00:01 Haýyş | |
Haýyş Şu saýtyň bir jadysy barmy, nämemi — şu ýerde Berdimyradyň goşgusyny goýdum hemem 70-nji ýyllarda doglanlar barada ýazdym welin, olar şu gün üýşüp geläýdiler. Saýt hakda gürrüň berdim. Gyzyklandylar. Agza boljak bolup kän synanyşdylar. Bolmady. Şoň üçinem ýene şu ýerde ýazýan: saýta agza bolmaklygy heý ýeňilleşdirip bolmazmy? Olardan başga-da soraýanlar bar. Hatda telefonlaryny goýup gitmäge razylaram bar, ýöne olaryňam hersi bir welaýatdan. Hemme zady saýtyň soraşy ýaly edýärlerem welin, her gezek bir problema çykyp dur. Özüme goýulyp gidilen ýa iberilen goşgularyň hemmesini goýmaga meň-ä bognumam ysanok welin (hili hakda gürrüň etmäňde-de, bir adamdan 15-20-läp goşgam gelýär), birhilem hasaplaýan. Belki, saýtyň jadyly sahypasynyň peýdasy deger? Çüflänler tapylmazmyka? | |
|
Ähli teswirler: 9 | |
| |