Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:57
Bagt näme?

Bagt näme?
(Çagalaryň düşünjesine görä)

Bagt – bu, kän-kän, ullakan-ullakan buz gaýmagyň bolsa…ony iki günläp ýatman iýseň…soňam ejeň: “bokurdagyň galypdyr-a seň” diýip käýýemese, hemem ap-ajy derman içirmese (4 ýaşlyja Osman);

Bagt – bu, kakaň günde döýt gezek “Äýeme” äkitse…(diňe dörde çenli sanap bilýän 4 ýaşlyja Haldurdy);

Bagt – bu…eýtiý ejemden soýaýyn…onnoň aýdaýsammykam? (3 ýaşlyja Janmyrat);

Bagt – bu, ejem ýaly…ho, ho bar-a, ho ejemiň daýzamlara toýa gidendäkisi ýaly owadan bolsaň (5 ýaşlyja Owadan);

Bagt – bu, ilk-ä garaşýaň, garaşýaň, ýetmän geçýä, soň birdenem bir gün ýetip gelýä, onsoň hemmelerem öýmüze üýşýäler, enem, atam, mamam, babam, hemmejigi gelýäler, hemmejigem diňe seni gowy görýäler, şo gün, hemmejigem diňe saňa kän-kän zat getirip berýäler, maşyn, ýumşajyk güjük, pil, awtomat…seniň bolsa içiň gysýa, sebäbi jigiňe hiç kim hiç zat berenok. Olam öýkeläp o jaýa gidýä, tort iýmäge-de barjakgä diýýä. Onnoň ýuwaşjadan oň ýanyna barýaň-da, ejemiň edişi ýaly oň saçyny sypap, kakamyň oňa diýşi ýaly: “öýkeleme-how goçum!” diýýäň, ýene-de kynam bolsa: “bu günem seň doglan günüň bolaýsyn” diýýäň, ýene-de “ýöne seň doglan günüňem meňki bolaýsyn, bolýamy goçum?! Ikimiz çalşaýaly” diýýäň. Onnoň olam: “bo” diýýä, onnoň oňa hemmeje kişiň getiren jäjeklerini berýäň welin, olam gelip hemmejämiz bilen tort iýýä…şu bolaýmasa…Ýa dämi?! (6 ýaşlyja Annadurdy);

Bagt – bu, hiç ýerde uruş bolmasa bolaýmasa…sebäbi telewizorda görende kakam-a: “şü bir bolmawersin, ýurdumyz bir parahat bolawersin” diýýä, ejem bolsa: “toba-toba, daş edewersin-eý!” diýip ýakasyna tüýkürýä…(7 ýaşlyja Gözel);

Bagt – bu, bahymýak uýaýsam boýýa…şü Daňňyşy biý edişime seýet, onnoň…göýen ýeýinde guýagymdan çekýä ýohham…(3 ýaşlyja Nazzy);

Bagt – bu, uçarman bolasym gelýä…ýok, ýok…tank sürýänçi bolasym gelýä…ine ulalaryn onnoň kakama: “tank alyp bersene” diýerin, ullakanyny…ýok, ýok, woobçe-de, meniň kaka bolasym gelýä, kakam ýaly…Şü arada kakamdan soranymda o maňa uçarmanlyga 7 ýyldanam köp wagtlap ullakan bir jaýda okamalydygyny aýtdy, ýöne şü kaka bolmaklygy nirede okadýarkalar-aý?! Hä?!...Äý, öýe baryp kakamdan soraýaryn-laý…(6 ýaşlyja Nedir);

Bagt – bu kepderiňki ýaly akja ganatlaryň bolsa, onsoň ilk-ä uçup-uçup Ýer şaryndaky hemme ýerleri aýlansaň, soňam kelläňe ho kinodaky ýaly zady…hä, hawa, skafandryň şlýomyny geýip, başga Ýer şarlaryny hem görmäge gitseň…(7 ýaşlyja Nurjemal);

Bagt – bu bahymrak jigim gutulsa…ýohham ejemem şoň bilen ýöne balnisa gatnap, bizi halys ýadatdy-da…(5 ýaşlyja Orazgül);

Bagt – bu…äý men-ä şü ulaldygym garaşyp ýörmän öýlenjek-laý…ýöne, kakama aýtjak: “dükandan gelinjik satyn alaňda ejem ýalysy bolsun, owadany bolsun” diýjek, “ho Nunna akgama täze alyp berenleri ýaly bolmasyn” diýjek, “öýlerine girip süýji alaňda: “boldy indi, bar daşarda oýnaý, jigim” diýen bolup öýlerinden kowýany bolmasyn” diýjek, daşarda oýnap-oýnap üsti-başyňy hapalap geleniňden soňam ““gel oglum, geç, çörek iýäý” diýýäni bolsun” diýjek, ejem ýaly…Ýohha-da, şü gelinjikler haýsy dükanda satylýarka-raý?! Kakam-a: “Hol ilerki köçedäki Jallylaň dükanynda” diýýä, ejemem: “Goýsana, ýaş çaga beýle zat diýme, güp ynanar ýörer-dä” diýýä…Jallylaňky bolmasa, haýsy dükanka? (5 ýaşlyja Merdan);

Bagt – bu…hiç kimiň öýlerinde uruş-dawa bolmasa…onnoňam kakalar-a arak içmese, ejelerem onuň bilen aýrylyşmasa…jigileňňem aglamasa…(6 ýaşlyja Kümüş);

Bagt – bu tolkun atyp duran göm-gök deňiz...edil Awazadaky ýaly…geçen tomus kakam bilen gitdik…hezillik…bagt şo (5 ýaşlyja Melike);

Bagt – bu…düýnjük kakam biýen…neme, neme ýasandyk…hä, howwa…b-a-t-bö-ýe-e-k…howwa batböýek…äý bet uçýa-how…kakam okýap gobeýdi…wy-yž-ž edip gitdi (3 ýaşlyja Nury).

Serdar Ataýew
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 113 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Lacrymosa • 23:17, 24.02.2024
Aslynda bu Serdar agaň ,,Oglanjykly dünýä" kitabyndan bir bölek
suratdakylaryňam bary oglanjyk öýdýän
avatar
0
2 aygull • 00:55, 25.02.2024
Heý, bagtdanam "Bagt näme?" diýip soralar oguşýa...
avatar
0
3 Medicall • 00:58, 25.02.2024
Aýgül, @Lacrymosa suratdakylañ kimdigini aýtmadymy:))
avatar
0
4 aygull • 01:03, 25.02.2024
Öň görkezipdi. Semeýnyý suratlary.))
avatar
0
5 Medicall • 01:04, 25.02.2024
:))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203