Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:14
Şäher bilen adam barýa...


ŞÄHER BILEN ADAM BARÝA...
(hekaýa)

...maýdalyna gadam urup...

Biraz ukusam tutman durmaýar.

Dagam, başga nähili bolsun?

Gije sagat üç onda göge göterilen uçar, bäş otuz bäşde, bu taýlylaň: “Üçünji Hawalimany” diýýän ýerine gondy. Gowy zady, sadylla bolup, tükeniksiz nobatda durmaly bolmady.

Ýogsa bäş-on ýyllykda, bularyň “Sabiha Gökjeninde-de” gonup görüpdi. Şonda ony azyndan iküç sagad-a irikgä edipdiler. Tas gelenine puşman eýläpdi.

“Intäk şu taýy şeýle bolsa, galan taýy dagy näsihlikä?” diýen, çet ýurtlyň, ýat ülkä ilkinji gelendäki ýadyrgamasy bilen, nedenem gelen yzyna ýel çaldyrman, öýe garşy ökjä tüýkürýärdi. Ýöne, edenine şükür, ahyrýetinde düýbi düz ekeni. Şo giden nobata duruşlykdan sag-aman, aldyrman-ýoldurman sypansoň, galan zatdan göwni suw içmänem durmady.

Indi bolsa ol, nijeme ýollaryň, ýelleriň, ýurtlaryň tozany göwnüne-de, geýmine-de siňen, sergezdanlyk sungatynyň ussady. Alys ýollaryňdyr, bigäne ülkeleň ojuk-bujuk ondak-mundagyny, şo ilkinjileri ýaly öte ýokuş görübem durmyýa.

Boýunalyk.

Takdyra ten beren.

Dagy nädersiň?

Öýüň däl.

Kimem bolsa biri aýtmyş: “Öz düzgüniň bilen kesekiň rahybhanasyna (monastyr) sokulma”.

Bärsiniň bolsa ol, indi hemme zadyna diýen ýaly belet.

Aeroportdan çykdy-da, kireýçi ulaglara barmady.

Olaň iň arzany – gyrgydan gorkan jüýje deý jyrk-sarysyna münseňem, Arnawutköýden Soltanahmede çenli 156 liraňy ýolup äpberýä. Şoň üçinem geçen saparkydan galan Istanbulkart bilen metroň ýa awtobusyň jany sag bolsun.

Konferensiýany gurnaýjylaň çakylyk hatynda-da onuň ýerleşmeli myhmanhanasy “Evsen Hotel” diýlip bellenen.

Dogrusy, eger-de, il deňinde ertir gelen bolsa, onam beýleki gatnaşyjylar bilen uçar menzilinde garşylardylaram. Ýörite ulagda myhmanhana-da elterdiler...

Ýöne...

Nämüçindir, bärde diňe ylmy maslahatdyr resmi çäreler bilen başagaý bolup geçäýmän, iň bolmanda birje günem bolsa, ýekeje özi, özbaşyna, ine-gana, şähere aýlanasy, aýlagy synlasy geldi...

Daňdan bolsa, maslahatyň guramaçysyna gelendigini, ertir bellige aldyrmaga barjakdygyny resepşenden jaň edip, habar berdi. Olam hünärmen gyzdan myhmany kabul etmegi haýyş etdi. Ýerleşdi. Ukusam tutmady.

Öz häsiýetine belet o. Öňem-ä soňky ýyllar öýünde-de ukusy towugyňky ýaly. Ýola çyksa dagy bolanja ukusam köýýä. Onsoňam uçaryň üstündäki her on-onbäş minutdan oýanylýan, bimar ymyzganmasy, megerem oňa ýeterlik bolandyr.

Ýuwnup-ardyndy, ertirlik edindi. Soňam dumly-duşdan ýaňlanýan azan seslerini diňläp, şähere çykdy.

Töwerekde metjit şeýlebir köp welin, göwnüňe bolmasa azan sesi, çarlaklaryň gykylygyna garyşyp, hatda al-asmandanam gelýän ýaly.

Özem, olaryň hemmesi birden ýaňlanyp başlaman, biri-biriniň yzyna sepleşip, tolkun-tolkun bolup gelýärler. Göwnüňe bolmasa, müşk ysly, tylla kerpiçlerden bina kylnan Jennet el-Firdöwsde azan aýdylyp başlanyp, onam zemindäki muezzinler alyp göterýäne meňzeýär...

Ine, indem...

*****

Aýlanyp ýör, öz maýdalyna.

Aýa Sofýa bilen Mawy Metjit – Sultanahmet Çami, çüwdürimlerdir, güller, baglar, daş düşelen meýdan, At meýdany – Ippodrom, Ýylanly Sütün, Alman Çeşmesi...


...Kellede-de, bir tarapdan-a hiç hili enjamsyz-beýlekisiz Atajan Berdi pianinoň şirin mukamyna goşup, Annaberdi Agabaý pahyryň “Älemgoşaryny” pessaýja hiňlenýär...

“Ýene gökde älemgoşar doguldy... gagyldaşyp gazlar geçdi üstümden...”...

...Kimdir näbelli biri bolsa, aýdymdanam pessaý, emma ýüregiňi ýumşajyk mynçgalaýan gussaly labyz bilen Orhan Weli Kanygy okaýar...

“İstanbul'u dinliyorum, gözlerim kapalı
Önce hafiften bir rüzgar esiyor;
Yavaş yavaş sallanıyor
Yapraklar, ağaçlarda;
Uzaklarda, çok uzaklarda,
Sucuların hiç durmayan çıngırakları
İstanbul'u dinliyorum, gözlerim kapalı...”...

...Özem, haýran galaýmaly, öz-özünden tükeniksiz gaýtalanyp duran bu aýdym bilen goşgy, biri-birine şeýlebir utgaşýar welin, durmuşda şony edeýin diýibem edip bilmersiň...

Aýdym-a kimiň aýdýandygy düşnükli.

Ýöne, goşgyny beýle süýli labyz bilen kim okaýarka?

Şäheriň özümikä?

Äý ýok.

Ol-a beýtmez.

Sebäbi muň bolan, gören beýleki şäherlerinden tapawutlykda, bu Şäher oň bilen asla gepleşmeýär diýen ýaly.

Özem, anyk bilýär, onuň bu häsiýeti gedemlikden däl.

Ol...


Ol, bärlileň: “Jemberlidaş Sütüni” diýýän, on ýedi asyr mundan ozal dikeldilen Konstantiniň sütüniniň öňünde, birwagtda “Älemgoşar” bilen “gözleri ýumuk diňlenilýän Stambula” gulak gabardyp durşuna, Şäheriň bu häsiýetini atlandyrara söz tapmady.

Birdenem aňyna geldi.

Ol, edil on iki çagaly ata-ene mysaly...

Bir ýerlerde barmy hemmesi?

Bar.

Başlary abat, janlary sag, garynlary dok, eşikleri bitinmi?

Hawa.

Bolany.

Galan zady bolsa, Allaň özi oňarsyn.

Sebäp diýseň, ýeke özleri giden jemagat, bu maşgalany ekläp-saklajak bolub-a atanyň, olary ýuwup-artjak, iýdirip-geýdirjek bolubam enäniň, başga hiç zada eli degmeýär...

...Öz tapan meňzetmesine ol içinden ýylgyrdy.

Şo pille-de öz kakasydyr ejesi ýadyna düşdi.

O bendelerem (jaýlary jennet bolsun), edil on iki çagaly bolmasalaram, dokuz çagaň arasynda, haçan görseň ber-başagaýdy.

Iň ulus-a onbäş-on altysynda, iň kiçisem gundagda.

Her haýsynyň üstünde-de, ikisem deň janserek...

Ikisiniň arasyndaky ýekeje tapawudam – şo dokuzyň on ýedi ýaşlysy...

...Şo gün hut öz gözleri bilen gördi – kakas-a hemişelik diriligine öldi...

Ejesem hemişelik diriligine ýandy...

Ýöne, kakasynyň diri merhum gözlerine, şondan soň hiç haçanam jan girmedi...

Şol jansyz gözleri bilen uzaga gitmänem...

...Megerem, adam pahyryň kalby ölse, özem kän ýaşap bilmeýän bolarly...

...Ene bolsa, ene bolýa...

Näçe çagasy bolsa-da, şolaň näçesini aldyrsa-da, iň bolmanda şolaň ýekejesiniň hatyrasyna-da, özi hernäçe kösense-de, hernäçe güzap-hunabalar ýuwutsa-da, şondan özge hiç zat bilen deňäp bolmajak, deňsiz-taýsyz hötjetlik bilen ýaşamagyny dowam etdirýän bolmaly...

Diriligine ýana-ýana sönmän, öz oduna özi gowrulyplar, herniçe çydamaz ezýet çekse-de, diňe şo ýekejesiniň hatyrasyna hemme zada döz gelip...

*****

...Bozuldy.
Göýä, onuň göwnüne gubar aralaşanyny aňşyran dek, aňynda hiňlenýän “Älemgoşardyr”, “Istanbulam” iň gamgyn setirlerinde, togtap, gaýtalanyp ugrady.

“...Geçip barýar aýlar, ýyllar, gyş, ýazlar,
Ýene bahar sepeleýär çabgasyn…
Haýsy ýana alyp gitdi ak gazlar
Ganatynda şol dildaryň nagmasyn?!...”...

“...İstanbul'u dinliyorum, gözlerim kapalı;
Kuşlar geçiyor, derken;
Yükseklerden, sürü sürü, çığlık çığlık.
Ağlar çekiliyor dalyanlarda;
Bir kadının suya değiyor ayakları;
İstanbul'u dinliyorum, gözlerim kapalı...”

...Ýene-de, özem duýman, aýlanjyrap, Aýa Sofýaň öňündäki, daşy sap-sary gül-gülzarlyga beslenen äpet suw çüwdüriminiň öňüne gelipdir.

Ýöne bu gözelligi birwagtyň özünde görýärem, görenogam.

Ýürekde hesret.

Hyýalynda mähribanlarynyň keşbi...

Şol müddetem deňiz tarapdan öwsen sergin şemal, oň çal saçyny çalaja daraklap geçip gitdi. Ajymtyk, turşumtyk suwuň, suwotulaň ysyna eýlenen, bildirer-bildirmez ysy, onuň burnuny gijetdi. Soňam beýnisinde: “Alla rahmet etsin!” diýen gussaly owaz eşidildi.

Kim diýdi?

Diýildimikä beri?...

Belki...

Göwnünedir...

*****

...Gezmeläp ýörüşine, biraz ýorulanyny syzdy.

“Istanbula gelip, pahlawa ýanap, kofe içmejek bolsaň, gelip nätjekdiň?” diýip, içinden öz-özüne kinaýaly gep gatdy-da, Soltanahmediň restoranlardyr kafeler ýerleşýän ganatyna ýöneldi.

Geçen sapar ony dosty, Horasany restoranyna äkidip, hödür edipdi. Tagamlarynyň dady henizem ýadynda.

Şoň üçin ol, Aýa Sofýaň öňündäki Atatürk köçesinden Älemberdar köçesine çykdy. Soňam köçäň gyrasy bilen Diwan Ýoly köçesine geçip, ondanam sowuldy-da, hakydasynda galan restorana ýüzlendi.

Başbakanlygyň kitaphanasynyň deňesinden ötüp barýarka, on-onbäş başdan ybarat jahankeşdeleň toparyna sataşdy. Az-kem aýak çekmeli boldy. Osmanly arhiwiniň öňünde duran gid, Şäher hakda hemmä mälim, birzatlary gyzykdyryp gürrüň berýärdi.-Ýunanystanyň Megara şäherinden bolan Bizansyň baştutanlyk etmeginde, miladydan öňki 660-njy ýyllarda bu şäheriň düýbi tutulýar. Soňam ony, şäheriň ýaşaýjylary öz patyşasynyň ady bilen atlandyrmaga başlaýar. Tä miladyň 330-njy ýylynda, barbarlaň üznüksiz zarbalarynyň astynda çat açan Beýik Rim şalarşalygynyň hökümdary Konstantin I öz paýtagtyny şu şähere geçirýänçä-de, ol “Wizantiýa” diýlip atlandyrylmagyny dowam edýär. Şondan soňra bu Şäheriň ady Konstantinopol – Konstantiniň şäheri bolýar. Emma onuň ady diňe munuň bilen çäklenmändir. Onuň Wizantiýa adynyň tutulmagyndan başga-da, ony saklap (slawýan) taýpalary “Şargrad”, ýagny, “Patyşalaryň şäheri” ýa-da “Şäherleriň şasy”, normanlar “Midgard – Ortaýer”, araplar “Istinpol”, türkler “Istinbol”, parslar “Rum”, ýunanlar “Polis” diýip atlandyrypdyr. 1453-nji ýylda bu Şäheri, Beýik Osman soltany Mehmet Fatyh (Ýeňiji) basyp alandan soň bolsa, onuň ady: “Yslam bol” ýagny “Stambul” diýlip, häzirki ady bilen atlandyrylyp ugrapdyr...

Ol gidi, göwünli-göwünsiz diňleýän jahankeşdeleň daşyndan aýlanyp geçdi. Emma nämüçindir restorana golaýladygysaýy, göwnüniň kiçeňräk köçe kafesini küýseýändigini syzdy. Ol, gadamynyň badyna ýene-de bäş-alty ädim ätdi-de, yzyna aýlandy. Diwan Ýoly köçesindäki tizlikli tramwaý duralgasyna ýöneldi.

Beýoglyň Istiklal köçesine gaýtdy. Tramwaýyň üstünde-de şo öňki endikli görnüş. Elleri kitaply adamlar. Okan okap otyr, ýa eli açyk kitaply, söýege söýenip, dik dur. Kimse bolsa, kitaplaryny ýassyk edinipdir-de, oturgyçda iki eplenip, gyşaryp ýatyr.

Tramwaýyň bäşinji – Tophana duralgasynda düşdi. Bäş minut. Ine-de Istiklal.


Kindiwanja dükanjyklar.

Haýsynyň witrinasyna seretseňem, äpet edilip goýlan: “INDIRIM” diýen ýazgy, gözüňe dürtülýär. O ýazgylar: “Bular bahalary şo aşak “indirimläp” gidip otyrlar weli, nä harytlarynyň özüne düşýän bahasy, aslyýetinde şeýle ýoňsuzmyka?” diýip, isleseň-islemeseň iňkise gidirýär.

Kafeler. Her haýsynyň töwereginde diýen ýalam, kera-mara aýlanjyran bolup ýören ýa-da gözüni süzgekledip ýatan pişikler.

Ortarada tramwaý ýoly.

Adamlar.

Iki gyrada-da skripkaly, gitaraly, tüýdükli sazandalar...

...Elleri bir gujak sabyngaply sabynköpürjikçiler.

Ýigrimi ýaşyndaky, saçy buýra-buýra gyzyň elinde skripka zarynlaýar.

Haýsy sazy çalýaka?!

Belki “Istanbul Sokaklari”-dir...

Ol sazanda gyzyň ýanynda birsellem mukamy diňläp durdy-durdy-da, kisesine elini sokdy. Seretmän näçe lira çyksa, gyzyň öňünde açylgy guralgaba emaý bilen oklady. Soňam: “teşekkürler” diýip pyşyrdabam, öz ýoly bilen boldy.

Gidip barýarka-da, köçe söwdagärleri – sakgal-murt basan ýaş ýigitler, sallam-sajak geýnen ýetginjekler ellerindäki dürli-dümen odur-buduryny ýerlejek bolşup, garabaşagaý.

“Abi indirim yaparım size, siz kardeşimsiniz...” diýşip, goltugynyň aşagyndan kellelerini çykaraýjak bolýarlar. Hemmesiniň diýen ýalam gözi ýanyp, oýnaklap dur.

Ol köçe sogtlarynyň (gezende söwdagär) bolşuny halaman gaşyny çytdy.

Ýöne, içinden: “Megerem, dünýäň söwda çatrygynda ýüzlerçe ýyllap oturan şäherleň hemmesinde-de adamlaň bolşy şeýledir.

Täjirler, jahankeşdeler, has takygy olara satyn aldyryp bilen gerek-gerekmejek her bir harytjygynyň bahasy – bulaň gündelik oljasy. Bularam bir zat edip gün görmeli...” diýip, olara düşünmeklik bilen oýlandy.

Öňünden ilkinji çykan kafeň, köçäň ugrunda goýlan iki adamlyk stoljugynyň başynda çökdi. Oň oturaryna mähetdelem, hyzmatçy gyzdan öňürti, edil aýagyna galtaşaýman, stoljugyň aşagyndan, alabeder pişik geçip gitdi.

“Geň-aý şü Şäher” diýip, bu jelegaýlaň bu aýratynlygyna belet ol, äwmezek oýlandy: “Bü şähere “Pişikleň şäheri” diýseňem gelişmän durjak däl. Hemme ýer şolardan doly. Ýaşaýjylaram olary kowmakdan geçen, gaýta ýaranyp bilseler hezil edýäler...”.Göwnüne bolmasa, oň aňyndamy ýa-da göwnündemi kimdir biri ýaňsyly hehhildän ýaly boldy.

Ol, misli kimiň özüni ýaňsa alandygyny görüp galjak bolýan dek, töweregine garanjaklap ugrandanam, oňa ýüzlendiler:

-Buyrun abi, ne istersiniz?

Ol ýanyna gelip, göýä gadyrly gardaşyny gören dek özüne mylakatly ýylgyryş bilen garaýan, göze gelimli hyzmatçy gyza, nädip ýylgyranyny duýman galdy. Tagamnamanam soramady.

-Lütfen, kahwe we biraz tatli.

-Biraz bekleyin,-diýip hyzmatçy gyz, şol ýylgyryşy bilen baş atdy-da, gitdi.

Sargyt eden zatlary gelensoň, ol käte bir süýjülikden agzyna salyp, şirpildedip, lezzet bilen kofe süzmäge oturdy. Köçäň ugrunda eşidilip duran garym-gatym mukamlardyr, adamlaň gohy-galmagalam süýjülige süýjülik...

Özem ýaşlykdan, döredijilik ruhundan dyňzap duran bu köçeden, häzir göwnüňe bolmasa, özüniň haýsam bolsa bir täze romanynyň sýužetini oýlap tapmaga gümra bolşuna dünýäni undan, garsakboý Ahmet Hamdi Tanpynar ýa-da dodagyny müňküldedip, täze goşgusyny içinden sarnaýan, çişik Ýahýa Kemal geçip gidäýjek ýaly bolup dur...

*****

...Istiklalda birsalym gezmeländen soň, ol ilkä Galata minarasyna tarap ýöredi. Soňam Bosfora garşy.


Depesinde hälden bäri ýaňlanýan çarlaklaryň bir görseň-ä hyýgyldap gülýän ýaly, bir görseňem sesini sozduryp jüýgürýän ýaly gykylygy, aýlaga ýakynladygyça güýçlendi.

Ol aýak urşuny az-kem haýalladyp, gözüni asmana göterdi.

Gabaralary ep-esli, ganatlary ala ýa-da goňrumtyl-gara, döşi-kellesi ak guşlar...

Niräni görseň şolar...

Jaýlaryň üçeginde, gümmezlerde, asmanda...

Kenara ýakyn ýerlerde dagy şolaň zaňyndan ýaňa aýak basara ýer ýok...

...Birdenem çarlaklar hakda deňiz halklarynyň gadymdan gelýän bir rowaýaty ýadyna düşdi...

Hamana, çarlaklar, gark bolan deňizçileň teni toprakda rahatlyk tapmansoň, bu dünýäde müdimilik bikarar galyp, guşa öwrülen ruhlarymyş...Olar öz guş dilinde şeýle alaçsyz çirkin gygyrybam, perişan hallary hakda adamlara habar berýärmiş.

Ynsanlardan delalat isleýärmiş...

Ol gökde jüýgürişip ýören guşlara dözmedi...

“Ejiz ynsanyň özi ebedi hemaýata mätäç...Siz bolsa ondan medet dileýäňizmi, he-e-ý janawerler?!” diýip ol, uludan demini aldy.

Soňam ýoluny dowam etdi.

Endigan dähedem-dessemläp barşyna-da pikir öwürdi: “Ýo. Bu Şäher diňe “Pişikleň şäheri” däl. Ol Çarlaklaňam şäheri...”.

“A deňzi, metjitleri, daş düşelen darajyk köçeleri, çaklaňja dükanjyklarydyr kafejikleri, çar tarapyňdan gelýän kofäň, pahlawaň ýene-de bir topar tagamlaň işdäňi gyjyklaýan ysyny, gümmezleri, tüýdükdir skripkaň owazyny...başga-da bu Şäheriň özboluşly keşbini emele getirýän onlarça aýratynlygyny nätjek?” diýibem, bada-bat özüni ýalňyşlygyň üstünde tutdy.

Egnini gysdy.

Haýsy birini sanajak?

Muň ýaly taryh bilen döwürdeş şäherleri birje ýa-da ikije söz bilen häsiýetlendirjek, şekillendirjek bolmagyň özi kemter gaýtmak bolaýmasa...

Ýöne bir zady welin, anyk bilýä – eger-de haçanam bolsa tutuş adamzat birleşip, bu wagtkysy ýaly alabeder, birwagtyň özünde million tarapa çekilip, ýyrtmaga dyzalýan ýorgan däl-de, belli bir derejede oňşukly bütewilik boljak bolsa, onda megerem şeýle bütewileşmek, ilki bilen ine şuň ýaly mähnet Megapolislerden başlasa gerek. Sebäbi diňe şuň ýaly müňlerçe medeniýetleň, dünýägaraýyşlaň, milletleň, edim-gylymlardyr, däp-dessurlaň...çäkli bir mekanyň gazanynda gaýnaýan ýerlerinde, adamlaň birek-birege sabyrly, kanagatly, geçirimli, öwrenişikli bolmaga endik etmekleri mümkin...

Onuň bu pikirlerine, göýä: “Şeýle bolaýsa-ha gowy zat welin, näbileýin-dä...” diýip, şübhelenýän dek, kimdir göze görünmeýän, ýöne onuň gaty golaýyndaky biri, sesini çykarman uludan demini aldy...

Ädimleridir pikirlerine gümra ol muňa üns bermedi...

*****

...Azapgapy seýilgähiniň daşyndan aýlanyp, Kardeşim köçesini kesip geçdi-de, kenarýakada sägindi.

Güýz.

Bosfor gurşunreňk suwuny assaja gaýmakladyp, dym-dyrs ýatyr.

Onuň hiç kim bilen hiç zat hakda gepleşesi gelmeýär.

Sebäbi ol öz gerşinde şeýlebir köp zatlary gördi welin, indi hiç bir söhbetdeşiňem özüne hiç hili täzeligi habar berip bilmejekdigi oňa ýüz-ä däl, müň göterimem aýan...

Ol şu pikiri kellesinde aýlady-da, uludan demini aldy. Soňam aýlagyň agyr suwunyň düýbünde nämedir bir zady saýgarmak isleýän dek oňa tiňkesini dikdi.

Birdenem Pamukdan bir jümle ýadyna düşdi.

“Ömür beýlebir erbet zadam däl – diýip, men käte pikir edýän:-Ahyrynda, heran-haçanam bolsa, Bosforda gezelenç etseň bolýar-a”...

Nämüçindir bu jümle onuň kalbyna ýeňillik çaýdy. Ol ýene-de bir sapar (ýöne bu gezek öňküsinden şähdaçyk) dem aldy-da, Dardanell tarapa tiňkesini dikdi.

“Göz öňüne getir,” diýibem öz hyýalyna meçew berdi: “Şu mahal birdenkä, ho-o-l alysdan tekepbir Afiny şäher-döwletiniň otuz kürekçili triakontorasy ýa-da ondanam beter boýnyýogyn Rimiň biremalary ýa-da Rum Kaýsarynyň ot sowrujy dromonlary ýa-da Çyparsakgal kapudan-paşşa Hyzyr Haýreddiniň ýelkenli gämileri hellewläp görnäýse...”...

Öz oýlap tapan zadyna özi ynanan dek, ol birsalym gözýetime dikilip durdy.

Birhaýukdan soňam ýadap, ýene-de tramwaý duralgasyna ýöneldi.

Duralga ýetip barýarka, ýene-de dumly-duşdan muezzinleň, musulmanlara musulmandyklaryny ýatladyp, olary parzyny berjaý etmäge çagyrýan owazlary ýaňlanyp ugrady.

“Öýle namazy...Menem-ä okap başlamaly...Näçe ýyldyr, aýdym edinip ýörenim...” diýip ol, içinden ökünçli müýnürgedi-de, tramwaýa mündi.

*****

Gaýdyşynam, myhmanhanaň golaýynda düşende, öňki saparlaram barýan suwenir dükanjygyna sowuldy.

“Erte-birigünem başagaýlyk bilen çagalara sowgat-serpaýjyk almaga wagt tapylarmy-tapylmazmy...”.

Dükanjygyň satyjysy öňki ýaşuly däl ekeni.

Gadyrly, mähriban adamdy.

Her gezekki gelenleriniň arasyna näçe wagt düşse-de ony unutmazdy.

“Oh benim türkmen kardeşim...” diýip, ony hezil edip garşylardy. Soňam şo birinji gezek şu dükana gelende düşündirişi – türk saňa gara çaý hödürlese, hökman içäýmelidir. Ýogsa bijaý göwnüne degersiň.

Onsoň onuň bilen oturyp, dym-gyzyl gara çaý süzerdiler. Özem hökman armyt-bulgurda.

Ol-a muň sözüniň çärýegine düşünse, ondan galamasyna düşünmez.

Muň üçinem o ýaşulyň aýdýanynyň agramly bölegi syrly samramadyr.

Emma şonda-da, bu ýagdaý bulaň ikisine düşünişmäge-de, gerek ýerinde “hahahaýlap” gülüşmäge-de, jaý ýerinde “ah-wahlap, juk-juklap” derdinişmäge-de päsgel bermez...

Indem bu dükanda, şo ýat ýurduň bigäne şäherinde ýaşaýan keseki mähriban adamyň ornuna başga biri söwda edýär...

Dükandaky pişik welin, şo öňküsi. Ýöne oňam bolşy pişigiň bolşy-da.

Tanadymy, tanamadymy – belli däl.

Ýörite özi üçin goýlan ýassyjakda çalam-çaş bolup ýatyşyna, ol gapydan girende, bir, äwmezeklik bilen kellesini öwrüp, gözüni ýumjukladyp seretdi.

Bolany.

Ýene-de öňküsi dek, süýndi ýatyberdi.

Ol giren ýerinde sägindi. Şo ýaşula bildirer-bildirmez çalym edýän satyjy ýigitden, tanşyny sorady. Satyjyň ýüzüne kölege indi. Ol nämedir bir zatlar diýip hümürdedi. Bu onuň näme diýendigini eşitmedi. Ýöne düşündi. Ylla bir ýakyn tanşy hakda şum habar eşiden dek, ýüzüni garaört edip dükandan çykdy. Hiç zat satyn almady.

Bar keýpem uçdy.

Ozalky niýeti, wagt barka Gülhana aýlanmakdy. Got sütünini synlamakdy. Alaý köşgüne baryp görmekdi...

...Hiçisinem etmedi.

Myhmanhana dolandy.

Pyýada ýodasynyň ugry bilen gidip barýarka-da ýaňky, özüniň adynam bilmeýän, wepat eden dükançy garryny, şo ýadyna saldy bardy. Birdenkä-de, özem duýman:

-Harika bir insandi! Allah rahmet etsin!-diýip, pyşyrdap goýberdi.

Şol pursadam kimdir biri, misli oňa jogap berýän deý:

“Allah razy olsun!” diýip, özüniňki ýaly pyşyrdady...

Ýa-da göwnüne...

...Ol geň galmady. Oslagsyzlykdan ýaňa tisginmedem. Göýä, bu bolaýmaly zat ýaly, gadam urşunam üýtgetmän, Şäheriň içi bilen mytdyldady bardy...

© Serdar ATAÝEW

Çeşme: https://makalam.com/saher-bilen-adam-barya-hekaya-718/
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 101 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 18:34, 24.11.2023
Serdar kaka. Stambula gider ýaly bolmady öýdýän indi.
edil 1990-njy ýyllaryň SSSR-i ýaly adamlar birek-birekden 50 bizar. it ýaly... (ýaly. habarlardan çen tutsaň-a...)

liralary hem peseldi.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203