12:05 Hekaýa näme? | |
Exclusive HEKAÝA NÄME? Sapakda okuwçylara ýa talyplara hekaýaň nämedigi barada gysgaça düşündiriş bermek bilen özleri ýazmaga synanyşýanlara we ýazmaga höwes egýänlere düşündiriş bermegiň arasynda kän tapawut bar. Hasam olar öz hünärleri boýunça dilçi bolmadyk ýagdaýlarynda.Ýene bir düşnüksiz tarapam, soňky döwürde köp ýüzlenilýän çeşme bolan internetden alýan maglumatlaryňdan hekaýa bilen nowellaň, sýžet bilen kompozisiýaň tapawudyna-da düşünäýmek juda kyn — kä ýerlerde olar şol bir zat ýaly düşündirilse, kä ýerlerde olar şol bir zatlar bilen düşündirilýär. Kynçylygyň ýene bir tarapam, ýene-de topbaklary bilen çozup gelýän terminleriň ýa düşünjeleriň öz dilimizde ýoklugy, ýa-da, bolsa-da, meniň olardan bihabarlygym. Şonuň üçin her bir zady terjime etjek bolman, olaryň nämäni aňladýandygyny düşündirmegi makul bildim. HEKAÝADA NÄME BOLMALY : 1) baş gahryman; 2) wagt; 3) sýužet; 4)konflikt; 5)tema HEKAÝAŇ ALAMATLARY: 1) uly bolmadyk göwrüm; 2) esasy gahrymanyň ömründen bi wakaň suratlandyrylmagy; 3) wakaň gysga wagtda bolup geçmegi; 4) personažlaryň azlygy; 5) esasda kesgitli bir temaň bolmagy HEKAÝAŇ DÜZÜMI: 1) prolog (bolubam biler, bolmanam); 2) ekspozisiýa; 3) razwýazka; 4) razwitiýe; 5) kulminasiýa; 6) razwitiýe; 7) epilog (bolubam biler, bolmanam) Bulardan başga-da, hekaýa-da näçe söz bolmalydygyny kesgitleýänlerem bar: ortaça — 5 müň söz, köp bolanda — 10 müň söze çenli. Häzirki döwürde şu zatlaryň hemmesini doly berjaý edip ýazýan ýazyjy barmy? Bilemok. Bilýän zadym: ýokarda agzanlarymyzdan dört sany zadyň hökmanlygy, sebäbi olar islendik eseriň sýužetiniň we kompozisiýasynyňam özeni bolup durýar: zawýazka, razwitiýe, kulminasiýa, razwýazka. Şonuň üçinem, geliň, esasy ünşümizi şolara gönükdireliň. ZAWÝAZKA. Ony "giriş" diýip alýanlaram bar, ýöne "zawýazat" sözüniň manysyny alaňda-da, ol "düwmek" , "baglamak" ýaly manylary berýär. RAZWITIÝE. Bu sözem sözlükler "ösüş" manysynda terjime edýärler, ýöne edebiýata gezek gelende ol ondanam daşgary wakaň razwýazkasy bilen zawýazkaň arasyndaky hereketi, akymy hem aňladýar. KULMINASIÝA. Bu sözüň "ýokary dereje", "belentlik", "çürbaş" ýaly manylaryndanam onuň nämäni aňladýandygy düşnükli bolsa gerek. RAZWÝAZKA. "Çözmek" manysy bolan bu sözem "netije" diýip almak has ýöntem gelýär. Indi awtor şu zatlary näme edýär? Ol "zawýazkada" bir intriga döredip, wakany, gahrymany şoňa "baglaýar" , "razeitiýede" ony, ösdürip-ösdürip, kulminasiýa" derejesine ýetirýär we "razwýazkada" ony çözmäge başlaýar. Şeýle ýagdaýda alnyp barylýan gürrüňde-de beýleki personažlar we tebigy hadysalar bilen gatnaşygynda özüni alyp barşynda gahrymanyň obrazy açylýar. Şoňa-da "sýužet" diýiýär. By ýagdaýy kartina ýazmaklygyň sungatynda düşündirmek has ýeňil bolmagy mümkin. Kartinada sýžet eserde awtoryň reňkleri özara nähili gatnaşdyrýandygyndan gelip çykýar. Haýsy reňk bilen haýsy reňkiň golaýlygyndan ýa daşlygyndan we haýsy reňkleri garyşdyraňda döräp bilýän fona "sýužet" diýilýär. Nämäni nähili planda goýmalydygyny bolsa kompozisiýa çözýär. Onda "fabula" näme? Eger sýužeti awtoryň özi döredýän bolsa, fabula — awtora bagly bolmadyk hadysalar esasynda döräp bilýän sýužet. Mysal üçin, älemgoşaryň "dogulmagy" üçin ilki ýagyş ýagyp, ýa şol pursatda, ýa-da edil yz ýany ýalpyldap Günüň çykmagy zerur ýa-da çagaň göbegniň kesilmegi üçin ilki onuň dogulmagy gerek. Kartina ýazmakda fabulaň bolup bilýändigini bilemok. Eger hudožnik eserini açyk howada ýazýan bolsa, asmandan daman birnäçe damja ýa-da şemalyň getiren tozgajyklary kartinada nähilidir bir üýtgeşiklik döredip biler, ýöne şol ýagdaýy şol durşuna goýmak ýa goýmazlyk ýene-de hudožnigiň özüne bagly. Goşguda bu görnüşleriň açylyp görkezilmegi esasan "kompozisiýa" ýüklenilip, sýužet umuman eseriň ideýasy bolup çykyş edýär. Goşgy ýaly has gysga göwrümli eserde-de sýužetiň ähli funksiýalaryny işledip bilseň, oňa ýetesi zat ýok, ýöne ony hekaýada oňaraýmagam hemme kişä başardyp baranok. Şu ýerde "kompozisiýaň" nämelerden durýandygyny aýdyp geçseňem boljak welin, onuň özem ýokarda ýazanlarymyzdan az sahypa boljak däl ýaly, şonuň üçinem ony ýene bir makala goýup, häzirki döwürde ýazylýan hekaýalar hakdaky gürrüňe geçeliň. Her döwür bir zat ýoň bolýar-da, hemme zat öz bolmaly kadasyna gelýänçä arada birnäçe wagtlap anarhiýa, haos ýaly ýagdaýlar döreýär. Kimdir biriniň aýdan sözlerini özüne ýörelge edinip, şoňa eýerip gezýänlerem bar. Mysal üçin, "eser gysby bolmaly" diýen düşünjä eýermek isleýänler "gysbylyk" bilen "gysgalygyň" manysyny çalyşyp, eser näçe gysga bolsa, şonça-da gowy diýip düşünýärler. Eger eseriň gysgalygy esasy kriteriýa bolýan bolsa, onda hekaýa üçin berilýän sözüň normasy 10 müňe, nowellaňky bolsa 50 müňe çenli bolardymyka? Nowella barada aýdanyňda ýene-de kimdir biriniň "nowella garaşylmadyk final bilen gutarmaly" diýen sözüni ýörelge edinýänler kän. Ol nowellaň esasy kriteriýasy däl. Ol ýagdaý nowella-da bolubam biler, bolmanam biler. Ol hökmany zadam däl. Nowella hekaýadan esasan özüniň konfliktiniň has ýitiligi, sýužetiniň has dramalylygy, baş gahrymanlaryň we wakalaryň üçe çenli bolup bilmegi hem-de bir-birine garşy gelýän nukdaýnazarlaryňam bolup bilmegi bilen tapawitlanýar. Onsoňam, nowellada hekaýalarda ulanylmaýan usulam ulanylyp bilner. Oňa-da "liriçeskoe otstupleniýe" diýilýär. Ony hem "liriki oýlanma" diýip alsag-a, birhili bärden gaýdýan ýaly. "Yza tesme"-de gelişmeýän ýaly. "Liriki gyra çekilme" diýseň ýagdaýa has golaý ýaly bolup dur. Aslynda nowellaň özbaşyna aýratyn bir žanr bolup döremeginde-de üýtgeşik bir many bar. Awtoryň bermek isleýän gürrüňi bir wakaň we bir gahrymanyň çäginden-ä uly, powest bolup bilerdenem hem-ä kiçi, hemem sýužeti has dramaly. Onsoň soňky döwürlerde "mininowella" diýip ýazylýan zatlara nähili baha bermelikä? Nämedir bir zady aýdyp ýa-da aýtjakdan bolup, onam garaşylmadyk finala eltmek mininowella bolýarmyka? Ýa prozadaky aslyny sekillendiriş sungatyndan alyp gaýdýan "miniatýura" ýaly bir zady döretjek bolmakmyka? Indi soňky döwürde "hekaýa" hökmünde hödürlenýän eserler barada aýtsak, awtorlar bir wakany tutuş alman, onuňam diňe birje epizodyna has köp ýüzlenýärler. Dogry, hekaýa hökman bir wakany gürrüň bermeli diýen zadam ýok. Ol epizodam bolup biler, ýöne şol epizodda-da ýokarda agzan zawýazka, razwitie, kulminasiýa we razwýazkamyz bolmasa, ol doly derejeli eser bolup bilenok. Mininowellalardan tapawutlylykda olar hatda miniatýuralarda-da bar. Soňky döwürlerdäki eserlerimiziň aglaba köplüginde bolsa, hekaýan iň gyzykly ýeri hasaplap, onuň diňe kulminasiýasyny gürrüň bermek bilen çäklenýärler. Galan ýerlerini okyjyň özi "domyslit" etmeli diýip pikir edýärler. Şol pikire ýa ondanam has çylşyrymlyrak bir pikire uýýanlar bolsa "okyja bar zady çeýnäp bermeli däl" diýen düşünjä eýerip, eseriň diňe razwýazkasyny bermek, ýagny diňe intrga deretmek bilen oňýarlar. Ceper eser bilen "çeýnäp bermegiň" tapawudy bolsa gahrymanyň ýa-da gahrymanlaryň obrazlaryny açyp görkezmekde bolup durýar. Diňe bir wakany gürrüň berip geçmegiň özem entek çeper eser bolup bilenok, eger şol wakaň gahrymana nähili täsir edenini görkezip bilmeseň. Elbetde, meniň köp zatlardan habarsyz bolmagym we soňky döwürde täze bir žanryň dörän bolmagam juda bolup biläýjek zat. Onuňam nämedigini düşündirýän kesgitlemesi bilen tanşyp, nähili kada-kanunlarynyň bardygyny öwrenip bilsem, ol hakda-da pikirimi aýtmaga synanyşaryn. © Çary ATAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 10 | |
| |