Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:44
Beýik köñle syýahat / 5
BEÝIK KÖÑLE SYÝAHAT

Atamyz armyt, enemiz hoz
Atasyzlyk, enesizlik, üstesine-de açlyk çagalaryň çagalygyny elinden gaňryp alyp, olary kiçijik boýlyja uly adamlara öwürdi. Daşyndan gaty ýuwaşja görünýän Nury hem oglanlaryň yzyna düşüp kolhozyň hozundan ogurlamaga gitdi. Garawul görünmedi. Oglanlar jübülerine, köýnegiň içine hoz salyp, beýleräkde bir bukuja ýerde, heniz bişmedik hozuň daş gabygyny zordan aýryp, ellerini ýüzlerini garaldyp, hoz döwüp, iýip hezil edindiler.
Garyn doýsa, dünýä düzelýän ekeni. Oglanlar garawulyň ýoklugyna begenişip gelişlerine Nurylaryň köne mellegine, Baýlynyň armydy diýilýän ýere geldiler.
Nurynyň atasy Baýlynyň ekip giden armytlary has üýtgeşik miwe berýärdi. Entek bişmedik bolsa-da oglanlar armytlary ýolup-ýolup iýýärdiler. Bir gezekki armyt iýişlikden soň, dymmaja Nurynyň başyna bir pikir gondy. Onsoň ol bir armydyň sapagyna kendir ýüp daňdy-da aşagyndan ýol geçýän bir toraňňa mündi. Eýläk-beýläk bakyp uzak oturdy. Ahyry bir ýaşuly eşek üstünde zordan oturyşyna toraňňynyň aşagyna geldi weli, Nury maýyny tapyp, ýaňky sapakly armydy aşak sallady. Armyt eşeklije ýaşulynyň silkmesine düňk etdi weli, o ýaşuly tisginip, elini telpegine ýetirdi. Nury hezil edip ýylgyryp, armydy ýokary çekdi. Bir salymdan bir garryja mama zordan ýöräp toraňňynyň aşagyna ýetende Nury ýene armydyny sallady. Bu gezek mamanyň başyna degmän onyň çignine degdi. Mama armydy görüp galdy-da: “Toba etdim, Allajan, toba etdim. Gözüme görünýän zat ýagşylyga bolawersin. Özüň penaňda saklaweri, Allajan” diýip samyrdap gitdi.
Nury geçegçä garaşyp uzak oturdy. Ahyry, ýadap, ajygyp agaçdan düşdi. Ýene Baýly atasynyň armytlarynyň birine mündi-de, birküç sany armyt alyp düşdi. Şo mahal beýle ýandan geçip barýan ýaşulyny görüp tisgindi. Ýaşuly
kolhoz bagynyň garawulydy. Ol Nura ýakyn gelip durdy.
─Hany, aýt bakaly, hoz ogurlaňda ýanyňda kim bardy?
─Hiç kim.
─Indi hoz ogurlama, eşitdiňmi?
─Men ogurlamadym-a.
─Ýalan sözleme. Hoz ogurlamadyk bolsaň, eliň garasy nireden geldi. Alty oglan bolup baranyňyzy görüp otyrdym. Degmäýin-le, aç çagajyklar bir gezek garnyny otarsynlar diýdim. Indi barsaňyz, syrtyňyza ot basylan ýaly ederin.
Ýaşuly gitdi. Nury bolsa eliniň garasyny häzir görüp, geň galyp, ýaşulynyň yzyndan garap galdy.
Nury öýlerine gidesi gelenok. Ol öý onuň üçin dowzah ýaly görünýär. Gaty sowuk, gaty içgysgynç, gaty gamgyn. Öýe bardygy ejesi ýada düşýär. Ejesiniň donuny, ketenisini gördügi aglasy gelýär. Şol keteniň, şol donuň içinde ejesiniň janly keşbi görünýär. Ol Nura şeýle bir mährem bakýar weli, Nury aglamajak bolup, zordan saklanýar. Ol wagtal-wagtal “Eje-e” diýip, içinden çykdygyça gygyrasy gelýär.
Bir gün öýde doganlarynyň hiç biri ýokka, Nury ejesiniň ketenisini aldy-da, ysgap gördi ─ejesiniň ysy burnuna, beýnisine urdy. Nurynyň gözleri süzüldi, ol ejesiniň gujagyna girende şol ys duýulýardy, ejesi ony dolap alyp saçlaryny, ýaňaklaryny, arkasyny sypaşdyrýardy. Nury häzir şu pursatda ejesiniň gujagyna giräýjek ýaly, ejesi ony dolap alyp özüne çekäýjek, bagryna basaýjak ýaly boldy. Hat-da endam-jany gurşup gitdi. Nury ketenini ýüzünden aýryp bilmän uzak durdy. Soňra keteniniň keşdeli ýakasyny sypalady.
Eger Nury suratkeş bolup, şu ketenini çekse hem-de öz göz öňünde janlanýan ejesiniň keşbini o ketenä ýerleşdirse, Nury o suraty her wagt görüp biljek.
Nury ketenini goýdy-da okuw torbasyndan galam-kagyz çykaryp o keşdeleri kagyza göçürjek bolup, dyrjaşyp başlady. Galam onuň isleýşi ýaly çekmedi. Nury galam kagyzyny goýdy-da ýene ketenä topuldy. Ony ýüzüne örtüp, ýene ejesiniň ysyny alyp aglady. Gözýaş baryny dökdi. Ol hökman suratkeş bolar. Ejesiniň suratyny çeker. Onsoň islän wagty ejesiniň keşbini aýyl-saýyl görüp biler. Soň her doganyna-da şeýle surat çekip berer.
Wah, şu mahal Maýa jigijigi bolan bolsady, has gowy bolardy. Oňa-da bir surat çekip bererdi. Kakasy ýitensoň, ejesi ýogalansoň, Maýa jigisine Begistan daýza bakardy. Ýöne köp-köp aglap, soňam öläýdi-dä. Ýöne Nury ejesiniň suratyny çekensoň, Aşyrberdi bilen Begmämmet doganyna o suratlary nädip gowşurjagyny bilmedi. Nury olaryň niredediginden habarsyz. Kakasy ỳitende ol ikisiniň hem ýitenini bilýär.
Nury ejesini, kakasyny, Aşyrberdini, Begmämmedi hem-de üç aýlykka aýrylan Maýany göresi gelýär, olaryň ählisini ýene öýde jemläp, öňki ýaly ýaşasy gelýär.
Şo mahal oglanlaryň biri uzakdan gygyrdy.
─Nury, gele-eý, durna geçýä. Sanaly, ti-iz gel!
Nury daşary ylgady. Eýýäm bäş-alty oglan Dänegulyň depesine çykyp, asmana
bakyşyp, ala şowhun turzuşýardylar. Nury o taýa tiz bardy. Asmandan durnalar hatar-hatar, topar-topar bolup uçup barýardy. Oglanlar ilki olary sanajak bolýardylar. Ýalňyş sanap jedelleşýärdiler, onýança o hatar durna geçip, başga bir hatar uzakdan görünýärdi. Şol hatardan özlerine durna saýlaýardylar. “Meniňki bäşinji durna. Meniň durnam ýedinji” diýen ýaly.
Nury bolsa asmana bakyp durşuna, şo durnalara meňzäsi geldi, şolar ýaly uçasy geldi. “Durnalar näme üçin ýokardan, uçýakalar? Nämüçin göçýäkäler? Nireden gelýäkäler? Nirä barýakalar ? Durnalar nämüçin hatara düzülýärkäler?...”
Bir hatar gelende Nury hem özüne durna seçindi. Onuň durnasy aýratyn, has owadan, has uly. Emma onuň durnasy hatardan yza galdy, soňam ok geçen ýaly, kelemenläp gaýtdy. Nurynyň keýpi bozuldy, durnasy atylandyr öýtdi. Ol gözi bilen durnany yzarlap, barha ýakyndan, barha aýyl-saýyl gördi. Durna kelemenläp gelişine uzagrak bir tokaýa gaçdy. Nury sesini çykarman şo tarapa ylgap gitdi. “Durnam ýaraly bolandyr. Bejersem, sagalsa, ýene uçup gider.” Oglanlar onuň yzyna düşmediler.
Gün batansoňam öýe gelmedik Nuryny doganlary, goňşular zordan tapyp, öýe getirdiler.

* * *
Frontdan bir maýyp geldi, agşam onuňkyda aýdym-saz etmekçi boldular. Baýlyny çagyrdylar. Ol Nuryny hem ýany bilen äkitdi. Darajyk jaýda gyslyşyp oturyşlaryna, Baýly gijäniň birwagtyna çenli aýdym aýtdy. Nury bolsa onuň çep ýanynda dutaryň owazyna meýmiräp, uklap galdy. Ol düýşünde uly bir saçagyň başynda otyr, türkmen nan gat-gat edip goýlupdyr. Ejesi şol nanlardan birini saçakdan sogrup alýar-da Nura uzadýar. Nury begenip elini nana ýetirjek bolanda onuň eli aýdym aýdyp oturan Baýla deçýär-de oýanýar. Görse, adamlar, otagda ýagçyra. Ejesem ýok, nanam ýok. Nury başyny ýassyga tiz goýup, tiz uklasy gelýär. Düýşde bolsa-da ejesini, nany görmek ýakymly. Belki, ýene düýşünde ejesini, mele myssyk nany görer.

* * *
Adalatly bolýançaň, güýçli bol

Nury dagy ikinji synpda okap ýörkäler, iki at goşulan dört tekerli araba bir gün irden mekdebiň ýanyna gelip durdy. Zamananyň gowy wagty bu arabalar Bäherdene däne daşardylar. Indi o däneleri aç adamlar diňe düýşünde görýärdiler. Her kim bir oglanyň elinden tutup ondan-mundan gelip başlady. Nuryny uly dogany Baýly getirdi. Çagalaryň biri: “Gitjek däl” diýip gygyryp aglady. Bir ýaşuly: “Heý, sammyjak, o taýda her gün nahar berýärler, täze geýim geýdirýärler. Ynha, baraňda görersiň. Onsoň, açlyk geçensoň, ýene gelersiňiz-dä” diýip göwünlik berdi. Nury dymyp, töwerege rahat bakyp dur.
Arabakeş ornuna geçdi.
Oglanlary araba ýerleşdirip ugranlarynda, hälki aglan oglan ýene aglap başlady. Bu gezek arabakeş gamçysyny bulaỳlap haýbatly gepledi.
─Lal bol-how. Bolmasa gamçy bilen it ýenjen ýaly ýenjerin. Päheý, peläket.
Araba Bäherdene baka ýola düşdi. Daýna obasy yzda galdy. Baýlynyň armydy diýilýän armytly mellek, topar bolup hoz ogurlan tokaýlary, üstüne münüp Sumbara böken toraňňylary-bary yzda galdy. Arabanyň tekerleriniň dükürdisi hem-de arabakeşiň mahal-mahal: “Häý, janawer, ýöre-ýöre, çüww!” diýmesi eşidildi.
Bu, beýleki oglanlardan tapawutlylykda, Nurynyň Daýnadan iň soňky çykyşydy. Şundan soň Allanyň beren ömründe Daýnany hiç-hiç görmejekdigini, bu ýollardan hiç-hiç geçmejekdigini, toraňňynyň üstünden armyt sallap, geçenleri gorkuzmajakdygyny Nury häzir duýman barýardy. Şu mahal adaty görünýän Daýna topragynyň soň-soň mukaddesleşjekdigini, her daşyny öpesi gelip, topragyny göze süresi gelip, Sumbaryň sesini eşidesi gelip ömürboýy hesret çekjekdigini Nury duýman otyrdy. Özüniň nirä, näme üçin äkidilip barýanyny göz öňüne getirerden, gelejekki ykbalyň neneňsi boljagyny oýlanardan Nury ýaşdy.
Araba, dükürdeý-dükürdeý, Ýelligaýa ýetdi. Şeýle bir sowuk, şeýle bir çapgyn şemal başlady. Atlaryň guýruklary, ýallary ýeliň ugruna sozulyp-sozulyp gitdi.
“Heý, janawer, ýöre-ýöre, çüww!”
Ýarym ýalaňaç oglanjyklar ýygrylyşyp, bükürilişip, bir-birege dykylyşyp başladylar.
Arabakeş sykylyklap bir aýdymyň sazyny çaldy, ýeller gowşady, başga-başga dag dereleri, arçaly tokaýlar garalyp göründi. Soňra uzak dymyşlyk başlady, soňunda ýene arabakeş aýdyma hiňlendi.

Gökden uçan ördek-durna, ördek-durna.
Biziň iller ýerindemi-i-i ?!

Ýygrylypjyk oturan Nury “Durna” sözüni eşidende öz durnasy ýadyna düşdi. “Näme sebäpden asmandan gaçdyka? Soň nämbolduka? Sagalyp ýene uçup giden bolaýadyr”. Nury tokaýdan uçup çykyp barýan durnany göz öňüne getirdi. “Şu mahal nirä bardyka? Ýene uçup gelermikä? Daýnanyň üstünden geçmese gerek, sebäbi bir awçy ony atandyr, bolmasa asmandan kelemenläp gaýtmazdy”.
Nury asmana bakyp goýberdi. Asman çaljarỳar. Durna görünmeýär. “Durna ýaly uçsaň. Oňa ýoluň geregi ýok. Dagyň üstünden, derýaň üstünden, tokaýyň üstünden arkaýyn uçubermeli. Ähli zadyň ýokarsyndan seredip uçsaň, hezildir”.
─ Oglanlar, nähili, uklaman otyrsyňyzmy? Ynha, bir salymdan etege ineris. Etege indigimiz Bäherdene bardygymyzdyr. ─Arabakeş gaňrylyp, oglanlara bakdy─ Hany, sen aýt, kimiň ogly?
Şeýdip, arabakeş alyp barýan oglanlarynyň hersinden sorap başlady. Häli, Daýnadan gaýdyljak bolanda aglan oglanjyga gezek gelende, ol jogap bermän, ýüzüni aşak salyp otyr. Arabakeş onuň ýaňadan aglap başlaryndan heder etdi-de söz aýtmady. Arabakeş Nura uzak seretdi.
─Sen-ä Hanmämmediň ogly bolmaly. Tüweleme gowyja okaň. O taýy gowy diýýäler . Gowy okasaňyz, mollym bolmagyňyzam ahmal, okamasaňyz meň ýaly arabakeş bolarsyzyň. At tezegini ysgar ýörersiňiz.
Arabakeş öňe bakyp otyrdy. Ol Hanmämmedi, Hangüli, olaryň başyndan inen betbagtlygy ýatlady. Ýatlady-da uludan dem aldy.
─He-eý, bolýa-da. Alla ýamanlyk görkezmesin.
Bäri-bärde Bäherden ýok ekeni. Ýolda düşläp, atlara ot-suw berildi. Çaý başynda her oglana bäş dişlem çörek paýlan arabakeş atlary araba goşup, oglanlary mündürdi-de, ýene ýola düşdi. Uzak gitdiler. Surnugan oglanjyklar irkilip, uky bürüp, bir-birege kelle çakyşdyryp geldiler. Öňde, demir ýol geçelgesine ýakyn gelenlerinde sagdan gara otly tüssesini şemala dagydyp, tiz-tizden haş-haşlap, depesindäki uly çyra bilen dünýäni ýagtyldyp, gu-uk edip gygyryp geçip gitdi. Wagonlaryň şakyrdysy uzakdan eşidilip, kem-kemden ýitdi. Arabakeş şeýle otlylarda urşa ugradylanlary ýatlady-da: “Geçdigi bolsun, Allajan . Indi gaýtalanmawersin” diýip, ýuwaşja samrady. Soň ýabylarynyň jylawyny silkip: “Häý, janawer, ýöre-ýöre, çüw-w!” diýdi.
Gijäniň bir wagtlary araba bir jaýyň gapysyna gelip durdy. Ol Bäherden ýetimler öýüdi.
Arabakeş gapysyny kaka-kaka, ahyry, birini oýardy. Bir ýogyn aýal gapyny sähel açyp garady.
─Bi, näme, ýöne dökülip dursyňyz-la, ýer ýoklugyny bilýäňiz-ä.
─Maňa minnet etme. Men öz çagamy getiremok. Tizräk ýerleşdir, bujagazlaryň sütüni süýnüp geldi. Oglanlary furgondan düşürip durşyna ýaşuly olaryň hersiniň başyny sypap, “Alla ýaryň bolsun” diýip hoşlaşdy. Ýogyn aýal alty oglana sowuk koridoryň bir burçundan ýukajyk bir odeýal ýazdy. Ne ýassyk bar, ne ýorgan.
─Şu taýda gymyldaman ýatyň.
Oglanjyklar bir-birege gyslyşyp, her näçe ajam bolsa uka boýun bolup ýatdylar. Ertir öňki çagalar oýanyp, el-ýüzüni ýuwup daşary çykmaly bolanda ýygrylyşyp ýatan alty oglany gördüler .
─Eý, ýene obaly gelipdir.
─Oňa seret, kel ýaly-la.
─ Balagyna siýipdir, ha-ha-ha, balagyna siýipdir.
─ Men-ä özüme tahýa tapdym. --Bir oglan ýatanlaryň biriniň tahýasyny alyp geýdi.
─Bizi turuzdylar, olary turuzmadylar. Olaryňky jan, biziňki badamjanmy? Ynha, häzir, seret, şulary gorkuzaýyn.─Onsoň ol oglan gaty ses bilen pişik bolup mawlady: Miýaw, miýaw, miýaw!
Ýatan oglanlar hasyrdaşyp turdylar. Özlerine baka ýeser gülüşip duranlara çekinjeň bakdylar.
─Eý, syrtyň görünýä, balagyňy çek, hä-hä-hä-ä.
─Hany, eje-e-e diýip aglasaňyz-la.
Bularyň arasynda keltejik bir oglan has ekabyr, has ýakymsyz, has bet görünýär. Ýüzi şeýle bir duzsuz, nakys weli, olar ýala: ýüzüne şeýtan siýen
diýýärler. Olar uzakdan müdiriň gelýänini görüp, ýom-ýok boldular.
Ertirlik naharda her kime bir käse gaýnadylan alma suwuny we kiçijik tarelkada arpa ýarmasyndan berdiler.
Alty oglan, bu taýyny hiç-hiç halaman, bir-birinden aýrylmajak bolşup, bile oturdylar, ilkinji gezek stol başynda nahar iýmegiň oňaýsyzlygyny başdan geçirýäkäler, hälki keltejik bet oglan, öz aşyny şapyr-şupur iýdi. Beýle ýanda oturan Nurynyň aşyny şeýle tiz çekip aldy-da ony hem iýip başlady.
─Obadan gelenler aş iýmeýär-ä. Kim aşyny iýmese, bäri getirsin! Häh-hä, hezil bolaýdy.
Muny gören başga bir daýawja oglan ýaňky keltejigiň arkasyndan geldi-de onuň ýeňsesinden tutup, ýüzüni aşa basdy. Keltejik ýylan ýaly towlanyp, gaty tiz bir gyra bökdü-de jorabynyň gonjundan çakgysyny çykaryp açdy. Aşaky dodagyny dişläp, sähel egilip, gakgyny haýbat bilen öňe tutup, daýawja oglana baka ýöräp başlady. Beýleki oglanlar güsürdeşip , şobada bir gyra çekildiler.
─Çakgyny taşla, bolmasa öldirin.
Keltejik üýtgemän, geplemän, çakgyny urmaga maý gözläp gelýär. Daýawja oglan hem salymyny bermän, ok ýaly bolup, topuldy-da keltejigiň bilegini towlap, çakgyny ýere gaçyrtdy. Keltejik onuň garnyna gaty ykjam depdi weli, içikdirdi öýdýän, daýaw oglanyň ýüzi çytylyp gitdi. Keltejik dyzap-dyzap, ýerde ýatan çakga ýetjek bolýar. Daýaw oglan: “Çakgyny alyň” diýip, gyrada duranlara gygyrdy, hiç kim çakgyny gizlemäge het etmedi. Şo mahal ýetimhana müdiri duýdansyz geldi-de ýakalaşyp-sarylyşyp duranlaryň ikisini hem gaty ykjam ýumruklap-ýumruklap, hersiniň gulagyny berk tutdy-da kabinetine alyp gitdi.
Çagalar günortan okuwdan gelenlerinde olara dürli otlary gaýnadyp, gök çorba berdiler, emma ol iki oglan görünmedi.
Agşamlyk naharynda daýaw oglan bir gyrada sessiz-üýnsiz oturyp, naharyny iýdi, onuň çep gözi gögerip dur, beýleki gyrada keltejik naharyny iýip oturşyna aldygna samraýar, onuň dodagynyň bir ýany ganjaryp görünýär.
-- Artur gelse bolýa, o maňa pyçak getirýä. Onsoň baryňyzy pyçaklap çykaryn. Müdirden arymy alaryn. Men onuň garnyny deşerin. ─Aralygynda uly adamlaryň sögünjini sögýär.─Men hiç kimden gorkmaýan. Meniň aýdanymy etmeseňiz gije ýenjerin.
Ähli kişi ýatansoň, ýagçyra hem öçürilensoň, Nury tiz uklady. Gaty araba olary örän ýorupdy, süňkjagazlary henizem syzlaşyp agyrýardy.
Keltejik bet oglan çybşyldap geldi-de Nurynyň ýapynyp ýatan köne, ýyrtyk odeýalyny çekip aldy. Nury oýanmady weli, ol aşak çöküp, edil Nurynyň gulagyna dodagyny degiräýjek bolup pyşyrdady: “Eý, porsy...” jogap ýok. Bet oglan gaharyna çydaman , Nurynyň bykynyna gaty güýçli ýumruklady. Nury, biçärejik, şobada dikelip oturdy weli, bet oglan : “Demiň çykaýmasyn”diýdi-de Nurynyň maňlaýyna ýumrugy bilen iteläp, ony ýene ýatyrdy. Onsoň pyşyrdap başlady: “Şu günden şeýläk, men kim bilen uruşsam, meniň tarapymda urşarsyň, eşitdiňmi, ejjeňi... uruşmasaň, gije gelip, pyçaklaryn”. Nurynyň bykynyna ýene bir zarply ýumruk urdu-da bet oglan onuň odeýalyny alyp gitdi.
Nury kime dadyny aýtsyn?! Kim oňa howandar çyksyn?
Nury ýalňyzyň ýalňyzy bolup, uly gözlerini höwlendirip, garaňkylyga bakdy ýatdy. Kämahal syçanmy, alakamy, bir ýerlerde bir zadyň gemrilýän hartyldysy eşidilýär.
Aslynda, esasy gemrilýän Nurydy. Kör alaka ýalňyzlyk bolup, onuň kalbyny gemirýärdi. Şu günlerden başlap o ýalňyzlyk Nurydan hiç aýrylmaz, mahal-mahal ony gaty kyn ahwala salar. Asmana uçsa-da, ýedigat ýer astyna girse-de, ýalňyzlyk Nuryny hiç sypdyrmaz. Onuň iň ýakyn dosty Ýalňyzlyk , iň gazaply duşmany Ýalňyzlyk bolar. Soň-soň olar şeýle bir bir-birege siňip-garyşyp giderler weli, Nury haýsy, Ýalňyzlyk haýsy biler ýaly bolmaz, muny olaryň özleri hem bilibilmezler.
Ynha, häzirem tümlüge bakyp ýatyşyna, onuň gatan gabaklary hiç ýumularly däldi. Ýene bir ýerlerden çybşyldy ýakynlaşyp başlady.
Ýene şol bet oglanmyka ?
Ýok. Indi gelen daýaw oglan. Ol geldi-de, Nura ukudadyr öýdüp, onuň kellesine pitikläp goýberdi.
─ Hä?
─Ýuwaş. Eý, sen, näme meniň tarapymda durmadyň? Men seniň üçin taýak iýdim. Indiden beýläk, meň tarapymda uruşmasaň, ejeňi ... rin. Ertir mekdebe Artur gelýä, başlasak, uruşmalysyň.
Daýaw oglan ýene çybşyldap gitdi. Nury, hernäçe gorksa-da, bu iki oglanyň ejesine sögmesi oňa gaty agyr degdi.
Daýnada-da sögüşerdiler, emma o taýda ýa beýle sögüşmezdiler, ýa beýle täsir etmezdi. Häzir weli ejesine sögülmesi Nurynyň iň uly ýarasy boldy. Ol hökman güýçlener, uruşmany öwrener, ejesine sögenlerden aryny alar.
“Ertir Artur diýilýän gelse näme bolarka?” diýen sorag hem ony uzak wagt birahat etdi. Üşäp başlady, ýygryldy. Dyzlary eňegine degäýjek boldy. Şeýle-de bolsa, gaty giç uklady. Düýş görüp başlady: Daýna. Bir topar gyz-gelin aýdym aýdýar. Ses gelenok, diňe olaryň agyz hereketi görünýär. Birden ejesi läle kakyp başlaýar. Nury bu mährem sesi şeýle teşne diňleýär. Ol ejesi ahyry. Ölmändir-ä.

Balyk diýip tutanym-a
Ýylan bolup towlandy-ýa.

Nury ejesine baka ylgasy gelýär, nämedir bir zat ony saklaýar. Onýança ejesi hem-de ejesiniň owazy ýitýär. Suwdaky balyk ýylana öwrülýär-de kenara çykyp çöp-çalamyň aşagyna süýrenip girýär. Nury gorkýar. O ýylan Nurynyň aýak astyndan hem çykyp biler.
“Eje, aý eje!” jogap ýok. Ejesi näme üçin eşitmeýärkä? Nurynyň gorkýanyny, üşeýänini bilýär ahyry. “Eje, üstümi örtäý, eje!” Ýene jogap ýok. Onsoň Nury batly gygyrýar: “Eje-e-e!”
Öz sesine özi oýanan Nury oturdy. Tümlükde çepegini tapyp geýdi. Pişik basyşyny edip gapa bardy. Ýuwaş itelände açylmadyk gapyny batlyrak itdi
weli hem warkyldy, hem jygyldy çykdy. Koridor bilen gidip daşary çykylýan gapyny sermenekläp tapdy. Görse agyr gulp asylgy. Başga nireden gaçyp borka diýip duran Nurynyň arkasyndan gelen terbiýeçi aýal onuň köýneginiň arkasyndan mäkäm tutdy-da götin dazyrdadyp çekip, düşegine eltip, siltäp ýatyrdy.
“Gymyldaýsaň, dişiňi owradaryn. Haram eşek!”
Bölümler: Romanlar | Görülen: 69 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Oraz Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203