14:14 Yşk hakynda rubagylar | |
Mežnun «taýsyz gudrat» diýse-de Leýlä, Onda üýtgeşiklik görmedi dünýä. Aşyk bilen şeýle jedelde mydam Dünýä bimamladyr, bir aşyk – mamla. Söýgi gara ýeri tagta öwürýär, Ajy deri şeker-şähte öwürýär. Kalba elherderdir hyjuw belasy, Söýgi şol belany bagta öwürýär. Nireden döräpdir hüýr perizatlar? Nireden döräpdir kuwwatly alplar? Men diňe bir zady bilýärin anyk: Söýgüden döräpdir ganatly kalplar. Danalaram yşk meýini noş etdi, Hupbat dartyp, Nežd dagyny keşt etdi; Yşk akylyn aldy akyly baryň, Akyly ýoklara akyl bagş etdi. «Düş görerin – diýip – süýjüden-süýji» Ynsan käte görýär ezýetli düýşi; Yşk hem düýşdür. Özümize bagly däl Görmek bagtly ýa-da hasratly yşky. Aşykdan soradym: «Yşk başyň täji; Aýşy-eşretdemi şol yşkyň güýji?» Diýdi: «Yşkdan men-ä eşret tapmadym, Men pakyra yşkyň ezýeti süýji». Diýmäň: «Yşkyň syryn hiç kim bilmändir», Aşyk bilen magşuk – hüýri-gulmandyr; Yşk syry Ýerde däl, Arşy-aglada, Ony bilmek ynsanlara galmandyr. Diýrdim: «Güneş şeýle nurana, tämiz!» «Bar – diýdiler – şoňam ýüzünde tegmil». Howa, baram eken, goý, bolsa-bolsun: Güneşime yşkym egsilmez hergiz. Men seni söýýärin, sen başga birin, Olam çekýär özgä aşygyň zaryn; Şeýdip, iki jübüt teşne ýüregiň Dördüsem namyrat, dördüsem ýalňyz. Kimler aga, kimler gara yşk eder, Ynsan göwni söýen zadyn keşdelär; Gözel zada yşk etmez ol aslynda − Yşk eden zadyny gözelleşdirer. Iki dert bar, çeken biler yzasyn (Aslynda ikisi bir dälmi eýsem?): Saňa ezýet berse seniň söýýäniň, Ýa seni söýýäne sen ezýet berseň. Başda ne ýalawly yşk muhabbeti: Dagdan gopan daş dek ötgürdir çeti. Kem-kemden ýylmanyp, döner jyglyma, Ilki şol daşlaryň hemmesem ýiti. Soradym: “Wepasyz yşka sataşan, Gaýdyp söýüşermi şol bela duşan?” Diýdiler: “Ýene-de suwa mätäçdir Gaýnan suwa agzy müň gezek bişen”. Ýaş gyz diýdi: “Meni bilmezler aldap, Men karara gelýän ýüregmi diňläp”. Ýanan bende diýdi: “Paýhasy diňle! Ýürek – bu dünýäde iň uly kezzap...” Gül ekmeseň, saňa bossan nirede? Tohumyn sepmeseň, harman nirede? Bal iýermiň ary zährin datmasaň? Janyňdan geçmeseň, janan nirede? Derdiň çekişerin ýyglan mahalyň, Ýürekdeş bolaryn gyýlan mahalyň; Ýöne bir zat ömür ýadyňda bolsun: Saňa aşyk boldum gülen mahalyň! Ýaş ýigitler gyzlara göz aýlaýar, Gyzlar beslenişip başagaýlaýar. Göz görke hyrydar, göwün − göwüne; Söwer ýary göz däl, göwün saýlaýar. Ýada düşdüň. Sen bir ýerde barmykaň? Gülýärmikäň ýa-da aglaýarmykaň? Diýipdiň: “Sen bilen bagtly bolmaryn”, Kim bilenem bolsaň bagtyýarmykaň? Umyt edýän: sag-salamat, diri sen, Ynanýan: öňkiň dek mährem peri sen; Indi kän ýatlamok: ömür ýolumda Meniň müň ýitgimiň diňe biri sen. Söýmek – dilemekdir ýaryň myradyn, Islemekdir oňa bar söýýän zadyn, Onuň söýýän zatlarynyň içinde Eger ýogam bolsa seniň öz adyň. Alla beren bolsa yşk atly derdi, Dermanam berýändir – süýji ýa ajy; Süýji dermanyna «wysal» diýilýär, Ajy dermanynyň «aýralyk» ady. «Bu örän seýrek gül» diýýärsiň weli, Gözleseň, bir harman ýygnalar häli. Seýrek gülüň nämedigin aýdaýyn: Çyn söýgi – dünýäniň iň seýrek güli! | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
0
| |