Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:09
Özüni ýitiren köňüller... / seslenme

ÖZÜNI ÝUTIREN KÖŇÜLLER...
(Maksat Bäşimowyň “Çilnen gije” atly hekaýasyna seslenme)

Maksat Bäşimowyň “Çilnen gije” atly hekaýasyny okadym.
Hekaýaň özümde döreden umumy täsiri – haýykdyrýar.
Näme üçin?
Hekaýaň baş gahrymany Omaryň özüniň ähli ýalňyşlarydyr-dürslikleri, duýgularydyr-aladalary bilen adaty ynsanlygy, betbagtlygy, günäsi hem şahsy bagta ymtylyşy – şol ymtylyşlaryň hemmesiniňem şowsuzlygy iniňi tikenekledýär.
Göwnüňe bolmasa, Omar adamam däl-de tensiz galan, awara ruh ýaly, ol şeýlebir goragsyz, şeýlebir... garamaňlaý welin, onuň bagty küle çöken ýalňyzlygyna, onuň özi bolub-a däl, onuň şum takdyryny kagyzyň ýüzünden okaýan adaty okyjy bolubam çekip-çydardan çökder. Hekaýanyň hasam ýüregiňi elendirýän epizodlary Omaryň oguljygy bilen bagly ýerleri.
Hekaýany okap bolanymdan soň, meniň-ä göwnümde täze at döredi: “Özüni ýitiren köňüller”.
Näme üçin?
“Wah düşündirip bilýän bolsam, molla bolardym” diýäýmeseň :-(.

***

Indi, hekaýanyň sözlem gurluşy, çeperçilik stilistikasy, umuman, hekaýanyň ýazylyş tehnikasy barada käbir zatlar:

1. Hekaýadan geçen asyryň segseninji ýyllarynyň ahyrynyň, togsanynjylaňam başynyň türkmen prozasynyň ysy gelýär. Agras, saldamly, dogry düzülen, dürs ýazylan jümlelerden ybarat, goşma sözlemleri ýerine gelişdirip ulanýan, mümkin boldugyndan diňe şeýle sözlemlerden tesim (abzas) düzýän, baş personažyň adyndan, ýagny “men” diýip gürläp, nusgawy hekaýat etmek (gürrüň bermek) usulynda wakany beýan etmek. Mysal üçin: soňky ýyllar türkmen onlaýn-edebiýatynda, köplenç: “dost” diýen sözi, aglaba köp awtorlar tarapyndan eseri ynandyryjy etmegiň hatyrasyna dürsligi pida berip, gündelik dile ýakyn etmek üçin: “dos” diýen görnüşde ýazylmaga ýykgyn edilýänem bolsa, bu hekaýada awtor, ýaltanman, şu günki okyjyň “lälik islegini” “huwwalamakdan” boýun towlap, bolmalysy ýaly dogry ýazýar :-).
Şeýle-de bu hekaýada awtor, sözleri ýoýmak, personažlary kelç-külç köçe diline mahsus hörpde gürletmek ýaly, esasan ýumoristik, grotesk, burlesk, satira žanrlaryna häsiýetli çeperçilik serişdelerini düýbünden diýen ýaly peýdalanmaýar. Mysal üçin, özüm-ä bu hekaýada şeýle žargon sözlerden diňe “teti” diýen söze gabat geldim.
Bu ne hikmet?
Awtor, bu dogry, agras sözlemlilik bilen näme diýmekçi bolýar?
Ýa-da bu dürs, agras prozaçyllyk, Maksat Bäşimowyň döredijilik stiliniň täze tapgyryna gadam basandygyny, stilini üýtgedýändigini aňladýarmy?
Ýazuw-pozuw bilen iş salyşýan adamlaň hemmesine-de mälimdir: ýazýan adamyň stili, belli bir içki we daşky şertleriň täsiri bilen onuň ömrüniň dowamynda nijema (nobatgulyçaladym-ow :-)) sapar özgerip bilýär. Ýazýan adam ilki başlanda birhili ýazýar, soň eli türgenlik tapansoň başga hili, aňy goýalyşansoň ýene birhili, gojalansoň hasam başgaça... Şonuň ýaly, Maksadyňam şu we käbir beýleki hekaýalarynda edil şonuň ýaly ýazyş endikleriniň üýtgeýändigi duýulýar.
Munuň ýaly üýtgeşmelere-de, meniň pikirimç-ä: “gowy” ýa-da “erbet” diýip bolmaýar. Sebäbi: “her gülüň öz ysy bar” diýlişi ýaly, çyny bilen, jany-teni bilen ýazýan her bir awtoryň ýazyş stiliniň özgermeginiň her bir tapgyrynda-da, onuň galamyndan şowly zatlaram çykýar, şowsuz zatlaram. Şol sanda, gaýtalanmajak mukama barabar, asyrlarda galjak, aklyňy aňk edýän täsinliklerem...;

2. Baş gahrymanyň daşyny gurşaýan dünýäni, daşky manzarany (peýzažy), bolup geçýän sahnaň daşky bezegini (anturažy), mysal üçin baş gahrymanyň ýaşaýan jaýyny, söwda merkezini, dükany, otlugy, asmany, “buşugýan bulutlary” we ş.m. şekillendirmegi, onuň psihiki-emosional (ruhy) ýagdaýyny okyjyň aňyna has ýiti ýetirmegiň täsirli serişdeleri hökmünde ulanmak;

3. Baş gahrymanyň ýaşaýan jemgyýetine mahsus, pynhan akymlary, aç-açan sereşlenmese-de hemmeler tarapyndan duýulýan, bilinýän, köpçüligiň iç-daş dünýäsine ýiti täsir edýän, olary düýpli özgerdýän, kä ýerde ynsan-a mahluklaşdyrýan, jemagatam sürüleşdirýän hadysalaryň, onuň durmuşyndan, onuň ruhundan eriş-argaç geçýänini şekillendirmek. Ýagny, kiçijik adamjygyň durmuşyny, ruhuny äpet jemagat binasynyň pugta temmelenen gapysynyň açar deşigine öwrüp, okyjyny şondan yşyklatmak.
Ýöne bu “yşyklatmak”, içinden daşyna tarapmy ýa-da daşyndan içine?
Ine muny welin, hekaýany okan her kesiň özi çözmeli...
...bolýar.
Näme üçin?
Sebäbi baş gahrymanyň dili bilen awtor, bu barada kän gürlemän diýen ýaly aýdýar:
-Men suflýor däl, gadyrdanlar! Şeýle-de, seňem, meňem, oňam... “...bap gelýän ýazgylara ýeňse damary (awt.: ...myz) gataýar”. Şo sebäpdenem siziň ýeňsedamaryňyzy gatatjag-a men bolmaýyn, sizem menden özüňize derek çöp çeýnemegi talap etmäň! Alyň, noş bolsun! Ajy bolsa-da, hamana derdiňize dermanmyş-da...

4. Hekaýanyň göwrüminiň ululygam, ýokarda agzalan zamanaň “çynlakaý kyssasyna” mahsuslykda, awtor tä özüniň ähli aýdasy ýa-da ýaňzydasy gelýän zatlaryny aýdyp/ýaňzydyp göwün solpusyndan çykmasa, eseri, nowellatipleýin şarpa kesip äpbermezlik “häsiýetine” häsiýetdeş. Ýöne, meniň pikirimç-ä, soňky döwürde iri göwrümli zatlary okamaga gaty az-az okyjynyň takaty ýetýänem bolsa, hekaýanyň göwrüminiň ululygy onuň kemçiligi däl. Gysgaça aýtsaň: “Bir demde okalýan eser!”;

5. Hekaýanyň obrazlarynyň keşbini “söz bilen çekmäge” “ýaltanylmadyk”. Bu alamatam şo ýyllaň prozasyna mahsus. Sebäbi, sowetçiligiň iň soňky ahy bolan üýtgedip gurmagyň “çalaşşa” ser sämediji täsirine “garamazdan”, garaşsyzlyk alnandan soňam, sowet edebiýatynyň paradigmasynda (ýa-da kilwaterinde, ýa-da oňa parallel) “ýöreýän” türkmen edebiýaty öwreniş ylmy üçinem, türkmen prozasy üçinem, “obraz döretmek” diýilýän imperatiw, şol bir doňňara-daş dogmat bolmagyny saklap galýardy. Bu hekaýada-da awtor esasy personažlary şekillendirmäge wagtyny hem sözüni gysganmaýar welin, olar şo: “obraz” diýilýän, elýetmez nämedir bir zadyň derejesine ýakynlaýar oturyberýär.
Ýöne adalatyň hatyrasyna, dogrusyny dogry aýtmaly: Maksadyň hekaýalarynyň aglaba köpüsinde eseriň strukturasynyň agalyk ediji elementi (düzüm bölegi) – Onuň Alyhezreti Sýužet! Şol geň bolmaly, haýran galdyrmaly, tapmaça şekilinde bolup, onuň jogabam eseriň ahyrynda, mümkin boldugyndan aýdylman, çalaja ýaňzydylyp goýulmaly.
Ýigriminji asyryň nusgawy edebiýat dünýägaraýşyna laýyklykda, çeper eseriň sýužeti, owaly bilen-ä ondaky baş gahrymanyň obrazyny, galyberse-de, ikinji plandaky keşplerem has güberçekletmäge, olary nesilleriň ýadynda galyjy ölmez-ýitmezlige ýetirmäge “gulluk” etmeli edilip kesgitlenen bolsa, soňraky ýyllarda sýužeti hökmürowan eýleýän, başdangeçirmeler häsiýetli çeper eserler okyjylar köpçüliginiň aňynda “döwran sürmäge” başlady.
Sözüm gury bolmaz ýaly mysal getireýin: Näme üçin Murakamini ürç edip okaýarlar?
Täsin, ümürli, ýarymhyýaly, matally sýužet onuň eserleriniň, çuňňur emosional-psihologik atmosferasyny emele getirýär.
Ýa-da Žoze Saramagoň “Körlüginiň” waka ýordumy – birdenkä, güpür-tapyr bütin şäheriň ilaty batyl bolýar duruberýär, diňe birje adamyň – lukmanyň aýalynyň garagy gapylmaýar.
Ynandyryjymy?!
Ýa-da fentezi?!
Elbetde, edebiýaty öwreniş ylmynda, tutuş eseriň ähli düzüm bölekleriniň obrazy emele getirmäge, ony açyp görkezmäge gulluk etmelidiginiň apologetlerem (goragçylaram), okyjyny “obraz-pobraz” diýlen “bolgusyzlygyň” düýbünden gyzyklandyrmaýandygyny, onuň haýsydyr bir zady okanda diňe “gyzykly/gyzyksyz” ýa-da “täsirli/täsirsiz” diýen kriteriýalardan (ölçeglerden) ugur alýandygyny aýdýanlaram ýalňyşmaýar.
Bu ýerde obraz bilen sýužetiň birini beýlekisine “boýun egdirjek” bolup, ýok ýerden dilemma döretmek gerek dälmikä diýýän.
Beýle sowalyň jogabyny sýužet hem obraz sazlaşykly utgaşýan çeper eserler berýär.
Garmoniýa.
Eseriň ähli düzüm bölekleriniň ýerbe-ýer oturmagy, ony çeperçilik taýdan süňňi sagat eser derejesine ýetirýär.
Ýokarda bellenilişi ýaly, Maksadyň bu hekaýasynda-da, geň-enaýy sýužeti bezemäge, ony has “tapmaçalaşdyrmaga” ýiti üns berlendigi bildirýänem bolsa, bu usul, eseriň ähli düzüm bölekleriniň öz ornunda “heň edip”, bütewi “mukamy” döretmegine zyýan ýetirmändir diýip bolar;

6. Hekaýada ene dilimiziň ulanyşyny höwes bilen kabul etdim. Mundan öň gadym-gadym dessanlarda bar bolmagy lazym hasaplanyp, üstlerinden “ätlenip geçilýän”: deýin, kibi, zybyk jahyl, hemaýyn diýen ýaly sözleriň ulanylyşy laýyk bolupdyr. Arhaizmleri biziň özümiz köpeldýäris. Ene dilimiziň sözlerini näçe az ulansak, olaryň şonça-da köpüsi undulýar, dilimiz bilen bilelikde aňymyzam garyplaşýar. Has dogrusy: “başgalaşýar”;

Käbir säwlikler (görenlerim ýa-da “säwlikdir” öýdýänlerim):

çigini – çigni;
“Dost” – “dost”;
öýnadyp – oýnadyp;
tiz kömek – “Tiz kömek”;
maşynda – ulagda;
gazamatynda – gazamadynda;
söhbete – söhbede;
Ýigitlere «menem ýazýan» - Ýigitlere: «menem ýazýan» (başganyň sözi bilen bagly iki nokat goýulmadyk ýeri başga-da käbir ýerlerinde bar eken);
“Tirkişmi” ýa “Tirkeş”?!
“Üýn – ses, üý – goşar, el, aýak süňkleriniň birigýän ýeri” diýýä sözlük. Ýöne, “üý” sözüniň “sulh, hulk” manysynda gepleşik dilinde ulanylýan ýerlerine kän gabat geldim. Sözlük bolsa, absolýut ensiklopediýa däl. Onda-da ýol berlen hatalara gabat gelýäň. Şo sebäpdenem “üýn-ses” bolýan bolsa, hekaýadaky “üýnümiz alyşdy”-ny “üýümiz alyşdy” edilip ýazylsa dogry bolaýmasa.
Mundan başga-da “çaý başynda, kesesinden at dakan bolup oturmagyň hezilliginden peýdalanyp” aýtsam, hekaýada sözlemleriň tygşytlylygy, çeperçilik taýdan syntgylanmagy ýokary derejede bolsa-da, olary “mundan beýläk-de” (ýene bir “döwrümize bap gelýän” jümle :-)), “kesip-biçip, bezeseň” bolarmyka diýýän. Mysal üçin:

“Bu gije bolsady bary ekildi, geçmişimiz dökün bolup döküldi”.

Ýazyp bolardy:

“Gije bolsady bary ekildi, geçmişimiz dökün deý döküldi” we ş.m.

7. Hekaýanyň öz içinde “Gulp”, “Kesindi”, “Hemra”, “Tirkiş” ýaly böleklere bölünmegi, ony bir tarapdan-a okamagy ýeňilleşdirýär, ikinji tarapdanam awtoryň erkine tabynlykda okyjynyň “üns fokusyny” gerekli personažda, wakada ýa-da pikirde jemlemäge mümkinçilik berýär. Tüýs “döwrebap :-)” usul. Sebäbi döwür – klipleýin oýlanyşyň eýýamy;

8. Hekaýada Maksat Bäşimiň galam ýöredişine öň kän bir mahsus bolmadyk, sözlemi çeperleşdirmek usulynyň has işjeň ulanylýandygy ünsümi çekdi. Mysal üçin:
“ýöne gaçyp-gutulyp bolmaýan Häzir ertir bilen bagly ham-hyýalda öte geçmezligi, öten-geçenleri ýatlanymyzda-da häzir bolmagy duýduryp, öňümizde-ardymyzda şlagbaum deýin keserdi durdy”;
“onsoň uçutdan aşak sallanýan kibi, şol stoluň erňeginden ýapyşyp otyryn”;
“indi yş gözläp, şol düýşümiň gazamatynda sermenip ýörün”;
“Indi bolsa...
Meniň kimligim, nämeligim nämälim.”;
“Edara alakasy men. Tigriň içinde boş pyrlanýan alaka”;
“ahyrsoňy birgiden jikme-jikligiň içinde azaşyp”;
“ýeke özi bir çetde kemsinip duran telewizorymdan başga goş-golam”;
“ Şeraby çekilen çüýşeler gany sorulan maslyga” we ş.m..
Sözlemi çeperleşdirmek, hemmelere mälim adaty zatlary üýtgeşik, owadan, täsirli edip aýtmagam – hut edebiýatyň niýetlenen esasy maksatlarynyňam, wezipeleriniňem biri.
Hekaýadaky gahryman aýtmyşlaýyn: “sözi zor oýnatmak” usuly bolsa, hemme döwürleriňem edebiýatynyň esasy serişdesi, häsiýetli alamaty bolandygyna “garamazdan :-)”, adamzadyň edebi-çeper sözüniň, sözlem çeperçiliginiň has düýpli özgermegi, 19-njy asyrda bolup geçýär diýseňem boljak.
Hut şol asyrda Ýewropa Renessansynyň, Wolteriň, Didronyň zamanasynda gämiklän tohumy gülleýär-de, fransuz edebiýatynyň 17-nji asyrda döreden “belletristika” (fransuzça: belles lettres — “nepis sözlülik”) adalgasy, Dýumaň, Zolýaň, Floberiň, Mopassanyň, Gýugoň, Dikkensiň, Şarlotta Bronteň, Gogolyň, Puşkiniň, Turgenewiň, Dostoýewskiýniň, Tolstoýyň, Jeýn Ostiniň, Tweniň we beýlekileriň döredijiliginiň täsiri bilen düýbünden täze, has düýpli mazmuna eýe bolýar. Dünýä edebiýatynyň özgermeginiň şol tapgyrynda-da, öň “güýmenje edebiýaty” diýlip hasaplanan belletristika, “belent edebiýat” derejesinde ykrar edilen, “çynlakaý (agyr) proza” bilen sazlaşykly sepleşdirilýär.
Maksadyň bu hekaýasynyň sözlem gurluş aýratynlygynda-da hut şo “nepis sözlüligiň” “agyr kyssa” bilen utgaşdyryş dessurlarynyň özboluşly ýüze çykmasyny görmek bolýar;

9.Hekaýada personažlaryň psihologizmi, anyk epizodda “gürleýän” (hereket edýän) gahrymanyň öz “içki menine” gümra bolmagy, onuň içini hümletmesi arkaly däl-de, dinamiki sahnanyň, gahrymanlaryň we hadysanyň hereketiniň üsti bilen ýüze çykýar. Ýogsa, adatça, awtor tarapyndan hekaýat etmegiň üçünji, waka neýtral şahsyň adyndan alnyp gidilmän, “men” diýlip, wakaň içindäki şahs tarapyndan “gürrüň berilmegi”, psihologizmi hut şol içki oý-pikirleri “itip öňe çykarmagyň” esasynda açmak üçin has amatly hasaplanýar.

***

Hekaýanyň baş ideýasy: Köpçüligiň içinde ýalňyzlyk!
Birneme, giňişleýinräk ýazylsa: äpet şäher, adamdan doly, ýöne şo giden adamlaň arasynda şahsyýet ýalňyz. Onuň öz köňlüniň iň gizlin jümmüşinde huwwalaýan arzuwam – ýazmak. Hut şol arzuwam amala aşmag-a beýle-de dursun, ol hatda özüne şol yhlasyna göwündeşem tapmandyr.
Onsoň durmuşynda ruhy hem ten sarsgyny bolup geçýär – ulag heläkçiligi, ýeke oglunyň tas agoniýa baryp ýetýän agyr keseliniň stressi – onuň psihikasy tap getirmeýär. Onsoň aňastaňy, onuň wysal bolmadyk yhlasyndanam oňa “dost” ýasap berýär: bir-ä şahyr, beýlekisem ýazyjy. Bu-da onuň üçin gudrat.
Şeýdibem ol ömründe ilkinji gezek, şol “dostlary” bilen oturyşýar, iç döküşýär, ajy tüssäň başynda “derdinişýär-de”, özüni basyp, mynjyradyp gelýän, onuň üçin diňe bergiden, aladadan, paşmadyk söýgülerdir, ynjamalardan, etmişlerden, hatalardan, hasratly geçmişden doly, daşy jäjek, içi möjek (bezemen söwda merkezler, dükanlar, serçemenlik) şäher-dünýäden birje gijäni hoşwagt geçirmek üçin ogurlap berýär.
Şol gije-de çirkin aýal gykylygy bilen tamamlanýar.
Omar özüni heläkledi-de, onam aýaly görgüli gördümi?!
Hekaýanyň sýužet mantyg-a (logikas-a) hut şuny salgy berýän ýaly. Sebäbi bu derejede, beýle çykgynsyz betbagt, üstesine-de aňy çydaman “döwlen” bende-şahsyýet üçin ony bu dünýäýe baglaýan rişde ýok ahyry.
Belki, hut şonuň üçin hekaýada aýaly görgüli Omara onuň çagasy bilen gelniniň bardygyny ýatladýandyr.
“Duşuşyk ýerini üýtgetmek bolmaz” filmindäki Jigarhanýanyň “janlandyran” ölmez-ýitmez “Küýkisi” diýýär-ä: “Aýaly aldap bolmaýa. Aýal ýüregi bilen görýä”. Şonuň ýaly, Omaryň aýalam onuň özüne erksiz, gammar halda nirä, näme üçin barýandygyny “ýüregi bilen görüp”, ony şu “şäher-dünýäde” saklamaga ýaraýjak ýekeje rişdäni – oglunyň hem gelniniň barlygyny – hödürleýändir...
Hemraň, Tirkişiň yşk, çagalyk, ýetginjeklik wakalarynyň hemmesem, olaryň “ýene-de daşary ýurda gitmek, düşewünt etmek we ş.m.” hakda pikirlerem – hemmesi Omaryň öz şahsyýetiniň parçalary. Şolardanam onuň aňastaňy özbaşdak şahsyýet ýasap berýär.
Ýöne, Hemra bilen Tirkiş, eseriň esasy personažy Omaryň hyýaly ipostaslary (grekçe: ipo-statis – astynda duran, “şahsyýetiň şahsyýet şekili” diýene çalymdaş düşünje) bolsa-da, olaryň her haýsynam indiwiduallaşdyrýan häsiýetler hekaýanyň sanhalarynda görünýär. Mysal üçin: Tirkiş garagol, oýunçyl, gep owadanlamagy gowy görýän, şony azda-kände başarýan, sangwinik psihotipiniň häsiýetli alamatlary bolan, özdiýenli adam bolsa, Hemra, melanholiklere mahsus lirizmi eý görýän, şahyrana, impulsiw hereket edýän, şol birwagtda-da dözümsiz adam. Omar bolsa, belli bir derejede egoist (mensöýer), egosentrizm alamatlaryny öwran-öwran ýüze çykarýan, gaharjaň, holerik psihotipine mahsus häsiýetleriň köpüsini özünde jemleýän indiwid.
Bu “üçlükdäki birlik” diýip atlandyrsaň boljak şahsyýetlerde-de, Z-Nesle (Generation Z) umumy mahsus, çakdanaşa ýiti kabul edijilik, şol sebäplem durmuşyň ähli zadyny teniniňem, ruhunyňam daşyndaky “ham örtügi” bilen däl-de, hut ýalaňaç nerw siňirleri bilen kabul etmek ukyby bar. Özüni Älemdäki Wajyplyk – hatda Asmandan (Kosmosdan) görünýän “atanak-nokat” hasap etmek, emma real durmuşyň munuň beýle däldigini her ädimde diýen ýaly patyladyp görkezmegi – bu Nesilde çensiz-çaksyz kanagatsyzlyk, ynam-umydynda, arzuw-yhlasynda aldananlyk, nädogrulyk duýgusyny döredýär. Şolam “Täze Dymmalaryň” (Z-Nesliň atlandyrylyşynyň bir görnüşi) daş-töweregini gurşaýan “şäher-dünýän-ä”, olaryň hyýalynda, depesinden hatda bulutlaram ýagmyr ýagdyrman “buşugýan”, mazmuny galybyna deň gelmeýän, galplykdan depme-dykyn gurşawa öwürýär, olaryň özlerinem betbagt, ýalňyz ýekemenlere.
Omaryň jemgyýet içre ýalňyzlygy – ýalňyzlyklaň içinde iň aýylganjy. Adaty ýalňyzlykdan kimdir birini hossar, dost, hemsaýa tutunyp, halys bolmanda eý görýän pişäňe, kitaplara berlip, dini ýola ýüz urup, sport bilen meşgullanyp we ş.m. üsti bilen, ýa halys bolmanda keýp-meýlisiň üsti bilen azda-kände halas bolup bolýar. Emma jemgyýetiň bipaýan biperwaýlygyna eýlenen doly şahsyýet ýalňyzlygyndan welin sypaýmak juda çetin.
Hasam, diňe bir “dostlaryň” däl, hatda saňa igenýän, seni halas etjek bolýan ýanýoldaşyňam, seniň ýarawsyz oguljygyňam, diri adamlar däl-de, birmahal göwresi ýere duwlanan, diňe ruhlary ýanyňdan aýrylmaýan salgymlar bolsa...
Şol, uka batdygyň, gulagyňda ýaňlanýan çirkin aýal sesem, ulag heläkçiliginde heläk bolan ýanýoldaşyň soňky gykylygy bolsa...
Omary duzlap-dograýan, ony aklyndan azaşdyrýanam ine şu zatlar: goly gandally äkidilip, soňam “süýri bolan merhum” görnüşinde “goýberilen” kakasy, diňlenmän, göwni ýykylan ejesi, aşyk bolup gowuşmadyk gyzlary, bihuda ýenjen deňdeşi, çagaka tuty otlap, gereginden artyk ynjydylan çaga, soň özüniň rehimsizlik bilen öte ynjydan oguljygy, ýazasy gelip ýazmazlygy, iň ahyrynda-da “dynç alyş” diýip, öz şahsy egoizmi zerarly dünýäde iň gymmatly hazynasy – aýaly bilen ýeke çagasyny, ojagazyň ýarawsyz halyna garaman terezä mündürmegi.
Onsoňam, giden ynsan tragediýasynyň gussaly nagşyna inçe çitim bilen örülen, gündelik durmuşyň igledip barýan, gaharyňy gyjyndyryp durýan uşak-düşeklikleri – Pylan kakasynyň hem onuň ogullarynyň zabunlygy, ony işledip-işledip ahyrynda-da bergidar edilip aňňalak gapdyrylmagy, okuwa girip bilmezligi, otludaky, myhmanhanadaky tersalyklar, onuň boýy bilen bergidar halda jaý edinmegi... – bulaň hemmesi tüýs durmuşdan alnan, hemmelere-de täsir edýän, günde-günaşa diýen ýaly sataşylýan jikme-jiklikler.
Şu zatlaryň hemmesi birleşibem ynsanyň şahsy şumtäleýliginiň tamam-tepbet çykgynsyzlygyny emele getirýär.
Tutuşlygyna-da hekaýa gam bilen gussadan, alada bilen iňkisden, içki ýalňyzlykdan, sermeleý-sermeleý “şäher-dünýäniň” hiç künjeginden özüňi tapmazlykdan ýugrulan ýaly.
Tutuş hekaýanyň dowamynda awtoryň ysgynsyzja ýylgyrmaga bahana berýänje ýeke ýer-ä, Omaryň: “gap ýapyny” diýýän ýeri bolaýmasa, bu eser bütewiligine şar-gara duýgy öwüşginini emele getirýän sahnalardan düzülen. Sähelçe umyt uçgunjygyny döredýän zadam, umumy hekaýanyň adynyň “Çilnen gije” bolup, Omaryň bu tükeniksiz keç ykbalyndan, iň bolmanda aklynyň üýtgäp, özüne hyýaly, ýok-hemsaýa oýlap tapynyp, “gök otlukdaky atanak bolup görünýän üç nokat” sypatynda süýnüp, tüsseleşip ýatmak üçin, birje gijäni “ogurlap” alyp bilýänligi. Emma bu umyt uçgunjygam umytsyz çykgynsyzlykdan püre-pür – lül-gammar, ýalňyz däliniň ýok bagt gijesi...
Hatda, Tirkiş/Omaryň kitaphanadaky gyz bilen dialogam, bujagaz ýagty epizodyň ahyrynyň näme bilen tamamlanjakdygy, ol eýýäm başlanmanka bes-belli bolansoň, ýapon gurjak teatry – bunrakudaky ýaly, hesret perdesiniň aňyrsynda oýnadylýan şadyýan gurjaklaryň kölegesine tomaşa edilendäki deý duýgyny emele getirýär. Hut şonuň üçinem baş gahrymanyň takdyry okanyňda haýykdyrýar.

***

Bellikler: Hekaýa, ýokarda-da “hetjiklenişi” ýaly, okap bolanyňdan soň çensiz-çaksyz umytsyzlyk duýgusyny döredýär. Ol şeýlebir garaňky duýgulardan eýlenen welin, onda durmuşa, geljege bolan umyda dynnym ýalyjagam yş goýulmandyr.
Munuň ýaly äheňdäki eserler mergiden, mamadan, garahassalykdan, açlykdan, uruş-weýrançylykdan, mülkdarlaryň, agalyk ediji gatlagyň wekilleriniň diýdimzorlugydyr, eden-etdiliginden, garyplykdan, nadanlykdan, köre-kör ynançlara eýlenen dini sabyrsyzlykdan, jebir-sütemden... dos-doly, Dýureriň “Magşaryň dört atlysynyň” şapadaňlap çapyp barýan giçki orta asyrlarynda emele gelen barokko edebiýatyna mahsus.
Ýa-da, şeýle eserler, estetizm (gözellik, gözellikden “keýp gapmak” :-)), ahlagyň islendik formasyny inkär etmek, “tükenen” indiwidualizm duýgularyna, şolardan dömen neşekeşlikdir arakhorluga, heleýbazlyga eýlenen, Birinji Jahan urşunyň, soň rus ynkylaby bilen raýatlyk urşunyň, arasynda-da ispanka gyrgynçylygynyň gyrha-gyrlygyny, birdem öňünden syzmaklygyň hem-de bu ägirt, ýuwdarha hadysalaryň öňündäki ejiz alaçsyzlygyň soňsuz göwnüçökgünligine ýugrulan, mergidäki meýlise çalymdaş dekadans döwrüne (19-njy asyryň ahyry, 20-nji asyryň başy) has häsiýetli. Mysal üçin: A.Çehowyň özüni hiç kese gerekmez duýýan, hemme zatdan göwni geçen garry professor hakyndaky “Tukat taryh” (Скучная история) atly powestem, hut şu kysymdaky, iňňän lapykeç eserleriň biri.
Dogrusy, çeper edebiýatda umytsyzlygyň beýan edilişem hil-hil bolýar. Mysal üçin: Çingiz Aýtmatowyň “Asyrdan-da uzak gün” romanynyň baş gahrymany Ýedigeý, pynhan aşyk bolup ýören Zaripasynyň, çagalary bilen başbitin göçüp gidendigini eşidende, gahardyr-lapykeçligine bäs gelip bilmän, gije, gar basan çölde, özüniň başbermezek ineri Garaneri ýençýär. Iner ony garyň üstünden süýräp esli äkidýär. Soňam owsaryň ýüpünden elini zordan sypdyran Ýedigeý, garyň üstünde galýar. Onuň şol ýerdäki perişan halynyň suratlandyrylyşam, umytsyzlygyň, betbagtlygyň aňrybaşy çeper şekilleriniň biri. Emma, awtor, gahrymanyň bu tükeniksiz garamaňlaý umytsyzlygyna-da, nähilem bolsa birhili geljege umyt, mundan beýlägem ýaşaýyşy dowam etdirmäge güýç-gaýratyň bardygynyň, galandygynyň öwüşginini çaýmagyň, şol öwüşginem okyjyň aňyna ýetirmegiň hötdesinden gelipdir.
Elbetde, hemme awtor mydama “heýjanelek režimde” eser döretmeýär.
Olam adam.
Onam depressiýa-da, durmuş aladalaram basmarlap biler.
Ýöne, adatça, “Dert beren Alla dermanynam berýär” diýlişi ýaly, durmuşda nähili çuň gorpuň düýbüne gaçsaňam, ilki bilen-ä, öňem biri aýtmyşlaýyn: “aşagyňdan tyrkyldadýarlar”. Soňam hökmany ýagdaýda umyda, çümmüjek-de bolsa nurana geljege dynnym ýalyjagam bolsa ynam-yşy açylýar.
Ýa-da diriligi juda eý görýän ynsan köňlüniň özi özüne şol yşjagazy tapyp berýär.
“Dile geldi, bile geldi”, anekdot:

Bir bendäň halys ugran ugry gömlüp, göreni görgi, edeni bergimiş. Onsoň bir gün ol, öz garamaňlaýlygyndan tükezziban bez bolup, özüni asmakçy bolupdyr. Üçekden sallanýan çyra simine ýüp dakypdyr. Oturgyjy astynda goýubam, syrtmagy boýnuna geýipdir welin, birdenkä, şifonýeriň üstünde, düýbünde birje owurtlyk arak galan çüýşe gözüne iläýipdir.
“Äl-aýt, barybir öljek bolsam, gel-aýt şunam içeýin-de, onsoň öläýin-laý!” diýen pikirde ol, syrtmagy aýryp, aşak düşüpdir. Soň çüýşäni alyp içipdir. Içensoň, tüsseläsi gelipdir. Çilim ýok. Onsoň: “Tapawudy näm-aý? Barybir öljek bolsaň...” diýip, gidipdir-de zibilbedreden çilim galyndysyny getirip, çekipdir. Ajy tüssäni içine sorup oturşyna-da, aragyňmy ýa tüssäňmi täsiri bilen, sähelçe köşeşipdir. Onsoň ysgynsyzja-da bolsa göwnühoş hüňürdän bolýamyş:
-Heh! Herniçigem bolsa, durmuş-a assa-ýuwaş düzelişýärem-aý... :-(

Sözsoňy deregine: Yslamda umytsyzlyk agyr günäleriň biri hasaplanýar.
Hatda Allatagala şirk ýetirmek derejesinde.
Sebäbi umyt, imany bolan ynsany hiç haçan terk etmeli däl. Allatagala umydy ynsana bagyş eden. Hatda dowzahyň azabam ahyrynda, günälerden saplanandan soň, musulman bendeleri üçin behişt bilen tamamlanmaly.
Keremli Alla günämi ötsün, belki şonuň üçindir, bitiren hyzmatlarynyň serpaýy hökmünde “Allanyň Ýeňijisi (Serkerdesi) – Azazyl (Azyz-ul-Alla)” unwanyna (titulyna) mynasyp bolan, sarpaly perişde, Biribaryň erkine garşy gidip, pitneçi käfirlige ýüz urandygy zerarly, Jennet-ul-Bakydan lagnat daşy ýagmyrlanyp kowlandan soň, “Iblis – Göwnüçökgün, Umytsyz, Ýalňyz” ady bilen tagmalanandyr.
Muny näme üçin ýazdym, bu ýere dini garaýşy getirmek nämä gerek?
Ilki bilen-ä maglumat üçin.
Galyberse-de, iki sany aýtgy bar.
Birinjisi: “Ýazylan sözi palta bilen çapyp aýryp bolmaz”.
Ikinjisi uzynrak, sebäbi F.Nisşäňki :-) : “Kim nägehanlar bilen söweşýän bolsa, özüniňem nägehana öwrülmeginden ätiýaçly bolmalydyr. Eger-de sen girdaba uzak seretseň, onda girdabam saňa seredýändir” (Wer mit Ungeheuern kämpft, mag zusehn, dass er nicht dabei zum Ungeheuer wird. Und wenn du lange in einen Abgrund blickst, blickt der Abgrund auch in dich hinein).

Awtora üstünlikleri, galamynyň ýörgür bolmagyny hem-de ähli ýagşy zatlary arzuw etmek bilen!

© Serdar ATAÝEW

-----------------------------
Çilnen gije]Maksat BÄŞIMOW. ÇILNEN GIJE. Hekaýa
-----------------------------
Bölümler: Edebi tankytlar, seljermeler | Görülen: 182 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Maksat Bäşimow, Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.8/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 janjennet • 01:49, 18.01.2024
edebi seljermelerden gaty köp zat öwrenip bolýar. Serdar aga köp-köp minnetdar(okamakam aýdýan da) :)
avatar
0
2 janjennet • 02:10, 18.01.2024
kä ýerlerde öňki hekaýalara gönderme(türkmençesiniň nämedigini bilmedim) bar ýaly gördüm hekaýa da. Dili "äý men-ä ýazybam ýörmäýin"-diýdirdi
avatar
0
3 Mekan • 06:40, 18.01.2024
Serdar aga gyzykly seljerme yazypdyr.

Göwrümi eseriñkiden kiçi däldigi seljerijiñ çyny bilen iş edineniniñ alamaty.

Ýöne Serdar aga bilen pikirlerimiz, köp babatda, gabat gelenok eken. Esasanam şu ýeri

Hekaýadan geçen asyryň segseninji ýyllarynyň ahyrynyň, togsanynjylaňam başynyň türkmen prozasynyň ysy gelýär.

Serdar aga - aýakly ensiklopediýa ýaly, tüweleme. Köp okany/okaýany bildirýä.

Üstünlik.
avatar
0
4 sussupessimist • 09:34, 18.01.2024
Seljermäňiziň obýekti edip eserimi saýlanyňyz üçin minnetdar. Gyzykly analiz, çintgäp okapsyňyz. Ýazan eseriňe başga, özüňe düýbünden nätanyş adamyň gözi bilen seretmegem gyzykly eken. Gowy bellikler edilipdir. Ünsli okyja aýratyn hormat goýýan.
Pikirleriň käsi bilen ylalaşman bolar. Käbir zatlar subýektiw garaýyş bolup galar, ýöne dünýäde näçe pikirlenýän adam bar bolsa, şonça-da garaýyş bar.
Z-Nesil barada - bu hekaýaň gahrymanlary zumerler (1997-2012 ýyllar aralygynda doglanlar) däl, ondan öňki Y-Nesil (mileniallar, 1981-1996). Ýeri gelende, OM-daky awtorlaryň hemmesem millenialdygyny aýdaýyn (hernä Umyt Küle-de iň soňunda doglup ýetişipdir:)

Grammatik säwlikler aňsatjak düzedip bolýan zat bolany üçin, olar teswirde görkezilse-de ýeterlikmikä diýýän, seljermäň içinde ünsüňi sowanyňa degenok.
Ýigitlere «menem ýazýan» - Ýigitlere: «menem ýazýan» (başganyň sözi bilen bagly iki nokat goýulmadyk ýeri başga-da käbir ýerlerinde bar eken) - şu welin ýörite edilen. awtor punktuasiýasy. Saramagoň "Körlügi" ondanam beterdir :)

Hekaýanyň 2019-njy ýylda ýazylanlygynam belläp geçeýin, ýöne henize çenli hiç ýerde paýlaşylmandy.
avatar
0
5 Мango • 09:57, 18.01.2024
nomur 4, sussupese.
"...(hekaýa) henize çenli hiç ýerde paýlaşylmandy."
@pero hem agzaýdy ýaly, ine siziň bu sözüňizden soň menem agzaýyn, belki ilkinji gezek paýlaşylýan eserleriň ýokarjygyna "ilkinji gezek "edebiýat kafesinde" paýlaşyldy" bellijegini goýmalydyrys.
hemem ýylyň jemini jemlejek baýragymyzy kesgitlemägede peýdasy boljak.
avatar
0
6 sussupessimist • 10:06, 18.01.2024
Belki, bir söz bilen Exclusive diýip ýazmalydyr?
avatar
0
7 Lacrymosa • 10:10, 19.01.2024
Exclusive diýils-ä dogry hem gowy boljak eken. Suratyň gyrajygyna ýazyp bolmazmyka şony.

Onsoňam Serdar agaň şun ýaly edebi seljermelerinde Maksat Bäşimowyň ,,Çilnen gijesiniň" mysalynda biziň ýazanlarymyza-da degişli zatlary aýdýanlygy bilen ähmiýetli we maňa-ha özüni okatdyrýar. Şoň üçin sagbolsun, wagt tapyp pikirini aýdýany üçin Alla ondan razy olsun!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203