18:02 Salam | |
SALAM Gaýdyp barýa... Äýnek. Kostýum. Şlýapa. Portfel. Arzanjagam parfýum. Barýany öýi. Emma näme üçindir ýüregi gysýa... Ýogsa, hemme zat gowy... ...ýalam.... Öýi – abat. Çagalary... Boljak... Ilden artygam däl, kemem. Şoňa-da şükür... Eger-de gowulykda däl-de, erbetlikde ýa-da göz-gülbanlykda ilden artyk ýa kem bolsalar, nädersiň?!... Estagpurulla... Şeýle “nätmekdenem”, başga “nätmeklerdenem” Allaň özi gorasyn... Onda nä?! Ýa muňkam: “mesligem goýun götär, goýnuňam garasy, garasynyňam garrysy, garrysynyňam arrygy, arrygynyňam urrugy, urrugynyňam mürrigi, mürrüginiňem çerrigi, çerriginiňem girrigi, girriginiňem warrygy...” diýilýänimikä?! Äý ýo! Beýl-ä dä bolmaly... Ol şu pikirleri içinde hümledip barşyna uly ýoluň astyndaky ötlem-ötlem ýerasty geçelgä girip gitdi... Çaky çak bolsa, ýürekgysmasynyň birje sebäbi – ol çagalykdan dostçyl... Dostlary bolsa, öň-ä köpdi. Soň azaldy. Indem ýok... Sebäbem, birine o gerek, birine bi. Hiç haýsyna-da bu gerekgä... ...ýaly... Şondan bolaýmasa... Göwnüne bolmasa, birhili durmuşyň duzy ýok... ...ýaly... Birdenkä ol, geçelgäň indiki aýlawyndan aýlanmakçy bolanda, daş-töwerek ýap-ýagty bolsa-da, näme üçindir tüm-garaňky diwar ünsüni çekdi. Diwarmyka beri özi?! Belki çyralaň ýagtysynyň oýnundan emele gelen kölegedir... Ýa-da salgymdyr. Şol diwardygy ýa-da salgymdygam näbelli kölegäň içinde-de sypaty özüniňkä çalymdaş sudur otyr. Özem gaýgyly... Kürtdürdi. Nätmeli? Asla, nätseň dogry boljak?! Töweregine garanjaklady. Asty-üsti, sagy-çepi ýylpyldawuk geçelgede özünden başga yns-jyns ýok. Gum-guklyk. Hatda depesinden wazlaşyp geçýändiklerini anyk bilýän ulaglarynyň “wazzyldysam” eşidilmeýär. Kim guranam bolsa, alan hakyny halallapdyr... ...öýdýän... Bu nämälim gamgyn sudury bolsa... Görmedik bolup deňesinden ötägideniň gowy boljakmy? Ýa, gaçýanyňy özüň bilýänem bolsaň, bildirmediksiräp, haýdaşlap gaçanyň has ýagşymy?! Ol dem salym ikirjiňlenip durdy-da, birdenkä özi üçinem duýdansyz kölegäň içindäki sudura elini uzatdy: -Salam gardaş... Her niçigem bolsa, ady adam bolanyň, iň bolmanda kölege içre mekan tutan sudurdanam bolsa dostly bolany ýagşy... ...bolaýmasa... © Serdar ATAÝEW Çeşme: https://makalam.com/salam-hekaya-149/ | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |