Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:19
Bu dünýäniň

Hazan urmaz güli barmy
Gülzarynda bu dünýäniň?
Gelse-gitse biri bormy
Azarynda bu dünýäniň?

Öňi oýun, soňy waýdyr:
Bu ne menzil, bu ne jaýdyr?
Adam pahyr gara şaýdyr
Bazarynda bu dünýänin.

Ýollary bar egrem-bugram,
Jiger-kalplar dogram-dogram;
Üwelýäris owram-owram
Harazynda bu dünýäniň.

Yşka salar – wysaly ýok,
Aldananyň hasaby ýok;
Ar-namysy, wepasy ýok
Ozalynda bu dünýäniň.

Aglap-eňräp, arzyň aýda,
Gyşda-ýazda öňe haýda:
Ötegçisiň sen bu taýda –
Güzerinde bu dünýäniň.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 69 | Mowzugy paýlaşan: Ýaran_Ýagmyr_99 | Teg: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 4.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203