13:42 "Her bir sözüň agramyna" ýüzlenme | |
"HER BIR SÖZÜŇ AGRAMYNA" ÝÜZLENME @Sussupessimist! Maňa şeýdip ýüzlenmegem kyn bolýar, şonuň üçin özüme amatlysyny edip, "Maks" diýip ýüzlenäýjek? Hawa, Maks, saňa-da düşünýän, ýöne seniňem maňa düşünmegiňi isleýän. Ine, hekaýa barada ýazan makalamy eýýäm näçinji gezek öňüme alyp otyryn. Näme etmeli? Goşgy, nowella hakda ýazanlaryň bilen goşup, bile bermelimi ýa aýratyn? Bile berseň, ol has uzyn bolup gitjek, aýry berseňem, men hatda saňa-da düşündirip bilerin öýdemok iň bärkisi "sýužet" diýilýän zadyň goşgudaky, hekaýadaky, kartinadaky rolunyň başga-başga zatlardygyny. Ynha, @Mangoň kartinalar baradaky ýazýan teswirlerini gaty gyzyklanyp okaýardym, seniňem hekaýalara berýän bahalaryň gyzykly, ýöne siziň ikiňizem goşga gezek gelende-de şol nukdaýnazar bilen çemeleşýäňiz welin, ol meniň özüm üçinä juda ýöntem bolup çykýardy. Onsoň, men hekaýa barada ýazjak zadymda "sýužet" barada ýazman-a bilmerin, oňa-da sýužet hemme žanrlarda-da şol bir zatmyka diýip düşünseler, olam ters bolýar.Eger "kinosýužete" geçip gitseň näme diýjek? Kinofilmleriň sýužetleri proza sýužetlerine näçe ýakyn bolsa-da, sen onda kartinalaryň, sazyň sýužetlerindenem habarly bolmasaň, filmiň nämä meňzejegi belli däl. Ýene hekaýa dolanyp gelsek, ondaky "sýužet" bilen "fabulaň" nämedigini nädip düşündirip bolarka diýibem pikirlenýän. Ikisem şol bir zat diýseňem boljak, ýöne... Aý, nädip düşündirjegimi doly kesgitlämde aýdaýaryn-da... Men saňa aýdyp oturmaly däl, ýazýan adam näçe эрудированный bolsa, onuň eserlerini okamak şonça-da gyzykly bolýar. Ine, şolaryň birem seniň esrlerini köp paýlaşýanyň Orazmyrat Myradow. Onuň eserlerini okamagy gowy görýän. Iň bärkisi onuň "он не варится в своей скорлупе" diýilýänem meň üçin gyzykly, ýöne onuň şu günki goýan goşgyňa etjek bolan belliklerimem goýup bilmedim. Sebąbimi? Sebäbi her bir konkret eseriň aňyrsynda konkret adamam otyr, onuňam özi hakda-da, özgeler hakda-da konkret pikiri bar. Tankyt diýilýąn zadyňam bir uly tarapy — sen aýtjak zadyňy nädip ýumşadyp aýtjak bolsaňam, ýönekeýje belligem negatiw kabul edilýär. Orazmyradyň bu goşgusynda nähilidir bir ýalňyşyň bardygy barada aýtman, özümde dörän pikirleri aýtjak bolsamam, ol awtoryň ýaňky öwüp oturan erudisiýasyny ýere pylçap urýan ýaly bolup dur. Onsoň, Orazmyradam ony negatiw kabul edip, Ogulkeýige aýtsa (ýanýoldaşy), ber onsoň habary! Ýöne näçe jany ýansa-da, men Ogulkeýigiň (Nurberdiýewa) goşgularyny has gowy görýän. Ýogsa-da, näme üçin şonuň eserlerini paýlaşaňok? Garaz, sözümiň soňuny degişmä sapsamam, düşündiriş makalasyny ýazmak gaty kyn eken. Ynha, sen öz bilim derejäňden ugyr alyp, pylan hili edip ýazsana diýip bilýäň, emma diňe terminleri däl, sözleriň nirede ada, nirede işlige baglanyp gelende näme many berýänini (bu ýagdaý goşgy ýazylanda köp gabat gelýär) düşündirmegimi soraýanlaram bar. Olaryňam смысловая нагрузкасыныň uly rol oýnaýandygyny men saňa düşündirmeli däl. Hany, indiki hepdä bir geçeliň, soňom, näme, ýa pelek. © Çary ATAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |