Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:02
Jynlar bezmi ýa-da uly oýun - dowamy - 7
AŞYK

Soňky gezek urup gideli bäri garasy görünmeýän äteňet Winokurowdan miras galan ten şikeslerine, ýüz-gözüniň gögüne pudra çalyp, dördünji ýanwar gijesi Abdyllany ýerzeminiň çykalgasyna tarap alyp gitdiler. Tussag edilen güni kemeri bilen guşagyny çözüp alan otaglaryna eltdiler. Öýüni dökenlerinde tapylan tüpeňi görkezip, bu ýaragyň onuň özüne degişlidigini ýazdylar. Kagyza gol çekip durka Abdylla eger bu ýerde hem ýenjip başlasalar, haýdan-haý oksuz tüpeňe ýapyşyp, onuň gundagy bilen bularyň kellesini ýarmagy ýüregine düwdi. Ýok, urmadylar! Gol çeken dessine öýlerinden tüpeňiň daşyna dolap getiren körpeçelerini eline tutdurdylar. Ozalky oturan kamerasyna däl-de, düýbünden ters tarapa äkidip, başga bir kamera ýerleşdirdiler.
Gije ýarymdan agdy. Abdylla ýüz-gözüne pudra çalynansoň, ýolbaşçy sülçüleriň biriniňkä soraga alyp giderler öýdüpdi. Täze kameraň işigi açylyp, özüni içine südenekledip salanlaryndan ol çakynyň dogry çykmandygyna göz ýetirdi.
Onuň burnuna porsy ys urdy. Endamyna deriň we uly-kiçi täretiň ysy ornap giden, telim wagt bäri ýuwunmadyk köpsanly erkek kişiniň ysy. Abdylla petikden asylan dört-bäş sany ölügsi çyradan çen tutup, bu kamerany öňküden üç-dört esse uludyr diýip güman etdi. Bu ýeriň goýy garaňkylygyna gözi entek oňly öwrenişmedigem bolsa, ol ýerde nämedir bir zatlaryň seteran ýatandygyny saýgaryp başlady. Aşak eglip, mazaly syn edip görse, bularyň bary hatar tutup ýatan adamlar bolsa nätjek!..
Işige golaý çep künjekden biri oýanyp başyny göterdi-de, uzak wagtlap Abdylla seredip oturdy. Soň gapynyň agzynda hakykatdan-da kimdir biriniň durandygyna göz ýetirip, ýanyndakylaryň birini yralady:
– Mübärek, Mübärek, tur, ana, ýene birini getirdiler!
Mübärek diýilýän oýanyp:
– Aksakala aýt, ýer tapyp berer! – diýip, nägile hüňürdedi.
Ýöne ilki oýanan elini salgady.
– Hany, geliň bäri! Oňat adama meňzeýärsiňiz.
Yzyndan ýene Mübäregi dürtgüläp:
– Mübärek, süýş, aramyza ýerleşdireli! – diýdi.
Ýoldaşynyň hymyr-symryndan aýňalyp, ymykly ukudan açylan Mübärek gözlerini owkalap, Abdylla garap oturyşyna garaşylmadyk ýerden:
– Halypa, siz Abdylla Kadyrymy? – diýip sorady.
Ýakymsyz, porsy ysdan ýaňa ýüregi bulanyp duran Abdylla baş atdy.
– Siz bu ýerde näme işläp ýörsüňiz? – diýip, Mübärek geň galdy. Derrewem öz sowalyna özi jogap tapan dek:
– Näme samyrdap otyryn-a men? Geliň, hany, geliň bärik! – diýdi.
Olar öz aralaryndan Abdyllanyň elindäki körpeçe sygaýar ýaly ýer açdylar.
– Sadyk, tanamadyňm-eý? Bu adam özbegiň iň uly ýazyjysy! – diýip, Mübärek Buhara şiwesinde pyşyrdap ýoldaşyna gep atdy.
Abdylla körpeçäniň gatlaryny açyşdyryp duran ýerinden onuň sözlerini eşitdi.
– Gyzyl pagta donundan tanadym! – diýip, Sadyk jogap gaýtardy. Soň sözüniň üstüni ýetirdi:
– Ýatyň, halypa! Ukymyzy alalyň. Ertir hal-ahwal soraşarys!
– Biziň barymyz gijäň ýaryny bir egnimize, galan ýaryny hem beýleki egnimize ýatyp geçirýäs – diýip, Mübärek çep tarapyna agdaryldy.
Abdylla hem olaryň arasynda ýerleşip, çep egnine ýatdy.
Porsy ys zerarlymy, töweregindäkileriň hor çekmesi sebäplimi ýa başga zatlar üçinmi, Abdyllanyň teý ukusy tutmady. Her hal, dört günlük agyr ýalňyzlykdan soň ýene özi ýaly tussag edilen adamlaryň arasyna düşüpdi...

***

Günüleriň içinde emiriň baýry aýaly bolanyň gowumyka ýa kiçisi? Muny öz başyndan geçirenler aýtmasa, takyk biljek ýok!
Mahlar aýym öz otagynda Uwaýsiýniň berýän sapaklaryny diňläp otyrdy. Oý-pikirleri welin, başga ýerdedi.
Kim bilýär nireden tapýar, Uwaýsiý dürli tymsallary, ertekileri okap berýär. Tötändenmi ýa ýörite saýlaýarmy, ol ertekilerdir tymsallar Mahlar aýyma öz durmuşyny ýatladýar.
“Gadym eýýamda iki sany kepderi bolup, olaryň birine Bazanda, beýlekisine Nawazanda diýer ekenler. Olar gije-gündiz bir höwürtgede jugurdaşyp, bile ýaşapdyrlar. Bir gün Nawazanda Bazanda ýüzlenip: “Eý, gözümiň nury, gamgyn köňlümiň aramy, oý-hyýalyň bulaşyk, ýüzüň nury öçügsi, seni ne döw urdy, mawy asmanda nä derdi bela uçradyň?” diýdi.
Onda Bazanda aýtdy: “Könelerden galan söz bar: “Guş ganatyndan kireý islemez, gulan toýnagyndan”. Täk özüm syýahata gitmek derdeserine ulaşdym. Jan guşy ten kapasasynda perwaz urýar...”
Uwaýsiý tymsaly dowam edýär, gözüne gam-gubar inen Mahlar aýym bolsa, tymsaly özüne çekýär. Hakykatdan hem onuň jan guşy göýä ten kapasasynda perwaz urup duran ýaly... Gaýgydan saralyp-solan iki kepderi baradaky tymsaly käte kyssa bilen, käte-de goşgy bilen gürrüň berýän Uwaýsiýniň sözleri Mahlar aýymyň gulagyna ýetenok. Aňynda iki setir üznüksiz gaýtalanýar:

Şum rakyplar duşmançylyk kylarlar,
Tanamaz Hudany, kapyr bolarlar.

Örän duýgur Uwaýsiý Mahlar aýymyň ýagdaýyny bada-bat aňýar, sesini beýgeldip, çasly okaýar:
“Onda Nawazanda aýtdy: “Syýahata gereginden artyk höwes etme, zeleli degmegi mümkin. Onsoňam ýola ýeke çykma. Ýagşy ýoldaş bilen gitseň, saparyň sapaly bolar, ýaman ýoldaş bilen gitseň, jepaly bolar. Pyşbaganyň içýan bilen ýoldaş bolup, sapara gidişinden sapak al!”
Onda Bazanda aýtdy: “O waka nähili bolupdyr? Aýdyp ber!”
Nawazanda aýtdy: “Aýdyşlaryna görä, pyşbaga Yrakdan Hyjaza garşy ýola düşüpdir. Ýol ugrunda oňa güýç-kuwwatdan gaçan içýan gabat gelipdir. Pyşbaga oňa kömek etmegi ýüregine düwüpdir. Şeýlelikde ol ikisi ýoldaş bolupdyr. Pyşbaga ugurtapyjy hem parasatly ekeni. Çünki ol uzak wagt syýahat edip, köp tejribe toplapdyr. Emma şonda-da içýana ynanypdyr. Şol gidip baryşlaryna bularyň öňünden uly derýa çykypdyr. Derýadan nädip geçmelidiginiň gamyny iýipdirler. Ahyry pyşbaga bagta töwekgellik edip, özüni suwa urupdyr. Ördek-gazlar kimin penjelerini hereketlendirip, ýüzüp ugrapdyr. Bir zamandan yzyna gaňrylyp seretse, ýoldaşy şo duran ýerinde guýrugyny jaýtardyp, leşderini aşak-ýokary göterip duran ekeni. “Aý, dogan, şo duran ýeriňde dursuň-la? Sebäbi näme?” diýip, pyşbaga ondan sorapdyr.
Içýan aýdypdyr: “Sen meni bagyşla. Ýöne gözýaş ýaly suw damjasy bolsa-da, meňki bolanok. Suwa girmäge het edibilmen”. Pyşbaga “Uzak ýola ýoldaş bolup, muňa kömek etmesem, ýagşy bolmaz. Gadymdan galan nakyl bar: “Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler” diýipdirler” diýip, öz ýanyndan oýlanypdyr.
Gepiň gysgasy, pyşbaga yzyna dönüp, içýanyň ýanyna gelipdir. “Eý, gardaş, seni derýadan özüm geçirerin. Meniň arkama mün. Ýöne gymyldamanjyk otur. Ýogsa, özüňe zyýan edersiň” diýipdir.
Onda içýan: “Her kim öz etjek işini özi biler” diýipdir we pyşbaganyň arkasyna münüpdir. Pyşbaga suwa girip ýüzüp başlapdyr. Biraz mahal geçenden soň içýanyň päli azyp, tüýsi bozulyp ugrapdyr. Gorsanjyrap oturyşyna: “Indi mazaly özümi dürsedim, gujur-gaýrat topladym. Bu gün polat leşderimi seniň daş galkanyňa urup göräýsem diýýän” diýip pyşbaga ýüzlenipdir.
Pyşbaga oňa: “Seniň o ýigrenji leşderiň meniň daş galkanyma neneň kär etsin!” diýip jogap beripdir.
Onda içýan aýdypdyr: “Sen näme, içýanyň bar maksadynyň leşderini sançmakdygyny, dostunyň göwsünden, duşmanynyň arkasyndan urmakdygyny bileňokmy?”

Her kesiň birhili gylygy bolýar,
Tanadýar özüni her kim bir ýerde.
Bilgil, eger içýan bolsa ýoldaşyň,
Oslagsyz çakar ol, uçrarsyň derde.

Pyşbaga aýdypdyr: “Öňküler: “Köne duşman dost bolmaz” diýip dogry aýdypdyrlar. Dostum, suwuň üstünde-hä ýüzme kemini goýmadyk. Indi suwuň astyny hem göreli. Ol ýerde gymmatbaha dürler bar.” Şeý diýip, pyşbaga suwuň düýbüne çümüp gidipdir. Ol derýanyň düýbünden gymmatbaha dürleri çöplemek bilen meşgullanypdyr. Içýan bolsa, suwuň astynda jan tabşyrmagyň muşakgatly ejirini çekipdir. Bu tymsalyň manysy – “Ölüşiňe görä gömüşim” diýen söze kybap gelýär”...
Uwaýsiý elindäki kitaby şem ýakylyp goýlan tekjede goýdy. Mahlar aýym öz ýanyndan: “Uwaýsiý bu tymsaly näme maksat bilen okap berdikä?” diýip oýlandy. “Şol iki kepderi mysaly, ikimiz bile ýürekdeş bolaly diýdigimi? Ýa-da ätiýaçly bol, kiçi güniňi duşman okunma diýen manydamy? Bu tymsaly kim ýazdyka? Uwaýsiýniň özi bolmasyn? Ýok, dili sada, özem köçe diline ýakyn...”
Hyýaly aýlanyp-öwrülip, ýene öz ýazan beýdine dolandy. Mahlar aýym zaryn äheňe ýugrulan owaz bilen ýognas sesde beýdi okady:

Bolsa eger maksadyň köňül guşun awlamak,
Zülpleriň halkasyndan duzak gurup, däne sep...

***

Möminleriň emiri, solgun ýüzli seýit Omar han mahal-mahal köne jul geýip, derwüş sypatynda şäheri köçeme-köçe söküp aýlanmagy gowy görerdi. Bäş-alty sany tylla teňňe bilen ýene şonçarak aşyk salnan haltajygyny guşagyna gysdyryp, ýanyna ynamdar nökeri, pälwan Gulhany lakamly Muhammet Şarifi alardy. Onsoň bazarlara, çaýhanalara, kerwensaraýlara, humarhanalara aýlanardy. Emirlik barada halkyň edýän gep-gürrüňlerini diňlemek bahanasy bilen musulmanlaryň emiri Şerigatda buýrulmadyk zatlara mübtela bolmagy, keýpi-sapany hem jalaýçylyk etmegi halaýardy.
Çilimdir göknaryň keýpini köşkde-de görse bolýar. Özüni Halbaky misgär diýip tanadan Omar hany bolsa humarhana has beter çekýärdi. Ýanyndaky Jurat lakamly pälwan nökeri bilen hiç bir zatdan gaýtmazdy, gerek bolsa, humarhananyň garadangaýtmaz humarbazlary bilen-de ýaka tutuşyp, gyzyl ýumruga giribererdi.
Şol gün emir eginbaşyny çalşyraýyn diýip durka huzuryna emirligiň din işleri boýunça baş müftüsi şeýhulyslam arz bilen geldi. Nämemiş, Kokant halky söwda-satyga gyzyşyp, metjide gatnamasyny goýupmyş. Has takygy, ikindi bilen agşam namazynda ymamyň ýanynda sopularyndan gaýry hiç kes ýokmuş. Bu habara ynjalykdan gaçan musulmanlaryň emiri kätibe perman ýazmagy buýurdy: “Kimde kim pygamberimiz mustafa salalahu aleýhi wessellemniň sünnet namazyny okamasa, hususan-da ikindi we agşam namazlaryny terk etse, 50 dürre urmaly”. Kätip gylyny gyşartman bu sözleri ýazyp aldy.
Müftiniň şahsy arzy-haly hem bar eken. Ony-da bitirip, Omar han eginbaşyny çalşyrdy. Ýanyna Jurat lakamly Gulhanyny alyp, dos-dogry humarhana garşy ýola düşdi.
Bu günem ol humarhana aşyk atyşmak hyýalyna atlanyp geldi. Ýöne gyrdalyp ýylmanan aşygyny şunça atsa-da, bolmady. Gyrdy aşyk bir gezegem alçy gopmady. Gowy düşende towha gopdy, bolmasa-da, jikgeligine düşdi ýatyberdi. Eli getirmändigi sebäpli Omar han ýanyndaky tylla teňňeleriniň birinden galanyny utdurdy. Soňky teňňesini barmaklary bilen sermeläp, dörüşdirip tapansoň, ol oturanlaryň bary eşider ýaly gaty sesde: “Indi başga oýun oýnaýas!” diýip gygyrdy. Käbiri oňa geňirgenip seretdi, käbiri bolsa: “Oýun gyzyşyp başlady, şuny oýnabereliň-le!” diýdi. Ýöne Halbaky misgäriň ýanynda goluny gowşuryp duran Jurat pälwanyň tereziniň okarasyndaky iki sany agyr daşa meňzeş gözlerini görüp, hemmesiniň pikiri üýtgedi.
– Nähili oýun? Aşyk bilen oýnalýarmy özi? – diýip, humarbazlar mydyrdaşyp başladylar.
– Men, ine, atlaz guşagymy orta ýazýan. Şuň üstüne her birimiz iki aşykdan oklap, seteran dikýäs. Onsoň bäş ädim yza süýşüp, ýeke-ýekeden gyrdy aşygymyzy atýas. Kim uran aşygyny guşakdan çykaryp bilse, şony-da alýar. Üssesine urmak gezegi hem özünde galýar. Eger-de gyrdy aşygynam, urlan aşygam guşakdan çykaryp bilse, iki aşygam alýar.
Humarbazlar ýeňsesini gaşap: “Bi çagalaň oýny dälmi!” diýişdiler. Ahyry käbir zatlary soraşdyryp anyklansoňlar oýun başlandy. Ilki bilen Ýadgar diýilýän oýunçy gyrdalan aşygyny atdy. Onuň kiçimanja gyrdysy seteran dikilen aşyklaryň bir garyş bärsine düşdi, böküp bir aşyga degdi, degen ýerinde-de galdy. Ýadgar kirli dyrnagyny dişläp, bir gyra çekildi.
Ondan soň Sapar bagban diýilýän adam: “Ýa pirim, medet!” diýip, gyrdysyny zyňdy. Onuň aşygy Ýadgaryň gyrdysyna çalarak degip, badyna guşakdan çykyp gitdi.
– Ýetim gyza ýelpewaç! – diýip, Jurat pälwan güldi.
Sapar bagban äpet burnuny ýellendirip, myşlady-da, Ýadgaryň ýanyna geçdi.
Gezek Atabaý ädikçä ýetdi. Gürzelek sakgally bu adam gyrdy aşygyny zyňmazdan ozal, bäş ädim yza süýşüp, Jurat pälwana maslahat saldy:
– Towha tarapy bilen uraýynmy ýa jikgesi bilen?
Jurat pälwan güňleç sesde:
– Seň munyň gassabyň ýanyna baryp: “Şu köwüş aýalymyň aýagyna laýyk bolarmy?” diýip soran ýaly bolýar – diýip jogap gaýtardy. Zarply gülküden humarhananyň diwarlary sarsyp gitdi.
Atabaý ädikçi aljyraňňy ýagdaýda gyrdysyny atdy, ýöne ol aşyklara degmeg-ä beýlede dursun, guşaga-da düşmedi.
– Tüýs “Ädikçiň ädigi bitmez” diýenleri boldy – diýip, Jurat pälwan suňşurdy. Humarbazlar batgalyga düşen gurbagalar ýaly wakyrdaşdylar.
Nyýazça agalyk gezek aldy, emma atan aşygy pys geçdi. Ondan soň Babajan atdy. Onuňky şowuna boldy, iki aşygy urup çykardy. Ikinji gezek atanda gyrdysy aşyklaryň arasyna düşüp, şo ýerde-de togtady.
Ahyry nobat Halbaky misgäre ýetdi. Ol iliňki ýaly gyrdalan goýun aşygyny däl-de, ýumruk ýaly öküz aşygynyň gyrdysyny çykardy. Biri: “Karamçy!” diýdi, ýene biri: “Kezzap!” diýip gygyrdy. Halbaky misgär bolsa: “Indi agzy aşa ýetende burny ganan men boldummy?” diýip, gaşyny çytyp, Jurat pälwana garady. Jurat pälwan batman ýaly gollaryny göterdi-de: “Muny häzir çözeris! Hany biriňiz meň ýanyma geliň!” diýip, humarbazlaryň arasynda iň dogumlysy saýylýan Nyýazça agalyga yşarat etdi. Aýakgabyny görkezip, Nyýazça agalyga ýüzlendi:
– Sen aýt, şu aýakgaby ýokaryk zyňsam, ýere nähili düşer? Başşakmy ýa düzüw? Dogry bilseň, sen mamla, bilmeseň, Halbaky mamla!
Humarbazlar alawagyrdy boluşdylar. Biri: “Başşak” diýdi, beýlekisi: “Düzüw”. Nyýazça agalyk aýakgaby oňat synlansoň: “Ökjesi galyň ekeni, düzüw düşer” diýen netijä geldi. Jurat aýagy bilen täjik aýakgabyny ýokary zyňdy, aýakgap iki ýarym mertebe aýlanyp, ýere başşak düşdi. Pälwan: “Aşygyňy atyber, Halbaky!” diýip seslendi. Halbaky misgär: “Hany, gyrdym!” diýip, ýekedaban ýaly äpet gyrdysyny zyňdy. Aşyklar uçgun deý çar ýana syçrap düşdi. Gyrdysy bolsa, bir gezek aşyrylyp, guşagyň üstünde galdy. Halbaky öküz aşygy bilen urup, aşyklary jübüt-jübütden utup aldy. Iň soňunda guşagyň üstünde ýekeje aşyk galan mahaly agşam namazynyň azan sesi eşidildi.
Ony eşiden eşitdi, eşitmedik gyrdysyny seteran düzülen aşyklara zyňyp başyna gaýdy. Birdenkä duýdansyz ýerden humarhananyň gapysy açyldy-da, on töweregi nöker ala-galmagal bolup içeri girdi.
Ir bilen çykaran kararyna laýyklykda elli dürräni beýlekiler iýenem bolsa, Halbaky misgär lakamly Omar han iýmedi. Ony Jurat pälwan dört-bäş sany nökeriň arasyndan eýdip-beýdip alyp çykdy.
Ynha, indem ol Jurat lakamly Muhammet Şarif Gulhany bilen sary giden jul geýip, köşgüň kitaphanasynda oturan ýerinden: “Halbakydan habar ber, Halbakydan!” diýýär. Jurat biraz çalgyrt dilde gürrüňe başlaýar: “Eşitmegime görä, Halbaky misgär diýen bir neşebent adam bolupdyr. Bir gezek ol agşamlyk bir öýe myhman düşüpdir. Adamlar egele bolup, saçak başynda tagama garaşyp oturan eken. Edil şol wagt hem azan sesi eşidilipdir. Oturanlar: “Ilki namazy okap, tagamy soňra iýeliň. Namaz okamaýan adam tagam iýmesin” diýipdirler. Halbaky misgär namaz diýip maňlaýyny sejdä goýan adam däl eken. Şo gezek ol ýerinden turupdyr-da, täret kylyp, namaz okapdyr. “Eý, näletsiňmiş nebis! Neşebent halyma bakman, elimi sowuk suwa urmaga we namaz okamaga mejbur etdiň...” diýip, käýinipdir. Merhemetli soltan! Siz hem şoňa meňzeýärsiňiz. Ýa-ha nebsiňize buýruň ýa-da soltanlykdan el çekiň. “Bir elde iki garpyz tutdurmaz!” Köneleň aýtmadyk zady barmy: “Iki gämi tutanlar galdy girdap içinde, çykmaz olar deňizden terk etmese birini”...
Emir Omar han güljeginem, gaharlanjagynam bilmän, oýa batdy...

***

Täze gelin çileden çykyp, Şährihana – atasy öýüne görme-görşe gaýtmalydy. Şol wagt seýit Omar han hem Syrderýa boýlaryna awa şaýlanyp ýördi. Emiriň aýal dogany Aftab hanym bolsa, toý aladalaryny sowup, indem Şährihana – öz öýüne dolanmalydy. Emir Omar han bularyň ýanyna üç-dört sany gartaşan aýaly, uly ogly Muhammet Alyhany, ýegeni Hekim hany we özüniň ynamdar nökeri Muhammet Şarifi goşup goýberdi.
Gün sowap, howa aýazlydy. Ýol ýakasyndaky ot-çöplere gyraw düşüpdi. Şonuň üçin erkek kişiler possunlydy. Aýal-ebtatlaryň başatgyçlary ýüň matadan, donlarynyň içligi sütükden tikilendi. Adamlaryň agzyndan bug çykýardy, şo sebäpli Gulhany pälwana çenli hiç kimiň gep atyşmaga meýli ýokdy. Atlar bosa arabanyň ýöreýişine takat etmeýän ýaly, kişňeşip, gyzyşmak üçin çapdyrylyp gitmäge taýýar görünýärdi. Aýallar arabanyň üstünde aýaklaryna galyň körpeçe çekip otyrdylar. Ýigitleriň hersi arabanyň bir tarapyndan atlaryny sürüp barýardy, Muhammet Şarif bolsa arabakeşlik edýärdi.
Gün çykyp duranlygyna garamazdan, aňzaga nykabyň aňyrsynda ýaňaklary alma dek gyzaran Aýhanpaşşa geçen baharda araba münüp ýol söküşlerini ajy hem ýakymly duýgular bilen ýadyna saldy. Paýtunyň oturgyjynda Muhammet Şarif däl-de, arzymany seýit Kasym, ýanynda gyslyşyp oturan gartaşan aýallar däl-de, mähriban jigileri ýaly bolup göründi. Arabanyň tigirleri bolsa jygyldap, degirmen daşynyň däne üýweýşi dek onuň süýjümtik hyýallaryny mäjum edýärdi...

Salgym kimin bir gara gije-gündiz yzymda,
Gijäň gündizi kowşy deý ýeke çagym peýläp ýör.

Bitakat ýüregime gorky-wehim inipdir,
Ýörejek ýollarymda soňsuz howp-hatar bar.

Goşgy-gazal düzüp ýörenem bolsa, Aýhanpaşşa olary kagyza geçirmeýärdi, özüniň baş bermez hyýallaryndan ätiýaç edýärdi. Setirlerini ýüpe düzülen merjen monjugy deý göz-dilden daşrak ýerde – gursagynda, ýyly ýüreginiň gizlin künjünde saklaýardy.
Ah, hyýallar, hyýallar, hyýallar... Size gutarma barmy? Käşgä sizden peýda bolsa! Siz göýä ir bahardan başlanyp, birdenkä giçki güýze geçip gidýän ýol mysaly. Lälezar gülleriň deregine saman sypaly ýatan ýaly, güllän erikleri hazan şemaly kakan ýaly, uç-gyraksyz göm-gök asmany duýdansyz gara bulut tutan ýaly... Arabanyň tigirleri bolsa dyngysyz jygyldap barýar...

Göýä awuly tiken deý, dagyň-daşyň gyýçagy deý,
Sanjy bolup dur böwrüme tümlük içre wehmi nur...

Arabakeş Muhammet Şarif ýigdekçe seýit Kasym dek aýdym aýtmaýar, ol ýognas sesi bilen aýallaryň ýüregi gysmaz ýaly tymsal gürrüň berýär. Tymsaly hem bulutly gün ýaly gussaly:
“Ir eýýamda Ferganada bir sarwan ýaşap geçipdir. Bir gün garaşman durka onuň düýesi botlapdyr. Sarwanyň köşekli-düýesinden başga hiç bir zady ýok eken. Bir gün ol düýesini çökerip, üstüne agyr ýük urup, ýola düşüpdir. Enesinden aýra düşen köşek bozlapdyr. Tomus günleri eken. Çäge gorsawa dönüp, ýanypdyr, ýöne enesiniň yzynda bozlap galan köşejigiň ýüregi ondan has beter örtenipdir. Sarwan sährada ýalňyz oturan bir daragtyň saýasynda düýesini çökeripdir. Köşejik yzyndan barypdyr. Yssy howada köp ylganlygy üçin ol mazaly surnugypdyr. “Eý, birehim enem! – diýip, köşejik düýä ýüzlenipdir. – Men ot-ýalynda ylgap gowruldym, haýalrak ýöreseň, beýle heläk bolmazdym hem-de aram-aram süýt emerdim.” Onda enesi gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, köşejigine jogap beripdir: “Gör ahyryn, burunlyk adamyň elinde. Bu adamyň öz ýolundan başga bilýän zady ýok. Eger zerreçe erk-ygtyýarym bolan bolsady, öz üstümden biriniň hojaýynçylyk etmegine ýol bermezdim.”
Bu sözleri eşiden Aýhanpaşşanyň damagy doldy, onuň gözýaşy doňan ýaňagyndan ýoda ýasap aşak syrykdy.
Gulhanynyň tymsaly bilen olar öýle bolanda Margilana ýetdiler. Bu etraplarda Muhammet Şarifi tanamaýan adam ýok bolarly, öňlerinden çykan: “Bir käse çaý içip geçiň” diýip, myhman almaga howlukýar. Ahyry biriniňkide goş ýazdyrdylar. Öýläni okap, çaý içdiler. Ýörite atarylan palawyň bişerine garaşman, ýollaryny dowam etdiler.
Margilandan on-on bäş çakrym uzaklykda, Arap mazar diýen ýere golaýlanlarynda howa has-da sowady. Şazada Muhammet Alyhan atyndan düşüp, jylawy araba baglady-da, “Doňdum!” diýip, aýallaryň arasyna, körpeçäniň aşagyna girdi.
Aýhanpaşşa bir görse, ol körpeçäniň astynda öz aýaklaryny gelniň aýaklaryna degripdir, gözi bolsa başga ýerde. Ilkibaşda Aýhanpaşşa muňa öweý ogluň öweý enesine gysmyljyramasy diýip düşündi. Ýöne şazada aýaklaryny çyrmaşdyryp ugrandan onuň niýetini aňan Aýhanpaşşa derhal arabakeş Muhammet Şarifden arabany saklamagy haýyş etdi. “Indi ata men müneýin!” diýdi. Hekim hanyň ýardamy bilen şazadanyň mele atyna atlandy. Araba tirkeleni üçin loňkuldap ýöremekden iren mele at depirjikläp, öňe okduryldy. Hekim han hem onuň yzyndan atyny gamça basdy. Olaryň ikisi-de derrew gözden ýitdi. Iňrik garalyp başlapdy...
Muhammet Şarif bolsa atlary gyssamaýardy, arabany öz maýdalyna sürýärdi. Arap mazara girenlerinden arabanyň öňki tigriniň iki keýesi birlikde syndy.
Oňat ýeri, bu ýerde-de Muhammet Şarifi tanaýan adamlar bar ekeni. Çaý içim salymda arabanyň tigrini bejerdiler. Emma Aýhanpaşşa bilen Hekim handan gördüm-bildim ýokdy. Muhammet Şarif: “Naýman diýen oba ýeteliň, gijäni şo ýerde geçireris” diýdi. Ýöne o ýerde-de ol ikisinden habar-hatyr bolmady. “Etjek alajyň ýok, Alla keremdir, azaşanam bolsalar, ýeke ýol bar, ahyry şu ýere gelerler” diýişip, obanyň aksakalynyňka myhman düşdüler.
Indi habary Aýhanpaşşa bilen Hekim handan alalyň. Bular arabadan üzülip, yzlaryna gaňrylman, at çapdyryp gidiberdiler. Aýhanpaşşa erkinlik duýgusyna maýyl bolup, sowuk howada ýyldyrym dek süýndi. Hekim han bolsa “gyz kowdudan” sermest bolup, onuň söbügine düşdi. Biraz çapdyrylyp ýöränlerinden soň asmanyň ýüzüni duýdansyz gara bulut tutdy-da, älem-jahan garaňkylyga bürendi. Bu gözedürtme garaňkylykda öz münüp barýan atyň ýaly-da zordan saýgardýardy. Birdenkä şemal şuwlap, gar uçganaklap başlady. Ýol-ýoda ýitdi. Töwerekde güri jeňňellikden gaýry zat ýok.
Ýaş ýigit Hekim han töräni wehim basdy. “Yza dolanaly!” diýip, ol ýalbardy. Aýhanpaşşa ony diňlejegem bolmady, atyny gamçylap, öňe ümzük atdy.
Ýöne, ine, aňzakly howada daljygan atlaryň welin, basym bady gowşady. Haýallap, teý öňe ýöräsi gelmedi. Hekim han atlaryň ikisiniňem aýagyny duşaklady-da, gylyjynyň dessesine baglady. Aýhanpaşşanyň öňe düşmegi bilen olar ýylmanak bir daşyň yk tarapyny penalap, takdyra ten berip oturyberdiler. Bir tarapdan aldajy aňzak, beýleki tarapdan bolsa tümlüge gaplanan jeňňel olaryň endişesini artdyrdy. Ýyrtjy haýwanlaryň wagşy sesleri bu endişäniň üstüne urna boldy. Birdenem ýylmanak daşyň gapdalynda bir süri ýekegapan peýda boldy. Olar atlary görüp, horkuldap, çygyryşyp, duran ýerlerini basgylaşdyryp, torç edip dyr-pytrak gaçdylar. Gorkudan ýüregi ýarylara gelen Hekim han edil çaga ýaly Aýhanpaşşanyň goltugyna gysylyp, kelemesini çöwrüberdi.
Tizden şemal ýuwaşady, atlaram demini aldy. Aýhanpaşşa gaýtadan atlanyp, uzakdan görünýän yşyklary nazarlap ugrady. Ol yşyklar öz arabalarynyň düşlän ýeri – Naýman obasy bolup çykdy...
Şol yşyklar Abdyllanyň ukusyz gözleriniň öňüne gelen wagty kameranyň aksakaly tussaglaryň hemmesiniň beýleki tarapyna öwrülip ýatmalydygyny buýurdy. Ol kyssasyna ýokardaky üç sahnanyň haýsysyny aljagyny bilmän, ahyry ýanyndakylaryň ýatyşy ýaly gapdalyna öwrülip, gözlerini ýumdy.
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 59 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Hamid Ismoilow, Kakamyrat Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Мango • 11:24, 22.08.2024
Gol çeken dessine öýlerinden tüpeňiň daşyna dolap getiren körpeçelerini eline tutdurdylar.

körpeçe - türmenlerde düşek, kiçiräk düşege diýilýän bolmaly.
tüpeňiň daöyna oralan bolsa, ol odeýala ýaly zatdyr...

originalda körpeçe. özbekler oturulýan zadamy ýa ýapynylýan zada körpeçe diýýänlerini soraýyş gerek.

...имзо чекиши биланоқ қўлига уйдан милтиқни ўраб келган кўрпачасини тутқазишди-да...
avatar
0
2 Мango • 11:42, 22.08.2024
Сезгир Жаҳонотин ҳам Моҳларойимнинг пароканда ҳолатини пайқади чамаси, овозини баландроқ кўтариб дона-дона қилиб
ўқиди: ...

Örän duýgur Uwaýsiý Mahlar aýymyň ýagdaýyny bada-bat aňýar, sesini beýgeldip, çasly okaýar: ...

"Sezgir" sözüni özbegem ulanýan eken. şo söz bizde-de iň bolmanda sözlügimizde-hä bar... biz "syzgyr" diýýäs. köki syzmakdan.

Kakamyrat aga, "duýguryň" ýerine "syzgyr" diýsede boljakdan eken. syzmak duýmakdan has ýiti bolýan ýaly...
avatar
0
3 Мango • 11:47, 22.08.2024
...“Aý, dogan, şo duran ýeriňde dursuň-la? Sebäbi näme?” diýip, pyşbaga ondan sorapdyr...

...Сангпушт айтдики: «Эй биродар, сабаб надур ки буён ўтмайсиз»...

özbegiňki owadan  eşdilýär-aý...
aslynda "...eý, biradar, sebäp nedir ki bu ýan ötmeýäňiz?" diýilse bize-de düşnükli...
avatar
0
4 Мango • 11:59, 22.08.2024
...Анда чаён айди: «Билганинг йўқмуким, ақрабнинг муддаоси неш урмоқдур, хоҳ дўст кўксинадур, хоҳ душман орқасина»...

...Onda içýan aýdypdyr: “Sen näme, içýanyň bar maksadynyň leşderini* sançmakdygyny, dostunyň göwsünden, duşmanynyň arkasyndan urmakdygyny bileňokmy?”...

edesim geldi: 
...Onda içýan aýdypdyr: “Bileniň ýokmy seň, içýanyň maksady neşderini sançmakdyr, ha dostunyň göwsüne, ha duşmanynyň arkasyna”...

*
"leşder" hem "neşder" bolmaly
avatar
0
5 Мango • 12:07, 22.08.2024
...Pyşbaga aýdypdyr: “Öňküler: “Köne duşman dost bolmaz” diýip dogry aýdypdyrlar. Dostum, suwuň üstünde-hä ýüzme kemini goýmadyk. Indi suwuň astyny hem göreli. Ol ýerde gymmatbaha dürler bar.” Şeý diýip, pyşbaga suwuň düýbüne çümüp gidipdir. Ol derýanyň düýbünden gymmatbaha dürleri çöplemek bilen meşgullanypdyr. Içýan bolsa, suwuň astynda jan tabşyrmagyň muşakgatly ejirini çekipdir. Bu tymsalyň manysy – “Ölüşiňe görä gömüşim” diýen söze kybap gelýär”...

...Сангпушт айди: «Яхшилардин бир масал қолибдурким: «Ишонмағил дўстингга, сомон тиқар пўстингга», «Ошнангдин топ» дегандек, дўстум, сув узра хасдек юрмоқ токай. Бу баҳри
амиқ жавоҳирларин тамоша қилмоқ керак» деб ғаввослардек бир
ғўта урдиким, ул жавоҳир термоқда ва чаён жон бермоқда қолди...

Kakamyrat aga negözel nakyly başgasy bilen çalşypdyr.
originalda: "ynanmagyn dostuňa, saman dykar postuňa (deriňe)" diýýär...
belki nakyly çalşandyr ki, dostlar öýkelemesin diýe... :-)
ýöne hakykatdanam hamyňa saman dykjak dostlar töwerekde kän...
avatar
0
6 Мango • 12:18, 22.08.2024
...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203