Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:08
Balykgulaklar ýa-da paşmadyk dostluk

BALYKGULAKLAR ÝA-DA PAŞMADYK DOSTLUK

Hekaýa

“Daşlara siňen Poeziýa!”, “Daşlara siňen setirler!”, “Daşlara siňen taryh!” Nury indi balykgulak çöplänok. Indi çöpleýänleri adaty balykgulaklar däl. Çopan, gözlerine suwda dakylýan äýnegini dakynyp, deňziň düýbündäki balykgulaklardan oň ýüküni ýetiripdi. Her kimden ýekeje balykgulagy getirip bermegi ondan Mukam haýyş edipdi. Onuň özi gelip bilmedi. Geläýen bolsa, beýle-beýle zatlar bolmasa-da bolmazdy…

Bu “githä-gidişlik” Nuryň kalbyny heýjana getiripdi. Birnäçe ýyllap gatnaşykda bolup, käte bir görşüp durmak — bir başga, birnäçe günläp bileje dynç almak — bir başga! Olar bäş sagatlyk ýoly sekiz sagatda geçselerem, ýolda ulaglarynyň tekeri ýarylsa-da, tä deňze gelýänçäler hiç-hili ýadawlyk duýmadylar. Ýolda, Gurbannazaryň wepat bolan ýerinde düşläp, onuň goşgularyndan okadylar, edil onuň özi ýaly, burugsadyp, çilim çekdiler, soňra onuň we oň bilen bile wepat bolan ýoldaşlarynyň ruhlaryna bagyşlap aýat okadylar. Tekerlerini çalyşmaga kömek eden oglanyň ady Döwlet bolsa-da, hemmesiniňem oňa “Hydyr” diýesi geldi durdy.

Ilkinji suwadüşüşlik üýtgeşik lezzetli boldy. Olar ýarygijeden soňam suwuň başyna baryp, tolkunjyklary bilen aýaklaryny gyjyklaýan deňziň sesine goşup, goşgam okadylar. Nur-a, oglanlary geň galdyryp, Aýyň ýagtysyna suwa-da düşdi.

Oglanlardan tapawutlylykda onuň deňze ilkinji gezek gelşi däl. Onunjy gezegem däl. Has köp. Balykgulaklaram ilkinji görşi däl. Onda näme üçin?…

Mukamyň kimdigini tanaýanlar oňa adaty balykgulaklardan wagonlap elteniňde-de “peýdasynyň” yokdugyny bilip durlar, belki, şoň üçindir, oglanlaň hiç biri aýagyna çenli egiljegem bolanok. Seýran-a özi ýaly üýtgeşik zatlaň gözlegine gitdi (Gözýetimden sözýetim gözlemäge!). Tapypdyram öýdýän: awgustyň ahyrynda gaýtsa-da, “Sentýabr deňzi” atly goşgy ýazypdyr. Gowam ýazypdyr.

Ýazmyrat bular barýança içine suw guýlan ullakan çüýşäni balykgulaklardan doldurypdyr. Şolardan iki sany iň ulusyny saýlap, Mukama diýip aýryp goýdy. Ol indi balykgulaklardan çekilen suw perisiniň suratyna seredäýmese, gözleri şol perileň iki aýaklysyndan başga zady görenok. Şol gözleri çaşarmanka gaýdaýbilsedir bahymrak çagajyklarynyň arasyna! Her gün ol perileň nähili geýimde gelýänine çenli ýatdan bilýär:

— Şo-ol, gyzyl kupalniginiň üstünden gara kapron atynýan wa:r-a!.. Şo wa:r-a! U-u-u-u!…

Dodaklary ýara boldy görgüliň! Merdan bir balykgulak getirdi, oňam “bir” gulagy döwük. Şu Merdanam öz başyna bir dünýäli oglan! Deňziň boýunda ellerini howalandyryp, uçaýjak bolup goşgy okaşyny görseň! Ýöne iliň goşgusyny okanda şeýle. Öz goşgularyny bolsa ýöne mydyrdap geçäýýär. Nahar iýýän otaglarynda bir kartina asylgy dur. Her gezek nahara oturanlarynda, Merdan, ýaltanman, baryp, şol kartinany başga görnüşde asyp: “Howwo, galamdaşlar, kim näme görýär?” diýip, hemmeleň ünsüni şol kartina gönüger ýaly edýär.

— Şu gezeg-ä ho-ol iki sany nokatjyk embrionlara meňzeýär.

— “Embrion” näme bolýar-aý?

Sungat, Nura-da garaşman, iki ýerden berlen soraga, hemişeki endigine eýerip, sözüň gelip çykyşy boýunça düşündiriş berip başlady.

— Sungat, jigim, radioda işläp görmediňmi?

— Okaýan döwrümde işläpdim.

— Tebigatyňam adalatsyz ýeri kän-ow! Nebir jadylaýjy sesi saňa bagyşlapdyr!

— Ha-haý, agam, sizde beýle adalatsyzlyk hemme kişiňkidenem kän bolaýmasa!

— Wah, men özümiň tebigatyň ýalňyşydygymy boýun alýan-la!

Bu wakany ýatlamasaňam boljak welin, gabat gelýän geň zatlar bar. Umyt jaň etdi: “Agam, täze hekaýa başladym. Embrionlar barada.” “Aý, jigim, entek embrionyň nämedigini bilmeýänlerem bar” diýip, Nury oňa bolan wakany gürrüň berdi. “Hany, men ýazyp bolaýyn, onsoň oňa düşünmejegem düşüner!” diýip, Umyt ätiýaç üçin öňünden öwnüp galdy.

Nury sagada seredip, Ýazmyrat bilen Sungata ýüzlendi:

— Ýazmyrat, sen-ä Baka jaň et: üýşüp doglan gününi gutlalyň. Sungat, senem bajaňa jaň et: ol bir baryp bildimikä Bakylara?

Sungatyň-a Ozan atly balykgulagy ýanynda bolansoň, deňizdäki balykgulaklar oň piňine-de däl, ýogsa Nury Ozan bilen Sungatyň özünden has köpräk bile suwa düşdi. Şondanmyka, oglanlaň Ýazmyratdan başgasy gaýdansoňam, Ozan ýaly oglanjyklardan başlap, ýetginjek oglanlara çenli kenara gelýän çagalaň bary oň daşynda. Kiçiler-ä ondan “daýy” ýasadylar, uluraklaram “aga”.

— Agamjan, näme beýdip otyrsyň?! – diýip, onuň her gapdalyna bir oglan çökdi.

— Suw ölmükä diýip çekinip otyryn.

— Häzir ony barlap göräýeris! — diýip, oglanlaň hersi bir ýanyndan göterip, Nuryny suwa tarap alyp gitdiler.

Ol garşylygam görkezjek bolman, olaryň boýunlaryndan ellerini geçirip, özüne tarap gysdy.

— Boýuňyza görä giräýseňiz, boýnuňyzy ýolaryn!

Nurmyradyň boýy 190 bolsa, Babanyýaz ondanam uzyndy — 195.

Ondan bu oglanjyklara näme gerekkä?

Ýaňy onunja geçen sportsmen oglanlar.

— Agam, saňa görünjek bolup, bulam düýn uzakly gün gyzyl şortuly suwa düşdem welin, seni tapmadyk — diýip, Nurmyrat, Nurydan ýapyşyp durşuna, suwuň içinde-de Babanyýazy depmäge synanyşdy.

— Gyzyl şortyň üçüsini geýende näme?! Entek ýekeje gezegem gyz bilen duşuşyp göremok diýýär-ä. Hyjuwy daşyna depýänler özi bilmezden gyzyl eşik geýýärler.

— Howwaý! Ynha meň otuz sany görüşýänim bar. Görgülileň hersine aýda bir gezejik gezek ýetýä.

— Sen otuz sany gyz adyny bir bilýäňmi?

— Aý, agam! — diýip, Babanyýazam gürrüňe goşuldy. — Ol kyn däl-ä: dört sany gyzyň adyny ýat tutup, olaram ýaňlytmaç ýaly gaýtalaýaň-da, galanlaram şolaň atdaşy diýibermeli. Ýöne mende birem ýok-da.

Bu oglanjyklara ondan näme gerek? Ol öýe gelensoňam, olar oňa jaň etmelerini goýanoklar. Tagtabazarly Babanyýaz özüniň gelip bilmeýänine gynanyp gezse, Nurmyrad-a birnäçe gezek gelibem gitdi. Onuň daýysynyň daýysam Nuryň yakyn tanşy bolup çykdy. Nurmyrat, özelenip öýlerine çagyrsa-da, Nury gitmedi. Kakasynyň aradan çykanyna üç ýyl bolan oglan ýaşy uly adamlar bilen gatnaşykda bolanyny kem görenok. Şeýdip ulalaýjak bolýarmyka?..

Özi bilen edýän söhbetlerinden ol oglanjyklaryň näme lezzet alýandygyna düşünmese-de, Nury özüne olaryň ýaş energiýasynyň oňaý täsir edýändigini anyk duýýar. Ine, olary Nurmyradyň garryja mamasyny suwa düşmäge kömek etmek üçin çagyrdylar, Nuram, olary synlamak üçin, kenara cykdy. Zordan ýöreýän garryja daýzany bu iki sany uzyn boýly oglanyň emaý bilen alyp gaýdyşyny, ýarym sagada golaýam onuň her bir hereketine hemaýat boluşlaryny synlamak, dogrudanam, lezzetlidi. Bu-da bir Poeziýa!

— Agam, şuny nähili görýäň?

Ol özüne bir daş uzadyp duran oglanyň adyny ýadyna saljak bolup kösendi.

Öz-ä öň eşitmedik ady bolmaly. Bu — şu ýyl onbirinji klasa geçýän Hajynur.

Bulam sportsmen. Sambist. Suwuň içinde-de samboň her hili tilsimlerini görkezjek bolup ot-elek!

— Men seň priýomlaňňa çydap duramok, jigim! Bogup, gark ederin! — diýip, Nury käte oňam gözleri petreýänçä bokurdagyny goýberenok.– Endam-janyňam çyzyk-çyzyk boldy. Ýogsa, dyrnagymam-a ýok.

Şonda-da gelýär!

— Hiçl-aý, agam, görmedik zagym däl.

Düýn Hajynuryň üç daýzasynyň biri Nura ýüzlendi:

— Näme, ýaşuly, obaňyzda ýap ýokmy?

— Ony nämeden diýdiň, keýgim?

— Ýüzüp bilemok diýýäň welin, obaňyzda ýap bardyr-a!

— Şäherli bolaňyzsoňmy, ýegenleriňize biriňizem “daýza” diýdirmän, adyňyzy tutdurýanyňyz?

— Hiç kimiň garrasy gelenok-da! — diýip, onuň uýasam gürrüňe goşuldy.

Bir ýerlerden Ýazmyrat bilen Nurmyradyň daýysy Aýnazar peýda boldy.

— Agam, saňa gelinler azar berjek bolýalarmy? Onda-da üç bolup?! — diýip, olaryň ikisem, dilleşen ýaly, birden gürlediler (dilleşen bolmaklaram gaty ähtimal! ).

— Ýegenleri maňa ýüzmäni öwredeýin diýýä welin, meni obaly görüp, oň meň ýanyma gelýänini gabanýalar.

— Aý, edil şäherlä-de meňzäňok — diýip, üç uýaň ikisi birden dillendi.

— An-a saňa gerek bolsa! — Ýazmyrat ýüzüni tutdy. — Men obaly onda öläýmelimi?!

— Men obalyny kemsitjek bolup aýdamok, ýöne kenardaky oglanjyklaň bary şu daýyň daşynda bolansoň aýdaýdym. Ýa siz mugallymmy?

— Döredijilik agşamlary ýadyňa düşenokmy?

— Düşünmedim?

— Poeziýa agşamlary? Döwran Saparyň, Baýram Tagan dagyň aýdymly agşamlaryny gurnanymda: “Mollum, menem diktor bolaýaýyn-da!” diýip gelýänleň ýadyňa düşenokmy? Bile düşen suratlarymyzam bolmaly, ýöne sen onda hordan uzynja gyzdyň.

Gitdigiçe ýüzüne çiňerilip seredýän zenanyň öňem bugdaýreňk ýüzüniň garamtyl gyzyl reňke boýalanyny gören Nury özüniň öteräk geçenini duýdy, ol bolsa, ýüzüni elleri bilen ýapyp, özüniň suwa düşülýän eşikdedigini şu wagt ýadyna salan ýaly, kellesinden aşagyny suwda gizledi.

— Waý! Waý, siz şol Nury Ataýewiçmi?

— Bolubilseg-ä, şol bolmaly. Hajynur, gaçdyg-eý bu ýerden: indi seň glawnyý daýzaň menden çyny bilen utanýan ýaly!

— Mollum, jaňlaşyp duraly-y!

Hajynuryň özüne uzadan daşyny synlap durşuna, Nury öz beýnisiniň iki gün bäri bir zatlary ýatlajak bolşuna hiç düşünip bilenok. Ol ýatlama şular ýaly oglanjyklar ýa-da şular ýaly balykgulakly daşlar bilen baglymy? Ýa hemmesi bilelikde bir ýatlamaň gurbanymy? Kiçijik melemtil daşyň içine siňip, daşyna ýelmeşip, oň bilen “bir jan, bir ten” bolan birnäçe balykgulak bölejikleriniň hersi bir reňkde. Her birem ol daşa üýtgeşik bir görnüşde “bagrybadaşan”. Synladygyňça synlasyň gelýär!

— Ed-dil özi! — diýip, Nury Hajynura seretdi. — Özem juda üýtgeşik! Oglanyň ýüzi ýagtylyp gitdi.

Ol, ýene-de gözlerini ýumup, şu balykgulak bölejikleriniň daşa siňip gidişleri ýaly, aňynyň bir ýerlerine siňip giden wakany daşyna çykarjak bolup kösenip otyr. Ýarysyny çäge gömen barmaklaryna bir zatlaryň “hüjüm” edýändigini duýup, gözlerini açanda, ýylgyranynam duýman galdy: ýaňy emedekläp başlan iki sany ýalaňaç çagajyk (oglanjyk bilen gyzjagaz) onuň çägeden çykyp duran barmaklaryny oýnap otyrlar.

— Agam, özüňkilerden gaçyp gaýtdyň welin, meňkiler daşyňa geçäýdimi?— diýip, gapdalda oturan daýanykly ýigit, ýerinden kynlyk bilen turup, oňa tarap ýöneldi.

— Özümiňkileň-ä hemmesem öýde welin, iliň entek sadige gitmeýänem menden bir zatlar-a hantama ýaly.

— Şoňa özümem haýran, agam! Bular ýogsa gara görse, ýadyrgaýan çagalar welin… Siziň şu kenardan bir zatlar çöpleýäniňiz diňe çagalara däl, bize — ululara-da gyzykly — diýip, çagalarynyň hersini bir eline alyp duran ýigit “senden” “size” geçdi. — Balykgulag-a däl öýdýän?

“Hawwa-da, şujagaz çagalaram meň aýagymdan şoň üçin ýapyşyp durandyrlar!”

Ol içinden şeý diýip “ýylgyrsa-da”, daşyndan çynlakaý gürledi:

— Ýok, olaryň asyrlaň dowamynda daşlara siňip giden bölejikleri.

Üytgeşik gözellik! Her birem özboluşly bir eser!

— Agam, şu nädýä?! — diýip, Parahat ýetip geldi. — Düýnki Çopanyň diläp alanyça barmy?

— Ondan gowam eken! Ýürege meňzeýär! Ýürek edip, boýnuňdan asyp bilseň, alaja asar ýaly deşigem taýyn! Şular ýalyň birini menem tapdym.

— Mukamyň bulary boýnundan asyp gezişi göz öňüme geljek bolýar — diýip, Muhammedem oňa bir daş uzatdy.

— Boýnuňdan asaýmalysynyň bary-ýogy üç sanjagyny tapdyk, oňam birini Çopan çildi.

— Hany, gaýtmalyňm-aý? Men-ä üşäp ugradym!

— Iň çişigmiz ilki üşäp başlaýar. Siz baryberiň, men şapagy deňze “gark edip”, soň barjak.

Ol ýene gözlerini ýumdy. Bu gezek özüne zor salmady. Şunça ýaşan ömründe bary-ýogy birnäçe gezek düşüp gören ýagdaýyna düşdi: birnäçe sekuntlap hiç zadyň pikirini etmän oturyp bildi. Ynha, birdenem aňynyň bir ýerlerinde ýyldyrym çakan ýaly boldy. Hopugyp, gözlerini açanda, görýän zadyna gudrat diýjeginem bilmedi, aňynyň fantaziýasynyň bir oýny diýjeginem! Çalaja tolkunyp, göm-gök öwsüp ýatan deňziň ýüzüne Günüň altyn şöhleleri ullakan harplar bilen bir at bilen familiýa ýazyp gitdiler:

AZAT * * * * ÝEW

Ol bir pursadyň içinde aýňalyp ýetişse-de, indi otuz ýyldanam gowrak wagt bäri aňynyň özünden “bukup” gezen wakasynyň bu oglanjyklar ýa-da balykgulaklar bilen näme baglanyşygynyň bardygy hakda oýlanmaga çalyşdy.

“Ýa bularyňam kakalary?..” Ýok, ine şu günki sekizinji klasa geçdim diýip gelen oglanjygyň kakasy yanynda. Dogry, olam ogly bilen gürleşenogam, bile suwa-da düşenok. Oglanjygam ýaşyndan uly görünýär.

Nury oň adyny ýatda saklajagam bolmady. Ol indi täze tanyşlyklardan çekinip başlady. Ogly Nuryň daşynda hozanak bolup ýörse-de, kakasynyň şol garynlak garantga ýaly bolup oturşy.

— Kakam sizden näçe ýaş kiçem welin, sizden uly görünýär.

— Kakaň nirede işleýän adam?

Oglanjyk eginlerini gysdy:

— Bize aýdanog-a…

Ol indi geçmişini däl-de, şu günlerdäki wakalary “tertibe” salmaga synanyşýardy, ýöne indi ýady, oňa pikirlenmäge-de wagt bermän, ony öz tolkunlarynyň içine sorup barýardy…

* * *

Diwarlaryna her hili dermanlaryň ysy ornap giden uzyn koridoryň ugrunda ikisinden başga hiç kim ýok. Eýýäm üçülenji gün şeýle. Iş wagty sagat 8-de başlap, lukmanlar näsaglary 9-dan soň kabul edip ugrasalaram, Nury dokuzyň ýarynda başlaýan okuwyna ýetişmek üçin, lukman bile “razylaşyp”, ejesini iş wagtyndan ýarym sagat öň getirýärdi. Ejesiniň goltugyna girip ýöretmeli bolansoň, ony hassahanadan çykaryp, ulaga mündürmek üçinem garaşmalydy. Iki agasynda-da ulagam bar ýogsa. Bolanda näme?! Ýarym sagatlyk prosedura olaryň gün tertibine sygyp bilenok.

Ol ýanynda mydama gazet ya kitap göterse-de, bu ýerde olara güýmenmek oňa başardanok: özlerindenem ir gelýän bu oglan sekuntsaýyn oňa nazaryny aýlap otyr. Eýýäm üçünji gün şeýle. Bolsa on bäş-on alty ýaşlaryndadyr.

Türkmen diýer ýalam däl. Metis bolaýmasa. Saçlary şar-gara bolansoň, öňem ak ýüzi hasam gan-petsiz görünýär. Ullakan gözlerini örtüp duran kirpiklerine gyzlar göripçilik edip biljek.

— Jigim, birhili gelşiksiz-ä bolýar bi.

— Düşünmedim?

— Eýýäm üçünji gün bir ýerde bile otyrys welin, kelam-agyz gürleşibem göremzok. — Ol gödegräk bir zatlar diýmek üçin başlan gürrüňini nädip ýumşadanynam bilmedi: özüne indi dikanlap seredýän gara gözlerde garalykdan nyşanam ýok. — Men-ä — Nury. Seň adyň näme?

— Azat.

— Hany, edil garşymda oturma-da, ýanyma geçsene, Azat.

Ýylgyrmagy indi öwrenmekçi bolýan ýaly, şoňa meňzeş bir görnüşi ýüzünde suratlandyryp, ýaş oglan onuň ýanyna geçip oturdy.

— Men gelemde-de otyrsyň, gaýdamda-da. Kim bilen gelýäniňem görüp ýetişemok.

— Kakam ýatyr şu ýerde. Okuwym öýlän bolansoň, irdenlerine men gelýän, öýlänem — ejem.

— Wah-e-eý! Agyrmy?

— Howwa, özüni bilenok.

— Hol soňky gapy reanimasiya dälmi?

— Howwa, şonda ýatyr.

— Alla kuwwat bersin, jigim!

Azadyň ýüzünde ýene-de ýylgyryşa meňzeş bir görnüş peýda boldy.

— Dogrusy, men bu ýere ejem üçin gelýän. “Kakam” diýsemem, ony iň soňky gezek haçan görenim ýadyma düşenok.

— Näme, olar aýrylyşanmy?

— Howwa, oň bizden başga-da iki maşgalasy bar, ýöne, kesellänsoň, hiç kime gerek bolmady — gapymyzyň agzyna taşlap gidipdirler.

— Oň başga garyndaşlary ýokmy?

— Oň bar garyndaşlary obada. Atam bilen enem bolsa: “Gelin, özüň gaýrat et!” diyip, ýalbaryp otyrlar. Ol bizi taşlap gitse-de, ejeme gün bermedi. Gabanyp gezdi. Ejeme ne öýde gün bar, ne-de işde.

Indi bolsa dogtorlaram: “kän ýaşamaz” diýýäler.

Ol bu oglanjygyň munça zady özüne näme üçin beýle aç-açanlyk bilen gürrüň berip oturanynam geňlemän, gürrüňi başga ýana sowmak isledi.

— Sen näçe ýaşyňda?

— On alty.

— Aramyz bäş ýaş eken. Näm bilen meşgullanýaň?

— Göreşe gatnaşýan.

— Okuwyň nähili?

— Erbet däl. Onunjyda okaýan. Geografiýa bilen matematikany gowy görýän.

— Dogry-y-y…

— Agam, senem ejeňi gaty gowy görýäňmi?

— Elbetde!

— Oň üçin hemme zada-da taýynmy?

— Dagy näme!

— Kakaňam urup bilerdiňmi?

Ol doňup galdy. Bu çepiksije oglanjyk ony diýseň oňaýsyz ýagdaýa saldy.
Bu soraga nädip, nähili jogap berjek?! Özüň owarram diýeňde-de, onuň özi?..

— Meň kakam ýok, jigim. Gullukdakam ýogaldy.

Azat ondan ýüzüni sowdy. Ýeri, indi näme etmel? Ol howlukmaçlyk bilen sagadyna seretdi. Ýene bäş minut bar.

— Sen meni bagyşla, agam! Meň ne dostum, ne doganym bar. Kakam zerarly men näçe mekdep çalyşmaly boldum, sebäbi ejem ondan gaçyp, näçe gezek kwartiramyzy çalyşdy. Şonda-da tapyp gelýär. Men ondan ejemi goramak üçin göreşe-de gatnaşyp başladym, ýöne ol mydama meň öýde ýok wagtymy peýläp gelýär. Men bilemok, birje gezek oň ejemi urup duran wagtyna duşan bolaýsam, menem ony urup bilerdimmi?

“U-uf!”. Ol bu sesi daşyna çykarmasa-da, onuň öwhüldisi gulaklarynda ýaňlanyp giden ýaly boldy.

— Bagyşla, jigim, ejemi alyp gaýtmaly wagtym boldy.

Azadyň ýüzünde hälki ýylgyryş peýda boldy.

Ertesi keselhana gelenlerinde, koridoryň boşlugy Nuryny az begendirmedi. Onuň düýn uzak günläbem, gijesi bilenem pikiri Azat boldy. Adamlar sähel zatlara-da öýkeleşip ýa kiçijik problemalardanam nalaşyp ýörler. Beterinden beteri bar diýleni: şu oglanjygyň gününi näme bilen deňejek? Oňa nädip kömek etjek? Kakasynyň ölümini dilejekmi? Ony onuň özi bir dileýärmikä? Ýa diňe şony dileýärmikä?

Ejesiniň lukmanyň ýanyna girenine on bäş minut çemesi wagt geçende, ol koridoryň gönüsindäki gapyň şarkyldap açylýan sesine tisginip gitdi. Ak ýektaýly iki sany ýigit gapydan üstüne ak mütgel ýapylan katalkany çykarjak bolup dur. Onuň ýüregi gobsunyp gitdi. Ol entek hassahanadan jeset çykarylyşyny görmändi. Eşidilmeýän batly bir ses batly buýruk beren ýaly, ol, bir pursadyň içinde zöwwe ýerinden galdy-da, dim-dik bolup duruberdi. Soňky oglanyň yzyndan Azadyň göwresi görnende bolsa, onuň dyzlary titredi, ýöne aşak oturmaga özünde gurbat tapmady.

Olaryň öz deňinden nädip geçip gidenlerini saýgaryp bilmedi, ýüzüni galdyrmaga, Azat bilen nazarlaşmaga özünde erk tapmady. Daşky işik ýapylansoňam, ol esli wagtlap gymyldap bilmän durdy. Ýaňybir aşak çökenem şoldy welin, işigiň täzeden açylýan sesi eşidildi. Şol tarapa nazaryny dikenden, özüne tarap ýöräp gelýän Azady görüp, ýene-de ör turdy. Oňa bir zatlar diýmelidi. Ýöne näme diýmeli? Nädip diýmeli?

Azat gelişine onuň eline dört eplengi kagyzy tutdurdy-da, sesini çykarmanam, yzyna öwrüldi. Ol Azadyň yzyndan elini galgadyp, bir zatlar diýjek boldy, ýöne bokurdakdan ses çykmady.

* * *

Deňizden gelenlerine on gün bolupdyr. On gün bärem ol hiç kim bilen habarlaşanogam, görşenogam. Hiç kimi göresem gelenok, hiç kime görnesem gelenok. Hawa, gelenine on gün bolup geçse-de, onuň hiç zat bilen weji ýok. Gan basyşam geleli bäri 150-110-dan ýokary galmasa, aşak düşenok. Sungatlaryň sadakasyna-da görnüp bilmedi: kellesini gapdala öwürmäge-de ýagdaýy bolmady. Soňky iki gün-ä bulamak bolubam ýatdy.

Saýtda goýulýan eserleri, olara ýazylýan teswirleri okap, öňküligine dolanaryn öýtdi. Eger- eger! Öňler Nobatgulyň “Dünýe haçan namart oldy” atly eserini hemmelere okamagy maslahat berýän özüdi, indi bolsa onuň adyny okanyndan myrryhy atlanýar. Ýadyna düşse-de şeýle.

Mellegem ýatdan çykdy, oglanlar bilen jaňlaşmagam. Getiren balykgulaklaram pakedi bilen daşardaky tapçanyň üstünde ýatyr şo durşuna. Şu ýazyp oturan eserinem ol üç gezek ýyrtyp, täzeden başlady.

Aslynda, adam näme üçin ýazýar diýýärler. Ýa-da indi eýle ýazmaly, beýle ýazmaly diýýärler. Ol ýazmajak bolubam gördi. Her hili edip ýazybam gördi. Göwnündäkini bolşy ýaly çykaraýmasa, oň üçin ýazan zadyna berlip bilinjek iň ýokary ýa iň pes bahalaram biderekdi. Ol bu ýazgylaryny okap, Azadyň ýanyna gelmejeginem bilýär. Ol okamazam.

Nury üçin indi Nobatguly üçinem, Görogly üçinem, asla adamlaryň hemmesi üçinem dünýäň haçan namart bolanlygy gyzykly däl, ýöne ol Azat üçin dünýäň haçan namart bolandygyny anyk bilýär. Şolam ony örteýär, sebäbi şeýle bolmagynda onuň özüniňem…

* * *

Azadyň goýup giden kagyzynda onuň ady, familiýasy, öý salgysy hemem telefon belgisi ýazylan eken. Köne depderleriniň arasyny dörse, ol kagyzy tapjagyny bilip dur, ýöne…

Nury ilkinji gezek Azatlara onuň kakasynyň üçi bellenýän güni barypdy, soňam olar her iki günden duşuşyp durdular. Azadyň ejesi (onuň ady Nuryň ýadyna düşenok, şoň ücinem oňa öz ýanyndan “Sona” diýip at goýdy) Sona gelneje iki günden bir gün gijelerine “Tiz kömekde” işlänsoň, şol gijeler Azadyň ýa özi Nurylara gelerdi, ýa-da Nurylara onuň aýal doganlaryndan biri ýatymlyk myhmançylyga gelse, Nuryny öýlerine alyp giderdi. Nury gijelerine ejesini ýeke goýup bilenokdy.

Oglunyň gün-günden “gowulyga tarap üýtgäp barmasy” Sona gelnejäni az begendirenokdy. Azat indi käteler diňe saza däl, aýdymlara-da hiňlenip, ejesini daşyndan pyrlap tans etmänem çykarypdy, onsoň onuňam Nury bilen ýakyndan tanşasy geldi. Onuň özem entek ýaňy otuz bäşini dolduran zenandy, ýöne Azadyň öňki özüni alyp barşy oňa özüniň entek ýaş ekendigini duýmaga päsgel berýän eken.

Nyry “tanyşlykda” özüni hemişekileri ýaly şadyýan alyp barsa-da, bu ýumşakdan mylaýym gelniň ýanynda özüni juda oňaýsyz duýýardy. Azat bilen hezildi. Ol çaga hemme zatda Nura öýkünjek bolup, Nury näme diýse-de, nähili hereket etse-de , olary “gözleri bilen gapyp” alyp, düşünmeýän zadyny gypynçsyz sorap bilýärdi. Ýok, has dogrusy, ol Nuryny hiç jähtden synap görjek bolanokdy-da, oňa hemmetaraplaýyn ynam bilen garaýardy.

Ýaşlary boýunça deň bolmadyk oglanlar näme hakda gürrüň edip biler, olary deň-derejede näme gyzyklandyryp biler diýilmegem mümkin. Olara bolsa mydama bile gürleşip ýörmegem hökman däldi. Seýilgählere ýa kino görmäge çykmadyk ýa aşhanada bile nahar bişirmedik wagtlary olaň hersi öz işi bilen gümra bolyp bilýärdiler. Olar üçin iň esasy zat — biri-biriniň ýanynda bardyklaryny bilmek. Dogrusy, Nura has kyn düşýärdi, sebäbi, Azatdan tapawutlylykda, onuň başga-da dostlaram bardy, söýgülisem. Maşgalany dolandyrmagam onuň öz boýnundady. Galyberse-de, özünde edil Azadyňky ýaly derejede dostluk-doganlyk duýgusynyň ýokdugam Nuryny az kösänokdy, ýöne bu oglanjygyň göwnüni ýykanyndan, ol az-owlak artygrak kösenenini kem görenokdy. Başga wagtlar oglunyň ýanynda bolanyny kem görmeýän ejesem Azady göreninden, ýumşap, Nuryny saklajak ýa oňa artykmaç iş buýrjak bolup duranokdy. Bir gün Azadyň ejesi Nuryň ejesi bilen tanyşmaga-da geldi.

Günleň geçip durmagy bilen gatnaşyklar kadalaşyp gitdi diýen ýaly. Bir kyn tarapy — Nury şäherde wagty özi jaň edäýmese, Azada oň bilen habarlaşmak kyn düşýärdi: Nurylaň obasynda telefon ýokdy.

* * *

Indi ýazmak has kyn düşýär. Diňe dermanlaň güýji bilenem aýrylmaýan kellagyry üçinem däl. Nuryň şol güni asla ýatlasy gelenok.Ýok, ol ony ýatlamanam bilenok, ýöne şol günki wakalary jikme-jikligi bilen ýazmak agyr degýär. Hiç zat bilen weji bolman, uky diläp ýatyşyna, telefonyň sesine ol begenmänem durmady. Telefony alanda, ondaky sagat bilen jaň edýäniň adyna bile seretdi: 23:30, Seýran Otuz. Bu “otuzlar” gabat geldimi ýa onuň öňki durmuşa dolanasy geldimi, ýa-da häsiýetindäki gylyklary gyjykladymy, Seýranyň ilkinji sözlerinden soň onuňam henek atasy geldi:

— Agam, salawmaleýkim! Ýatyrdyňmy ýa?

— Ýatandyr öýdýäňmi? Ýatandyr öýtseň, ýatyryn.

— He-he! Onda güpbasdy oýnuny nähili görýäň?

— Ýeke özüňmi?

— Ýok, ýanymda iki sany “M”-de bar.

— Iki “M” bir adamda barmy ýa hersi birinde.

— Hersi birinde.

— Onda bir-ä Bäşimow bolmaly.

— Hawa, şumat Makslaň ýanynda durus — çilime çykdyk.

“M” harpdan çilim çekýän kim barka?”

— Beýlekem Melemi?

— Ýok, familiýasynda däl, adynda “M” bar. Bile Awaza-da gitdik.

— Merdanmy?

— Edil özi.

— Geliberiň onda. Menem sizi bir “Ç”-ne üç sany “M”-ni goşup garşy alýan.

— Olar kimkä?

— “Kim?” däl, “Näme?” Bir çaý bilen üç görnüş mürepbe.

Şol gije gulagy şyňlamadyk tanyşlar özlerinden görsünler! Çopanyň Gurbandurdy aga “Türkden “hakyky” bal getirip berip, oň bukup goýan balyny iýişlerinden başlap, Gurbanmyradyň Copanyň (indi “Allaberdi agaň”) “otçestwosyny” soraşyna cenli ýatladylar. Maksadyň “Gaçgagyna” gezek gelende erotika bilen pornografiýaň arasyndaky juda inçejik serhedi ýekeje sözüň bozup bilýändigi barada-da gürrüň etdiler.

— Şu zatlar barada teswir ýazsamam boljakdy welin, sen meni äsgereňog-a— diýip, Nury Maksada ýylgyryp seretdi.

— Näme üçin beýle pikir etdiňiz?

— Hemme kişiň teswirine jogap berip, diňe meni jogapsyz goýupsyň.

Maksat ýylgyrdy:

— Argument tapsaň jogap berersiň-dä…

Nury maslahat soramak üçin okap bermekçi bolan “hekaýasynam” ýadyndan çykardy. Oňa proza ýazmak kyn düşýär. Bu hekaýasam soňuna çenli ýazylaýjaklaryň bary-ýogy üçünjisi. Isleýşi ýaly ýazmaga nämäň ýetmeýändigini ýa-da artykmaç bolýandygyny ol entek saýgaryp bilenok.

Çaý içişlik oglanlaňam göwnünden turman durmady welin, Nury bu daňyny “arkaýyn” atyrjagyna az begenmedi.

— Indi turaýsak nädýär? — diýip, Seýran gobsunjyranda, Nury:

— Nämä meň ýüzüme seredýäň? — diýip güldi. — Cyn bolsa, Nobaygulyň sözi diýip bir söz aýdýalar: “Iliň öýi bir gowy zat — islän wagtyň “Turalyň!” diýip bolýar” diýip.

— Onda-da siziň gowy göräýjek sözleriňizem bar eken-ä!

— Onam entek anyklamaly — Hojadyr Tikkinem gürledip ýörler.

Maşyny köçeleriniň çatrygyna çenli gözi bilen ugradyp duran Nury içki dünýasine “diňşirgenmegem” ýadyndan çykaranokdy — “Hudaýa şükür, kellagyrydan nyşanam ýok!”

Howla girip, lezzetli pursatlaryny dowam etmek üçin tapçanda oturan Nury indi balykgukakly pakede howatyr bilen seredenokdam, ony Seýrandan ugratmandygyna gynananokdam.

* * *

Şenbe güni bolsa-da, okuwdan soň hiç ýerde eglenmän, Nury göni öýe gaýtdy: indiki hepde-de geçirilýän ylmy konferensiýa taýynlanmalydy.

Ertire goýarlyk ýagdaý ýok — ertir “Antigonaň” iň soňky repetisiýasy.

Kreonty itden beter ýigrense-de, onuň roluny oýnamagy özüniň ylmy ýolbaşçysy hemem drama kruźoklarynyň ýolbaşçysy Natalýa Grigorýewna haýyş etdi durdy. Nury ony ýigrenýändigini düşündirjek bolanda, mugallymy gaýtam: “Ýigrenji adamyň roluny ýigrenç bilen ýerine ýetirseň, has gowy bolýan eken” diýip, öz diýenini tutup dur. Nury goşgy ýat tutmagy kyn görýär, ýöne näme üçindir Gamletiň monology bilen Kreontyň sözleri birki gezek okansoňam aňynda galypdy. Häzirem ýadyna düşýän ýerleri bar:

“Я знаю: бешеных коней
Уздой смиряют малой!”

Hawa, şol wakany ýazmajak bolup, ol häzirem özüni dürli ýatlamalara “aldyryp” otyr! Ertesi, repetisiýada bolan wakany diýsene! Heýkel hökmünde goýulan dört gyzyň ikis-ä oň sesine tumbadan aşak gaçdy, beýleki ikisi bolsa titireşip duran boldular. Antigonaň öňem grimlenip agardylan ýüzüni diýsene! Ol ýüzde onuň tegelenip, hanasyndan çykaýjak bolup duran göm-gök gözlerinden başga hiç zat ýok ýalydy. Hemmesem şol ýokarky iki setiriň ýaňlanyp gitmesinden soň şeýle boldy. Reżissýorlary Amaliýa-da, beýlekiler ýaly, bir pursat doňup galsa-da, ilkinji bolup özüni ele aldy:

— Näme, näme doňup dursuňyz?! Nury, ertirem şeýdip oýnap bilermiň?

Nury eginlerini gysdy.

— Howwo, ol-a şeýdip oýnasa, statuýalaram şeýdip ýere gaçsa, bizem şeýdip doňup galsak, Antigonaňky ýaly, şözlerimizi ýadymyzdan çykaryp, bu oýnaýan tragediýamyz komediýa öwrüläýmese!

Bu — Amaliýaň adamsy Arslandy. Artistlik ganynda bolmasa-da, baş rol özüne berilmese ýa özünden başga birine has köp üns berilse, ynjyklygy ýüzüne çykýan oglan.

Boldy, besdir! Ýazjak bolsaň-a, şu gezekde ýazyp dyn, ýogsa-da…

Ýogsa-da, ol bu eserini şeýdip, şu ýagdaýda, şu görnüşde ýazmak bilen kimedir birine ýa-da kimdir birlerine bir zady subut etjek bolýarmydy ýa bu öz-özünden şeýle bolup barýarmy? Belki, özüni tanaýanlar bilen bolup geçen wakalary eseriniň arasyna salmak bilen:”Galanlaram toslama däl” diýjek bolýandyr? Ýöne oň ähmiýeti nämede? Eger şol soňky wakalar bolmadyk bolsalar, şo-ol öňki waka ýadyna bir düşermidi? A ol waka — aslyýetinde bolan wakamy? Belki, ol onuň “näsaglan aňynyň fantaziýasydyr?”

Nury özüniň ýene-de bulaşypmy, bulaşdyryp başlanyna göz ýetirip, bu günlükçe ýazmaly däl diýen netijä geldi.

* * *

Hawa, Nura ol gün, özüni nirä urjagyny bilmän, elewräp ýören halyna, uýalarynyň beýdip üýşüp gelmesi has agyr degýärdi. Näme, olar ýönelige gelendir öýdýäňmi?! “Şu gezek çynymyzdyr! — diýşip, hüjüm edýärler. — Sen aýtmasaňam, haýsy gapyny kakmalydygymyzy bilýäs!”

Nuryň welin bu wagt gudaçylyk gürrüňi ýadyna düşenok!

— Seni bir gelin-ä çagyrýar — diýip, uýalarynyň biri syrly ýylgyryp gelende, Nury üçin ol maslahata barmazlyga gowy bahana boldy.

Köçedäki “Tiz kömek” maşynyň ýanynda duran Sona gelnejäni göreninden, süňňünde ýeňillik duýup gitdi — gaçyp gitmäge gowy bahana bar!

— Obed wagtymyz goňşy obaňyza gelmeli bolduk welin, size-de degip geçäýeli diýdik — diýip, Nuryň salamyny alan Sona gelneje “ýaýdanybrak” söze başlady. — Çaý bermäge ýagdaýyň barmy? Saňa bir hatjagazam bar.

— Ýagdaýy, bolmasa-da, dörederis! — Nury özüne uzadylan haty alyp durşuna begençli gürledi. — Azady şu gün meňem göresim gelip durdy.

Sona gelnejäni ýanyndaky iki sany işdeş jorasy bilen ejesiniň ýanyna elten Nury, şofýory alyp gaýtmak üçin ikilenç yzyna barsa-da, ol ulagdanam düşmedi:

— Meň obedim mydama ýanymda, inim.

Gelinlere-de bir çäýnek çaý içmäge-de wagt bolmady öýdýän. Oba ýerine “Tiz kömek” maşynlary juda seýrek gelýär, geläýse-de, munça wagtlap eglenýäni ýok. Nurylaň deňinde esli wagtlap duran maşyny gören aýallar ikiden-üçden Nurylara gelip başladylar. Ilki öz köçelerinde ýaşaýanlar, soň beýleki köçedäki “eşdişenler”.

— Eýgilikmi, gyz?

Obalarynyň edehedi şeýle. Biriniň kesellänini eşidip, oňa-da “ilden soň barmak” gelşiksizlik hasaplanýardy. Kä halatlarda öý eýelerine näsaglan ýakynlaryna bolan hyzmat däl-de, soramaga gelip-gidýänlere çaý-nahar bermek has agyr düşýärdi.

Myhmanlar, “rejäň” geň däldigini duýup, nahara-da garaşman, turmak bilen boldular, ýogsa, Nuram olar bilen bile gitmekçidi. Ýetişmedi.

— Siz bu gün hem gündiz, hem gije işleýäňizmi?

Nury Sona gelnejäň joralarynyň syrly ýylgyryşmalryna düşünip bilmedi. Olar Nurylara ýolugryna çaýa sowulan adamlara däl-de, synçylyga gelen ilçilere meňzeýärdiler.

Sona gelin jogap berip ýetişmedi — şofýor hüňürdedi:

— Indi, şeýdip, ýolugrunda-da syrtaryşyp durjakmy siz?! Ýöräliň!

Hawa, indi şol günki wakany gysgaldyp alanyňda, Nury şol günem Azatlara gitdi, ýöne gapyny näme üçindir Azat däl-de, Sona gelneje açdy. Endamyna syrlaşyp duran ýuka köýnekli Sonany göreninden, Nuryň öz endamyna-da tok simi degirlen ýaly boldy. Sesini eşitmedik bolsa, ol Sonany tanajagam däldi, hälki gelin diýer ýaly däl. Durmuşa çykýan gyzlar ýaly bezenen gelin birnäçe sagadyň içinde ona golaý ýaşyny yza zyňan ýaly.

— Gel, Nury, gel! — Ol öňem hoşamaý eşidilýän sesine ýene-de duýgy baryny ýüklemäge çalyşýana çalym edýär. — Çekinmesene, Azatjanam hä diýmän geler.

Nury endigine görä Azadyň otagyna tarap ýöneldi.

— Ýok, ýok, bärik geçmeli — diýip, Sona gelneje ony myhman otaga çagyrdy.

Dürli-dümen bilen bezelen saçagy gören Nury ýylgyrmaga synanyşdy:

— Men bir zatdan bihabarmy? Kimiň doglan güni?

Sona gelin jogap berip ýetişmedi — telefon jyrlady. Trubkany gulagyna tutan zenan nägilelik bilen ony ýerinde goýdy:

— Şu telefonyňam bolany gowumy, bolmany gowy?! Arkaýyn oturjak gümanyň ýok. Jaň edibem, dymmaşak oýnaýarlar.

— Biz-ä beýle problemadan azat — diýip, Nury ýüzünde ýene ýylgyryşa meňzeş bir zat ýasady. — Azat gelýänçä, men oň otagyna geçäýeýin? Bir gutarmadyk işimiz bardy.

— Bolýa, menem onýança goňşulara baryp geleýin — mantyny şolarda atarmaly boldy.

Nury Azadyň otagynda özüni arkaýynrak duýaryn öýdüpdi, ýöne bu ýerde-de ony bir zatlar biynjalyk edip dur. Ilkinji gezekdäkisi ýaly, otagyň içini bir ýandan synlap oturşyna, ol bu gezek onuň içinde nämedir bir zatlaň kemdigini duýup, aňynda galan predmetleri bir-birden gözüniň öňünden “geçirmäge” durdy. Hawa, stoluň üstünde biri birine bakdyrylyp goýlan balykgulaklar ýok. Olar Azadyň iň gowy görýän sowgatlary. Olary ejesi Bolgariýadan getiripdi. Her biri futbol pökgüsiniň ýarsy ýaly balykgulaklardan, gulagyňa tutsaň, okeanyň sesi eşidilýärdi. Hersinde-de aýry-aýry sesler. Her gezegem üýtgeşik.

— Men entek bir gezegem deňiz göremok, ýöne onuň sesini welin bilýän — diýip, Azat olary üýtgeşik bir duýgy bilen ellerine alýardy.

Nuram entek deňizi görenok, ýöne balykgulardan deňziň däl-de, okeanyň sesiniň gelýänini ol bilýär, sebäbi beýle balykgulaklar deňizde duş gelenok. Bolgariýada bolsa okean ýok. Agasy şular ýaly balykgulaklary Kubadan getiripdi. Biriniň içine lampa oturdyp, ondan gülçyra-da ýasapdyrlar, şonda-da, ony gulagyň deňine ýetirseň, ondan birhili şuwwuldy eşidilýärdi.

Telefon jyrlady. Azadyň otagynda-da bir telefon bolansoň, Nury oňa elini uzadanynam duýman galdy. Şo bada-da elini yza çekdi. Edil ogurlyk bilen deňemese-de, ony gapy diňlemek ýaly bir zat bilen deň hasap etdi.

Telefon bolsa “özüni öldüräýjek bolýar”! Arasynda bir minut ýaly dymýar-da, täzeden möwç alyp başlaýar. Bäşinjimi, altynjy gezekde ol ahyry “Näm bolsa, şol bolsun!” edip, trubkany galdyrdy, ýöne “Allo” diýip ýetişmänkä trubkadan Sona gelnejäň sesi eşidildi:” Howwa, näme ýö-öne jaň edip, dymyp dursuň?! Şu gije daýzaňlarda ýataňda näme bolýa?!

Menem… menem.. ýaşamalydyry…” Onuň soňky sözleriniň üstüni basyp, aňyrdan “gu-uk, gu-uk, gu-uk” sesi eşidildi.Sona gelinem trubkany bat bilen goýanda, onuň sesi Nuryň gulagynda top atylan ýaly bolup eşidildi. Elindäki trubkanam goýmagy undup, ol daşdan guýlan heýkele öwrülip galypdy. Onuň näçe wagtlap beýdip durjagam belli däldi. Koridordan Sona gelniň sesi eşidildi:

— Nury, Azatjan gijräk bararyn diýip jaň etdi. Siz iýip-içiberiň diýýä.

Dostunyň doglan güni eken. Halys goýberenok diýýä.

Trubkany goýup ýetişse-de, Nuryň başga hereket etmäge gurbaty çatmady. Gürläýin diýse, dili bokurdagyna ýelmeşip dur, agzyna-da zäk atylan ýaly. Göz öňünde bolsa her minutda jaň edip duran Azadyň ýüz-keşbi.

Aýylganç kartina!

Onuň zähresini ýaryp, ýene telefon jyrlady.

— Şu artyby düýbünden sograýmasam, gün ýokdur-la! — diýip, öňki sesine meňzemeýän gödeklik bilen hüňürdeýän Sonanyň bir zatlary şakyrdadýany eşidildi. — Hany, jyrla-da indi jyrlabilýän bolsaň!

“Näm etmeli?! Näm etmeli?! Näm etmeli-i-i-i?!”

— Nury, men onda nahar alyberjek?

— Men elimi ýuwup çykaýyn — diyip, ol wannaly otaga tarap ýöneldi.

Buz ýaly suwa ýetişibildiginden ýüzüni ýuwýan Nury arasynda saçlarynam penjeläp çekişdirýänini bilenokdy. Bir pursat dem almak üçin başyny galdyranda, aýnadaky keşbini görüp, hopukdy. Ýüzünde gan-pet ýok.

Agzynyňam bir gapdaly gyşaran ýaly. Aýagy bilen diwary depesi geldi, emma otaga girende gözüne ilen bir zat ýadyna düşen ýaly, aşak egildi. Ýüregi, “gürs-gürs” edip, döşünden çykaýsam diýýär!

Rakowinaň aşagynda togalanyp goýlan gara mata bilen çekiç ýatyr. “Gürs-gürs! Gürs! Gürs!” Ýuwaşlyk bilen aşak çöken Nury ellerini emaý bilen mata uzatdy. Sapýorlaryň mina uzadyşy ýaly. Näme görjegini ýüregi syzyp dursa-da, matany açan badyna eňsesi gütüläp rakowina degdi: matanyň içinde kül-uşak edilen balykgulaklar ýatyrdy.

Yza çekilende kelle ýene rakowina degdi. Degenem gowy bolaýdy! Wannaly otagdan atylyp çykan Nuryň şondaky sypatyny Sona uzak wagtlap ýadyndan çykarmasa gerek! Gözleri gyzaran, saçlary hüžžerip, ýüzem üç ýuwlan ak esgä dönen bu oglanda onuň tanaýan Nurysyndan nam-nyşanam ýokdy.

Gulaklary gapylan ýaly bolsa-da, daşky gapyny açyp durka Azadyň otagyndan eşidilen pagşyldy sesi Nuryň hereketlerini bir pursat doňdurdy. Bu ses — diňe aýna tokga daş degende çykyp bilýän ses bolmaly.

Ýakasyny tutup, götinjekläp barýan Sona gelne ýigrenç bilen sereden Nury öz ýüzünde aýylganç bir görnüşiň peýda bolanyny, özüni aýnada görmese-de, duýdy: Sona gelin oňa has gorkuly seredýärdi…

* * *

Daň atyp gidipdir. Nury, daşaryň çyralaryny öçürip, tapçanyň üstüne çökdi. Şol gezek şeýdip çykyp gaýdany üçin şunça ýyllap özüni hiç taraplaýyn günäli duýmasa-da, ony indi iki hepde bäri başga bir pikir dälilik hetdine ýetirip barýardy: onuň şeýdip çykyp gaýdanyndan Azat bihabardy…

Nury gapdalyna seretdi. On günläp höwes bilen çöplän balykgulakly, balykgulak bölejikleri siňen daşly pakedi oňa bir zatlar-a aýtjak bolýan ýalydy… “Içindäkiler şakyrdaşýarmy?”…

Ol bu ýagdaýdan nädip saplanmaly? Öňler ýüregine düşüp giden zatlary kagyza geçirip bilse, olary ýatdanam çykaryp bilýärdi. Bu gezegem şeýle bolarmyka? Güwläp duran kellesinde bolsa ýekeje isleg bar: ýarym minutlygam bolsa, onuň boşluga siňesi gelýär, ýöne şol kelleden, gaýtalanyp duran şol bir sözlerem hiç ýere gaçyp gidip bilenoklar: “Ol habarsyzdy! Ol bilenokdy! … habarsyzdy … bilenokdy … bilenokdy … habarsyzdy…”

* * *

Oň asmany göresi geldi. Howlusyndan asmanam görnenok. Asman, köçä çyksa-da, görünmedi: asmanyň ýüzüni tutup duran akmydyr çalymtyk bulutlar onuň şu pursatky dünýäsine meňzeýärler.

Ol daga tapap ýöneldi. “Gelýänçäm suwsuz etmeseňiz bolýa” diýip, tabşyryp giden melleginiň gyrasyndan gireninden hopukdy — bir aý geçmänkä bu mellegiň bolaýanyny!

Täzelikde açynan mellek ýerine otuz görnüşe golaý ekin ekdim diýip begenip ýören Nury häzir bu mellegi hiç bir tanşynyň görmänini kem görmedi. Boýy bilen deňleşip duran haşal otlararam hopukdurman duranokdy welin, iýmek üçin ekilen otlaryňam döşüne, biline ýetýänleri az däl.

Haýsy tohuma durupdyr, haýsylaram heňläp gidipdir. Niräni görseňem — kerep!

Ýygnap goýan ýerinden oragyny alyp, ol mellegiň bir ujundan girdi. Işledigiçe-de iş işdäsi açyldy. Ol häzir diňe mellegini däl, öz dünýäsinem hapalykdan arassalap barýan ýalydy. Barmaklaryna, aýasyna çümüp galýan tiken bölejiklerini aýyrjagam bolanok. “Iriňläp, özleri iriň bilenen çykyp giderler!”

Ol ölerini-galaryny bilmän işledi. Ajykmadam, suwsamadam. Irdenlerine içýän kofesem ýadyna düşmedi. Bilini ýazmak üçin ýerinden turup, eden işlerine seredende, özünden hoşalam boldy. Ondan goňşularynyň sygyrlaram hoşal boljakdy: näçe halta göm-gökje ot.

Oň ýene-de asmany göresi geldi. Ýokaryk seretdi. Çal bulutlar bir ýerlere ýitirim bolan ýaly. Diňe lemmer-lemmer akja bulutlar pagta harmanlaryny ýatladyp dur. Birdenem (bu ne gugrat!) asmanyň gündogar-günorta tarapynyň harmany çar tarapa syryldy-da, onuň ýerinde, äpet gülýaka meňzäp, altyndan Güneş peýda boldy. Nury ýylgyranynam duýman galdy, aňynda bolsa ol şu ýagdaýy goşguda nädip suratlandyrardy diýen sorag bilen birlikde öz-özünden döreýän setirler peýda bolup başlady:

“Ýyrtylypdyr bulutlaryň ýakasy —
Ýylgyryp dur güýz gününiň Guneşi!”

“Şundanam bir sözlem bolarmy!”. Ol aňyndaky setirleri “ýyrtym-ýyrtym” etdi. Olaň welin gidäýesi gelenok:

“Ýylgyryp dur güýz gününiň Güneşi,
Bulutly asmanyň ýyrtyp ýakasyn.
Ýatlap altyn gülýakasyn ýarymyň,
Geldi bulutlara halka dakasym.
Bilezik dakasym geldi bilegne,
Başyna geýdirip altyndan gupba.
Ýok, gupba däl, jyga bolsun altyndan!…”

“Çyzym-çyzym” edilen setirler ýene-de “ýyrtyldylar”. Ol näme üçin goşga gezek gelende özüne şeýle darap bilýär? Bu “hekaýasyny” üç gezek ýyrtanam bolsa, ol ony dili üçin ýyrtmandy.

Aslynda, ony “Goşgudan proza geçmek — bu poeziýadan basyldygyň” ýaly boş gürrüňler gyzykdyranokdy. Ýazyp bilýändigine özi ynansa, ýazýan zatlaryna, azajygam bolsa, öz göwni ýetse, ol hiç kimiň taglymatdyr diýip kabul edýän pikirine gözüniň gyýtagynam galdyrjak däldi. Proza ýazmagyňam, ezýeti bolşy ýaly, öz lezzetem bar. Iň esasy zat: proza geçdim diýip, goşgularyňda özüňi eden-etdilige goýbermeseň bolýa. Bu gelýän setirlerem entek ýa-da eýýäm gowşaklykdan habar däl ahyryn…

“Bu näme boldugy? Bu nämäň alamaty? Bu nä…”

* * *

Özüne buýrulan ähli gapma-garşylyklary (söýgüdir ýigrenji, şatlykdyr gaýgysy, agydyr gülküsi, özüne imrindirmesidir özünden doýurmasy we ýene şuňa meňzeşleri) bilen durmuş dowam edýärdi…

© Çary ATAÝEW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 123 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Çary Ataýew | Рейтинг: 4.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Çary5306 • 11:15, 01.02.2024
Şuny goýup berenler köp-köp sagbolsunlar! Täzeden okap, özüm-ä şol we şo:ol wagtlara baryp gaýdan ýaly boldum. Ajaýyp surat bolsa olardanam aňryk äkidip getirdi.
avatar
0
2 Çary5306 • 11:21, 01.02.2024
"Galamdaşda goýulanda, onyň agzalarynyň hemmesi diýen ýaly bu hekaýamdaky hemmeleri diýen ýaly tanaýardylar, indi bolsa, bilmedim. Şoň üçinen, nesip bolsa, bir wagtlar özbaşyna kitapjyk edip çykardyp bolsa, hersiniň ady, familiýasy, ýeten derejesi, belki, suraty bilen çykaraýsaň diýdirdi.
Mysal üçin, Laçynyň aýdyşy ýaly:"Umyt — Nobel baýragynyň laurýaty Umyt Küläýew. Aşagyndanam Umydyň hiç kime göwni ýetmän duran suraty.
avatar
0
3 Çary5306 • 11:24, 01.02.2024
Şu wagtam bir surat tapdym. Onda "Galamdaşdakylaryň 16 sanysy bar eken, ýöne nädip goýulýanyny bilmedim.
avatar
0
4 garagar • 11:51, 01.02.2024
Çary agadan iň gowy görýän kyssam.
avatar
0
5 Küle • 14:18, 01.02.2024
Gönimden gelsem, geçen gezek okap bilmän goýupdym. Göreli hany, belki bu gezek başardar.
avatar
0
6 sussupessimist • 14:57, 01.02.2024
:) bir Ç bilen üç M ýada düşüp gitdi.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202