21:58 Hekaýanyň formulasy / seslenme | |
HEKAÝANYŇ FORMULASY (Maksat BÄŞIMOWYŇ "Diluzyn" hekaýasyna seslenme) Käbir eserler bolýar: “aýdyp” aýdýan zadyndan, “aýtman” aýdýan zady has kän. Maksat Bäşimowyň ýazýan hekaýalarynyň käbirlerem hut şeýle häsiýetli eserlerden. Dogrusy, takmynan 9-10 ýyla golaý wagt bäri ýazanlaryny görýän, okaýan, halaýan bu awtorymyň “hemme ýazanyny sypdyrman okaýan” diýsem-ä ýalançy. Ýöne, onuň “Post mortem”, “Aw / sms-hekaýa”, “Itli pyýada”, “Gara goh”, “Şerbaşy”, “Ýolda kitap okaýanlar”, “Hezillik”, “Syrat”, “Şapak”, “Gaçgak / metakyssa”, “Öçürilenler”, “Üçünji wariant”, “Tüm”, “Gutulgusyz”, “Çapgy ýassygy” atly hekaýalaryny dürli ýyllarda kitapçy.ru saýtynda okapdym. Olaryň käbirlerine şol saýtda gysgaça teswir galdyryp, pikirlerimem paýlaşypdym. Ýakynda bolsa, Maksat Bäşimowyň «Diluzyn» atly hekaýasyny okadym, ony çynym bilenem haladym. Şu hekaýa barada-da birki agyz söz (Dessanlarda: “gör-bak, näme diýýär” diýilýämi? :-)): Awtoryň bu hekaýasynyň sýužetini dessurlaýyn: gür bermek, hekaýat edip bermek usulynda däl-de, personažlary gürledip, olaryň özlerini sýužetiň akymyna gatnaşdyryp, interaktiw-onlaýn usulda beýan etmek — gowy, özüneçekiji hem-de üýtgeşik, şonuň üçinem täsin tapyndy. Dünýä edebiýatynda şeýle şowly tapyndylar, dürli formatda seýregem bolsa ulanylýar. Mysal üçin: derňew protokoly görnüşindäki çeper eser ýa-da hat alyş-çalşygy, gündelik ýöretmek görnüşindäki çeper eserler ýa-da dini kitap görnüşindäki, haýsydyr bir resmi hereketleri amala aşyrýan wezipeli şahsyň hasabaty görnüşindäki eser ýa-da şeýle usullaryň birnäçesini goşup ulanylýan, fragmentar tipli romanlar. Umuman, özüniň aýtmakçy bolýan wakasyny, ideýasyny, şekillendirmekçi bolýan keşplerini (obrazlaryny, personažlaryny) okyjyň aňyna, içki dünýäsine ýetirmegiň, girizmegiň özi üçin has netijeli usulyny her bir awtoryň özi saýlap alýar. Döredijilik prosessiniň tebigaty, zanny-ýasawy şeýle — köplenjem munuň ýaly «beýan ediş usulyny seçip almak», agyr-agyr oýlanmalaryň netijesinde däl-de, emosional-intiutiw derejede, örän çalt bolup geçýär. «Ylham joşýar-aý, ýaman şu pille!» diýilmeýämi? :-) Maksadyň bu hekaýasyndaky saýlap alan usulynyň iň gowy tarapy — onuň üsti bilen awtor beýan ediş erkinligine, beýan ediş çaltlygyna, beýan ediş aňsatlygyna, beýleki usullardan has doly eýelik edip bilýär. Ýagny, awtor üçin sýužetiň düzüm gurluşyny emele getirýän bir sahnadan (epizoddan) beýleki sahna, bir personaždan beýleki personaža «böküp geçmek» aňsatlaşýar. Awtor, «žanryň kanunlaryna görä» :-), adaty «gürrüň bermek» usulyndaky ýaly, sahnalary, personažlaryň şekillendirmelerini biri-birine, okyja, esasanam talapkär tankytça bildirmän, tagaşykly «seplemek» üçin, artykmaç sözlemleri, söz düzümlerini, kä ýerde bolsa, sýužetiň dinamikasyna (ösüşine, akgynlylygyna) jinnekçe peýdasyz, diňe «baglaýjy kömekçiler» hökmünde çykyş edýän, gerekmejek ýa-da artykmaç sahnaçalaram girizmek/ulanmak zerurlygyndan azat bolýar. Şol birwagtda-da Maksat bu hekaýasynda beýan ediş serişdesi hökmünde hut şu usuly saýlap almak bilenem, belki özi düşünip, aňyrsyna geçip bilgeşleýin, belki, islendik çyn döredijiniň «antenna meňzeýän» içki dünýäsiniň täsiri bilen intuitiw derejede, okyjysyna signal ýollaýar. Meniň pikirimçe, o signal näme diýýär? -Tutuş durmuşymyz, gardaşlar, realiti-şou bolup barýar-aý! Hemmämiz günsaýyn hakyky adam bolmagymyzam bes edip, kartondan ýasalan jäjeklere öwrülip barýarys. Dünýäni glamur tutdy. Bahym biziň içimizde, daşymyzda, jahany çyn edýän büdür-südürligiň jinnek dynnymy-da galman, hemmeje zat lowurdawuk, ýasama şokolada öwrüljeg-aý! Nätmeli? Hudaý bilsin-aý, gardaşlar! Ýöne, çypbakaý-çyndanam şol-a şeýl-aý! Hekaýa başlanyndan ahyryna çenlem, ol realiti-şoulara mahsus, okgunly — “şou mast gou on” ritmde geçýär. «Bu hekaýanyň strukturasynyň formulasyny düz!» diýseler, ony şeýdip beýan etmegem bolardy: Sahna — S; Keşp — K; Gizlin many — G; Netije — N. S+K+G=N ⋃ S+K+G=N ⋃ S+K+G=N ∞ (⋃ - matematikada birleşdirmek belgisi; ∞ - matematikada tükeniksizlik belgisi). Näme üçin ýazdym-aý, bujagaz formulajygy? Ependi agaň sözi bilen aýtsak: -Äý ýöne, keýpine :-)... Hekaýaň sýužeti — tüýs durmuşdan alnan, diri waka. Ondaky wakanyň düzüm böleklerem, ondaky keşpleriň hiç birem, sýužet «düwnüniň düwlüp» başlanyşam, kulminasiýasam, ahyrky nokadam… umuman hemme zady tebigy diri. Olaryň hiç biri awtoryň erki bilen emeli janlandyryljak bolup, jepa bary çekilen, «doglanda öli çagalar» däl. Durmuşda munuň ýaly wakalaryňam, ondaky personažlaryňam nijemesine her bir okyjy diýen ýaly öz gündelik hysyrdylarynyň arasynda gabat gelip görendir. Şonuň üçinem bu hekaýa okyjylarda ýürekdeş seslenme döredýär. «Ýürekden çykan söz ýüreklere ýol tapar» diýilýär-ä. Sýužet diri, obrazlar diri, diýmek tutuş hekaýa diri. Hekaýanyň aýtmakçy bolýan ideýasam, ýokarda bellenilişi ýaly ilki bilen-ä onuň beýan ediş usulyndan, soň onuň mazmunyndan, soňam ondaky keşpleriň «mimikasyndan», ýagny personažlaryň hüý-häsiýetini açyp görkezýän hereketlerinden gelip çykýar. Hekaýanyň ideýasy diýýär: Hakyky durmuşda ýasamalyk bilen çyn, aldaw bilen hakykat, binamyslyk bilen sogap… umuman müňlerçe biri-birine antagonist närseler şeýlebir sepleşýär welin, hoşuňyza geläýsin! Hudaý bar, bolup geçýän bulam-bujarlyga aklyň aňkaryp, heýranyň hekgerýär. Ýöne onda-da, ölemzog-a! Eýdip-beýdibrägem bolsa, ýaşan bolup ýörüs-aý! Döwrüň keşbi ýaly bolup, iň haýykdyryjy obraz hökmünde-de Zynatyň şekili çykyş edýär. Ähli döwürleriňem edebiýatynda, sungatynda enäniň obrazyny, zenanyň obrazyny «belent hörpde» owazlandyrmak dessur derejesine galdyrylypdy. Bu ýerde bolsa zenanyň döwre mahsus tipleşdirilen, ýygnama obrazy hökmünde çykyş edip biljek, heniz beýnisi bekemedik hasaplanýan gyzjagaz, her ätjek ädimini iňňän mekirlik bilen ölçerip-dökýän, öz ykbal haladyny «beýnijigi bilen biçýän», köpmekgar tejribeli aýýar deýin hereket edýär. Mysal: jynsy gatnaşykda bolan iki ýigdinden, göwnüne ýaraýany “daýawragy” bolsa-da, sulhunyň erkine däl-de, bähbitçil beýnisiniň “hyhlamasyna” tabyn bolup, maddy taýdan has “çorbasy çykýanrak”, prokuror balasy – Nobaty (şu ýigdiň ismi-nisbasam biz-okyja bir zatlar, bir zatlar aýtmakçy bolýan ýaly) saýlap alyp, özüniň ondan göwreli bolandygyny özi üçinem, özgeler üçinem “kesgitläp bermegi”. Şahyrlaryň, ýazyjylaryň, döredijileriň wasp eden enelik duýgusy bolsa… Ol hatda öz dogran çagasyna-da dözmezçilik, mähr-ä beýle-de dursun, oňa gara çyny bilen rezinden ýasalan gurjak ýaly garaýar. ...Jahyl döwrümizde goňşulaň biriniň çagasy biwagt aýrylanda, goňşy aýallaň jem bolup, öz çagalary aýrylandanam beter ahy-pyganda, görgüli ene bilen bilelikde, hatda onuň deregine-de bozlaşyp berýänlerini görüpdim. Megerem, şu zeýilli instinktiw ýüze çykmalardyr reflektor hereketlerem «enelik» diýilýän, aň ýetirip bolmajak närsäň bir çetjagazynyň bize çalaja açylýan pursatydyr… Bilemok, kimiň nähili düşünýändigini, belki, meniň häzirki aýtjagymy, barypýatan suwjuk, nakys pafosçyllyk diýip hasaplamagyňyz mümkin, ýöne meniň hut özüm üçin-ä hemişe-de, ilkinji nobatda: Zenan = Mähir. Ene mähri. Uýa mähri. Hatyn mähri. Diňe zenan özgäň agysyna-da edil öz agysy ýaly, gaty çyny bilen aglap bilýär. Diňe zenan özgäň çagasyna-da edil öz çagasy ýaly ähli özi bilen dözmezçilik edip bilýär. Diňe zenan kim näme etse-de hiç hili şertsiz, ähtsiz başbitin bagyşlamagy başarýar. Elbetde zenanam – adam (Heh, :-) bet boldy. Inetde ýörgünli: “aýal – adamyň dostudyr” diýen ýaňsyly aforizm ýadyma düşüp gitdi). Aýallaram, tutuş ynsan ähline mahsus kemçiliklerdenem, pisat häsiýetlerdenem, reflekslerdir-instinktlerdenem azat däl. Ýöne, Haktagala, zenany ýaradanda onuň özenini emele getirýän gapyrgany megerem, Adam ata alaýhyssalamyň ýüregine has ýakyn ýerinden alan bolsa gerek. A bi «Zynatda» bolsa, zenanlygyň, eneligiň, zenana mahsus mähribanlygyň düşnügem ýok. Diňe, owal-a kaddy-kamat, syr-sypat gelşikliliginde aňladylýan, aýal jynsyna ten meňzeşligi, onsoňam hasapçyl, diňe mensöýer, mençil beýni. Belki, «Zynadyň» «Zynat» ady hem ýöne ýerden dörän däldir. Şu ýyl, ABŞ-nyň «Merriam Webster» neşirýatynyň teklibi boýunça ýylyň sözi hökmünde «authentic», ýagny «hakyky» diýlip yglan edilipdir. Belki, bu «zynat» diýen sözem, bir ýa-da iki ýylyň däl-de tutuş jemgyýetçilik wagt tapgyrynyň — zamanaň aňlatmasydyr?! Ýagny, “ynsançylyk, adam bolmaga ymtylyş ikinji-üçünjem däl, on ýedinjem däl-de, iň ahyrky nobata geçirilip, onuň iň öňdäki bolmaly ornunam zynata, daşky ýaldyr-ýuldur jäjeklige dynuwsyz kowalaşmak, boş-boş, geldi-geçer glamurçylygyň, ýalan mürepbeçiligiň yhlasynda sergezdan bolmak eýýamyň jemagatynyň hakyky ýüzümi” diýen manyda... Hut şonuň üçinem bu hekaýada awtor aga, döwrüň märekesiniň – biziň adymyzy, asyl aňlatmamyzy ýeke jaýdar söz bilen kesgitläp berýärmi – Zynat?! Onsoň, aýallar – Zynat bolsa, erkeklerem, ar-namys, mertebe hakda çuňdan hem çyndan alada edýän Merdan ýa-da “Mähriniň Wepasy”, “Artygyň Aýnasy”, “Uzugyň Berdisi”, “Zöhräniň Tahyry”, “Meňliniň Magtymgulusy” we ş.m. bolmaz-da, elbetde, idilen ugruna höküdikläp ýören, tenine-täleýine herne kylynsa-da kaýyl olup, hemme zatda, hatda özüne başdaş tapynmakda-da nobatyna garaşyp ýören Nobat bolar-da. Dagy nä? ...Umuman, bu hekaýanyň obrazlarynyň hemmesinem durmuşdan alnan ýygnama, tipiki obrazlar diýip hasaplasaň boljak: Zynadyň jorasynam, mugallymlarynam, kakasy Parahat aga bilen onuň aýalam, Nobatam, Amanbaý aga-da, Altynam… ...Bir söz bar: «Adam — dünýä bilen deňäniňde, umman bilen damjany deňän ýaly. Ýöne damjada dünýäň şekili görünýär». Ýazyjam — şol, dünýäň şekili görünýän damja. («Ýazyjy — aýna» diýibem köp gaýtalamagy örän halaýan biri bar:-)). “Damja” özünde görünýän şekili birhili diýip hasaplaýar, emma ony kesesinden synlaýanlara, ondaky «görünýän şekil» başgaçaragam ýa-da düýpgöter başgaça-da görnüp biler. Öňem biri aýdypdyr-a: «bu dünýäde boljak zatlaram bolýar, bolmajak zatlaram». Ynsan kabul edişiniň (восприятие) indiwiduallygam hut şonuň ýaly bir zat-da. Belki, bu hekaýanyň awtory baş keşbi diňe bir ýurduň, diňe bir jemgyýetiň şertli aňlatmasy hökmünde janlandyrmagy niýet edinendir. Emma, özüm-ä okyjy hökmünde, hekaýadaky Zynadyň obrazynyň, diňe bir ýurdy aňladýandygy bilen hiç ylalaşyp bilmeýärin. Häzir külli yklymlarda-da ýagdaý şeýleräkmikä diýýän. Sebäbi Zemin saýýarasynda hiç bir ýurdam, her niçe, «öz gabygyna duwlanyp, çuňňullyk suw astyndaky ýatan, özüniň “gögeren” balykgulagynda gizlenip, daşaryk burnuny çykarmakdan elheder alyp» ýaşasa-da, tutuş globallaşmak prosessinden üzňe galyp bilmeýär. Bilmezem. Islendik formadaky aragatnaşygyň (hasam, “internet” diýilýän böwetlemek, duşaklamak, nogtalamak juda, juda, juda çetin aýbygadymyň :-)), sähelçe bar ýerinde, jemgyýetler hemişe-de biri-birine täsir edip, ählumumy jemgyýetem, hemmä mahsus umumylyklary döreder (...mikä diýýän) — gowulykda-da, erbetlikde-de. Şol sebäpden özüm-ä, Zynat, galyberse-de, diňe bir Zynadam däl-de, hekaýadaky hemme obrazlaram, hekaýanyň tutuş sýužetinem — bu, şu günüň, şu eýýamyň umumadamzat ýüzi diýip hasaplaýan. Elbetde, mentalitet aýratynlyklarynyň, döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň, uruş-parahatçylyk, maddy hal-ahwal ýagdaýlarynyň, dini ynanjyň, dürli kadalaryň zabunlygy-dälliginiň we ş.m. şertleriň täsiri bilen, dürli ýurtlardaky “mürepbe deý eräp-akyş, zynatçylyk, nobatçylyk ýagdaýy” belli bir derejede, negatiw ýa-da pozitiw tarapa tapawudam edip biler-le. Edebiýatyň nazaryýetinde ir döwürden bäri «çäge zerrejiginiň ykbalynyň üsti bilen tutuş çölüň ykbalyny görkezmek» diýene çalymdaş ideýa-fiks bar. Ine şu hekaýa-da, ondaky keşplerem, şol edebiýat nazaryýetiniň ideýa-fiksini amal etdi bolsa gerek :-) (...bu sözlemiň yzyna diňe, Berdi Kerbaba agaň söýgüli frazasy: «eýsem-de bolsa»-ny tirkäýmek galaýdy öýdýän :-)). Öwjek bolamok. Ýalynjaňlygam edemok. Ýöne, bu hekaýaň ideýasy, şu ugurdaky ümürli-biygtyýar syzgynçlyklaryň (“неосознанно-смутных ощущений”-leriň), çeper söz bilen aňladylan kwintessensiýasy (balgaýmagy :-)) ýaly bir zat bolupdyr. Hekaýaň dilinem, çeperçilik dil serişdeleriniň, söz düzümleriniň ulanylyşynam haladym. Akgynly, hiç hili büdremesiz, agram bermesiz okalýar. Awtoryň ýazanda, gysynman, çygynman, özüne zor salman, arkaýynlyk bilen sözi söze sepleýändigi, üstesine-de mümkin boldugyndan gysbylyga hem-de «sözlere dar, pikirlere giň bolar ýaly» dykyzlyga, goýazylyga ýykgyn edýändigi mese-mälim bildirýär. Ýumşak kinaýaly äheňem juda ýerlikli ulanylypdyr. Hekaýaň şeýle ýerlerine ýeteniňde, biygtyýar ýylgyranyňy duýman galýaň. Kerim aga aýtmyşlaýyn: «ýene-de bir söz» («...magtanmak däl, öwüt däl» diýýädimi, yzy?): Şu realiti-şoudaky alypbaryjynam men-ä umumy halk diýip kabul edýän. Ýagny, «tomaşa dowam edýär, teatram özi, tomaşaçam özi, halkam öz-özünden, öz gününden şou ýasap, oňa-da özi haýran galyp tomaşa eýleýär» diýen manyda. Umuman, pikirimi jemläp aýtsam, berekella, tüweleme, höwri köp bolsun! Onsoňam, türkmenleň gowy zada gözi düşendäki edähetine mahsuslykda: «tüf, tüf, tüf, göz degmesin»! :-) Pst: Bellik hökmünde aýtjagym: Awtoryň gysbylyga, az sözlülige bolan «dyzmaçlygyny» has-da ösdürip, hekaýanyň tekstinde käbir «artykmaç sözleri, jümleleri», aýranyňda-da, meniň pikirimçe, eseriň çeperçiligini bozmazmyka diýýän. Mysal üçin: Ýaňy synpdaşyňy göreňde, ol hakda näme pikir etdiň? – Gelinlik bet gelşipdir diýip oýlandym. Ýazyp bolardy, ine şeýle: Ony göreňde, näme pikir etdiň? – Gelinlik bet gelşipdir… Ýa-da hasam gysga warianty: Göreňde näme pikirlendiň? – Bet... Hem-ä sözler azalýar, hemem sözlemiň täsiri kesginleşýär. Tekstiň asyl nusgasynda 2 sözlemde 13 söz. Teklip edilýän görnüşinde 2 sözlemde 8 söz. Ikinji wariantynda bolsa 2 sözlemde 4 söz. Bäş söz ekonom, ikinjide 9 söz (hamana, her artyk ulanylan söze pul tölemeli bolunýan ýaly :-)). Edil şonuň ýaly: «boýdaşlary bilen bir hatarda mekdebi» diýlende, «bir hatarda»-ň düýbünden geregi ýok diýip pikir edýän. Şu sözlemem has gysgaldyp, täsirlendirip bolaýjak ýaly: -Ol öz ýeňilkelleligi zerarly agyraýak boldy. -Ýeňilkelle! Şondanam bogaz! Umuman, başga-da şunuň ýaly syntgylap boljak ýerleri ýok däl. Ýöne, öňde bir oglanjygyň: «düzelseň-ä düzel, düzelmeseň, şu bolşuňam bolýa» diýşi ýaly :-), hekaýaň şu bolşam erbet däl. Onsoňam, meniň-ä soňky döwürki ynanjym: kyssa eserlerine redaktor-korrektor hökmünde şahyrlar çykyş etse ýagşy bolaýjak ýaly. Sebäbi şolar mydam bogun sanap ýörmäge mejbur bolandyklary üçin (bu ýerde sillabo-toniki goşgulary ýazýançylary göz öňünde tutýandyryn), her bir sözi eşrepi deýin hatyralap, gadyrlap bilýärler. Ýazyjylar bolsa bogun sanama güzabyndan erkin. Şol sebäplem olaň ýazyşy köplenç: «bula-bula ber gula» ýa-da «eňter Gazak, seňki gezek» diýilýänine meňzeýä :-). Garaz, bu aýdylanlary, anekdotda aýtmyşlaýyn: «dinozawr ekgäň özi ýahşy biledi», ýagny, türkmençeden türkmençä terjime etseň: «awtor agaň özi gowy biler, näme gaýryp, näme kylmalydygyny» bolýan bolmaly :-). Üstünlikler! Awtorynyň-a galamynyň ýiti bolmagyny, badynyň gaýtmazlygyny, biz-okyjylaryňam, mümkin boldugyndan onuň we galamdaşlarynyň ýazanlaryny okap, ýazylanlara başardygymyzça düşünip durmagymyzy çypbakaý-çynym bilen arzuw edýän! Öňem bir “miwe” aýtmyşlaýyn: -Hoşuňlar! :-) © Serdar ATAÝEW ----------------------------- Maksat BÄŞIMOW. DILUZYN. hekaýa ----------------------------- | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |