21:50 Zenan derwüş / kiçijik poema | |
ZENAN DERWÜŞ Bagyşlama Goşgularny okap, ýüregim gyssa (Mynasyp bolsa-da ady dessana), Gussa güllerinden bogup bir kyssa, Iberýärin şahyr Şähribossana. | Aga çalym edýär onuň aýdymy, Ýylgyrşynda egsilmejek gussa bar Hem kalbynda dünýäň däli jadysy — Setirlere siňip giden kyssa bar. Bilmedim men, ol dünýäden doýdumy, Bar baýlygy onuň — ýeke kitaby, Ýüzünden pikirin aňmak mümkin däl, Ýogsa solgun ýaňak ähli nikaby. Onuň gülenini gören adam ýok Hemem eşiden ýok onuň agysyn, Her diňläni aňk etse-de sözleri, Diňe özi bilýär olaň manysyn. Ýa pelek gargady oň ykbalyna, Ýa ol täleýine bolmady kaýyl, Ony görmedikler uly armanda, Görenler ýene-de görmäge maýyl. Kimler onuň sözleriniň aşygy, Kimi aşyk edýär onuň owazy, Onuň bolsa kişi bilen işi ýok — Dahanda kyssasy, elinde sazy: Derwüşin birinji aýdymy Çölde söhbet guran alaňlar bilen, Dagda gaýalary edinen hemra, Bu gün meň daşymda hozanak bolan Bu kölgesiz şemal näm hilen gümra? Gidenleň işi ýok galanlar bilen, Gitjegin aňmazlar husyt aýata, Göwünleri şu şemalyň aşygy, Arzuwlary sygmansoň dört haýata. Ah, şemal, aýt, hany seniň gözbaşyň? Ony adamlara bereýyin salgy, Belki, seniň bilen berkarar tapar Adamyň hiç zatdan doýmajak kalby? Näbileýin, bulutdamy mesgeniň Ýa-da bulutlaryň özüňmi şasy? Bu gün gaçyp gelip meniň huzurma, Tutýanyň nämeleň ýa kimiň ýasy? || Dert tapynan barýar onuň ýanyna, Onuň bolsa özi dertden ýasalan. Mümkin, şonuň üçin onuň dogasy — Goşgulary — ähli emi hassalaň? Ozi otursa-da gowagyn yklap, Sözleri — senasy iliň dilinde, Kim oň owazasyn arşa göterse, Gybat edýär kemal tapan kä bende: "Kim ol? Arwahmy ýa arwahyň ýary? Nirden gelip düşdi biziň zamana? Bar kişini mahluk bilen deňeýär, Ýeke özi adam ýaly hamana!" Onuň bolsa kişi bilen işi ýok, Dahanda sözleri, elinde sazy, Aýdymlaryn diňlese-de bir daglar, Il agzyndan eşdilip dur owazy: Derwüşiň ikinji aýdymy Mahlukmydyr bir mahluga ýar bolan? Mahlukmydyr şol ýarlardan dogulan? Çaga entek bu dünýäge gelmänkä Parhyny agtarlar: gyzmy ýa oglan? Eý, Taňrym, söýgi nä söz bilmedige, Aňmadyga däli deňziň hyjuwyn? Bu gün wysal tapýar, keýpe getirip Oglan gyzyň, gyz oglanyň gyjygyn. Eý, Hudaý, eý, Hudaý, bu nä zamana?! Menem boldum şu zamanaň şaýady! Keýpde bolsa söýgiň ähli jadysy, Şükür, menden sowlup geçdi şo jady! ||| Yşkdan ýanypmy ol, ýakypmy yşky? Zeýrenýärmi, gargaýarmy, käýinýär? Adamlaram şo-ol ýanyna gatnap ýör, Ýöne barmyka bir oňa düşünýän? Derwüşiň soňky aýdymlaryndan bölekler Gaçyp gutulmadyk kowup ýetmegeý! Dabanym bişipdir, gaýnapdyr depäm! Bilenim ýagşymy, bilmänim ýagşy Eşretin, hesretin ol gyzyl kürtäň? * * * Gaçyp gutulmadym gara gowakda, Sürnüp dir munda-da bagty ýatanlar, Ertir gelip şu gowaga ýykyljak Bu gün garalykdan bagtyn tapanlar. * * * Mollasy aşnamy, müftüsi ýaran? Bihudasy päkmi, hapamy mümin? Ussa şhirdine görip mahaly, Şägirdiň päkligne ynanmaklyk kyn. * * * Berenin alynça garaşmak — jeza! Menziline ýetmän geçdile meňkem! Ýeke özüň ýaşaýarkaň dünýäde, Tapawudy näme: artykmy ýa kem? * * * Hoş gal, belki, duşuşarys ýene-de, Bilýän, küýsär meni ser giden seriň, Ýöne biziň duşušugmyz, eý, myhman, Duşuşugna meňzär kör bilen keriň. IV Hawa, onuň kişi bilen işi ýok, Ýöne bar aýdymy — iliň gürrüňi. Düşünip bilmedim: öz derdi känmi Ýa-da oňa iliň güni görgümi? Ýusubyn direldip, iberse Kengan, Belki, şonda bagtly bolar ol zenan? 25.06.93. © Çary ATAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 12 | |
| |