Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:30
BEÝIK KÖÑLE SYÝAHAT / 3 dowamy
Agaç başynda durdum,
Düýbünde duzak gurdum,
Näkes ýaryň derdinden,
Hem agladym, hem güldüm .

Gyzlar-gelinler ilki sesini kesip Hangüli diňlediler, soňra onuň sesine ses goşup bile aýdyp başladylar. Gyradan “Berekella Hangüljan” diýýänlerem bar.

Dutaryň perde-perde,
Her perdesi bir ýerde,
Ýagşy gyz ýaman ýerde,
Wah, ýandym-la şol derde.

Hangülüň ýüzi gyzardy, gara gözlerinde ýaş buldurap-buldurap, ahyrda, Hangül läle bendini soňlaman sesini kesdi-de ýaglygynyň ujuny ýüzüne tutup sessiz aglady. Onuň agysy dabarany kesdi. Öýdäkileriňem keýpi bozuldy. Hangüle göwünlik berdiler. Az salymdan Hangül gözýaşlaryny süpürip, ýüzünden ýaglygyny aýyrdy. Hangül aglanda-da owadandy.
─Maňa näme bold-a?! Siziňem keýpiňizi bozdum. Aglanymy bilmän galaýypdyryn.
─Begenjiňe aglansyň-da gyz.
─Biz seni läle kakmany ýatdan çykardyňmykaň öýdüp ýörüs. Tüweleme, sen Hangüllügiňi görkezdiň.
─Artykgül daýzaň gyzy bolarda ýatdan çykararmy?! “Zehin eneden, kuwwat atadan” diýipdirler.
─Her näme diýseňiz-de bu agy syrly agy. Hangüljan, gizleseň gizläber syryňy. Seň ýüregiň ýangynlydygyny sesiň aýdyp dur. Näme üçin ýanýanyny bütin il
bilýä.
─Goýsaňyz-la, gyzlar, ýok ýerden gep tapjak bolmaň. Läledir-dä.
Öýüň içindäki gürrüň, duldegşir öýdäkilere-de eşidilip durdy. Toý-şagalaň sowlup, her kim öýüne ýygnananda adamsy Hanmämmet giç geldi. Öňlerem şeýle bir açyk ýüzli bolmadyk Hanmämmet bu gün gaty agyr ýüzlüdi. Hangül onuň halyny bilmediksirän boldy.
─ Hanmämmet, çaýyň demini alyp durandyr.
Jogap bolmady. Hanmämmet Hangüle baka gözlemejek bolup ýüz sowdy.
─Näme, kelle agyryň tutýamy?
Ýene jogap ýok.
Hangül Hanmämmediň ýeňsesi bilen gepleşmesini bilýärdi. Hemişekileri ýaly bir salymdan açylyşar öýtdi. Golundaky Nuryny sallançaga saldy-da ýuwaşja üwräp goýberdi. Demli çäýnegi Hanmämmediň öňüne süýşürdi. Çaý içilmän galdy.
─Ýadaw bolsaň ýeriňi ýazaýynmy?
─Sen heleýjik, etjegiňi edip, meni oýnajak bolma! Sen entek Hanmämmedi tanaňok. Köpüň içinde aýdym aýtmag-a däl, öýde bir agyz gepleseňem, diliňi damagyňa gidirin.
─Bolýa, geplemedigim bolsun. Çagalary oýaraýma!
─Ikiňizi hem bir çukura gömerin, bilip goý.
─ Gül ýaly çaga beý diýme. O seniň – meniň ýürek ýagymyzdan öndi.
─Sen kime diýilýänini gaty gowy bilýäň . Mönsüremäňi bes et.
─Hanmämmet! Sen gabanjaňlyga başlama! Men özgä göz galdyramdan ölüp gidenimi gowy görerin. Ynan maňa, musurman bolsaň ynan!
─Sen lal bol! “Dutaryň perde-perde” diýip, kimi göz öňünde tutýanyňy bilmeýändir öýdýänsiň. Bilýän, asmandaky durnaň dem alşyny eşidýän.
─Sen eşidýäň, ýöne göreňok. Görmersiňem. Il gepine gitme . Il ikimiziň agzybirligimize şek ýetirjek bolýa. Senem ynanýaň.
─Lal bol .
Hangül sallançagy haýalja üwräp goýberdi.
─Men lal bolaryn, Hanmämmet. Bir dilegim: başga ýüz müň töhmet at, ýöne biwepa diýme. Ölerin, çüýrärin, sen perdämi açdyňmy, senden başgasy meniň meýdimi görer. Aýalam bolsam, merdana aýaldyryn, şuny unutma! Şu günden beýläk maňa gara sürtjek bolma. Men diňe seniň düşegiň. Öldüresiň gelýämi, ynha men, öldür. Ýöne töhmete çydamok. ─Hangül soňky sözleri agyly
aýtdy-da, ýaglygyny ýüzüne örtüp, içigip-içigip aglap başlady. Başga ýana bakyp dik oturyşyna Hanmämmet Hangülüň agysyna erejege meňzemeýärdi. Hangül gözleriniň ýaşyny ýaglygy bilen syldy, emaý bilen arkadan baryp ýakyn oturdy-da Hanmämmediň sag goluny gorka-gorka gujaklady.
─Hanmämmet, men seniň naçaryň ahyry. Hanha, sallançakda ýatanja perzendimden ant içýän, ynanmasaň, Kuran getir, alnyma goýup ant içeýin maňa beýle horluk etme. Sen soltanym, men gyrnagyňdyryn. Aýagymy gyşyk basanymy gördügiň hanjarlaýgyn, razydyryn.Ýöne öz gözüň bilen görgün.Gepe
ynanma.
Hanmämmet sarsmady, hiç bir sözem diýmedi. Hangül ýene aglap başlady. Eşidiler-eşidilmez agyly pyşyrdady.

Beden ýar-a, beden ýar,
Aklym haýran eden ýar,
Owal-a beýle däldiň,
Meger, gepe giden ýar.

Hanmämmet eliniň tersi bilen Hangüli batly itip goýberdi. Hangül ol zarba çydaman keçä ýazyldy. Gamly oturdy-da sallançagyň bagyny haýalja çekip başlady. “Wah, Allajan, näme üçin meni owadan ýaratdyň? Şu jebirleri görmek üçinmi? Meniňem gözümi Hanmämmediňki ýaly gülli et-dä, Allajan! Hanmämmediň ýüregine giňlik ber, Allajan! Gabanmasyny ýok et, Allajan!”...
Sallançakdaky Nury ajygyp oýandy, assaja gygyryp dodajyklaryny şapbyldatdy. Hangül Nuryny sallançakda ýanap, emdirip başlady. Oguljygynyň ýyly demi göwsüne urup, Hangül ýene bozuldy, aglamajak boldy, sesi çykmady, emma gyzgyn ýaşlar gözlerinden paýraý-paýraý Nurynyň gözlerine, maňlaýyna, saçlaryna akdy. Belki-de o gözýaşlar ene süýdüne gatylyp, Nurynyň dodajyklaryny ajydyp gidendir.
Bir salymdan Hangülüň ýorgan-düşek ýazjak bolmasyna üns bermän, Hanmämmet donuny üstüne örtdi-de gyşardy. Onsoň Hangül onuň üstüni ýorgan bilen örtüp, aýak ujuny dony bilen basyrdy. Şo mahal beýle ýanyndaky bir öýden birki gyzyň läle aýdýan sesi eşidilip-eşidilip gitdi.

Aýlarym agyllaşar,
Gargalar gagyldaşar...

Hangül pessejik penjiräniň galyň örtüsinden jyklady . Daşarda sowuk Aý dogupdyr. Dym-dyrslyk. Ýaňky gyzlaryň sesi hem eşidilmedi. Şemal kesildi öýdýän.
O läläniň soňy nähilidir-ä? Hangül ony unudypdyr, Hangülüň sesi çykmanyna näçe wagt boldy. Ýüregi ýarylyp barýar, ýürek läleden dolupdyr, owazdan püre-pürlenipdir. Bir daşary ylgap çyksa, aýak ýalaň çyksa, depä dyrmaşaga-da töwerege bakyp, şemala goşulyp, lälä gygyrsa. Köräp duran gursagyny gowzatsa. Läle aýda-aýda, sykylan nar ýaly boşap galsa.
Hangül zordan, gaty zor bilen özüni saklady. Ýogsa, penjiräniň öňünden aýrylyşyna, daşary ylgajak bolup birki ädim hem ätdi.
Dur! Dur! Seniň aýdymyň soňy ahy-nala bilen tamamlanar. Gapy açylanyny duýsa, Hanmämmet ýaňadan partlamazmy, ganygyzgynlygyna etmesiz bir işi edäýmezmi?! Saklan! Saklan!
Gapydan dönen Hangül emaý bilen baryp sallançaga egildi. Ogly myssyllap ýatyr, Hanmämmede baka garap goýberdi. Olam sessiz. Hangül ýag çyrany öçürdi-de sallançagyň bir ýanyna maňlaýyny diräp oturdy. Uzak oturdy. Ol hiç köşeşerlikli däl. Näbelli bir güýç onuň ýüregini o göwrä sygyranok, ýarylaýyn-ýarylaýyn diýýä, partlasy gelýä. Özem läle aýtsa, aýdym aýtsa, soňky wagtlar diline gelýän goşgy setirlerini aýtsa ynjalar. Häzirem ol sessiz dodaklaryny
hereketlendirip, ýadyna düşenleri aýdyp otyr.

Bilbilim garga boldy
Maňlaýym gara boldy
Ölenler öldi gitdi,
Galanlar yrga boldy.

Ýok, ýok. Bu gün ynjalyk ýok. Näçe sözläni bilen içdäki tupan köşeşerli däl. Ynsan bedeninde ýürek ýumruk ýalyja weli, ne göwrä sygýar, ne dünýä sygýar. Hangül ýerinden turdy. Näme bolsa şol bolsun. Daşary ylgamasa, öý howasy ony gowrup-köýdürip barýar.
Ýandym-la, bişdim-le, öldüm-le!
Hangül gapynyň sowuk agajyna el degrende togtady. Aklyňa aýlan, özüňe rehmiň inmese-de çagajygyňy unutma. Tümlükde Hangül ýere çökdi, az salymdan emedekläp sallançagyň ýanyna bardy. Oguljygynyň ýaňajyklaryna aýasyny goýup, çaganyň yssysyna ýylyndy. Birdenem agysy tutdy-da, beýle ýana başyny goýup, aglaý-aglaý surnugyp, uklap galdy.
Hangül şol gijeden başlap, aýrylmajak bir ýalňyzlyga uçrady. Şol gijeden başlap, ol öz äriniň gözlerinde özüne baka ynamsyzlyk, güman we gahar duýgularyny görmäge başlady. “Är-aýalyň urşy-ýaz gününiň ýagşy” diýseler-de ol ýagyş-ýagmyrdan geçene, aňzak-buzluga ýetene meňzeýärdi.
Hangül adamsynyň gabanjaňlygynyň, sarpa saklamaýşynyň baş sebäbini özüniň özgelere meňzemeýän gözelliginden görýärdi. Ol bir mahallar gyz wagty gözelligine buýsanan bolsa-da, elbukjasyndaky aýna uzak-uzak bakyp oturan bolsa-da, özüne göwni ýetýän ýigitleriň maý tapyp öz söýgülerini duýduranlarynda gaty başy dik dyman bolsa-da, häzir onuň ahwaly başgady. Ol Hanmämmetden özgäni göresi gelmeýärdi, Hanmämmediň muňa ynanmagyny, göz ýetirmegini isleýärdi. Emma Hanmämmetde ol inçelik ýokdy, gödekleç boýnyýogynlyk oňa häkimdi. Hangüle ýetibilmedik, emma içinden arman çekýän bir topar ýigidiň göribilmezlikden ýaňa içi çüýreýärdi. Olar bir ýollar arkaly Hanmämmet bilen Hangülüň agzybirligini bozup bilseler ynjaljakdylar. Muny Hangül aňry ýany bilen bilýärdi, ýolda-yzda, toý-tomgada özüne bakan her bir erkegiň neneňsi niýetiniň barlygyny gabak aňyrsyndan görmegi ýalňyşsyz başarýardy. Ol şeýle üşüklidi, emma Hanmämmet ol duýgulara ýetip bilmän, şo gaharly dymyp ýördi.
Soňky wagtlar Hanmämmede dost görnüp, öýlerine oturmaga gelýänleriň arasynda-da Hangüle ýiti-ýiti bakýanlary Hangül duýsa-da Hanmämmet duýmaýardy. Şo sebäpli, bir gün Hanmämmet açylyşyp är-aýal gatnaşygy adaty durkuna gelende Hangül Hanmämmede bu ýagdaýy ýaňzydasy geldi.
─Hanmämmet, bir zat aýtjak weli, akyl berýä diýmegin, sen “dostum” diýip dostlaryňa kän bir ynanybermegin diýjek bolýan.

Dost men diýen kändir weli,
Wepadar üçin aglaryn.

diýýä gadymkylar.
─Meniň dostlarymdan ikilik çykanok, indem çykmaz, inşalla. Bir aýal aýtdy
diýip, dostumdan geçip bilmen.
─Sen maňa ters düşünme. “Haýwan alasy daşynda, ynsan alasy içinde” diýýärler. Ähli dostuň ýamandyr öýdemok, ýöne ...
─Meniň dostlarym bilen ne işiň bar?! Sen özüňe seretsene. Seniň joralaryň seni oýnajak bolup, Hangül gowy aýdym aýdýa, gowy goşgy okaýa diýşip, seni masgara etjek bolýarlar.
─Näme, ejem aýdym-goşgy aýdany bilen masgara boldumy?!
─Ýaşy bir çene baransoň aýdanynyň zyýany ýok.
─Ejemiň-ä dogup-döräli bäri dilinde aýdym-goşgumyş.
─ Ýalandyr.
Hangül, mundan artyk gidiberse, Hanmämmediň gaharyny getirerin öýdüp sözlemedi.

* * *

Zamanalar birgeňsi üýtgäp ugrady. Eşidilýän habarlar gulaga ýakman başlady. Soňky wagtlar bu kiçijik Daýna obasyndan esgerlige köp kişi çagyryldy. Erkekler öz dogduk obasyndan uzaga gidesi gelmän, maşgalasyny başsyz goýasy gelmän gaçybatalga gözläp, her tüýsli pikir etdiler. Hanha, oba ortasynda oturan Seýitnurlaryň birbada iki ogluny esgerlige almakçy bolup, Bäherdene çagyryp başladylar weli, bir gije tutuş maşgala göterilip gidipdir. Ir bilen goňşulary gelse, daşky gapynyň kilit ýerine bir çöp ötürilgiligini görüpdirler. Olaryň nirä gideni belli bolman galdy. Başga bir oba göçdülermi, ýa dag içinde, il gözünden çetde bir gizlinje ýere gondularmy, ýa Bäherdeniň gaýrasynda ýazylyp ýatan çölde bir guýynyň başyna bardylarmy, Alla bilsin. Eýran tarapyna geçip giden bolmaklary hem bolup biljek zat. O tarapda-da türkmen bary ýaşaýar.
Her niçik bolsa-da, bir-birege öwrenişip, bir-birege goltgy berişip bir maşgala ýaly oturan oba üçin beýle habar uly urgy boldy. Dünýäde ýeke galan ýaly boldular. Bir ýerlerden bir bela ýetip gelýän ýaly, emma özleri mundan bihabar ýaly duýgy döräp başlady. Seýitnurlaryň maşgalasyndan habar bilibilmän ýörkäler, oba mugallymy bolup işläp ýören, öýlenenine ýaňy birküç aý bolan Ýusup hem bir gije ýitirim bolupdyr. Ýatylar uçurlary daşardan biri “Ýusup, Ýusup” diýipdir. Ýusup daşary çykypdyr. Şol çykyşy. Gelni pahyrjyk, uzak garaşyp, ahyry “Gelmedi-le” diýip daşary çykypdyr. Ses-üýn ýok .Onsoň goňşy-golam, garyndaş bary örüzilip, gijäniň içinde her ýerden habar alypdyrlar. Emma Ýusupdan derek tapybilmändirler . Ýalňyz galan gelin üçin gije hem-de geljekki gije-gündizler dowzaha dönüp, ýerli häkimýete, kolhoz başlygyna, Bäherdene habar berseler-de “Gördüm-bildim” diýen bolmandyr. Seýitnurlaryň maşgalasynyň gürüm-jürüm bolmagynyň üstesine, Ýusup mugallymyň ýitmegi Daýna halkyna dowul saldy. Obada uly-kiçi, aýal-erkek, ähli halaýyk diňe şo ýitigleriň gürrüňini edip başlady. Elbetde, myş-myşlaram rowaç aldy. Agzyýelliler palaw iýençe hezil edindiler .
─Seýitnurlaryň gaçyp baran ýerine Ýusubam baranmyş, her gije obada üç atly
aýlanýamyş. Şolar adam ogurlaýamyş. Gün batdygy öýden çykmaweriň.
─Beýdip, gorkup ýaşap bolmaz.
─O-how, bu gürrüňler çişip-çişip, ahyrynda, ýetmeli ýerine ýetmeýämikä? Üç kişiniň hötdesinden gelibilmeýän bolsalar, bolmaz ahyry.
─Ýusuby Şeýtan köpriň ýakynynda bir gowakda görenmişler. Diýwana ýaly, saç-sakgaly ösgünmiş diýýä.
─Woýenniler Ýusuby nirede görseler atjakmyşlar. Ol döwletiň garşysyna bir zat diýenmiş diýýäler.
─Seýitnurlar näme, olaram döwlete söz aýdypmy?! Olar-a pukaraja külbesinden başga zady bilmezdiler. Gowy adamlardy.
─O-how, olar ölen ýaly gürrüň etme. Ertir geläýseler utanarsyň.
─Näbileýin, geläýse-hä bolýa weli. Bu goňşy obadanam ýiten bamyş diýýäler. Bir bela gopýa, biz bilemizok.
─Bir ýerde uruş turanmyş diýýäler, ähli erkek göbekli şoňa sürüljekmiş.
─Meni bir ýitirmäýedirler, çül çagajyklarym aç öler.
─Mürçeden bir günde dokuz ýigidi woýennä alanmyşlar.
─Çendirden bäş maşgala Eýran tarapa göçüp gidenmiş.
─Soňky wagtlar oba içinde ýat adam köp duşýar. Düýn biri gabat geldi weli salamymam almady.
─Allajan, özüň ýagşysyny et-dä.
Hanmämmet şo dymyp ýörşüne bu gürrüňleri gaty dykgatly diňleýär. Uzak-uzak pikire batýar. Ol maşgalany goramaga amatly ýer gözleýär. Eger Daýnada rahatlyk bolman, adamlary şeýdip ýitirim edip ýörseler, bir gün özüne-de nobat ýetjegini oýlanýar. Hanmämmet diňe çagalarynyň atasyz ýetim galjagyny
däl-de, eýsem aýaly Hangülüň başy boş galjagyndan howatyr edýär. Hangüli başga biriniň aýal edinerinden gorkýar. Hangüli bäş çagaly aýal görnüşinde
däl-de henizem şol öňki owadan gyz görnüşinde görýär. Şeýle aldawçy görnüş ony kyn günde goýýar hem-de Hangüle şübhe-güman bilen bakdyrýar.
Hangülüň gyz owadanlygy galmadyk bolsa-da, ol dört ogul, bir gyz doguran aýala hiç-hiç meňzemeýärdi. Onuň giň maňlaýy, alkymlary, bilekleri ak kümüşden guýlan ýaly owadandy. Ýarsmadyk göwre derek ýalydy. Ol owadanlyga gelin owadanlygy diýilýärdi. Hanmämmediň gabanjaňlygyndan ýaňa çeken ejirleri hem Hangülüň gözel durkuna täsir edip bilmändi. Şol gelin owadanlygy ähli dertden rüstem görünýärdi. Emma owadanlyk ýitmese, gabanjaňlyk ýitmejek ýaly.Hanmämmet indi günde-günaşa gowga turuzmasa-da, wagtal-wagtal bulanyp alýardy, özem Hangüli aýal-gyzlaryň üýşmeleňine goýbermejek bolup, ýüz-müň bahana araýardy. Bir gün Hanmämmet gijara işden geldi weli, çagalar gapyda oýnaşyp otyr, emma Hangül ýok. Çagalardan sorasa suw almaga gitdi diýdiler. Hanmämmet öýüniň gapysynda birahat halda iki ýana garanjaklady. Ol sabyrsyzdy. Güzere baka böküp barjakdy. Şo mahal beýle ýandan suw kädili geçip barýan bir zenan Hanmämmedi gördi-de suwly gabyny ýere goýdy.
─Hanmämmet, Hangül ýarawsyz öýdýän, suw başynda aglap otyr. Ýör gideli
diýsemem gaýtmady. Özüň git-de kömek edip getiräý.
Hanmämmediň öýi Dänegulyň depesiniň orta bilinde. O taýdan inip, mellekleriň arasy bilen aýlanyp-öwrülip, soň tokaýyň içi bilen ep-esli ýöräňsoň, Sumbardan suw alynýan güzere barýaň. Hanmämmet Sumbara ýakyn baranda, derýanyň şaggyldysynyň ýany bilen Hangülüň agyly sesini eşitdi.

Bilbilim garga boldy,
Maňlaýym gara boldy,
Ölenler öldi gitdi,
Galanlar yrga boldy.

Hanmämmet çybşyldap bardy-da güzere jyklap bakdy. Hangül kenarda mahal-mahal suwa çöpjagaz, şahajyk zyňan bolýar hem-de gözýaşlaryny sylyp läle aýdýar. Hangülüň bu zaryn owazyny derýa diňleýärdi, ol owazdaky ýalňyzlyk, söýgä teşnelik, bu dünýä azaplaryny çekmäge taýýarlyk, geçene gynanyp, geljekden umytlylyk duýgulary derýany hem elendirýärdi. Derýa Hangüle syrdaş bakýardy. Töwerekdäki gaba-gaba toraňňylar, uzyn-uzyn derekler Hangülüň owazyna çydap bilmän, iki ýana baş ýaýkaýardylar, gözýaş ornuna ýapraklaryny derýa dökýärdiler. Beýle ýanda böwürslenler başyny sallap, Hangülüň owazyndan ýaňa gama batyp sessiz otyrdy. Diňe Hanmämmet töweregiň bu ahwalyny duýmaýar. Käşgä duýsady. Käşgä bile gam-hesret çekişsedi, käşgä ýürek eresedi. Şeýle bolsady, şonda Hanmämmet emaý bilen gelip, Hangüli gujaklar, başyny döşüne gysar, onuň ajy gözýaşlaryny öpe-öpe guradar, saçlaryny sypar, bagryna basar. Şeýle bir ýumşak, şeýle bir ýüpek ses bilen: “Hangülüm, gülleriň hany, saňa näm bolýa, näm bolýa? Men mydama ýanyňdadyryn. Seni ýalňyz goýmaryn. Hangüljan, köşeşsene. Hany, maňa bakyp ýylgyrsana” diýip özelener. Hangül ýene lälä başlady.

Hüwdi-hüwdi hüwlendiýä,
Suwda balyk köwlendiýä,
Balyk diýip tutanym-a,
Ýylan bolup towlandyýa.

Hangülüň gözlerinde ýaş köpeldi. Ol barha batly, barha zarply aýdasy geldi. Ýürek pessaý uçasy gelenok. O ýürege deň geljek, oňa laýyk geljek owaz zerur.
Hangül häzir bu töwerekde özüne düşünmeýän, özüni söýmeýän-halamaýan bardyr öýdenok. Hat-da gije bolaryny diläp, hininde ýatan gurtlaram bu zarynlama ýumşaýandyr öýdýär.
─Ýok, ýok. Arkaňda adam bar, Hangül!
─Dälirediňmi?! Lal bol! Ýör öýe! ─Hanmämmet gazaply gygyrdy. Hemişeler bolanlygynda Hangül tisginerdi, buýruga boýun bolardy. Emma bu sapar beýle däl, rahat bakdy-da: Hanmämmet, gelsene, gel, meni derýa zyňyp goýber. Seniň eliňden öleýin. Saňa gurban bolaýyn, Hanmämmet!
─Lal bol, ýör öýe.
─Bir salymjyk duraly. Maňa bir zad-a bolýa. Ýüregim ýüregime syganok. Hanmämmet, bilýäň dämi, göwrämde ýene çaga bar. Maňa kömek et, men
däliräýmäýin. Azajyk duraly. Azajyk duraly. Wah, çagajyklaryma nebsim agyrýa. Men olaryň enesi ahyry.
─Goý-how, samramaňy. Düş öňe.
─Gaýrat et, Hanmämmet, maňa kömek et.
Hanmämmet ony diňlemedi. Suw kädi bilen suw susup aldy-da Hangülüň elinden gaharly tutup, öýe baka gaýtdy.
─Sen meni oba masgara edýäň. Dälirän günüň ýere gömerin. Beýdip, ile gep bolup gezmerin.
Hangül sözlemedi. Emma köňlünde turýan tupan köşeşmän, gözýaşlar ýodajyga seçelendi geldi. Içki dünýäsinde bolsa lälemi, aýdymmy, goşgumy... çogýardy. Hangül olary içinden gaýtalap gelýärdi.
Ümüş-tamyşlykda, gapynyň bir gyrasynda bir-birine gyslyşyp oturan çagalar ejesini görenden “Eje-de, eje!” bolşup, Hangülüň eline, köýneginiň synyna ýapyşyp öýe bile girdiler.
Hangül dymýar, gözlerinden ýaş akýar. Ol çagajyklarynyň başyny, arkasyny sypaşdyrýar. Uly ogly Baýly, Artykgül, Aşyrberdi, Begmämmet indi ep-eslije bolupdyr. Olar beýleräkde otyr. Ýaňy ýöräp ýörenje Nury bolsa ejesiniň gujagyna giripdir. Ol ejesine bir zatlar diýýär, emma ejesi ony eşitmeýän ýaly. Şo-ol bir nokada göz dikip otyr.
─Hany, doňup oturma-da çaý-naharyň ugruna çyk. ─Hanmämmet zarply sözledi. Baýly ylgap çykyp, ojakda gaýnap duran tüňçäni getirip demledi. Saçak ýazdy. Onuň hereketine guwanyp bakan ejesi: “Baýlyjan, küýzäň düýbündäkije ak ýagy käsä guýup kakaňa ber, oglum” diýdi. Ejesiniň gepläp başlamagy çagalary begendirdi. Hälden bäri öýi daraldan içgysgynçlyk çagalardan aýrylyp başlady. ─Eje, häli Annasoltan daýza gelip gitdi. Uruş turanmyş diýýä. Bäherdenden bir kişi gelenmiş, şol aýdanmyş. ─Baýlynyň bu sözi Hanmämmediň gulagyny gazap gitdi. Ol çaýyna bir bölejik ýag atyp, çörek batyryp, iýip-içensoň ýene donuny geýdi-de geplemän çykyp gitdi. Hanmämmet giç dolandy. Çagajyklar bir hatar bolup ýatyr. Ölügsi ýanýan ýag çyranyň aňyrsynda Hangülüň oturan keşbi zordan görünýär. Öňki gezeklerdäki ýaly, Hanmämmet dostlarynyň ýanynda oturyp gelen bolsa, yrsarap, bir bahanajyk tapyp Hangülüň üstüne herrelmelidi. Hem öz keýpini bozmalydy, hem Hangülüň keýpine sogan dogramalydy. Hangül muňa garaşýardy. Emma bu sapar başgaça boldy. Hanmämmet donuny çykaryp, Hangüle ýakyn ýere geçip oturdy. Sesi hem ýumşak çykdy. ─Eşitdiňmi? Uruş turanmyş. Nemisler çozanmyş. Ähli erkegi urşa sürjekmişler. Derýadan aňry geçiläýse näder.?Derýadan aňry geçmek─Eýrana geçmekdi. 1917-nji ýylyň, soňraky ýyllaryň gowgalarynda köp-köp türkmen maşgalalary Eýran tarapa geçip, o taýdaky türkmen obalarynda gaçybatalga tapdylar. Hangül birbada jogap bermedi, uludan dem aldy, näme diýjegini oýlandy. -Geçmek aňsat, ýöne il nädýä, şoňa görä bolsak gowy bolmazmy? Dogduk ýeriňi terk edip, ýat ýurda gitmek gorkunçdyr-la. - Bäş çagamy, aýalymy ýeke zyňyp, Orsyýete gitmegem-ä jennete giden ýaly däl. Onsoňam urşa girmel-ä, öljegiňi-galjagyňy Alla bilsin.─Turan uruş, ýatybam biler. Iliň ümzügi nirä bolsa, bizem şo tarapa gideli.─Seňki belli-le . Sen äriňden dynybilseň, hezil edinersiň-le. Erkeklere aýdym aýdyp berip, bäý-bäỳ, özüňi güjeňlärsiň-ä. ─Sen gitseň, bäş çagam ýetim galýa. Onsoň men çagamyň ýetim galaryna dözer öýdýämiň?! Agzyňy haýyr açaweri.─Men başga çykalga tapmasam, maşgalamy derýadan aňry geçirmeli borun. Soňuny soň görübereris.─Ilden çykmajak bolaly, Hanmämmet. Alla bardyr. Gaty howlugyberme. Aljyrana şeýtan ýardamçy diýipdirler. --Hudaýa ynansaň ynan, eşejigiňi berk duşa-da diýipdirler. O gije ne Hanmämmet, ne Hangül rahat uklady. Ýüz müň pikir başa gondy, hiç birine jogap tapylmady. Ata-ene geljekki günlerde, aýlarda başlaryna ne kysmatlar düşjegini, ne wakalar görjegini, ýanynda myslaşyp ýatan çagajyklarynyň ne ykbala sataşjaklaryny häzir gümanam etmeýärdiler. Adamzady bu günlere getiren we elmydama öz yzynda ýüwürden ýagşylyk umydy Hanmämmet bilen Hangüli hem aldawly ýoluna düşürdi. Uruş turdy habary Hangülüň öňki gamyny düşnüksiz we hiç-hiç egsilmeýän gamyny hasam artdyrdy.
Garyp –gamgyn başym bardy.
Gam üstüne gamlar ýagdy.
Ýalňyz başyma gar ýagdy.
Garyň gap-garasy ýagdy.

Dowamy bar

© Oraz ÝAGMYR
Görülen: 65 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Oraz Ýagmyr | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203