13:04 Çakylyk | |
ÇAKYLYK Aýralyk ajymy, süýji? Saňa-da ýetdimi güýji? Kalbyňy dörjeläp ünji, Dyrmalap, paralap, sünjüp, Zar bolup, küýsäňde gelgin, Ölendir öýdüp, ölmeseň, ölüme suwsaňda gelgin! Iň ejiz närsedir göwün, Çözmesi aňsat hem kyn düwün. Döwülse, alyp bir döwgün, Bir asyra çekip bir gün, Asyrlar aglanda gelgin, Kalbyňdan ganly ýaş dömüp, gözlerňi baglanda gelgin! Öýkäm bolsa, ýazlyşaryn, Günäm bolsa, ýaraşaryn, Ölemsoňam garaşaryn, Ezilip gara, ýagyşa! Sen ölmi örtäňde gelgin, Ýakarça ýanyp bilmeseň, tüm bolup tütäňde gelgin! Ýakyn ýat çykarar ýatdan, Diňe sudur galar atdan. Geçilip bar eziz zatdan: Arzuwdan, maksat, myratdan, Ynsapdan ätläňde gelgin, Dünýe bilen meni bölüp, dünýäni otlaňda gelgin! Heserim bar yşkdan ýakyn, Şolam boldy ömür gorkym; Sensiz — ýaman, seň bilen — kyn! Seň üçinem bolup mümkin, Pikirleň daganda gelgin, Diwana deý, aklyň üýtgäp, duýgulaň dalanda gelgin! Çary Ataýew | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |