şahyram ýurtly bolmaly...
ýöne bu ullakan gürrüň.

soňam bir tarapdanam hökman wasp etmelimi şahyr bolsun, daýhan bolsun, ýa başga.... umuman, şolam kellämde büdredi durdy.
ýöne bu zatlar şahyryň öz işi. oňa-da düşünýän.
avatar
0
14 Мango • 21:58, 18.12.2023
"Palan zat hakynda, sagat palança çenli palança topbak goşgy getir diýseň goşgyçy getirýär, a şahyr getirip bilenok"

aý ýok. şahyram getirýär...
avatar
0
15 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:03, 18.12.2023
Anyklap aýtsak, goşgy (aslynda "goşuk") - türki halklardan aýdyma öwrüp aýdyp bolýan şygyr görnüşi.

Şygyrýetiň mesnewi, rubagy, gazal... görnüşleri goşuk, ýagny goşgy bolmaýar. Ýagny, "ähli goşgular şygyrdyr, emma ähli şygyrlar goşgy däldir" diýip bileris. Emma häzir bu berjaý edilenok, "goşgy" we "şygyr" sinonim bolup gitdi.

Ýogsa-da, kä gazaly (meselem, "Ýusup diýe-diýe") goşuk edip okap bolýar, emma hemmesini däl. Emma islendik sekiz bogunly goşugy gazal edip okap bolýar.
avatar
0
16 Pero • 22:05, 18.12.2023
Waý,elbetde getiren,getirýär we getirer. Muny ret(false) inkär(true) etmek gülkünç. Biziñ bir wagt ykrar edenlerimiz gerek ýerde getiren-dä:)))
avatar
0
17 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:22, 18.12.2023
Aý, ýok, şahyr getirmez. Getirýän goşguçydyr.

Goşgyçynyň zähmeti diňe akyl, tejribe, ussatlyk... ýaly ukyplaryny işe girizer.

Şahyryň bolsa tutuş şahsyýeti (ynam-ygtykaty, ideýa ýörelgesi, ahlak-wyždany bilen bilelikde) bu işe çekilmeli. Buýruk, zerurlyk, hatda borç duýgusy hem bu zatlary lükgeläp, mobilizowat etmekden ejiz geler. Emma daşky hadysalar şahyryň öz içki dürtgüsi (impulsy) bilen sazlaşsa, şahsyýetini we ukybyny joşduryp, gudrat döreder.

Şahyryň goşguçydan ejiz ýeri hem şunda, emma ýene ony garynjanyň ýanyndaky döwe öwürýän güýji hem şunda.

Bu ýerde sähelçe zat gaty uly netijä getirip biler. Bagta bagly.
avatar
0
18 Pero • 22:34, 18.12.2023
Keşp döretmekden(artistlikden) başy çykýan adam hökmünde bir zat aýdaýyn,Ỳagmyr aga! Haýsy keşbe girjek bolsañ ṣo barada reźisýoruñ gowy-gowy(ýa da otrisatel rol bolsa tersine)sözleri aýdyp täsirlendirmegi gerek. Ýa bolmasa içki dünýäñde şeýle zat gerek. Ana şondan soñ şeýle bir keşbe girip başlaýañ weli,heý goýaý. Indi beÿle diýmek bn näme diýmek isleýän?! Eger şahyr planlaşdyryp bir zat ýazmaly bolsa,ol ýazjak bolýan zady barada çynlakaý pikirlenýä,başgalaryñam pikirini diñläp biler. Garaz,öz gursagyna täsir etjek maglumaty çöpleýä,şondan soñ wessalam. Sebäbj ýazmaga onuñ ukyby eýýäm bar,oña diñe pikir gerekdi we śol pikiriñ duýgusyny öz üstünden geçirmelidi
avatar
0
19 Pero • 22:39, 18.12.2023
Düzülỳän goşgular barada aýtsam, kä wagt şeýle zat bolỳa,ýagny ýüregiñ günüñe goýman bir zatlar ýazdyrýa,şonda adam pahyr şeýle bir ýeñleýä,şeýle bir giñeýär. Emma öz ýazan goşgusynyñ öz durmuşyna nähili dahyllydygyny bilmeýä şo wagt. Aradan wagt geçýä,hemme zat ýerinde otyrýa welin,şonda şahyryñ özi geñ galýa:"beh,plan goşgymda şeýle ýazypdym-a,gör näme üçin ỳazan ekenim" diÿýä özüne
avatar
0
20 Lacrymosa • 22:53, 18.12.2023
aý-how, şahyr rezinden däl, oňam bokurdagy-zady bar. olam ýaşamaly. onuňam çagasy-zady bolýa.
Onsoňam ,,Men şahyr" diýip arkan-ýüzün gaýşyp ýörmän, ýagdaýa görä sazlanybermeli şahyram,
onsoňam islendik şahyr goşguçy bolup bilýä, ýöne goşguçylaryň hiç biri näçe islese-de şahyr bolup bilenok. Goşguçylar sowatly, okymyş, hatda ylymly bolandyklary üçin goşguçy bolýarlar, a şahyr şahyr bolup doglany üçin şahyr bolýar
avatar
0
21 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:55, 18.12.2023
Ine, şonuň üçinem diňe Gýote üçin däl, islendik hakyky şahyr üçin goşgy ýazmak terapiýa däl, ondanam beter bejergi, halas bolmak. Diňe ýazyp, agyr ýükden halas bolupdyrlar. Ýaşamagyň ýalňyz bir ýoly.

Onsoň şeýle adamlar nädip görkezme esasynda ýazan adamlar bolýar? Buýrugy ýerine ýetirjrkmi ýa-da ýüregiňdäki ýüküňi ýeňletjek?
avatar
0
22 Ýaran_Ýagmyr_99 • 23:11, 18.12.2023
Ýurtly şahyr bolmak, elbetde, ägirt bagtdyr.

Ýöne hemme zat otnositel-dä. Bilýän bolsaň, aňlaýan bolsaň bu bagtyň ýa betbagtçylygyň sebäbi bolup bilýär.

Ýurtly bolmak soňrak ýüze çykan zat. Ýewropa aýdyňlaşma eýýamynyň ägirtleriniň beýle derdi bolmandyr. Kosmopolit bolupdyrlar ol herifler.

Meselem, Gýotäniň watany aýdyňlaşan adamzat bolan ýaly. Germaniýa üçin derde galmandyr. Sebäbi ol wagt nemes milliýetçiligi ýokdy. Soň döredi.

Ýa, meselem, Gruziýadan gürrüň çykdy. Şota Rustaweli näme üçin gruzinleri wasp etmändir? Onuň "Ýaguar derisindäki kaçogynyň" gahrymanlary araplarmy, hindilermi, diňe gruzin däl. Ýa Nowaýynyň "Şirin-Perhatynda" Perhat - hytaý, Şirin - ermeni. Olam, diýmek, kosmopolit bolup çykdy.

Garaz, patriotizmden ruhlanmandyrlar. Olaryň gulluk edýäni - monarhlar. Nowaýynyňky - Baýkara, Şotanyňky - Tamara.

Patriotizm, raýatlyk duýgulary - ýaňyrak dörän zatlar. Grek-rimde öňem bolandyr, orta asyrlarda unudyldy.
avatar
0
23 Seýrаn • 23:12, 18.12.2023
Beyleki goshgularyny okap gormedim Yaran. Emma munyn teswir yazyshyndan oran gowshak eken. Men ozum-a hic zat yazamok. Yazyanlaram tankytlayan arasynda. Eyyam birinji topbagyn gowshak.

Yşk bakydyr, ömür salgym:
Şahyryňy ýada salgyn!
Il ezizlär şeýda kalbyn
Özi mundan ötenden soň –

Belki shu bendi adam bolar. Galanlary sanawac. Hany duygy, hany ruh, hany inini jumshuldedyan setirler. Eyleki goshgularyna son goz gezdirip, pikirimi aydaryn. Gaty goraymawer.
avatar
0
24 Анонимно • 23:16, 18.12.2023
Lacrymosa, sen haýsy topara degişli şahyrmy, goşguçy? goşguçy bolsañ şahyr bolmak ýok diýäñ, şahyr bolsañ goşguçy bolup bilme ähtimmalygyñ bar bolýarmy?
avatar
0
25 Lacrymosa • 23:20, 18.12.2023
Öňler örän şahyr bolasy gelen goşguçy ýaly duýýadym özümi, a häzir örän okyjy bolasy gelýän şahyr ýaly duýýan. :) hiç bile-bilmän geçdim-dä...

Анонимно dogan, ine, bütin ömrüm şu soraga jogap gözledim, dogrusy. Ahyry bildim,jogaby sizde! Siz şahyr diýseňiz şahyr bolarys, goşguçy diýseňizem goşguçy
avatar
0
26 Ýaran_Ýagmyr_99 • 23:23, 18.12.2023
Sag bol.

Ýöne şu tip goşgularymyň iniňi jümşüldedýän many-mazmununyň ýokdugyny teswirde-de aýdypdym. Içinde çuňňur, original duýgy bolmadyk küýzejiklere meňzedip.
Umuman, çynlakaý zatlar däldigini bilýärin.

Dynç almak üçin ýazylýan ýaly zatlar.
avatar
0
27 Kyyas • 23:28, 18.12.2023
Ýöne, bir zat bar, Goşguçy eger, şahyr, hemmesem poezianyñ içindäki zat.
Süri agsaksyz bolmaz ýa-da bazarda halalam bar haramam diýen ýaly bir zat. Garaz... Uly bir çözgütsiz jedeliñ gürrüñi...
avatar
0
28 Ýaran_Ýagmyr_99 • 23:28, 18.12.2023
Zeliliniň bokurdagy deşik dälmidiň?

Emma hany onda Hywa janyny wasp edýän goşgulary?
avatar
0
29 Seýrаn • 23:44, 18.12.2023
Turkmen dilinde -çy, -çi yaly atdan at yasayjy goshulmalar bar. Meselem: halycy, balcy, nalcy, senetci, corekci, sebetci... Goryanizmi, ahlisinde diyen yaly gazanc ucin bir zat ondurip satyan yaly. Gosgucam sheyle dorandir meger. Shol sebapli stanok yaly gosgy ondurip otursan, "yokary hilli, ekologiya taydan arassa" gosgular doredilmese gerekdir.
avatar
0
30 Kyyas • 23:47, 18.12.2023
Yada in china bolýa-da:)
avatar
0
31 Lacrymosa • 00:30, 19.12.2023
aý ýok. şahyram getirýär... diýýä Mango daýym.
Ýaran agaň : ....daşky hadysalar şahyryň öz içki dürtgüsi (impulsy) bilen sazlaşsa, şahsyýetini we ukybyny joşduryp, gudrat döreder" diýen şu pikiri örän dogry jogap.
Bu jogaby biraz ösdürsek, Şahyr lira saz guraly ýaly gaty näzik, inçe hem duýgur natura. barmak degrilmese-de, Lira saz guralynyň ýelesinden geçilse-de birenaýy owaz edişi ýaly, käte şahyra sähel zat joşmaga sebäp bolubilýär. Munuň üçin dogry sözi ýa dogry hereketi tapmaly, dogry göçümi bilmeli, şonda şahyr joşýar we olam getirýär. ,,sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýyn'' diýipdir-ä Magtymgulam.
avatar
0
32 Ýaran_Ýagmyr_99 • 01:45, 19.12.2023
Izniňiz bilen bir ownukçyl-byurokratik düzediş:

Ret etmek - bir haýyşy, teklibi, talaby... ýerine ýetirmekden ýüz döndermek.

Inkär etmek - bir pikiriň, tassyklamanyň, aýyplamanyň, biriniň ynanýan zadynyň... esassyz, hakykat däldigini yglan etmek.

Öýe iş:
Dogry warianty saýlap, ýerinde goýuň.
avatar
0
33 Küle • 08:04, 19.12.2023
Siz görmeseniz yok diyildigi daldir. (Beynimizem goremizog-a). Ol-a shahyr eken, in sonky gezek edebiyat bn mekdep programmasynda gabatlasandygyna garamazdan edil arassa poeziya yaly yashayan adamlar bar. Sahyr bolmak ucin yazmagam gerek dal aslynda.
Goshgucylarada ansat dal.
avatar
0
34 Ýaran_Ýagmyr_99 • 08:26, 19.12.2023
Elbetde, elbetde. Men hakykatyň abzaly däl, şonuň üçinem mydam gümansyradyp aýdýan-a.

Ýöne iň soňunda "Şahyr bolmak üçin şygyr ýazmak hökman däl eken" diýip gelen nokadymyz absurd dälmi?

Şahyrlygy päklik-falan bilen bir etdiňizmi?

"Gahryman bolmak üçin urşa gitmek hökman däl" diýip, ýorgan-düşekde orden-medala garaşyp ýatan "şir ýüreklini" göz öňüne getiriň.

Bolýa-da. "Goşgyçynyň" nämäni aňladýanyny bildik her halda.

Onçakly erbet dereje däl ekeni. A biz şögünç söz ýaly bir zatmyka diýip ýörüpdiris.
avatar
0
35 Pero • 08:29, 19.12.2023
Mollum,b jogaby saýlaýan. Gelşiklije sugşurmañyz üçinem köp minnetdardyryn.
avatar
0
36 Ýaran_Ýagmyr_99 • 08:32, 19.12.2023
Otur, bäşlik, Aýperi!
avatar
0
37 Pero • 08:43, 19.12.2023
sagboluñ!
avatar
0
38 Анонимно • 09:01, 19.12.2023
Gosgy hemishe poeziya dal. Porziya-da hemishe goshgy bolup duranok
avatar
0
39 Lacrymosa • 09:30, 19.12.2023
Her döwür bir döwür, Her döwrüň döwrüne görä şahyry bolýar diýýäris, Aslynda şahyryna görä döwri bolýa
avatar
0
40 Lacrymosa • 09:33, 19.12.2023
Küläýewiň pikiri dogrynyňam öräni, ýoldaş profsoýuz mollum! Düýnden bäri şuňa meňzeş pikiri ýazmaga ýaltanyp ýatyn, Sag bolsun, ajap bir formada aýtdy, Elim boşaşsa bu pikiri ösdürişjek oňa
avatar
0
41 Ýaran_Ýagmyr_99 • 11:11, 19.12.2023
He-he...

"Amalsyz mollalar, hökümsiz hatlar..." diýýädi Kemine.

Indi şygyrsyz şahyrlar çykyp başladylarmy?

Hezildigini...

Ýöne okyjylar köpçüliginiň habary barmykan ol şygyrsyz genilerden?...
avatar
0
42 Мango • 11:24, 19.12.2023
watanÇY nädip gazanýaka? (-çy, -çi-çiler gazanç edýän bolsa)
avatar
0
43 Ýaran_Ýagmyr_99 • 11:51, 19.12.2023
"Milletçi", "dinçi" - bularam eklenç üçinmikä? "Dilçi alym?" "Syýahatçy" pul gazanýarmy ýa-da harçlaýar? "Deňizçi?"...
avatar
0
44 sussupessimist • 11:52, 19.12.2023
Hehe, 2022-nji yyldan soň Orsyetden Los Anjelese gaçyp giden asly gyrgyz komik yadyma düşdi. Stand-up çykyşynda şol aydyar:
"Я родился и вырос в России. Но мне всю жизнь говорили: "Ты не русский! Ты не русский!". Однако когда объявили мобилизацию, начали звать "Эээй, иди сюда, ты же русский!"...
Когда в Лос Анджелесе я попытался устроиться на работу продавцом в магазине, меня спросили: "Ты продавать умеешь?", я тут же ответил: "Чувак, я Родину продал..."
avatar
0
45 sussupessimist • 12:04, 19.12.2023
Munyňyz yöne şahyr bilen "goşguçy" problemasy däl-de, zehinli yazyjy bilen grafoman jedeli bolaymasa. Şol nazar bilen seredilse, aydyň bolar. Goşguçy, стихоплёт, рифмоплёт yaly sözler şahyr halkyny her dürli gelşiksiz pyssy-pyjurlyklardan goramak uçin gahar bilen aydylayyar. Yone şahyrlaryňam aram-aram bolgusyz ya zakaz boyunça eser yazaymasy bolyar (wagtyň geçmegi bn diňe şoňa yatanlarynam bilyan). Emma grafomandan hiç haçan gowy eser çykmaz, sebabi näçe zahmet siňdirayende-de, zehin yok. Eger gowy eser çykayan yagdayynda-da, ilki barlap görmeli - başga birinden çilen bolaymasyn...
avatar
0
46 aygull • 13:12, 19.12.2023
..По характеру своей работы я едва ли могу считаться критиком: мое дело - литературоведение. И – да не сочтут это проявлением «литературоведческого высокомерия»! – у меня есть большие претензии к критике, освещающей и оценивающей развитие поэзии. Мне кажется, что, знакомясь с критикой протекшего десятилетия, наши ближайшие потомки или даже младшие братья будут испытывать чувство глубокого недоумения.

Теперь же это необходимое различение можно встретить очень редко и еще реже – в отношении поэзии. По сути дела, даже ушло из языка само слово, которое раньше соответствовало слову «беллетрист» в сфере поэзии, – точное и почтенное слово «стихотворец». Впрочем, слова «беллетрист» и «стихотворец» иногда употребляются и сейчас, но только в уничижительном, ироническом смысле. А это совершенно неправильно. Ведь не вкладываем же мы иронию в такие слова, как «эстрадный артист» или «композитор-песенник»… Как бы ни любил человек «серьезную» музыку, он не может обойтись без легкой; оба музыкальных царства необходимы. И уже совсем нельзя оспорить того факта, что легкая музыка оказывает воздействие на гораздо более широкий круг людей.

Но все это целиком относится и к тому, что можно назвать «легкой поэзией» – стихотворной беллетристикой. Между прочим, Белинский считал, что в переходные периоды, во время быстрого развития литературы, беллетристика подчас бывает важнее и нужнее «строгого» искусства.

Стихотворец говорит то, что в данный момент у каждого просится на уста. И пусть его слово живет недолго, – оно за свою короткую жизнь может сделать очень много.

У поэта другая цель. Он говорит людям то, что без него не только не было бы выражено в слове, но и осталось бы неосознанным.

Но – повторяю – и тот и другой необходимы. И если есть читатели, которых интересуют только поэты, и читатели, воспринимающие только стихотворцев, то критика в целом призвана спокойно и трезво различать и оценивать поэтов и стихотворцев согласно законам их существенно разных, но равно необходимых видов деятельности. Критика не имеет эстетического права смешивать тех и других (кстати говоря, в каком-то смысле это означает неуважение и к авторам и к читателям). Неправомерно, скажем, бранить «беллетристические» стихи за так называемую иллюстративность, за прямолинейность отклика на текущие события, за обнаженную «эффектность», за известную поверхностность и т. д. Нельзя подходить к легкой поэзии с требованиями, предъявляемыми к поэзии серьезной. Представим себе, что получилось бы, если бы эстрадную музыку судили по тем же принципам, как и музыку классического склада…

Wadim Koźinow,
rus edebiýatçysy, publisist
avatar
0
47 Seýrаn • 14:22, 19.12.2023
Birinin WatanÇY-dygyny nadip bilersin Mango?
avatar
0
48 Seýrаn • 14:23, 19.12.2023
Ya-da MilletÇI ýa DinÇI-difini nadip bilersin, Yaran?
avatar
0
49 Seýrаn • 14:24, 19.12.2023
SyyahatÇY bilen DenizÇI barada aytsak, birinjisinde pul bar, ikinjisi karin ady. Netijede olam pula direyar.
avatar
1
50 Ýaran_Ýagmyr_99 • 15:07, 19.12.2023
Watançy, milletçi, dinçi - bular özleriniň köp zadyny, aňrybaş görnüşlerinde bolsa janlaryny hem şol gymmatlyklara bagyş edýändikleriniň ykrary.

Çyndanmy, ýalandanmy - durmuş görkezer ýa-da diňe Hudaý biler.

Teoretiki taýdan tas hemmesini diýen ýaly galp hasaplap, başga motiw ýöňkäp bolar. "Aleksandr Matrosow göwresi bilen pulemýoty ýapdy". "Gahryman" diýenlerem bolar, emma "Staliniň fanatik zombisi", "Gutaran holop", "Arakdan poit edipdirler" diýenlerem bolar. Mydama gepe-söze orun galar. Özüm-ä ony watançy hasaplaýaryn.

Biziň üçin Muhammet SAW Allanyň hak resuly. Ýewropa ýazyjylaryny diňleseň - gaty mekir intrigan (esgafralla).

Men diňe ynam edip bilerin, emma hiç zady subut edip bilmerin.

Watançy - mukaddes söz. Galp watançylaryň bolmagy bu sözüň gymmatyny gaçyrmaz.

"Süýde siňe seretseň gan görünýär". Iň mukaddes hyzmatlaryň teýinden pes motiw gözleseň bolýar.

Bir gyzdan soradylar: "Ejeňi näme üçin ýigrenýärsiň, saňa öz janyndan jan bermedimi?" diýip.

Diýdi: "Men haýyş etdimmi? Öz keýpi üçin göwreli bolandyr"

Soradylar: "Ýagty jahana indermedimi?"

Diýdi: "Meni dogurmasa, içinde galsam özi ölerdi"

Soradylar: "Ak süýt bermedimi?"

Diýdi: "Emdirmese öz göwsi agyrardy. Sagylmaýan şygyram ejir çekýär".

We ş.m. we ş.m.

Biz Oguz han atamyza hem aýdyp bileris "Hökümdarlygy söýüpdir"

Gorkut ata "Akyl satmagy soýüpdir".

Görogla "Özi patyşalara gün bermändir".

Tersine çöwürjek bolsaň zat kän.

Aýdýaryn-a, diňe özüm üçin öz ýanymdan ynanmagym maňa ýeterlik. Maňa gymmatly.

Emma beýlekilere subut etmäge-dr, ynandyrmaga-da ýagdaýymam ýok, islegimem.

Meniň ynamym özüme, siziň ynamyňyz (has dogrusy ynanmazlygyňyz, speksisiňiz) özüňize.
1-50 51-57
avatar

Старая форма входа
Total users: 202