19:12 “Zäherlenýän başga güli ysgasam...” | |
Her kimiň öz dünýäsi bar dünýäde (Täleýden, kysmatdan, ykbaldan başga), Parhy ýok: şu günmi, ertir, düýn ýa-da Sensiz ýaşap bilýänimi bagyşla; Bagyşla kalbyma, aňyma siňen Perişde deý durkuň bilen oňýanym — Gazanmadym, ýüz müň dürli öwsübem, Birje gezek eden işim oňlanyň. Tas özümi ýitiripdim ýoluňda, Tas elden gidipdi kelebiň ujy. Duýdum: perişde-de galmaz ornuňda, Özüm bilen deň ýitirsem hyrujy. Düşün meň düşünip bilmeýänime, Kesgitlemäň ýokdugyna heserme, Özüm ýazyp, özüm geňleýänime, Özüň kürsäp urşuň her bir eserme; Düşün ahyr: men düşünip bilemok, Zäherlenýän başga güli ysgasam, Seň bilenem degşip-gülşüp bilemok — Artyk sözleň uzynlaram, gysgasam. Öz-özüme artýan ýigrenjiň ujy Ýeter öýdüp gorkýan senli dünýäme; Ol bolsa şeýlebir, şeýlebir süýji — Meň nähili söýýänimi bilýäň-ä!.. Parhy ýok oň: sogapdamy, günäde — Her dünýäň öz dünýäsi bar dünýäde… ©Çary ATAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |