16:49 Gezekli dünýä | |
GEZEKLI DÜNÝÄ Bu waka 1892-nji ýylda ABŞ-nyň Stenford uniwersitetinde bolup geçýär. Uniwersitetiň açylan ilkinji ýylynda oňa okuwa giren 18 ýaşly talyba bu okuw jaýyndan çykarylmak howpy abanýardy. Ýogsam Herbert Huwer diňe göreldeli okamak bilen çäklenmän, uniwersitetiň hem beýsbol, hem futbol toparlarynyň guramaçysy bolup, sport bäsleşiklerinde öz okuw jaýyna ýeňişler getiripdi. Birinji ýyl talyplar muzdsuz okadylýandygy üçin ilki kän kynçylyk çekmese-de, soňra okuw üçin töleg meselesinde müşgil ýagdaýa düşýär. Demirçi ussanyň maşgalasynda doglan, alty ýaşynda atasyny, dokuz ýaşynda enesini ýitiren Herbert Huweri garyndaşlarynyň kä birisi, kä beýlekisi saklap ulaldypdy. Orta bilimi hem agşamky mekdeplere gatnap alypdy. Töleg puluny nireden tapmagyň üstünde kän kelle döwen ýigdekçe we onuň talyp ýoldaşy ahyrsoňunda bir ajaýyp çözgüde gelýärler. Olar şol wagt ABŞ-da ýören beýik polýak pianinoçysy Ignasy Paderewskini çagyryp, uniwersitet şäherçesinde saz konsertini guramagy karar edýärler. Sazandaryň iş dolandyryjysy bilen şertnama baglaşyp, onuň talap eden iki müň dollaryny üstlerine alýarlar we bu medeni çäräni aldygyna mahabatlandyryp ugraýarlar. Meşhur ussadyň hakyndan artan girdejiler olara galýardy. Emma dostlar bellenen güne çenli ýeterlik petek satyp ýetişmeýärler. Konsertden bary-ýogy müň alty ýüz dollar ýygnan iki talyp ýüzlerini sallap Paderewskiniň ýanyna gelýärler we ýagdaýy düşündirýärler. Düşen puly we ýene-de dört ýüz dollarlyk çeki oňa uzadyp, çekdäki puly mümkingadar tiz ödemäge söz berýärler. Emma sazandar “Ýok, oglanlar, beýle zat bolmaz!” diýip, çeki ýyrtyp zyňýar. Elbetde, şonuň ýaly bolanda özüni aldanan hasaplap, şertnamadaky puly derrew nagt tölemegi talap etjek adamlar köpdür. Okuw tölegine pul gazanmakdan geçen, gaýtam agyr berginiň aşagynda galan oglanlaryň pikirini edip, “Olaryň haly niçik bolar?” diýmejek, gaýtam “Şunça pulumy köýdürsem nähili bolar?” diýip, muşakgat ýagdyrjak näýynsaplar az däldir. Emma özüniň geň-ajaýyp zehini, jadyly sazy, maýyl ediji keşbi bilen dünýäniň her ýerinde muşdaklarynyň söýgüsini gazanan ägirt ussat Paderewskiý şonuň bilen birlikde giň göwrümli, kalby sahawatly şahsyýetleriň hilindendi. Çeki ýyrtandan soň ol nagt pullary hem dostlara gaýtaryp: – Şu müň alty ýüz dollardan hemme eden çykdaýjylaryňyzy, okuwyňyzyň tölegini, onsoňam ähli gerek-ýaraklaryňyzyň harajatyny alyň. Şondan galanjasyny maňa beräýiň. Onsoň siziň maňa bergiňiz ýok, arkaýyn sapaklaryňyz bilen boluberiň – diýýär. Geň galan ýigdekçeler onuň diýşi ýaly edýärler-de, alkyş baryny aýdyp hoşlaşýarlar. Aradan ençeme ýyllar geçýär. Ýewropada ady meşhur Paderewskiý öz halkynyň garaşsyzlygy ugrunda işeňňir göreşe başlaýar we 1919-njy ýylda dörän garaşsyz Polşa döwletiniň premýer-ministri hem-de daşary işler ministri bolýar. Birinji jahan urşunda berbat bolan ülkäniň ýagdaýy agyrdy. Açlyk çekýän bir ýarym million adamy halas etmäge ýaş döwletiň pul serişdesi ýokdy. Ýurduň bähbidine kän işler edýän Paderewskini gaýtam bu emele gelen ýagdaý üçin jogapkär hasaplap, ony hökümet ýolbaşçylygyndan aýyrmagy, hatda kazyýete tabşyrmagy talap edýänlerem bardy. Başga çykalga bolmansoň premýer-ministr Amerikan Azyk we Hemaýat Guramasyna (AAHG) ýüz tutýar. Uzak wagt geçmänkä galla ýükli wagonlar gelip, açlyk apaty ýurduň üstünden sowulýar. Çökder ýagdaýdan abraý bilen çykan premýer-ministr özüne gaýra goýman eden kömegi üçin AAHG-niň başlygyna şahsy minnetdarlygyny bildirmek üçin onuň ýanyna gelýär. Emma başlyk onuň sözüni kesip: – Siz meni alkyşlap oturmaň, jenap premýer-ministr! Men diňe borjumy ýerine saldym – diýýär. – 1892-nji ýylda ABŞ-da ýörkäňiz iki sany talybyň okuwyny dowam etdirmäge kömek bereniňiz ýadyňyzdamy? Amerika şol saparynda 90 günüň içinde 107 konsert beren Paderewskiý: – Şoňa meňzeş bir zat çala ýadyma düşjek bolýar – diýip oýurganýar. – Men, Herbert Huwer – şol talyplaryň biridim – diýip haýyr-sahawat guramasynyň başlygy düşündirýär – Dünýä – ajaýyp mekan, jenap premýer-ministr! Bu aýlanyyp-dolanyp duran dünýäde ýagşylyk etmäge-de, ýagşylygy gaýtarmaga-da pursat bolýar. Howa, magdançy geolog hünärine eýe bolan Herbert Huwer dünýäniň dürli ýerlerinde altyn, kümüş, gurşun, sink ýaly magdanlary çykarmak bilen meşgullanypdy. Öz kärinde belent derejelere ýetip, talyplara sapak beren ussadyň “Magdan senagatynyň ýörelgeleri” diýen işi nusgawy okuw kitaby boldy. Ilki ýüz müňlerçe dollarlyk iş haky bilen dürli firmalar üçin işlän, soň olar bilen paýa giren, soňra bolsa öz magdan känlerini işleden Herbert Huwer kyrk ýaşyna çenli ABŞ-nyň iň baý adamlarynyň birine öwrülipdi. Birinji jahan urşunyň turmagy bilen Herbert Huweriň ynsanperwerlik işjeňligi başlanýar. Onuň ýolbaşçylyk edýän resmi däl guramasy – AAHG uruşdan jebir çeken halklara azyk, geýim-gejim, däri-derman ýardamyny edýärdi. Huweriň tagallasy bilen ol Amerikadan we Awstraliýadan ýüz müňlerçe tonna azyk satyn alyp, Ýewropada mätäçlere paýlaýan, öz gämileri, otlylary, zawod-fabrikleri, tugy we tugrasy bolan abraýly halkara guramasyna öwrüldi. Açlyk ýyllarynda bu gurama her gün onlarça million aç adamy naharlaýardy. Huweriň işjeňligi diňe Russiýada 9 million adamyň ömrüni halas etdi. “Azyk urşy ýeňer!” şygaryny öňe süren Huweriň işine uruşýan döwletlerem päsgel bermeýärdiler, gaýtam gepleşiklerde ony araçy edýärdiler. Şeýlelikde, urşuň ahyrynda Huwer ABŞ-da we dünýäde iň meşhur adamlaryň biridi. 1928-nji ýylda prezident saýlawlarynda ýeňip, ABŞ-nyň 31-nji prezidenti bolan Herbert Huweriň dolandyryşy (1929-1933 ýý.) bu ýurduň taryhyndaky iň bir agyr ykdysady çöküşe gabat geldi. Bu çöküş indiki prezident F. Ruzweltiň döwründe (1933-1945 ýý.) ýeňlip geçilenem bolsa, onuň iň kyn ilkinji synaglaryna hötde gelen hem-de ýurduň ykdysadyýetini dikeltmegiň binýadyny goýan H. Howerdi. Huwer we Ruzwelt – agyr ýagdaýdaky ýurduň bähbidi üçin muzdsuz, aýlyk alman işlän iki prezidentdir. Prezidentliginden soň 31 ýyl ýaşan Herbert Huwer özünden soňky prezidentlere geňeşdarlyk etdi. Öz wagtynda kömek eden ýurtlary onuň hakydasyny ebedeleşdirmek üçin ençeme ýerlere adyny dakdylar. Paderewskiý barada aýdylanda bolsa 1919-njy ýylda Polşanyň adyndan Wersal şertnamasyna gol çekenden soň ol syýasatdan el çekip, sungat älemine dolandy. Dünýäniň her ýerinde çykyş edip, sylaglar, hormatly atlar, begzadalyk derejelerini aldy. Konsertlerinden düşen girdejileriniň esli bölegini haýyr-sahawata bagyşlady. Ýaşynyň soňunda, 1939-njy ýylda iň soňky konsertini berdim edip, dynç alşa gitdi. Emma şol ýyl Ikinji Jahan urşy başlanyp, Polşa iki tarapdan eýelendi. Paderewskiý Birleşen Milletler Ligasyndan kömek soramak üçin Ženewa gitdi. Soňra pul toplap, öz ýurduna hemaýat etmek üçin ýene-de sungatyna ýüz urdy. Munuň ugrunda 1941-nji ýylda ABŞ-da konsert berip ýörkä aradan çykdy. Watany azatlyga gowşandan soň öz topragyna gaýtaryp getirilmegini wesýet eden Paderewskiniň arzuwy ýarym asyrdan soň gyzyl imperiýanyň dargamagy bilen hasyl boldy. 1992-nji ýylyň 5-nji iýulynda ABŞ-nyň prezidenti Jorj Buş bilen Polşanyň prezidenti Leh Walensonyň baştutanlygyndaky taraplar beýik sazandanyň jismini öz dogduk topragyna getirip tabşyrdylar. © Ýaran ÝAGMUR Çeşme: https://makalam.com/gezekli-dunya-499/ | |
|
Ähli teswirler: 11 | |
0
| |