13:44 Ak goşgy we werlibr | |
AK GOŞGY WE WERLIBR Sözbaşy Hemmelere düşnükli we gyzykly bolup biläýjek edebi-ylmy makalany ýazyp biläýmegiň nähili kyndygyny dürli döwürlerde ýazan makalalarymy öňüme üýşüremde düşünip galdym. Hemmelere gyzykly we düşnükli bolup bilmejek terminleri näçe az ulanjak boldugyňça, olar şonça-da köpelip barýarlar, sebäbi her bir ylymda bolşy ýaly, edebiýatda-da bir terminiň manysyny düşündirişiň içinde gaýta ýene-de 5-10 sany terminleri ulanmaly bolýar ýa-da şol bir terminiň içinde-de ýene birnäçe termin bar. Garaz, ylmy makala däl-de, infarmasion (habar) makala görnüşini, onuňam infarmasion-düşündiriş görnüşini saýlap alyp, makalalarymy başardygymdan gysgaltmaga çalyşdym, şonda-da birgiden terminlerden saplanyp bilmedim.Gyzyklanyp okap biljeklere düşnüklem bolup biler diýip umyt edýän. Ak goşgyň adaty goşgudan tapawudy — onuň kapiýasyzlygy, şonuň üçinem ak goşgy ýazmak has kyn. Ol hemme dillere mahsusam däl. Eger diliň düzüminde, goşgy düzüliş sistemasynda metrika we ölçeg birlikleri ulanylmaýan (ýok) bolsa, ol dilde ak goşgam ýokdur, çünki goşgyň prosodiýasyny (içki sazlaşygyny we daşky owazlylygyny) şolar bilen üpjün etmeli bolýar. Ýönekeý dilde aýdanyňda: goşgyň kapiýasyzlygy bildirmeli däl. Ak goşgular A.S.Puşkiniň poemalarynda kän gabat gelýär. Werlibr barada maglumat, düşündiriş berjek bolsaň, ilki bilen onuň özüni iki görnüşe, ýagny:"hakyky werlibr" we"häzirki döwrüň werlibrlerine" bölmeseň, olaryň öz aralarynda-da gapma-garşylyklar kän. Hakyky werlibriň gelip çykyşyny gadymky edebiýatlar bilen ýa-da asla poeziýaň gözbaşy bilen baglanyşdyrjak bolýanlaram kän, sebäbi werlibriňem adaty goşgudan tapawudyny ilki bilen onuňam kapiýasyzlygy bilen düşündijek bolýarlar. Mysal üçin kapiýa diýilýän zat atdanlykdanmy, tötänlikdenmi on sahypada bir gezek duş geläýmese, gadymy grek poeziýasyna mahsus zadam däl. Gadymy grek poeziýasy goşgy ölçeglerininiň esasynda düzülen bolsa-da, oňa ak goşgy diýibem bolanok, sebäbi ak goşguda setirleriň bogun sanlarynyň biri-birine gabat gelmegi hökmany bolsa, gadymy grek poeziýasynda ol prinsipem hemişe saklanmandyr. Werlibr görnüşde ýazmagy soň iňlis we amerikan şahyrlary alyp göterselerem, ol gelip çykyşy boýunça fransuzlara degişlidir, fransuz diliniň bolsa bir aýratynlygy bar — basym hemme sözde iň soňky boguna düşýär, onsoň eýýäm şonuň özem goşgyň sazlaşykly okalmagyny üpjün edip bilýär. Hakyky werlibriň düzgünleri bilen tanyşsaň, olar şeýle bir känem däl, ýöne esasy roly oýnaýanam şolar bolup duransoň, geliň, olar bilen tanyşalyň: 1) her bir täze setir hökman baş harp bilen başlanmaly, sebäbi 2) her bir setir beýleki setirlerden erkin bolmaly ("werlibr" diýmegem "erkin goşgy" diýmegi däl-de, "erkin setir" diýmegi aňladýar) we gutarnykly bir many berip bilmeli, eger many, mazmun bir setire sygmasa-da, täze setir ýene-de hökman uly harp bilen başlamaly, sebäbi awtor özüniň esasy sözdür öyden sözüni ünsi şoňa gönükdirmek üçin ony setir başyna goýýar, sebäbi 3) werlibr duýgy önümi däl-de, awtoryň haýsydyr bir pikirini öňe sürmek üçin döreden zady, şnuň üçinem 4) werlibrde duýgy diýilýän düşünjäni oýaryp biläýjek çeper serişdeleri we simwollary ulanmak bolanok. Rus poeziýsyny alyp göreniňde, A.Blokdan başlap şu günki şahyrlara çenli werlibrde öz güýjüni synap görmedik ýok diýen ýaly, ýöne atly şahyrlaryň içinde ony öz esasy ýörelgesine öwürenem, ýokarda agzalan düzgünler boýunça ýazyp bilenem ýok. Häzirki döwürde ýazýan "werlibrçiler" "erkin" sözüni "eden-etdilik" sözi bilen çalşyran ýaly. Şeýle özbaşdak "žanryň" döräp, köpçülik tarapyndan goldanyp, köpçülige-de ýaýramagyna garşy çykjak bolmak dogrumy? Oňa garşy çykjak bolup duran adamlar bolmasa-da bolmazdy, eger "werlibrçiler" öz ýazýan zatlaryna goşgy hökmünde seredilmegini we seljerilmegini islemeýän bolsalar. Goşgyň ähli düzgünlerini inkär edip, soňam ýazan zadyňa goşgy hökmünde garalmagyny talap etmekde näme many bolup biler? "Öz düzgünnamaň bilen özgäň ybadathanasyna barma" diýip bir aýtgy bar. Häzirki döwür werlibrine gezek gelende şu aýtgynam ulanyp bolanok, sebäbi onuň özünde hiç hili düzgün ýok. Indi birýarym asyr bäri dünýäň dürli künjeklerinde käte möwjäp galýan, käte-de ýitip gitmek derejesine çenli peselýän bu "akymyň" şu güne çenli hiç bir dilde-de belli bir kesgitlemesi ýok. Has dogrusy, asla kesgitlemesi ýok. "Werlibrçilere" ýa-da özlerine "modernistler" diýip at berýänlere gezek gelende, ýokarkyň aýtgyň tüýs gerek ýeri."Modern" bilen "modernizmi", "modernizm" bilenem "awangardizmi" çalyşýanlara nämedir bir zatlar düşündirjek bolmagyň hiç hili ähmiýetem ýok, düşünmek isleýän, gözlegde gezýän adamlar üçin "modernizmiň" "häzirki döwür werlibrden" tapawudynyň onuň geçmişi tutuşlygyna inkär etmän, şol geçmişden gelýän kanunlarynyň içinde täzelikler, açyşlar etjek bolýandadygynam aýtmak gerek. Häzirki döwür werlibri öz durky boýunça "nigilizm" bilen sinonim diýseňem boljak. "Nigilizm" esasan adamlaryň pikir edişlerine, ýaşaýşlaryna, özara gatnaşyklaryna degişli bolsa, häziki döwür werlibri — şonuň edebiýatyň poeziýa žanryna bolan sinonimi. Grekleriň "nihil" (hiçzat) diýen sözünden dörän nigilizmiň esasy öňe tutýan pikiri "ýaşaýşyň özi manysyz, diýmek hemme zat manysyz." "Modernizm" bilen "awangardizmiň" arasyndaky meňzeşlik — olaryň ikisiniňem täzelige ymtylmak höwesi bolsa, tapawudy — içki we daşky dünýäleri bilen baglanyşykly. Eger "modernistler" adamlardan üzňelikde bolmaga çalşyp, diňe öz içki dünýäleri bilen ýaşaýan adamlar bolsalar, "awangardistler" şol içki dünýälerini daş-töweregine "pürküp" durmasalar, ýaşabam bilenoklar. Olara m.ysal hökmünde Kafka bilen Maýakowskini getirmegem ýeterlikmikä diýýän. Maýakowskiý barada aýratyn durup geçsem, onuňam ýek-ýigrendigi — goşgularyň şol bir adaty görnüşde ýazylmagy eken, ýöne onuň şol döwürde-de "werlibr" diýlip ýazylýan zada-da göwni ýetenok eken. Öz ukyp-başarnygyna göwni ýeten şahyr adaty goşguylardanam, hakyky werlibrdenem (olary, olaryň düzgünlerini inkär etmän), şol döwrüň her hili akymlaryndanam özüne ýakyn bolan zatlary alyp, hiç kimiňkä meňzemeýän stili döretmegi başarypdyr. Sözsoňy: Meniň bu ýazgylarym bilen ylalaşmajak adamlaryň köp bolup bilmegi bolup biläýjek zat, asla ylalaşyp biljek adamyň bolmazlygam mümkin. Edebi çekişmeler, jedeller şonuň üçinem gyzykly bolýar, ýöne her bir adamda döräp biljek soraglardyr, garşylyklar ylmy taýdan esanlandyrylman, "men şeýle bolsa gowy görýän" ýaly öz şahsy pikiri we söýgüsi bilen ýa-da "başga halklarda pylan hili ýazylyp ýör" ýaly soragdyr-tekrarlamalara jogap bermesem, gaty görmesi ýok. | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |