Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:07
Uistleriň çagalary

UISTLERIŇ ÇAGALARY

Adatça suratkeşleriň hersiniň öz ýykgyn edýän temasy bar. Diňe deňzi, diňe daýhanlary ýa-da diňe atlary çekip öten suratkeşler bar. Olaryň käbirleri adam şeklini asla çekmändirler. Tebigatyň keşbini çekmek bilen mübtela bolan meşhur rus suratkeşi Isaak Lewitanyň diňe ýekeje “Güýz güni” diýen eserinde bir zenanyň sudury bar, ony hem suratkeşiň dostlary çekipdirler.

Emma munuň tersine-de bolup bilýär. Amerikan suratkeşi Jeýms Makneýl Uistler (1834-1903 ýý.) turuwbaşdan adamsyz surat çekip bilmeýär eken.

Şonuň üçinem 1854-nji ýylda onuň harby okuw jaýynda çyzuwçylyk (чертежник) ugrundan okuwy uzaga çekmändir. Sebäbi ol ähli işlerinde adamlary şekillendirip, mugallymlaryň gaharyny getirýän eken. Meselem, köprini çekmegi tabşyranlarynda, ol ýaşyl maýsaly kenarlary birikdirip duran owadan daş köprini, onuň üstünde bolsa balyk tutup duran iki sany çagany çekýärmiş.

– Köpriň gowy welin, ol çagalar näme? Bu sap inženerçilik ýumuş ahyryn! – diýip, mugallym gatyrganýar.

Uistler täzeden ýerine ýetirip tabşyran işinde çagalary köprüden aýrypdyr. Olary aňyrda, kenaryň boýunda balyk tutmaga goýupdyr.

– “Çagalary aýyr” diýdim saňa! – diýip, mugallym gygyrýar – Diňe köprüden däl, tutuş suratdan güm et şolary!

Talybyň üçünji gezekde elten işini synlan mugallym:

– Ine, bu bolýar, indi çagalar-a ýok. Ýöne kenardaky ho-ol üsti dörtburç daşly iki sany tümmejik näme? – diýip soraýar.

– Çagalar aýryldy, jenap – diýip, Uilster uludan dem alýar – Üsti daşly tümmekler şol neressejikleriň mazary bolmaly...

Şeýlelikde, ylham-hyýaly inženerçilik çyzgylara sygyşmaýan Jeýms Makneýl Uistler çyzuwçylyk hünärini goýbolsun edip, suratkeşlige ymykly baş goşýar we Ýewropada ady belli ussat bolýar. 1930-njy ýylda onuň heýkeli ABŞ-nyň iň meşhur raýatlarynyň hatyrasyny özünde saklaýan Şöhrat galereýasyna girizilýär (ol ýere adamyň hatyrasy diňe ol ölenden çärýek asyr (25 ýyl) soňra girizilýär).

Şu wakalar bilen baglanyşyklymy, ýa-da tötänleýin gabat gelmemi, garaz, ýadyňyzda bolsa, Gurbannazar Ezizowyň köp dillere terjime edilen bir kiçijik goşgusynda-da hemme zada adamyň şeklini berýän, şonuň üçinem surat mugallymyndan hemişe käýinç eşidýän we ikilik alýan okuwçy barada gürrüň berilýändir. Emma ol oglanjyk her närsäni ynsan keşbinde şekillendirmese bolanok:

SURATÇY OGLAN

(G.Ezizow)

Çekdi oglan dag suratyn adama meňzeş.
Çekdi oglan bag suratyn adama meňzeş.

Uzyn günläp deňiz çekdi, gül çekdi,
Hemmesine jan beräýseň, adam deý:
«Ah, ýaşamak hezil!» diýip güljekdi.

Ertesi gün surat dersi
Mäkäm gysyp dişlerin,
Ine, okuwçylaň hersi
Görkezýär öz işlerin.

Otyr oglan,
Depderinde ençe ýürek müňzeýär.
Günem – Adam.
Gülem – Adam,
Asyl çeken ähli zady adamlara meňzeýär.

Mugallyma köp zeýrendi:
«Wah, seniňki şol bir zat –
Günem çekseň– Adamzat.
Gülem çekseň – Adamzat».

Näzik şemal şahalarda çalyp otyr sykylyk,
Barýar oglan öýlerine, depderinde ikilik.
Gökde güneş adam ýaly:
«Gam çekme, oglan!» – diýdi.
Ýerde güller adam ýaly:
«Gam çekme, oglan!» – diýdi.

...Ertesi gün uzakda
Doganda güneş,
Oglan ýene gün çekdi
Adama meňzeş!

© Ýaran ÝAGMUR

Surat: Jeýms UISTLER. Deňiz peýzažy.

Çeşme: https://makalam.com/uistlerin-cagalary-533/
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 137 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Seýrаn • 10:43, 16.08.2023
Gowy makala paýlaşypsyň, Mango.
Şu Uistleri indi türkmençeläp Wistler diýip alsagam bolman durmaz. Orslardan alýas-da biz. Uilliam, Uolt bu neneň eziýeti okyjylara?!
Hudožnikleriň eserlerini hem poeziýadan soňky duýguly dünýä hasaplaýan.
avatar
0
2 Мango • 11:52, 16.08.2023
Wistler barada dogry belleýäň, ýöne awtoryň ýazgysyny üýtgedip durmak birhili.
hawa, indi käbir sözleri orsdan öwrenişimiz ýaly "Waşington" diýmän "Waşiňton" diýsegem dogry boljak ýaly. orsda "ň" bolmansoň "ng" diýipdir. bize ras gelip du waşiŇton diýmek... :-)

ýöne, Moskwany könelermizki ýaly (iňlisleňki ýaly) Meskew diýsek dogrumy ýa bolşy ýaly Moskwa diýmelimi?

Russiýa-my ýa Orsýet?
avatar
0
3 Medicall • 23:58, 16.08.2023
Gör sen ony!
avatar
0
4 sylapberdimuhamov • 01:50, 17.08.2023
Biz-ä asylam diýýädik Mesgew.
Goñşy oba Mesgew uçaska diýen ýaly.
avatar
0
5 Мango • 03:06, 17.08.2023
atam diýerdi: meskew diýip.
maskuwa diýýänem bar :-)

***

temadaky ynsansyz surat çekmeýän Wistler geň adam eken. (içi ynsanly) iki sany tümmek çekýä welin ynsan çekip galýar.
Gurbannazaryň her zady adama meňzeş surat çekýän oglanjygy bilen gowy garşylaşdyrypdyr Ýaran Ýaýmyr kaka.
ýeňiljekden gyzykly ýazgy.
avatar
0
6 Seýrаn • 09:45, 17.08.2023
Ony Moskwa diýsegem bolar. TDK ýaly bir gurama gerek, ýörite özleri sazlap berýär. Dil meselesinde alymlaryň däl-de, ýazyjy we şahyrlaryň pikirine uýmaly.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203