15:50 Ýasamaklykmy ýasamalykmy?.. | |
ÝASAMAKLYKMY ÝASAMALYKMY?.. Okuwçy döwrüm. Ýalňyşmaýan bolsam, şol döwürlerde Lermontowyň «Тучи» atly goşgusy 9-njy klasda geçilýärdi. Mugallymymyz ol goşgyň taryhyny gürrüň berende, Lermontowyň ony 5 minutda ýazandygyny aýdyp beripdi. Student döwrüm. Üç ýyla golaý wagtlap Lermontowyň liriki eserleriniň esasynda ylmy işleri ýazmaly boldum, şonda-da şu goşgyň ýazylyş taryhy bilen has içgin gyzyklanypdym. Lermontowa nobatdaky gezek sürgün edilmek yglan edilende, onuň bilen hoşlaşmak üçin dostlary ýygnanyşýar. Şolaryň şaýat bolmagynda (galdyran ýazgylarynda), şahyr birnäçe minutlyk goňşy otagda eglenýär-de, olaryň ýanyna şu goşgyň garalamasy bilen bile gelýär. Kim 5, kim 7, kim 10 minut diýip aýdýar. Eger-de şol 15 ýa 30 minut bolaýanda-da, men häzir-bu güne çenli şoňa ynanjagymy-ynanmajagymy bilemok, sebäbi ol goşgy barada men indi (şol döwürde) başga zatlary hem bilýärdim. Ine ol goşgy: Тучи Тучки небесные, вечные странники! Степью лазурною, цепью жемчужною Мчитесь вы, будто как я же, изгнанники С милого севера в сторону южную. Кто же вас гонит: судьбы ли решение? Зависть ли тайная? злоба ль открытая? Или на вас тяготит преступление? Или друзей клевета ядовитая? Нет, вам наскучили нивы бесплодные… Чужды вам страсти и чужды страдания; Вечно-холодные, вечно-свободные, Нет у вас родины, нет вам изгнания. © Михаил Лермонтов (написано в 1840 году) Meniň ýokardaky faktlara ynanasymyň gelmeýändiginiň sebäbi — goşgy başdan aýak daktil razmerinde ýazylan, ýagny goşgudaky hemme bogun sanlaryny üç bogunlara bölüp gitseň, her birinji bogna basym (ударение) düşýär. Beýle goşgyň ýene-de ýekeje biri awtoryň öz döredijiligind-ä däl, başga müňläp şahyrlaryň döredijiliginde-de gabat gelenok. Hünärmenleriň bellemegine görä, bütin rus poeziýasynda (millonlarçamy, milliardlarçamy goşgularyň içinde) şeýle goşgularyň bary-ýogy sekiz sanjagy duş gelýär, onsoň (ýa şonsuzam) ýokardaky faklara ynanmak mümkinmi? Belki, şahyr ol setirleri uzak günläp kellesinde korrektirläp gezendir, dostlary gelende-de, olar bilen iň soňky gezek duşuşýandygyny syzyp, gussaly ýagdaýda olara şol goşgyň garalamasyny sowgat goýup gidendir? Bilemok, ýöne şeýle goşgyň şeýle az wagtda ýazylyp bilinjegine-de ynanyp bilemok. Bu mysaly men näme üçin getirdim. 1-njiden, bu — goşgyň ýasalýandygy ýa ýasalmaýandygy hakdaky soraglara kiçijek jogap; 2-nji tarapdan bolsa — goşgy ýazylyşynyň prozadan tapawutly ýerini nygtamak üçin. Proza žanrynda ýazylýan eser esasan pikir yzygiderliligini talap edýän bolsa, lirika žanryndaky kiçi göwrümli eserler özüniň aglaba köplüginde ilkinji nobatda — duýgyň önümi. Iküç ýyllykda birnäçe agzamyz öz ýazýan goşgulayndaky bentleri bir-biri bilen baglanyşdyryp bilmän kösenýändiklerini aýdypdylar. Men ol goşgularyň ýazylyş taryhy bilen gyzyklanamda, olaryň bentleriniň aýry-aýry wagtlarda ýazylandygyny bilip galdym. Başga kişiler-ä bilemok welin, özüm-ä bir goşgyň içindäki bentleriň arasyna birnäçe gün däl-de, birnäçe sagat düşse-de, ol goşgyny özümem bir bitewi goşgy hökmünde kabul edip bilemok, sebäbi birnäçe sagatdan soň — men eýýäm başga duýgudaky adam. Bir goşgyň setirlerini, ideýasyny burnäçe günläp däl, aýlap, ýyllabam kelläňde göterip bolar, ýöne ol ýazylanda bir wagtyň içinde ýazylmasa, ondan duýgyň däl-de, pikiriň tagamy gelip durýar. Onsoňam, goşgy ýazylyşynyň başga-da bir täsin tarapy bar — onuň käbir setirleri, hatda bentlerem diňe ýazyp otyrkaňam şol pursatky emosional ýagdaýyňa görä-de döräp bilýär. Elbetde, akyl beriji, dünýewi goşgularda bu edil beýle-de däl, ýöne şonuň üçinem olaryň her bendi aýry-aýry goşgulara meňzäp bilýär. Adamy bir pursatlyk ýa birnäçe minutlyk gurşap alýan duýgyň täsirini (goşgy ýazmak bolsa, meniň pikirimçe, şeýle ýagdaý) başga-başga wagtlarda täzeden dikeltjek bolmak goşgyny ýasalmak diýilýän boş gürrüňlere däl-de (çünki ýasalmaýan goşgy ýok!), ilki bilen ýasamalyga eltýär. Ýasamaklyk bilen ýasamalygyň bolsa, elbetde, ilkinjisi kä-än gowudyr, çünki awtor nähili ýagdaýyndadygyna garamazdan, goşgy ýasap bilýän bolsa, bu onuň ussatlygyny, islendik ýagdaýda pikirkenmek ukybyny ýitirmeýändigini aňladýar, ýasamalyk bolsa — goşguda hakyky duýgyň ýokdugyny. Seýran, meniň pozisiýam bilen razylaşmasaňam, oňa hormat goýup bilýändigiň az begendirenok. Menem seniň «Goşguda bolmanda ýekeje owadan setir bolmaly» diýýän pozisiýaňa hiç hili garşylygym ýok, ýöne oňa goşandym bar: goý, şol owadanlyk goşgyň özi bilen baglanyşykly bolsun, çünki her bir owadan zadam öz bolmaly ýerinde has owadan bolýandyr. © Çary ATAÝEW Çeşme: Galamdash.com saýty. | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |