Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:01
Beýik köñle syýahat
BEÝIK KÖÑLE SYÝAHAT / 6

Her zadyň hakyky şekli onuň aňyrsynda

Ýyllar geçdi. Açlygam geçiberdi. Uruşdan gelen maýyp-müjriplerem başyna düşene kaýyl bolup başladylar. Şol günleriň birinde Bäherdendäki ýetimhanadan birtopar çagany Gyzylarbadyň ýetimhanasyna, başga bir topary hem Baýramalydaky ýetimhana äkitdiler. Baýramala ugradylanlaryň arasynda Nury hem bar. O indi ösüp, berkeşip başlapdyr. Ulaldygyça Nury ejesine has köp meňzäp başlady. Aýratynam onuň gözleri, edil ejesiniň gözleri ýaly, gamdan dolup, göz hanasy giňäp, has çuňalyp başlady. Dymmalygy welin gitmedi. Daýnadan furgonly gelýärkäler ilkinji gezek gören otlusyna mündüler, Tejene ýetilende gaty eleşan geýnüwli bir agsak adam wagona mündi. Ol münenden zaryn aýdyma başlady. Hem owaz zaryndy, hem sözleri zaryndy.
Bir garyş oglankam bakdyň-bejerdiň,
Senden başga howandarym ýok meniň-ow.
Enemiň ornunda gol süýdün berdiň,
Golum tutan dosty-ýarym ýok meniň-ow.
Nury bu owaza oýandy. Biri aglaýarmyka öýtdi. Başyny göterip seredende, gedaýa çalymdaş bagşyny gördi. O bagşa biri köpük uzatdy-da: “Işan aga, bir ýagşy doga okap ber, soňundanam “Ýok meniňi” aýdyp beräý” diýdi. Işan aga doga okanda-da aglaýan ýaly owaz bilen okady. El göterensoň, ýaňky köpük berene bakyp, “Ýok meniň” diýen aýdymy başdan-aýaga aýtdy. Beýle ýanda ýene bir adam köpük uzatdy-da: “Işan aga, meniň üçinem “Ýok meniňi” aýdaý” diýdi. Işan aga ýene aýtdy. Şeýdip, bir wagonda bäş-alty gezek “Ýok meniňi” aýtdy. Asyl, ähli kişi “Ýok meniňi” haýyş edýär. Işan aga-da şondan başga aýdym bilmeýäne çemli.
Nury Işan agany gaty nebsewür diňledi. Ejesi ýogalany bäri beýle ýürekdeş, beýle mährem, beýle gamgyn aýdym diňlemedik Nura bu örän täsir etdi. Ony pagyş-para eretdi. Üstesine-de aýdym tamamlanýar, aýdym başlaýar.
Näçe ýyllaryň, näçe adamlaryň sowuklygyndan ýaňa, halys berçin bolan oglan ýüregi, mähremlige, ýumşaklyga teşnedi. Daýnadan gaýdany bäri ol ilkinji gezek öz derdine dertdeş aýdym diňledi.Ol öňem aýdym-saz diňläpdi, ýöne bu aýdym ýaly däldi, bu tüýs Nurynyň ýetim ýagdaýy hakdaky aýdymdy. Bu aýdym Nurynyň kalbynda çöküp, üstüni dürli wakalar örten ýatlamalary birden oýaryp goýberdi. Aýdymy aýdan kişi hem Nura örän ýakyn göründi. Nury o bagşy bilen salamlaşasy, tanşasy geldi, onuň boýnuna böküp gujaklasy geldi. Bagşy agsaklap gelşine Nurynyň deňine geldi weli, Nury oňa gaty içgin bakdy. Bagşy muny duýdy, örän gamgyn bakyp, Nura baka öwrüldi weli, Nury tas ony gujaklapdy. Ol bagşyny deňinden geçiresi gelmedi. Özünden uzaklaşdyrsa, bu ýakymly pursatyň ýitip gitjekdigini duýdy.
─Işan aga, salawmaleýkim.
─Waleýkim es-salam, oguljygym. Tüweleme, adam bolýaňyzmy? Gaýrat ediň, gaýrat ediň.
─Işan aga, pulum ýok weli, maňa-da ýaňky aýdymy aýdyp beräýiň.
─Wah, pul dileýän barmy, oglum?! Saňa iki gezek aýdyp bereris. Gürrüňi bolmaz, köşek.
Işan aga Nurynyň ýanynda oturyp, oňa garap aýdyma başlady. Işan aganyň berýän duýgulary Nuryny gutarnykly eretdi. Ol hökman suratçy bolar. Işan aganyň bu ýumşak oturşyny hökman çeker.
Aýdym tamamlananda Işan aga Nurynyň çignini sypap-sypap goýberdi. Hasasyna direnip turdy.
─Taňryýalkasyn, Işan aga.
Jogap bolmady. Diňe ýakymly baş atdy. Bagşynyň damagy doldy. Ol agsaklap beýleki wagona sessiz geçip gitdi.

* * *
Diňe okuw bilen bolsaň, garyp galarsyň
Nury Baýramalydaky ýetimhana bilen , o taýdakylar bilen tiz öwrenişdi. Ýetimhana müdiri örän işeňňir adam. Ýaşululygyna seretmän itjanly. Ir bilen çykyp gidip, uzak gününi edara gapylaryny kakyp geçirýär, uzak-ýakyn obalara gidýär. Baran ýerinden bir zatlar diläp alyp, ýetimhana getirýär. Bir doňuz, bir towşan, bir towuk alyp bilse-de ýetimhana getirýär. Bir gezek obada bir kişi oňa bir mekejin berip goýberipdir. Getirensoňlar, o mekejini bada-bat soýman, bir hepdeden soýalyň diýişdiler. Emma ýetimhananyň garawuly hem-de odun-çöpüni üpjün edýän ýaşuly işgär Andreý aga o doňuzy az wagt soýman saklap bolsa, jojuklajakdygyny aýtdy. Ýetimhana müdiri, bäý, begendi-ä! Onsoň ýetimhanadaky ýetim oglanlary Andreý aganyň yzyna düşürip goýberip, doňuza ot-iým getirdip başlady. Nury dagy mal saklamany şo taýda öwrendiler. Andreý aga Russiýada doglup, şo taýdan rewolýusiýany Türkmenistana getirenlerdendi hem-de doňuz malyny nädip idetmelidigini gowy bilýärdi. Bir gezek ota gidenlerinde Nury oňa: “Andreý aga, näme üçin her mekdebiň daşky gapysyna: “Okamak, okamak we ýene-de okamak gerek. W.I.Lenin” diýlip ýazylýarka?” diýdi.
─Adam okamak bilen akylly bolýar. Ana, şo sebäpli Lenin: “Okamak, okamak, okamak” diýýä. Onsoňam mukaddes kitaplaryň ählisiniň ilkinji nesihaty “Oka!” diýýä.
Okaň, oglanlar, gowuja okaň. Okuwyň zerurlygyna soň düşünersiňiz. Sen-ä, Nuryşka, hudožnik bolýaň. Köpräk çekiber.
Soň-soň Nury çekenje suratlaryny Andreý aganyň garawulhanasyna eltip, görkezip başlady. Bir gezek Nury Leniniň suratyny çekip Andreý aga görkezdi weli, Andreý aga gorkuly ýagdaýda gapa gözläp goýberdi.
─Nuryşka, Lenini, Stalini çekmeli däl. Gadagan ahyry.
─Stalini çekjek däl, ol gaharjaň adam.
─Ýuwaş, ýuwaş. Getir, o suraty maňa ber. Gaýdyp şo ikisini çekäýme. Doňuzy, towşany, öz dostlaryňy çekiber. -Andreý aga Leniniň suratyny peje atdy.- Sesiň içiňde bolsun.
Nury muny halamady. Öz çeken suratynyň ýakylmasy ony gaty ynjytdy.
─Men islänimi çekmesem, gowy çekip bilemok.
Nury ýetimhanada ýa-da mekdepde boş wagt tapdygy surata güýmenip, kämilleşip başlady. Onuň içinde ýatan uly arzuwy keteni köýnekli ejesiniň keşbini çekmekdi. Wah, o keteni köýnek ýadyna düşdügi, Nurynyň ýüreginiň dükgüldisi güýçlenýär. Ejesiniň ysy o keteni köýnekdedi ahyry. Daýnadan gaýdanda ejesiniň ketenisini düýrläpjik goşhaltasyna salan bolsa, hiç kim görmezdi ahyry. Häzir ele alaga-da ýüzüne tutsa, keteni köýnegiň içinde ejesiniň keşbini gaty anyk görüp bilerdi ahyry. Şu mahal ejesini ýürekden gowy görse-de onuň keşbi öňküler ýaly dury göz öňüne gelenok. Arada bir geňsi duman döräpdir. Ýa ölenler şeýle görünýärmikä? Üstesine-de Nury ejesiniň keşbini hernäçe köp çekse-de, öňi-soňy suratdaky ejesi göz öňüne getirýän ejesine hiç meňzänok. Şo sebäpli Nury örän badykeç bolýar. Özüniň ökde suratkeş däldigine içi ýanýar. Näme etjegini hem bilenok. Bu derdini kime aýtjagyny oýlanýar, emma çemeli, ynamly adam tapman ýör. Surat mugallymy bar, ýöne ol sapakda çäýnegiň suratyny hem çekibilmänsoň, okuwçylar o mugallymyň üstünden gülýärler. Andreý agadanam öýkeli gezýär. Öýkelemände-de Andreý aga surat çekibilýän adam däl-ä. Onuň bar bilýäni: “Okaň, okaň ” diýmek. Onsoňam Andreý aga soňky wagtlar görnenok. Onuň garawulhanasynda başga bir gara ýaşuly görünýär. Nury o ýaşulyny daşyndan görüp halamansoň, kän bir ýakynlaşjagam bolanok.
Indi bogaz doňuza ot-iými zähmet mugallymynyň ýolbaşçylygynda taýýarlap başladylar. Ol gaty sögünjeň, zeýrenjeň bir aýal. Çümmüklemäge, burup alamaga gaty ökde. Ol gabady gelende Nuryny hem çümmükledi weli, şondan bäri Nury mugallymyny görende ýylan gören ýaly bolýar. Nury bir gün dilini ýalmyldadyp, başyny göterip duran ullakan kepjebaşy hem-de onuň üstünde oturan bir aýaly çekdi. Ol aýalyňam edil ýylanyňky ýaly dili öňe çykyp dur. Ol aýal, dogrudanam, zähmet mugallymasyna meňzedi. Nury o suraty synpdaşlaryna görkezdi-de: “Ynha, Laçyn mollym” diýdi. Çagalar ala şowhun turuzdylar, beýleki synpdakylara-da aýdyp ýetişdiler. Bir sapakdan soň, bütin mekdep ýylana meňzedilip çekilen Laçyn mollymyň suraty hakda gepleşýärdi. Gürrüň Laçyn mugallyma, mekdep müdirine ýetene çemli, olar tirkeşip geldiler-de Nuryly otaga girdiler.
─Nury, sen papkaňy al-da, biziň yzymyza düş.
Synpdakylar ýene şowhun turzup başladylar. Nurynyň müdirden şarpyk datjakdygy hakda, Laçyn mollymyň ony awuly çümmüklejekdigi hakda, ýene-ýeneler hakda gowur turuzdylar. Emma Nury eglenmän, örän rahat dolanyp geläýdi. Ol rahatlygynyň üstesine, gidendäkiden şadyýan göründi. Çagalar onuň daşyna üýşüşip, sorag baryny berdiler. Nury dymyp diňledi, soňunda: “Çeken suratymy tapmadylar” diýdi .
Nury, şowhun artyp başlanda, suraty ile görkezmän gizlän ekeni.
Şol gün sapaklardan soň, doňuza ot-iým toplamaga gitmeli bolanda, Laçyn mugallym, nobaty ýetmedigem bolsa, Nuryny hem alyp gitdi. Gün batar uçurlaryna çenli eňňerede aýlanyp, güýz oty, galan-gaçan kädi alyp gaýtdylar. Nury her demde Laçyn mugallymyň çümmüklärine garaşyp, dymyp gezdi. Emma Laçyn mugallym ne suratdan gep açdy, ne-de çümmükledi, ýöne Nura öňküdenem gaharly, has ýigrençli garady.
Ýetimhana gelenlerinde sekide oturan täze garawul Rahman aga doňzuň hiç zat iýmän, ýer gazaýanyny, guzlar wagty gelenini aýtdy. Dogrudanam, ýatylmazynyň öň ýany, daşary çykan oglanlaryň biri ýatakhana gygyryp girdi.
─E-eý, ýörüň-eý, doňuz guzlap başlady. Eýýäm bäş jojugy bar.
Çagalar güsürdeşip daşary ylgadylar. Rahman aga ýeňini çyzgap, jojuklary doňzuň ýanyndan emaý bilen aýyrýar. Olaryň sany eýýäm ýedä ýetipdir. “Indi-hä guzlap bolaýan bolsa gerek” diýip çaklan Rahman aga ýedi jojugy agaç ýaşiklere saldy-da howlynyň beýle ýanyndaky boş jaýa daşady.
Doňzuň bir birahatlygyny duýsa-da, ony jojuklary alnyp gidileni üçindir öýtdi.
─Oglanlar, siz az salym göz-gulak boluň. Men namaz okap geleýin – diýdi-de el-ýüzüni ýuwup, täret kylyp, garawulhanasyna gitdi. Namaz okap durka “Doňuz guzlaýa, Rahman aga” diýlen owazy eşitdi. “Guzlasa guzlar-da”. Emma az salymdan oglanlaryň gorkuly sesleri geldi: “Jojugyny iýýä! Rahman aga, ýetiş, jojugyny iýdi”.
Rahman aga namazyny bozup, tiz geldi. Emma giç. Doňuz oglanlaryň gözüniň alnynda bir jojuk dogrup, şobada-da ony parçalap, ýuwdup goýberipdir.
─Doňuz-da. Iru-giç doňuzlygyny görkezýä-dä.
O waka oglanlaryň köpüsine, aýratynam Nura gaty ýaman täsir etdi. Öz çagasyny çeýnäp duran doňuz hiç göz öňünden gitmedi. Gijäniň bir wagtyna çenli ukusy tutmansoň, ýerinden turup penjireden garady. Howanyň sowuklygyna bakman, Rahman aganyň daşky sekide ýatanyny gördi. Nury Rahman agany öňler görende halamadygam bolsa, bu gün onuň sesinden ýakymlylyk, mähremlik duýdy. Onuň jojuklara şeýle bir ýumşak daraýşyny hem gördi-de Nury özi duýman durka, “Rahman aga gowy adam eken” diýen netijä geldi. “Näme üçin daşarda ýatýarka?” Muny ertir Rahman agadan sorar. Umuman, Rahman agadan soraljak zat kän.
Soňky wagtlar Nury özüni uly adam hasaplaýar. Uly adamlar bilen gepleşesi gelýär. Olaryň ony oglansyratmasyny kabul etmeýär. Ol ertir okuw tamamlanansoň, Rahman aganyň ýanynda-da özüni oglan däl-de ýetişen adam hökmünde alyp bardy. Rahman aga-da onuň bilen oglan ýaly däl-de uly adam ýaly gepleşdi.
─Rahman aga, men suratkeş bolsam gowy bolarmy?
─Suratkeş bol, sazanda bol, alym bol, onuň parhy ýok, bu zatlar okuw bilen, zähmet bilen ýetilýän dereje. Okamaly, hökman okamaly, ýöne okuw-durmuşyň dörtden biri. Galan üçüsini özüň öwrenmeli, özüň almaly. Ana, şo soňky üçüsini köpler bilmän, ýa-da biljegem bolman geçip gidýä.
Nury Rahman aganyň aýdýan üç zadyna akyl ýetirip bilmedi, soramak hem islemedi, sebäbi oglanlar soranjaň bolýar, Nury bolsa uly adam ahyry.
Rahman aga Nuryny halansoň, oňa bir hekaýat aýdyp berdi.
Gadymda bir gaýykçy bamyş diýýä. O kenardan o kenara ỳolagçy geçirýä diýýä. Ynha, onsoň bir gün bir uly alym şo gaýyga münenmiş. “Kitapdan-ylymdan habaryň barmy?” diýip, gaýykçydan soraýa, olam ýok diýýä. Alym baş ýaýkap: “Ömrüň ýary köýdi hasap et”diýýä. Onsoň suwuň ortasyna barýarlar weli, turýar bir tupan . Gaýygy agdaryljak-düňderiljek bolup başlaýa. Indi gaýykçy alymdan soraýa: “Ýüzmekden habaryň barmy?” diýýä. Olam ýok diýýä. Gaýykçy : “Onda ömrüň bary köýdi hasap et” diýýä. Şo mahal tupan gaýygy agdarýa, alym suw düýbüne gidýä, gaýykçy bolsa kenara çykýar. Okamak gerek, ýöne bu durmuş diýleninde ýüzmegem zerur.
Rahman aganyň bu aýdanlaryny Nury aňynda berk belläp goýdy. Ulaldygyça, durmuşa näçe ýakynlaşdygyça Rahman aganyň häzirlikçe syr ýaly görünýän sözleri kem-kemden çöşlenip başlar.
Nury kitaply torbasyny eline aldy, sekiden düşdi. Sorag berenini bilmän galdy:
─Rahman aga, nämüçin daşarda ýatýaňyz-a ?
─Jany sag ölmek üçin.
─Janyňyz sag bolsa, ölmersiňiz-dä.
─ Ýo-ok, hemmeler ölýä, iň bagtlylar jany sag ölýä. Ana, şol gowusy. Üstesine-de pyrontda bolan dört ýylymyzyň köpüsini daşarda geçirdik. Indi öýe sygamyzok...─Şo mahal köçe tarapdan bir agsak ýaşuly ýetimhana tarap öwrüldi. Nury ony şobada tanady. Rahman aga bolsa, mundan bihabar, o gelýän ýaşulyny Nura tanadyp başlady.
--Şo gelýän ýaşuly bile dört ýylymyzy söweşde geçirdik. Oňa Işan aga diýýärler. Uruşdan gelsek, onuňam, meniňem maşgalam açlykdan gyrlypdyr. Indi ikimizem ýalňyz galdyk.
─ Men o ýaşulyny otlyda gördüm.
─Onda “Ýok meniňi” diňlänsiň.
─Hawa, gowy ýaşuly. ─ Nury Işan agaň suratyny çekjek bolup köp kagyz zaýalanyny, ahyrda-da çeken suratlaryna göwni ýetmänini ýatlady.
Işan aga ýylgyryp, begençli bakyp geldi. Ol Rahman aganyň iki elini iki eli bilen gysyp salamlaşdy.
─Rahman jan, sag-amanjamyň? Men gelmesem, sen barjagam däl-ow. Tabyň ýagşy dälmi?
─Hudaýa şükür. Baramda öýde tapdyrýan adam däl-ä sen. Her baramda gapyňa çöp ötürülgi.
─Tapjak bolsaň tapardyň-la. Ähä, bujagaz oglan kim? Ýa ogullyk aldyňmy? Işan aga Nura bakdy.
─Hany, ykjamja synla, bakaly, tanamagyň ahmal.
Işan aga şol öňki mährem gözlerini Nurudan aýyrmady. Nury hem oňa yhlas bilen, teşnelik bilen bakdy.
─Hä-ä, şo-ol oglanjyk. Sen otlyda aýdym aýdyp ber diýipdiň, ýadyňda dälmi?! Pulum ýok diýipdiň. Tüweleme. Sen-ä ýigit çykypsyň. Öňde-soňda senden başga aýdym buýran oglan duşmady. Tüweleme, özüňem aýdym aýdýansyň-la?
Nury baş ýaýkady. Rahman aga: “Nuryjan surat çekýä. Suratkeş bolaýsam diýýä” diýdi.
─Suratkeşem-ä bolsa bolýa weli, gözler-ä sazanda gözleri. Gam damyp dur. Aňryňda aýdym-saz eden barmy, bilmeýäňmi?
Nury ejesini, mamasyny, daýylaryny, uly dogany Baýlyny agzasy geldi. Emma diňe: “Daýylarym bagşymyş” diýdi.
─Boldy, boldy. Är daýa diýipdirler. Ynha görersiň, suratam çekseň çek weli, seniň çöregiň sazda bolar, enşalla. Sen otlyda ýönelige aýdym buýurman ekeniň. Sen Rahman agaňyň sazlaryny diňläp görüpmidiň?
─Ýok. Rahman aga saz çalýarmy?
─Oh-ho-ow, bi gömülgi ýatan hazynadyr. Menem aýagymy süýräp şunuň ýanyna saz diňlemänä gelýän-dä. Hany, Rahman, beýdişip durmaly, garawulhanaňa gireli, daşary şemalrak. Bu oglana-da diňledeli.
─Diňläni ýagşy weli, öý işleriňi ýazyp ýetişersiň dälmi, Nuryjan?
─Ertir bazar güni.
Olar darajyk garawulhana girdiler.
Nurynyň hiç-hiç oglansyradylmaýanyna monça boldy. Rahman aga gaty gowy adam ekeni. Öň nämüçin ony halamadyksyran bolduka? Asyl, Rahman agadanam, Işan agadanam Nury atalyk mährini alypdyr ahyry. Bu adamlar Nurynyň garyndaşy ýaly-la? Bularam Daýnaly bolaýmasyn?!
Nury öz atasyna teşneligini, atadan perzende geçmeli million-million ruhy duýgulary geçmän, ýeri boş duranlygyny häzir duýmaýardy. Eneden perzende geçmeli milliard-milliard duýgularyň geçmän, o boşlugyň gam bilen doludygyny häzir bilmeýärdi. Nurynyň häzirki bilýäni-atasy ýok, enesi ýok. Emma bu ýetimligiň ýyl geçdikçe, adam özüni tanap başladykça barha ezýetli boljakdygyny Nury häzir gümanam etmeýärdi. Ata-eneli ulalanlary-da ýalňyzlyk öz penjesinde owradýarka, atasyz-enesizleri nädýärkä?
Bu zatlardan bihabar Nury özüni uly adam hasaplap, Rahman aga bilen Işan agaň arasynda gopbarylyp otyr. Rahman aga saz çalýar we Nura örän ünsli bakýar. Nury tolgunyp, birahatlanyp, tanşyny gören ýaly bolup başlady, kä dutara bakdy, kä Rahman aga bakdy. Muny synlap oturan Işan aga saz tamamlanda Nura sowal berdi.
─Oglum, şu sazy Rahman agaň ýörite seniň üçin çaldy. Tanadyňmy şu sazy?
─Ýel gelýär-ä Bibijan.
─Aý, berekella-a, berekella.
Onýança Rahaman aga ýene bir saza başlady. Nuryny synlaýarlar. Nury tolgunýar, gözleri ýanýar. Indi Işan aga baka garap-garap goýberýär. Saz tamamlanda Rahman aga dillendi.
─Nuryjan, bu sazy-ha bilýänsiň-le.
─Ýok meniň.
─Aý, berekella. Gördüň dämi, Rahman?! Gan bilen geçen zat gaty güýçli bolguç. -Işan aga Nurynyň arkasyna kakyp-kakyp goýberdi – Saz çalmany öwren, seniň çöregiň sazda. Sen güýçli sazanda bolarsyň, enşalla.
Nury geň bir hala düşdi. Bu sazlar çalyndy weli, ejesi janly bir görnüşde göz öňüne geldi. Ol ejesini gaty ýakyndan, örän aýyl-saýyl gördi. Rahman aga “Bibijany” çalanda Nury ejesini ýöne bir görmek däl, asyl, sesini hem eşidip bildi. Şo-ol Daýnada ýigitleri urşa ugratjak bolanlarynda gelin-gyzlar bir ýanda, ejesi bir ýanda şu “Bibijany” aýdypdylar. Ejesiniň owazy nähili mähirlidi, nähili ýakymlydy. Ejesi nähili merdem, dim-dik durdy. Soňra öz boýnundaky dogany arabada barýan esgerlere ugradypdy. Şu mahal şo esgerler barmyka? Ýa açlykdan, ýa söweşde öldülermikä?
Nury ýatlamalara çümüp özüne gelende, Rahman aga gözlerini ýumup saz çalýardy. Rahman aganyň ýüzi has gamlydy, hesret perdesine bürenipdi. Onuň öňe-yza yranyp oturşy hem gaty gamgyn. Işan aga-da başyny sallap, gözlerini ýumup saz diňleýär. Gözýaşlaryny elýaglygy bilen garşy-garşy süpürýär. Nury bir salym bu iki ýaşulyny synlady, onsoň onuň özüniňem gözi ýumuldy. Gözi ýumulana mähetdel, Nury ýene ejesini gördi. Şo-ol keteni köýnekli görnüşde. Birden Sumbar derýasy göründi, iki tarapynda-da toraňňylar, şo-ol birmahallar üstüne çykyp suwa bökýän toraňňylary. Hat-da Nury öz boýuny deňeşdirýän çynar nahallaryny hem şeýle anyk gördi. Gözi açylanda o görnüş ýitdi. Onsoň Nury ýene gözlerini ýumdy weli, Baýly doganyny, Aşyrberdini, Begmämmedi, Artykgüli, üç aýlykka ýogalan Maýa jigijigini gördi. Başga-da köp-köp zatlary ýatlady. Baýryň bilindäki öýlerini görende ýürejigi jigläp gitdi. “Hany, o günler! Hany, o öýmüz?! Hany, doganlarym?!”
Rahman aga dutaryny goýup derini sylanda-da Nurynyň gözleri ýumukdy. Onuň gözlerini ýumup saz diňlänini Işan aga-da gördi. Nury birden gözlerini açdy. Iki ýaşuly sözlemän, oňa ýylgyryp bakyşyp otyr.
─Tüweleme, oglum, tüweleme.
Nury öňler surat çekende lezzet alýardy, emma bu gezek saz diňländäki lezzet düýbünden başga boldy. Ol her näçe köp surat çekse-de geçmişe munça ýakynlaşyp bilmändi: Ejesini, doganlaryny, Daýnany, çagalyk ýyllaryny munça ýakyndan göz öňüne getirip bilmändi. Saz Nurynyň isleýän zadyny örän aýdyň görkezdi goýaýdy. Nury muňa çäksiz haýran galdy. Iň geň tarapy hem gözüni ýumsa görýär, açsa görmeýär. Dünýäniň syry gözüňi ýumaňda görünýän zatlar bolsa gerek . Nury saz çalmany öwrener, ökde sazanda bolar. Onsoň, özi saz çalar, göresi gelen zady göz öňüne getirip, özi görer oturar. Nura mundan başga lezzet gerek däl.
Şol günden soň Nury ýetimhananyň terbiýeçilerini, müdirini gören ýerinde: “Maňa dutar alyp beriň” diýip bizar edip başlady. Müdiriň bolsa gahary gelýär: “Aç bolmasynlar diýip, men gapy-gapy kakyp, çörek dilegçiligini edýän, ýalaňaç bolmasynlar diýip, edara baryny bizar edýän. Indem dutar gerek diýip ýalbaraýyn. Beýle zat bolmaz”. Müdir hernäçe käýinse-de, sögünse-de assyrynlyk bilen saz gural gözläp başlady, sebäbi beýleki käbir mekdepler eýýäm özüniň aýdym-saz toparyny döredip, abraý-alkyş alyp ýörler. Bu arada Nury sypynsa Rahman aganyň garawulhanasyna ýumlukdy. Ol bir demde dutar çalmany öwrenäýjek boldy. “Sabyrlyja bol, Nuryjan. Dutar diňlemek lezzetlem bolsa, öwrenmek hupbatlydyr. Gyssanman öwrenibereris”. Onsoň Rahman aga Nura dutar tutmany, kakuwy öwretmekden başlady. “Oglum! Tar bilen gapagyň arasy, gaýmakdan galyň däl. Şonda-da barmagyň gapaga degmeli däldir. Degse-de sessiz degmelidir. Şuny ömürlik unutmagyn ”.
Bölümler: Romanlar | Görülen: 76 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Oraz Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203