10:22 Her bir sözüň agramy | |
HER BIR SÖZÜŇ AGRAMY Edebi seljermelerde «смысловая нагрузка» diýip bir düşünje bar (hernäçe jan etsemem, ony doly derejede janlandyryp bilýän türkmençe ekwiwalenti tapmadym); ýagny ilki başda bir sözlemi alyp, onda ulanylan her bir sözüň, dyngy belginiň, aýtgynyň, nakylyň we ş.m-leriň şol sözleme degişli many agramy gözlenilýär, soňra bolsa her bir sözlemiň bütin esere degişli many agramyny tapyp, olaryň özara gatnaşygyndan gelip çykýan netije boýunça-da esere baha berilýär. Drama eserlerinde bu iň esasy çäre bolup durýar, ýöne edebiýatyň proza we lirika žanrlaryna-da esere şonsuz berilýän baha agramly bir zat däl-de, ýönekeý ýüzleý analiz, has dogrusy, her bir okyjyň eserden alýan ilkinji täsiri diýip hasap edilýär. Awtor özüniň ulanan her bir sözi üçin jogapkärdir. Awtoryň pikiriçe käteler bir sözüň özünde göterýän many agramy onuň eserde ýetirjek bolýan duýgularyndan, pikrlerinden, öwüşgininden ejiz gelip biler, şonda ol şol söz bilen manydaş sözleri (sinonimleri), aýtgylary, nakyllary we ş.m-leri şol bir sözlemde, bentde ýa eseriň başga ýerlerinde ulanýar, käteler bolsa, şol bir sözüň özüni ýene bir näçe gezek (pawos ýa-da öwüşgin üçin) ulanyp bilýär. Käbir okyjylara bu (ilkinji alýan täsirinde) gereginden artyk artykmaçlyk bolup görünse-de, onuň awtoryň eserde berjek bolan duýgusy, pikiri, öwüşgini içgin seljermeler esasynda hut şeýle ulanmalaryň üsti bilenem açylýandygy ýüze çykarylýar. Bu — hemne zadyň bolmalysy ýaly bolan ýagdaýynda şeýle, ýöne awtor käbir sözlerini, sözlemlerini, hatda birnäçe bentlerini, özüniň hem-de käbir okyjylaryň belleýşi ýaly, diňe «owadanlyk» üçin ulanan ýagdaýynda, tankytça ol eseriň gymmatyny ölçemek kyn bolýar, has dogrusy, ol mümkinem bolman galýar. Gürrüňimiz gury bolmaz ýaly, Seýranyň özünden rugsat bolany üçin, mysal hökmünde onuň özüniňem, köpçüligiňem juda gowy gören «Sessiz kölegelerine» ýüzlenip, şoň esasynda-da ýokarky aýdanlarym barada düşündiriş bermäge synanyşaýyn. Goşgyň başky iki setirini alyp göreliň: «Gün yşygy säheriň Gyrkmaýan gaýçylary» Şu bir sözlemden ybarat bolan iki setiriň goşgudaky many ýüki nämeden ybarat? Şol tutuş sözlemiň (sözüňem däl!) goşgyň adyna, mazmunyna, haýsydyr başga bir sözlemine ýa, iň bomanda, birje sözüne degişli ýeri barmy? Eger bar bolsa, ol haýsy detallaryň ýa detalyň üsti bilen görkezilen? Ol sözlemiň hem-de onda ulanylan sözleriň eser üçin many ýüki (agramy) nämede? Şu goşgy üçin şol sözlemde näme many bar? Awtoryň «özüni alyp» baryşy ýaly pikir etseň, şol iki setiriň yzyna kapiýa gelişdirip islendik pikirdäki iki setiri goşanyňda-da, üýtgeýän zat ýok — ýene-de onlarça, ýüzlerçe goşgyny şu iki setir bilen başlap, başga-başga zatlar hakda ýazyp boljak. Esere sintez edilende ilki onuň her bir sözlemi many taýdan aýratyn seljerilip, soň şol sözlemleriň özara gatnaşygyndan gelip çykýan many boýunça-da tutuş esere baha berilýär. Şeýlelikde, men şu sözlemiň manysyny eseriň ilki başga haýsy sözlemi bilen, soňra bolsa ol ikisini başga haýsy sözlem ýa sözlemler bilen özara gatnaşyga çekip bilýän? Ýa şu aşakdaky sözlemleri-bentleri alyp göreliň: Ýara goýup tenimde, Men ruhumy gurýadym. Goşgulamyň sesinde Eşidiler perýadym. Gussanyň köçesinde Gaýgymy paýlaýaryn. Gijäniň höwesinden Başymy aýlaýaryn. Ýukalýan süzgüjinden Geçmez ýanan jigerim. Ýaşasaň ine-gana, Halyňa düşünseler. Belki geler heýjana Dynç alýan düşünjeler. Köňül urýar peleseň, Ýeňletsem diýýär ýükün. Usul bilen ýöresem, Üzüljek bolýar ýüpüm. Şularyň hemmesiniň goşgyň ady, mazmuny, ideýasy bilen näme baglanyşygy bar? Olary men nädip bir bitewilige salmaly? Haýsy sözlemiň ýa sözüň üsti bilen olary goşgyň asyl ideýasyna birikdirmeli? Men şu goşgyň ilkinji setirleri baradaky pikirlerimi Seýranyň döredijiligini gowy görýän bir agzamyza aýdanymda, ol: «Baglanyşyk bolmasa, bolman geçsin, zato owadan!» diýdi. Hawa, şoň bilen gepem gutardy, gürrüňem, şolar bilen, elbetde, diskussiýa-da. Ýöne oň sözleri başga iki sany wakany meň ýadyma saldy. 1. Nobatgulyň «Aýallar türmesi» atly goşgusy saýtda goýlanda, şahyryňan, goşgyňam muşdaklary her oturlyşyklarda diýen ýaly onuň tarypyny ýetirýärdiler. Aradan ýarym ýyl töweregi wagt geçensoň, men ol goşgy barada öz pikirlerimi aýtmaga synanyşdym; ýagny awtoryň bir goşgyň içinde iki sany biri-birine gapma-garşy gelýän uly ideýany ulanjak bolup, goşgyň mazmunyny «iki hojaýynyň guluna» («слуга двух господ») öwrendigi, şeýdibem onuň gymmatyny gaçyrandygy barada söz açanymda, birnäçe adamdan: «Bolup geçsin, zato ol simlerde şemallary şuwlatdy» ýaly замечаниелери («bellik» sözi bärden gaýdýar!) eşitdim-de, jedeliň gutarandygyna düşündim. 2. Häzirki arap estradasynyň owazlylygyna aşyk bolan bir oglan MGU-da okaýan bir arap studentinden özüniň şeýle söýüp diňleýän aýdymlarynyň manysyny sorady. Arap oglan hemme aýdymlary üns bilen diňlänsoň, şeýle diýdi: «Красиво, но ни о чём» («Owadan, ýöne hiç zat hakda-da däl»). Eger bize-de şeýle poeziýa gerek bolsa, onda meniňem gepi uzaldyp oturmagymyň hajaty ýok, ýöne sözümiň soňunda Seýranyň goşgusyndan «ogurlan» owadan setirlerim bilen ideýam barada-da aýdasym gelýär. Ýok, öňürti ýene bir bellige jogap bermegim gerek. Men kä ýerde ýokardaky ýaly belliklerimi aýdan wagtlarym, menden klassiki edebiýatymyzdaky göräýmäge biri-biri bilen baglanyşygy ýok ýaly setirli goşgular barada soraýanlar bar. Ilki bilen-ä, ol goşgularyň öz ýazylyş stili şeýle, galyberse-de, ol setirleriň iň bolmanda goşgyň ady ýa-da onuň umymy äheňi bilen hökmany suratda özara gatnaşygy bardyr. Mysal üçin, dini goşgularyň içinde söýgi gatnaşyklary baradaky setire duşmak kyn. Meniň diýjek bolýanym: söýgüden «ýanan bendäň» nalamasy däl-de, diňe iki adama degişli duýgy, şolaryň biri-birine bolan gatnaşygy baradaky setir. Indi «Sessiz kölegeler» barada. Eger awtor başky iki setirini şu goşguda ulanmak islese, onuň has gowy ýoly bar. «Säheriň günüň yşgyndan dörän gyrkmaýan gaýçylaryny» sessiz kölegeleň yzyndan ylgadan bolsa, has gowy bolardy. Ol gaýçylar gyrkyp bilmeselerem, şoňa ymtylyp, Gün orta galanda ol kölegeleriň yzyndan ýetip, indi Günüň has ýiti tygyna öwrülip, kölegeleriň temmisini bereris öýdüp, özlerine guwananlarynda, tebigatyň kanuny olara ýene päsgel berýär, çünki «KÖLEGELER GÜNORTANLAR ÝITÝÄRLER!» («Тени исчезают в полдень» atly filmem bardy). Jany ýanan gaýçylar indi agşam şapagyndan ýardam alyp, ýene-de hüjüme geçmek isleýärler, ýöne ýene-de tebigatyň kanuny boýunça indi kölegeleriň ugry Gündogara tarap bolsa, gaýçylar ýuwaş-ýuwaşdan Günüň yzy bilen başga «şäherleriň sessiz kölegelerini» kowalap gitmeli bolýarlar. Bärde bolsa — TÜMLÜK. P.S. Ýazanlarymy okap gördüm. Göwnüm suw içmedi. Dili agyrmy ýa gurakmy ýa-da düşündirjek bolşum has ýöntemmi, bilip-bilmedim. Asla, pikirleriňi şeýdip jemlemek dogrumy ýa-da Sapaň «Bu gije» atly, Sungatyň «Yrga kölgäm…» diýip başlaýan goşgularyna öz ýanymdan eden belliklerimem olaryň yzyna goşmalymy ýa bir gezeklik üçin şu ýeterlikmi? Ýokarky ýazgylarym ne ylmy makala görnüşinde, ne-de edebi seljerme görnüşinde ýazylypdyr. Eger-de olardan kimdir biri azajygam bolsa özi üçin bir zatlar alyp bilse, ol zatlaryň hiç hili aýybam ýok, olary diňe özümiň şahsy pikirlerim diýip alanyňda-da bolman duranok. © Çary ATAÝEW Çeşme: Galamdash.com saýty. | |
|
Ähli teswirler: 9 | |
| |