Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:00
“Barokko”, “Allýuziýa”, “Arap”, “Ajam”… Ýa-Da Käbir Portretlere Ştrihler

“BAROKKO”, “ALLÝUZIÝA”, “ARAP”, “AJAM”… ÝA-DA KÄBIR PORTRETLERE ŞTRIHLER

(Edebiýat söýüjilerine (awtoryň şahsy pikiri goşulan) edebi ensiklopediýa mysalynda)


Ýigrimi birinji asyra çenli türkmen edebiýatynda barokko stilinde ýazylan eser okap gördüňmi diýseler, Akmyrat Şiriň käbir eserleriniň kä ýerlerinde duş gelýän ýagdaý bolaýmasa, şeýle esere duşmandygymy aýdyp biljek. Häzirki döwürde bolsa oňa ýykgyn edýänler ýok däl. Olaryň içinden dört sany awtor has özüne çekýär. Prozada –Seýran Otuzow bilen Umyt Küläýew, poeziýada — Begençgeldi Orazow bilen Rahat Şyhyýew. Seýran poeziýada-da soňky iki awtordan yza galanok, ýöne ol proza has köp üns berýär.
Eýsem, barokko näme? Bu terminiň haýsy sözden gelip çykandygyny anyk bilýän ýok. Oňa üç sany çaklama bar:
1) portugal dilindäki “perola barroca” — “nädogry formanyň düri” (dür dänesi, merjeni );
2) latyn termini “baroco” — pikiriň has çylşyrymly netije çykarmasynyň logikasyny düşündirmek üçin ulanylan termin;
3) fransuz çeper ussahanalarynda ulanylan “baraguer” žargon sözi — “eretmek, kontury (şekili, sudury) ýumşatmak” ýaly manylary aňladýar.
Ýokarky düşündirişleriň üçüsem barokko stiline gabat gelýär. Barokko edebiýaty hakykaty asyl görnüşi ýaly suratlandyrmakdan boýun gaçyryp, ony özüniň oýlap tapan ýa-da tapýan kanunlary boýunça suratlandyrýar.
Barokko stil (metod, ugur) hökmünde 16-njy asyryň ahyrynda, 17-nji asyryň başynda (Italiýada) Renessansyň (“Dikeldiş eýýamynyň”) garşysyna dörän stil bolup, onda barokkoçylar indi adamy däl-de, dünýäni, soňsuz älemi esasy gahryman hökmünde suratlandyryp, adamy bolsa şol dünýädäki çäge dänejigine, gamyşjyga deňeýärler, ýöne ol dänejik, gamyşjyk hem-ä pikirlenip hemem şol dünýäň, älemiň garşysyna çykyp, oň bilen göreşip bilýän çäge dänejigi bilen gamyşjykdyr. Üstesine-de indi hiç zat öňki görnüşinde aýdylmaýar. Eseriň formasy näçe tagaşyksyz, “nädogry” bolsa, eseriň mazmuny näçe çylşyrymly, düşünmesi kyn ýagdaýda berilse, oňa şonça-da ýokary baha berilýär.
Barokko edebiýatynda allegoriýalardyr simwollar köp ulanylyp, käbir köpmanyly simwollary logikaň diline terjime etmek mümkinem bolmandyr.
Barokko şahyrlary goşgularynyň formalary bilenem grafiki simwollary çekmegi gowy görüpdirler (ýüregiň, ýyldyzyň we ş.m.).
Barokkoçylar obrazlary esasan metaforalaryň üsti bilen suratlandyryp, olary köplenç ýagdaýda biri-birine meňzemeýän, gapma-garşy gelýän predmetleriň aragatnaşygy bilen ýetirmäge çalşypdyrlar. Barokko stili uzagyndan Ispaniýada has ösüp, onuň has görnükli wekillerinden L.de Gongorany, P. Kalderony görkezmek bolar.

L.de Gongora:
“Ýaşaýyşyň haky üçin — dogulmaga gyssanma,
Dogulmaga gyssandyňmy — ölmäge gyssan.”

Kalderonyň bolsa bir dramasynyň adam barokko stilinde goýulypdyr: ”Durmuş — uky” (düýş).
Ispan filosofy B.Garsiýan “Hakykata näçe kynlyk bilen ýetilýän bolsa, oňa akyl ýetirmegem şonça lezzetlidir” aforizmi bilen tanalýar.
“Dünýe — kitap”, “dünýe — teatr” ýaly metaforalar barokkoçylarda has ýörgünli bolup, olar dünýäniň özünem sungat eseri hökmünde kabul edip, oňa-da illýuziýa diýip düşünipdirler.
Paradoks barokkonyň esasy, bölünmez komponenti bolup durýar. Barokkoçylar paradoks pikirlere, adaty pikirleriň adaty däl aýdylyşyna, eseriň kontrast görnüşde gurluşyna, poeziýada — goşgynyň grafiki formasyna uly hormat goýupdyrlar. Olaryň ýene bir agzap geçmeli häsiýeti: olar eserlerinde, (esasanam, başynda) üýtgeşik bir pikir aýdyp ýa adatdan daşary bir ýagdaýy suratlandyryp, okyjyny “tisgindirip”, onuň ünsüni çekmegi gowy görüpdirler. Ol ýagdaý, pikir, duýgy düşünmesi näçe çylşyrymly bolsa, şonça-da güýçli hasaplanypdyr.
Indi ýokarda agzap geçen tanyşlarymyza gaýdyp gelsek, olaryň döredijiligini düşündirmek üçin barokko barada şu aýdanlarymam ýeterlikmikä diýýän. Şu dörtlügiň içinde Seýran bilen Begenjiň barokko stilinde ýazylan eserler bilen tanyşlygy has ýakyndanmyka diýip çaklaýan. Umydyň soňky döwürlerde halap okaýan eserlerinde-de olar az gabat gelenok. Iň kyny — Rahadyňky. Onuň janykmasam, özüne hiç kim düşünmeýändir öýdüp, janynyň ýanmasam şondan gelip çykýar. Çakym çak bolsa, ol bu ýagdaýyna täsirlenip däl-de, tarp ýerden gelen bolmaly. Özüniň içki dünýäsini esere salmak üçin oňa häzire çenli görüp ýören formalary darlyk edýär, näme etmelidigini bolsa ol entek bilenok. Ol hatda özüniň gözläp ýören bazkorobkalylygynyňam ( “barokko” sözüne meňzäýşini! ) eýýäm dört asyr bäri ”ýaşap” ýörendigindenem habarsyz. Aslynda-da, barokko stili — Rahat ýaly içi-içine, öňden gelýän formalaryňam içine sygmadyk adamlaryň tapan stili, ýöne, Rahady ýene näçe gynandyrsagam, onuňam öz formasy bar. Asla formasyz hiç bir zadyň bolup bilmeýändigini Rahada düşündirmek kyn. Rahat, gaharyny ilden çykarjak bolup ýörmän, öz eserleriniň diliniň, formasynyň üstünde dogry işlese, onuň täze bir açyş edäýmegem mümkin, sebäbi onuňam, asla şu dörtlügiň hemmesiniňem eserlerinde barokko stiline näçe ýakynlyk bar bolsa-da, olarda ýene-de nähilidir bir üýtgeşikligiň, başgaça öwüşginiň bardygam duýulýar. Bu hem tebigy zat — dünýe-de, oňa bolan garaýyşam, ylymam üýtgäp ýör.
Şu babatda Sungat Gurbangeldiýewiň döredijiligi has aýdyň mysal bolup biler. Sungatyň eserleriniňem barokko stiline ýakynlygynyň bardygyna garamazdan, olarda barokkonyň ýek-ýigreneni bolan allýuziýa has köpdür. Sungat häzire çenli şu iki gapma-garşylygy öz eserlerinde ulanmaga çalyşýar.
Allýuziýa, barokkodan tapawutlylykda, özbaşdak stil (metod, ugur) bolman, diňe her bir awtoryň öz stil usuly bolup durýar.
Allýuziýa stil usulyny häzire çenli okan türkmen awtorlarymdan Maksat Bäşimow uly ussatklyk bilen ulanýar. Onuň özüniň barokko stilinde ýazýan awtorlaryň eserlerini halaýandygyna garamazdan, öz eserleriniň hemmesininň içinden allýuziýa eriş-srgaç bolup geçýär (ol hatda beýleki eserlerinden tapawutlanýan “Atanagynda-da” duýulýar), onuň eserleriniň käbiri bolsa diňe şoňa ýugrulandyr.
Allýuziýanyň nämedigini gysgajyk düşündirseň, onuň barokko stiline ýakynlygy — ol hem allegoriýalary, simwollary ulanmagy juda gowy görýär, ýöne barokkodan uly tapawudy — allýuziýa hemme zatda diňe konkretlige ýüzlenýär. Allýuziýanyň döremegine-de, gülläp ösmegine-de senzorlar sebäp bolup, ýazyjy-şahyrlar allegoriýalardyr simwollary, hemmeleriň diýen ýaly bilýän eserlerini, wakalaryny we ş.m. mysallary ulanyp, konkret bir wakany, şahsyýeti, sosiýal ýagdaýy suratlandyrýarlar.
Sungatyň Maksatdan tapawutlylygy — ol barokkodanam el çekip bilenok, şol bir wagtyň özünde ony sosiýal ýagdaýlaram gününe goýanok, şoň üçinem, döreden eserleriniň has köpdügine garamazdan, hyýalylyk bilen konkretlik arasyndaky söweşde olam Rahatdan az ejir çekenok. Belki, ol hem şu wagta çenli bir eseriň içinde özara oňuşmadyk gapma-garşylygy oňuşdyryp, bir açyş eder ýa olary aýyl-saýyl etmäge ussatlaşar.
Haýsyny saýlanda-da, esasy mesele onda-da däl. Iň esasy mesele (häzirlikçe Maksatdan başgalarynda) — şu awtorlaryň iň esasy zadyň nähili formada ýazmakda däl-de, nädip ýazmakdadygyna henize çenli doly göz ýetirip bilmeýändiklerinde ýa-da şeyle kesgitleme bilen ylalaşaslarynyň gelmeýändiginde (hersi bir bahana sebäpli).
Barokkaçylaram, allýuziýa ýykgyn edýänlerem pikirleri çylşyrymly, bulam-bujar edip ýetirmegi näçe söýen bolsalaram, hiç haçan sözlemi bulam-bujar edip düzmändirler.
Seň öň-ä pikiriň “bulaşyk”, oň üstesine-de sözlemleriňem ýalňyş bolsa, onda ol ýazgylaryň entek eser bolup bilmek derejesine-de ýetenok welin, seň (özüňe düşünilmeýän adam hökmünde) sowatsyzlykda kimdir birini ýa-da tutuş jemgyýeti günäkärlemäge hakyň ýokdur.
Men awtoryň pikir ediş logikasyna düşünmän geçeýin (eger-de şoňa “güýjüm” ýetmeýän bolsa), oň üçin men awtory günäkärlämok, ýöne ol her bir sözleminiň düzüliş logikasyny hem-de sözlemleriniň arasynda bolmaly logikany saklap bilmese, onda hemme günä awtorda.
Awtoryň sözlemleriniň nädogrylygyny, pikirleriniň dagynyklygyny häzire çenli hiç bir stil, akym, usul we ş. m.-ler aklap bilmändir, indiden soňam başarar öýdemok.
Diňe halklar däl, hökümdarlaram özaralarynda jedelleşip gelipdirler, kimiň dili has gadymy diýip. Her bir halk bolsa, öz milliligini saklamak üçin, nädogry gürlemegiň garşysyna göreşmegini goýmandyr.
Gadymy Hytaýda başga dilde gürleýänlere: ”Sen — nadan adam, ýabany adamyň derejesine çenli özüňi peselden adam” diýýän ekenler. Gadymy araplar özlerini özgelerden tapawutlandyrmak üçin özlerine “arap” (düşnükli gürleýän), beýleki halklara bolsa “ajam” (düşnüksuz gürleýän) diýip at goýupdyrlar.
Gündogar we Günorta-Gündogar Ýewropaň ýaşaýjylary özlerini “slawýanlar” ýa “slowenler” diýip atlandyrypdyrlar (olaryň “söz sözläp bilýän”, “gürlemegi başarýan” ýaly manylary bar diýen çaklama bar). Gadymy Rusda birwagtlar başga ýurtlularyň hemmesini “немцы” (“немые” — lallar) diýip atlandyrýan ekenler.
Garaz, ullakan bir ýamanlygym-a ýok welin, dogry ýazmagy öwrenjek boluň diýýän. Kimdir biri harp ýalňyşlaryny äsgermezçilik edýär, başga biri — dyngy belgileriniň ýalňyşlaryny. Ownuk zatlarmyş! Şolar näçe ownuk bolsa-da, şolaryň bolmaly däldigine düşünip, şolara garşy göreşmese, hiç bir awtor (açyş etmeg-ä beýle-de dursun!) kämilleşip biler öýdemok (bu sözler diňe ýokarky ady agzalan awtorlara degişli däl), çünki olar soň: ”Logika, forma we ýene-ýeneler nämä gerek!”-ler bilen ulalyp barýar.
Käbir döräp biläýjek soraglara öňünden jogap beresim geldi:
1) ” Eger haýsy žanrda, haýsy usulda ýazýany barada awtoryň özem pikir etmeýän bolsa ýa-da bilmeýän bolsa, onda onuň ýazanyna öz ýanyňdan belli bir kesgitleme bermek dogrumy (bolarmy?)?”
— Bu ýagdaý awtoryň özüniň bilýäni ýa bilmeýäni bilen kesgitlenenok.
Mysal üçin, siz eliňize galam alyp, bir zatlar ýazyp başlaýaňyz, ýöne özüňiz hiç hili žanr, ugur barada pikirem edeňzok. Siz birnäçe sözlem ýazdyňyzda, goýduňyz. Siziň şol ýazan ýazgyňyzyň (siz isleseňiz, islemeseňiz) hökman haýsydyr bir öňden belli žanra ýakynlygy bardyr (fragmentar ýazgy, gündelik, ýol ýazgylary we ş.m. ). Siziň haýsy ugurdan ýazmagy halaýandygyňyz, haýsy ugra ýykgyn edýändigiňiz hemem şahsy stiliňiz baradaky kesgitleme bolsa siziň birnäçe eserleriňiziň diliniň analizinden soň gelip çykýar;
2) ”Ine, sen, iş edinip, şu zatlary aýtdyňam-da, heý, onuň kimdir birine haýry barmy?”
— Haýrynyň degen ýerlerini gördüm (mysalam getirip biljek, ýöne ol kişi şöhratyna şärik boljak bolýan ýaly bolýar; mysal diýýäninem — özüne geregini alyp biljek adam 20 minut çemesi telefonda gürleşeňde-de alýan eken);
3) ”Biziň tanyşlarymyzyň döredijiligindäki şu ýagdaý gowumy ýa erbet?”
— Gowy tarapy (olaryň özleri üçin) — bu awtorlaryň indi diňe ýazmak üçin ýazman, eýsem öz eserleriniň içine nähilidir bir düşünje salmaga-da çalyşýandyklary; bu — döredijilikden nyşan;
özüm üçin erbet tarapy — diňe bir ýa iki stilde, usulda ýazmaga synanyşýan awtorlaryň soňky eserlerine bolan gyzyklanmam gowşaýar. Garaşanym çykýar. Şeýleräk bir duýgynam “başdan geçirýän”: eserleriň dürli wagtda ýazylandygyna, wakalaryň, gahrymanlaryň başga-başgadygyna garamazdan, şol bir awtoryň şol bir eseriniň döwük sýužetli dowamyny okap ýören ýaly bolýan;
4) “Diňe ýazmak üçin ýazmaýan awtorlar
başga ýokmy?”
— Bar, ýöne olar — başga ertekileriň gahrymanlary…
Täze ýyl gutlaglarydyr arzuwlaryna garylan hormat bilen — @Çary.

P.S.
Maňa: ”Sen juda gödek!” diýýärler. “Ilki adamyň göwnüne degip, ony serpmeden gaýdan ýaly edýäň, soň bolsa eden işiňi ýuwmorlamaga çalyşýaň!” diýýänlerem az däl. Özüme berilýän şeýle bahany ýaşlygymdan bäri kän eşidýän. Köpçülige şeýle görünýän bolsa, oňa galat diýip bilmerin, şoň üçinem şu günden şeýläk (Täze ýylyň başlanýan gününden) hiç bir zady soňundan ýuwmorlamajak bolup jan ederin — erbet häsiýetleň birinden dynyp bilseň, bir peýda.

© Çary ATAÝEW
Bölümler: Makalalar | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Çary Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Mekan2 • 17:12, 29.01.2024
Çary agaň makalalaryny göçürip alyp başlamagyma sebäp bolan makala şü. hemme makalasyny alyp ýetişmäkäm galamdaş saýty ýapyldy. ýene çeşmäň Galamdash.com-dygyny ýazmak ýatdan çykypdyr. tekstdäki agzalýan täze ýyl, ýalňyşmasam, 2019-dan 2020-ä geçilýän ýyl bolmaly. ýa-da ondan bir ýyl öň.

şuny okap kellämdäki käbir düşünjeleň ylmy düşündirişiniň bardygyna düşündim.
avatar
0
2 Küle • 20:06, 29.01.2024
Makalañ özüniňem barokko kemi ýokeken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202