Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:00
Beýik köñle syhahat / romanyň dowamy
BEÝIK KÖŇLE SYÝAHAT / suratda: Nury Halmämmedow

Daýna jennet burçy /2 dowamy

Gündogardan günbatara baka akyp barýan dag derýasy Sumbar öz suwunyň kuwwatyna daýanyp, kä sag kenara, kä çep kenara agyz urup, toprak bolsa ýuwup-eredip barýar. Kä ýerlerde ýylçyr daşly gaýalara urlup, hökmi ýöremänsoň, näme etjegini bilmän, bulanyk suwuny syçrada-syçrada ýene hanasyna girip gidýär. Sumbaryň iki tarapynda ak derekler, toraňňylar topar-topar, hatar-hatar bolup derýanyň owazyny diňläp otyr. Derýa bolsa her öwrümde, her inişde başga-başga sazlar çalyp akyp ýatyr. Bu derýanyň ir baharda, ýazda-güýzde, aňzak gyşda çalýan sazlarynda-da parh kän. Şeýle owazly-sazly derýanyň sag boýunda kiçijik oba otyr. Hozlaryň, armytlaryň, seleňläp oturan böwürslenleriň arasynda gurlan pessaýrak öýleriň ýany bilen iki ýana aýlanyp-öwrülip ýatan ýol-ýodalaryň käbiri kiçeňräk baýyrlara, depelere-de dyrmaşyp gidýär. Ol taýda-da öý gurup, gün dolap oturanlar bar. Ho-ol uzakdaky daglaryň bilinde-başynda bolsa gögerip oturan arçalar görünýär. Ol arçalar her adamy görenlerinde gorka-gorka ýygrylýarlar. Iru-giç eli paltaly biri gelip, sütünine palta uraýjak ýaly duýgy olary ers-mers ösmäge goýanok.
Bu oba Daýna diýýärler.
Eger asfalt ýol bilen gitseňiz, Aşgabatdan Gyzylarbada-Serdara iki ýüz kilometr gowrak ýol geçmeli, soňra daglaryň arasyna siňip gidýän ýol bilen Garrygala-Magtymgula barýaňyz. Bu aralygam ýakyn däl, dag ýoly. Onsoň Garrygaladan Sumbar jülgesine baka ýola düşüp, Sumbary yzarlap ýokary gidiberýäňiz, kiçijik-kiçijik dag obajyklarynyň deňinden geçip, ýüz kilometrlik ýoly arkada goýaňyzsoň, soňky oba Daýna bolýar. Sumbaryň iň dury suwuny içýän Daýnalylardyr.
Gökdepe söweşinden soň ruslar söweşde özüni görkezenleri oňa-muňa göçürip, basyp alan ýerlerinde halka salgydy güýçlendirýär hem-de Eýran bilen araçäkleri berkidip başlaýar. Üstesine-de ýerli halkda dini başganyň gözünden daş bolmak meýli artyp başlaýar. Daýnaly ýaşulularyň gürrüň bermegine görä, 1882-nji ýylda Daýna göçülip gelnipdir. Ruslar Sumbaryň sag kenarynda o töwerege gözegçilik etmek maksady bilen zastawa gurýarlar. Ol zastawany iýmit, odun-çöp bilen üpjün etmek üçin daýhan zerurlygyny bolsa şol göçüp baran Daýnalylaryň üstüne atýarlar. Aýdyşlaryna görä, Daýna göçüp baranlardan salgyt alynmanmyş, olar patyşa gullugyna çekilmänmiş. Onsoň ol erkinlik ýerli halky biraz ynjaldypdyr. Eýran tarapynda galan garyndaşlar bilen gatnaşyk üçinem bu taýy amatly ekeni. Ol döwürler bu jelegaýlaryň tebigaty gaty gözel ekeni. El degmedik sümme tokaýda adamyň gujagy ýetmejek arçalar, serwiler başyny dumanladar oturar ekeni. Ygal köp bolany üçin tozap ýatan boş ýer görünmezmiş. Üstesine-de bu taýdaky tokaýlaryň arçalary dürli-dürliligi bilen geň galdyrýan ekeni. Miweli agaçlaram gaty kän. Nedir Döwletow diýen bir Daýnaly ýaşulymyz, Nury Halmämmedowyň synpdaşy söz arasynda agzanda derek, toraňňy, arça, serwi, igde, armyt, söwüt, alma, hoz, ülje, alça, wişnýa, garaly, böwürslen, badam, ennap, tuwulga ýaly irili-ownukly agaçlary agzady. Gyrymsylar näçedir, otlar näçedir?! Akademik Wawilow ylmy gözegçilik edenden soň, o jelegaýlary dünýäniň gaty gadymy we iň köp dürli ösümlikli ýeri diýip kesgitläpdir. Ösümlik dünýäsiniň baý bolşy ýaly, o döwürleriň haýwanat düýäsi hem gaty baý ekeni. Ýabany haýwanlar el degrilmedik meýdanda hezil edinip ýaşapdyrlar. Daýnalylar ol töwereklerde aýy, gaplaň, gurt, tilki, şagal, syrtlan, doňuz, torsuk, ýabany pişik, alajagözen, ýabany ýaby ýaly haýwanlaryň ellinji ýyllarda-da kändigini aýdýarlar.
Daýnalylar göçüp baranlaryndan, däne ekinine köp üns beripdirler, esasanam bugdaý bilen arpa köp ekipdirler. Elbetde, o topragam däne üçin gaty amatly ekeni.
Daýna sözüniň manysy nämäni aňladýarka?
Bu sözüň ylmy taýdan derňewine duşmadym. Emma Daýnalylaryň özi muny däne sözi bilen baglanyşdyrýarlar. Ol taýda däne köp ýetişensoň, däne sözi köp agzalypdyr. Orslar bolsa däne sözüni edil türkmenleriň aýdyşy ýaly aýdyp bilmän, dana, daýna diýýän ekeni. Onsoň ors harbylary ol ýer bilen bagly dürli ýazgylarda-da Daýna diýip ýazyp başlaýarlar we ol soňra obanyň ady bolýar galyberýär. Emma Daýnada ýaşaýan, Moskwada ýokary bilim alyp gelen, ömrüni mekdep mugallymy, müdiri bolup işlän ýaşulymyz Işanguly aga Daýna sözüni başgaça düşündirdi. Ors esgerleri ýoldan geçenden : “Nirä barýaň?” diýip soraýan ekeni. Türkmenlerem daýyma, daýymyňka diýýän ekeni. Onsoň orslar o sözleri Daýna diýip ýazyp başlanmyşlar.
Daýna sözüni düýpden başgaça düşündirjekler hem tapylar. Daýna obasynyň käbir aýratynlyklaryny hem aýdyp geçeýin.
Bu oba türkmençiligiň iň gowy däplerini saklap otyr. Myhmansöýerlikleri çyn ýürekden. Özleri hem örän açyk, türkana adamlar. Öz bolşuny üýtgedip görünjek bolýanlardan däl. Men olaryň özüni alyp baryşlarynda hiç ýasamalyk görmedim. Özüni kiçeltme hiç ýok. Olar öz sarpasyny hem, özgäniň sarpasyny hem saklamagy başarýarlar. Başga bir ünsi çeken aýratynlyk ─ Daýnalylar örän ýuwaş sesli sözleşýärler. Muny birinji gezek duýaňda haýran galýarsyň. Beýle ýuwaş gepleýän oba Türkmenistanda başga bardyr öýdemok. Bu obada ýuwaş geplenýäniniň sebäbini, bu gylygyň nädip döränini hiç bilip bilmedim. On kilometr beýle ýandaky obada we beýleki ýakyn obalarda gaýta adatydan gaty geplemek gylygy bar. Daýna barsaň, seni ýadyrgar ýaly etmeýärler. Öňden bäri gatnaşyp ýören ýaly ahwal döredýärler. Bu tapawut hem seýrek duşýan bir zatdyr. Üstesine-de Daýnada bir-birege baglylyk, birek-birege ýardam-kömek bermäge taýýarlyk, yhlaslylyk gaty güýçli ekeni. Beýle gylygyň nädip şu günlere çenli mizemän saklananyna haýran galýan. Belki, Daýnalylaryň gaty pukara ýaşaýandyklary munuň bir sebäbi bolup biler. Özleriniň pukaralygynyň sebäbini olar şeýle aňladýarlar: “Daýnalylar şu günlügini tapsa, ertiriniň gaýgysyny edýänlerden däl. Adama agyz beren Alla azygam berer.”
Daýnada it az, bolany hem üýreýin, topulaýyn diýenok. Bu ahwalyň hem manysy köp. “It eýä, är daýa” diýip, türkmen aga aýdypdyr. Oba adamlarynyň ýumşak gylykly, ýagşy niýetlidigini şol itleriň bolşundan hem bilibermeli.
Bu obada eşekler iň köp ulanylýan ulag, özem ol eşekleriň gaty ownuklygy geň galdyrýar. Daýnanyň eşekleri adaty eşekleriň kürresi ýaly görünýär. Ýük çeke-çeke tohumy ownana meňzeýär. Iki flýaga suwy ýagyrnysyna alyp ỳa-da üstüne ýüklenen odunyň aşagynda zordan görnüp, inçe aýaklaryny sandyradyp barýan eşekleri köp gördüm.
Daýna obasynyň baş tapawudy-bu obanyň aýal-erkek, ähli ynsanynyň şahandazlygy. Olar şahandazlyga uly hormat goýmany hem başarýarlar. Şondan bolsa gerek, olar özleriniň Daýnalydygyna çuň ýürekden guwanyp ýaşaýarlar. Daýnada bir sygyr molasa-da aýdym ýaly eşidilýär. Dogrusy, şu obada sygyrlaram aýdym aýdýan ýaly görünýär. Şeýle obadan uly-uly adamlar, tutuş ýurda, dünýä belli adamlar ýetişipdir. Olary Daýnalylar hiç-hiç unutmaýarlar hem-de olar hakda uly buýsanç bilen gürrüň berýärler. Daýnalylaryň, ähli türkmeniň iň beýik buýsançlarynyň biri hem Nury Halmämmetdir. “Men Nury Halmämmediň obasyndan” diýmek, iň bagtyýar sözleriň biridir.

Ynha, şu obada Atanepes bagşynyň üç ogly, bir gyzy ýaşaýardy. Olaram aýdym-saza ýakyndy. Atanepesiň Annahal diýen ogly has meşhur bagşydy.Oňa Bilbil bagşy hem diỳer ekenler. Atanepesiň gyzy Artykgül daýza bolsa zenan aýdymlaryny aýdýan ekeni, arasynda goşgy okaýan ekeni. Artykgül daýzanyň özi hem goşgy düzýän ekeni. Onuň goşgularyny obadaşlary häli-häzire çenli aýdyp berýärler.
Keminäniň adyna berilýän “Salma gözüňden” diýen goşguda aýdylýan “Daýnanyň öňüniň beýik arçasy” diýen setirler hem aslynda Artykgül daýzanyň düzen goşgusy bolmaly diýip Daýnalylar aýdýarlar. “Kemine 1770-1840-njy ýyllarda ýaşap geçen adam, Daýna obasynyň bolsa o zamanlar ady ýokdy, ýaşaýjysyz bir ýerdi. Daýna 1882-nji ýylda göçüldi ahyry” diýip, Daýnalylar öz ynamly delillerini aýdýarlar.
Şahyr hem aýdymçy Artykgül daýzanyň Hangül diýen gyzy bar ekeni. Hangül orta boýly, boýy bilen deňeçer gara saçly, ullakan ala gözli ,bugdaýreňk, örän mährem bir gyz bolup ýetişipdir. Umuman hem, Sumbaryň suwuny içenleriň özboluşly bir gelşikliligi, sagdyn görünmesi, mylaýymlygy bar. Hangüliň üýtgeşik bir gözelligi diňe ol obada däl, beýleki obalarda-da bilnipdir. Onsoň öýlenmedik ýigitleriň baş arzuwy – Hangüle öýlenmek bolupdyr. Mynasyp hem, mynasyp däl hem Hangüli duluna geçirmäge meýil edipdir. Näme bolany belli däl, ýöne soňunda, Aý bölegi ýaly Hangüli Hanmämmet diýen bir ýigide durmuşa çykarýarlar. Hanmämmedi görenler onuň bir gözi güllüdigini, şoňa görä Hanmämmet kör diýlen lakamlydygyny aýdýarlar. Emma Hanmämmediň gözüniň öýlenmänkämi ýa öýlenenden soň gülli bolanyny bilýän ýok. Her niçik bolsa-da obadaşlar Hanmämmedi şeýle gözel Hangüle mynasyp görmändirler.
Hangüliň gözelliginiň ýanynda Hanmämmediň kemsinýänligi belli bolupdyr. Bir-birege bal bilen ýag ýaly gatyşyp gidibermänini ýaşlaryň özi hem duýupdyr.
Şonda-da türkmen gelin-gyzlarynyň gadymdan gelýän däplerine görä, syr bermezlik, özüňi mydama elde saklamak endigi Hangülde-de bar ekeni. Olaryň ilkinji perzendi Baýly, soň Artykgül, Aşyrberdi, Begmämmet dünýä inýär. Çaga dograny üçin Hangülüň gözelligi kemelmeýär, gaýta oňa täze bir gözellik suwy çaýylan ýaly bolýar. Elbetde, gözellik ähli ýerde söýülýär, ähli ýerde göriplik, görübilmezlik, gözellige çirk ýetirjek bolmak ýaly duýgulary hem döredýär. Hanmämmet bilen Hangülüň ojagyna ýaman niýet bilen bakanlaram tapylyp başlaýar. Emma bäşinji çaga ─ Nurynyň dünýä inmegi bu ikisini ysnyşdyrýar. Ikisi bir ogluň üstünde kökenek bolýarlar. Öýlenen günleriniň yz ýanynda Hanmämmetde dörän gabanjaňlyk hem ýitip gidýär. Är-aýal bir-birege şeýle bir öwrenişýär weli, hat-da bir-biregiň ýüz keşbi hem ünsden düşüp gidýär. Şol günleriň birinde oba toýunda gelin-gyzlar bir öýe üýşüp, gopuz çalýarlar, läledir öleň aýdýarlar, birki sany gyz heňli goşgy okaýar. Bularyň arasynda oturan Hangülem birden joşanyny duýman galýar. Hangüliň ýüreginde gaýnaý-gaýnaý mumyýa dönen, möwjügen duýgular şeýle bir owaz bilen, şeýle bir näz bilen akyp-çogup başlady.

Dowamy bar...

© Oraz YAGMYR
Bölümler: Romanlar | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Oraz Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203