Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:23
Paýapyl we ýol

PAÝAPYL WE ÝOL

Nahar iýildi. Töwir galdyryldy. Çaý çekildi. Mesawy söhbet başlandy.

Garny dok, mes adamlaryň elkin gürrüňdeşligi.

Ýene-de hemişeki edähetine eýerip, obanyň köpbilmişi, ömrüni mekdepde işläp, gojalandan soňam don geýip, sakgal goýberen ýaşula lak atyp ugrady:

-Mollym, ine sen tas elli ýyla golaý wagtlap mekdepde çagalara dünýewi ylym öwredip gezdiň. Bizem on ýyllap okadandygyň sebäpli, şu günki ýaly ýadymda, özüňem dünýewi ylymlaryň hakyýt barypýatan aşygydyň.

Öwran-öwran öz sapaklaryňda: “Matematika ylymlaryň atasydyr. Matematikanyň üsti bilen subut edip bolmaýan zatlara gatybir gulak gabartjagam bolup ýörmäň!” diýip gaýtalardyň.

Dogry, mollym, eden işiňe, beren ylym-bilimiňe, hatda edep-terbiýe öwretmek üçin dadyran şekerlije şapbatlaryňa-da taňryýalkasyn!

Saňa bu oba-da hemmäniňem hormaty-sylagy aýratyndyr.

Ýöne mollym, öň-ä elli ýyla golaý wagtlap, şeýle diýip ýanjap gezdiň. Nedenem nepaga çykyp-çykmankaňam, uzynsyý dony egniňe atyp, sakgal goýberdiň-de, dini ýola ýüz urduň!

Bu ýerde mollym, biri-birine çapraz gelýän zat ýokmy?!

Ýa men ters düşünýänmi?!

Ýaşuly mugallym, jowur-ak sakgalyny sypap, äwmän-alňasaman çaýyndan owurtlan bolup oturyşyna, ýaşy kyrkdan aganam bolsa çagalykdaky köpbilmişligi galman geçen okuwçysyna jogap bermäge howlukmady.

Onuň deregine märekäniň çeträginde oturan, çagalykdan namazyny-orazasyny sypdyrman gelýän, takwalygy bilen oba belli, otuz ýaşlaryndaky oba metjidiniň ymamy jogap berjek bolup ýerinden gobsundy. Emma, näme üçindir sesini çykarman, ýuwdunyp oňdy-da, içinden doga pyşyrdap, tesbisini sanamagyny dowam ediberdi.

Onýança goja mugallym dillendi.

-Inim, sen gaty gowy sowal berdiň. Ýöne, men şunça ýyllap okap hem okadyp gelen netijämi aýdaýyn saňa-da, şu ýerde oturan hemmelere-de.-diýip ýaşuly daş-töwereginde üşerilişip özüni diňläp oturanlara gözüniň gyýtagyny aýlady:-Aslynda, şu ylahy ylymlar bilen dünýewi ylymlary biri-biriniň garşysyna goýmak, olara biri-birini inkär edýän närseler hökmünde garamagyň özi düýbünden ýalňyş.

Sebäbi, olaryň ikisiniňem maksady bir.

Ikisem, Haktagalanyň öz ýaradanlarynyň içinde iň söýen jandary bolan ynsana – Allatagalanyň çäksiz mähir-muhabbetine, Ýaradanyň gudratyndan bina bolan Älem-jahana, tebigata, janly-jansyz dünýä, hatda iň soňkuja öýjüjege çenli düşünmegi, akyl ýetirmegi, baha bermegi açyp görkezjek bolýar.

Olaryň biri-birinden esasy tapawudam, Ylahy ylym – bu zatlaryň hemmesini bilýär we ynanýar. Dünýewi ylym bolsa, şol zatlaryň hemmesini biljek bolýar we gözleýär.

Ýaşuly mugallym käsesinden owurtlamak üçin sözüni kesdi-de, töweregine göz aýlady. Ömürboýy sapak berip, hemmelere bilýänjesini düşündirmäge endik edip giden halypa mugallym, özüne seredişýänleriň gözlerinden olaryň öz aýdýanlaryna doly düşünmändiklerini duýdy.

-Düşünmediňiz öýdýän?! Has takygy özüm oňatja düşündirip bilmedim öýdýän?!-diýip myssa ýylgyrdy-da, gepini dowam etdi:-Onda, ine men size ýaňky aýdanlarymy ýönekeýje mysalyň üsti bilen düşündirmäge synanyşaýyn. Ine, bäş-alty ýaşyndaky bir çagajyk esli ýaşap, başy çalaran, dünýäniň agyny-garasyny görüp, paýhasy goýalan kakasyna sorag berýär:

-Kaka, men daýymlara nädip gitmeli?!

Kakasy oňa iki ädim beýle ýanyndaky zeý akabasynyň aňyrky raýyşynda ýerleşýän daýylarynyň öýüni görkezýär-de:

-Hanha hol ýerde, akabanyň üstünden geçilýän paýapyl bardyr. Şondan ötdügiň daýyňlaryň öýü-dä!-diýip jogap berýär.

Emma, oglanjyk zeýiň aňyrsyndaky daýylarynyň arzyly öýüniň hellewläp duran üçegini görse-de, öňünde duran gum depesi zerarly akabanyň üstüne atylan paýapyly görmeýär. Çaga heniz juda gögele bolandygy sebäpli, paýapyly görmeýändigi sebäpli, onuň bardygyna doly ynanmaýar.

“Şol ýere biderek gidäýmäýin, eger-de ol ýerde paýapyl ýok bolsa, meniň depeden bihuda aşdygym bolar! Ondan gowusy men zeý akabasynyň daşyndan aýlanyp daýymlara gideýin. Sebäbi hemme zadyň ahyrynyň bolşy ýaly zeý akabasam ahbetin bir ýerde tamamlanýandyr!” diýen müňkür pikir bilen, ol akabanyň gutarýan ýerine tarap ýola rowana bolýar.

Ýöreýär, ýöreýär.

Paý-u-pyýada, aç-suwsuz, epgeklere gowrulyp, ýellere gaýzygyp, aýazlara üşäp, ýagyn-ýagmyrlara ezilip, gidýär. Onda-da näçe horluk çekse-de ýolundan dänmeýär. Şol gidip barýar, gidip barýar.

Şol gidişine-de, dodaklaryny ýaryk-ýaryk edip, aýaklary gan-gabarçyk bolup, ýyllarboýy ýöräp-ýöräp, nijeme ýurtlaryň üstünden geçip, ahbetin, ölümiň öýünde ters tarapyndan aýlanyp, daýylarynyň ýaşaýan jaýyna ýetýärem welin, zeý akabasynyň üstünden atylan paýapyly görýär. Şonda-da, daýylaryna aňsatjak gelmek üçin diňe kakasynyň aýdanlaryna ynanmagyň gerek ekendigine göz ýetirýär.

Ine, şol “daýylaryň öýi” diýýänim-ä, külli ynsanyýetiň iň ahyryndaky arzyly maksady. Oňa “jennet” diýseňem bolar, “kämillik” diýseňem gelişmän durmaz, “Keremli Allanyň dergähi” diýseňem ýalňyşmazmykaň diýip pikir edýärin.

Daýylaryň öýüne aňsatjak baryp bolýan paýapyl bolsa Ylahy ylymdyr we onuň mazmunynam, özeninem emele getirýän ynamdyr.

Külpetdir-jebirlerden doly alys hem aýlawly ýol bolsa dünýewi ylymdyr hem-de onuň kükregindäki gyzgyn jigeri bolan gözleg bilen bilesigelijikdir…

Goja mugallym sözüni soňlap, käsesine el uzadan dessine-de, tötänden gabat geldimi ýa-da bilgeşleýin şeýtdimi, içinden okaýan dogasyny tamamlan molla ýigit, iki elini ýüzüne syldy-da:

-Ämin!-diýdi…

© Serdar ATAÝEW
Çeşme: https://makalam.com/payapyl-we-yol-hekaya-147/
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 90 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 15:53, 06.11.2023
ozal mugallym bolan biri, pensiýa çykyp, dinine has köp wagt aýyrmagynda, ýa-da dinini has çuňňur ýaşamagynda näme terslik barka?
ýa-da belki ateist biri islendik ýaşda bolsa-bolsun, dini kabul edip imana gelmeginde näme terslik bar?
ýa-da diňe ynanmak bilen ýetinýän teoriýadaky musulmanyň, ybadatlaryny berjäý edip praktiki musulman bolmagynda terslik göremok...

Mugallym dogry aýdýar: "Aslynda, şu ylahy ylymlar bilen dünýewi ylymlary biri-biriniň garşysyna goýmak, olara biri-birini inkär edýän närseler hökmünde garamagyň özi düýbünden ýalňyş."

ylymlary ylahy we dünýewi diýip bölýäs...
ýöne, dünýede ikä bölünen: bu dünýe we o dünýe.
indi biziň dünýewi ylym diýýänimiz aslynda bu dünýäde ýörgünli, sebäbi bu dünýe sebäpler dünýäsi. bir zadyň bolmagy üçin ony emele getirjek sebäplere mätäçlik bär. çörek bişirmek üçin, unuň suwuň bir ýere gelmegi, ýugrulmagy.... tamdyryň gyzdyrylmagy, biriniň ýapmagy, bişensoň çykarylmagy.... gerek.
o dünýe diýýänimiz bolsa gudratlar dünýesi. fiziki kanunlar gerek däl. çörek islesek çörek emele gelýär.... gysgaça şeýleräk düşünýän.
ilkinji adamyň döredilmegi - gudrat kategoriýasyna degişli.
soňky adamlaryň köpelmegi - dünýewi ylymlara degişli.
ýöne bulary biri-birinden aýyrmak - samsyklyk.
---
agzymyzdaky dişlere akyllyja seretsegem Ýaradany inkär edip bilmeris.
dişlerimizi şeýle bir tertipli ýerleşdiripdir welin, haýran galýaň:
agzymyza salýan çöregi ilki bilen dişläp goparmak gerek, şo sebäplem öňki alyn dişlerimiz pyçak görnüşli ýiti...
dişlän çöregimizi "degirmende" üwäp maýdalamak üçin arka tarapky dişlerimize "ugradýas". degirmen daşy ýaly arka dişlerimiziň arasynda iýmitimizi üweýäris. arka azy dişlerimizi "üwemek" üçin amatly ýaradylan...
köp gepledim...
galan zady oýlanmagy size goýaýyn.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203