Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:07
...Ýene bir gün / ýatlamalar
…ÝENE BIR GÜN

Oraz Ýagmyr (1947-2022)

…Ýene bir gün uniwersiteti tamamladyk.
Ýazyp-pozýanlar Aşgabatda galarmen boldy. Aşgabatda ýaşajak bolsaň bir sümelge gerekdir, güzeran dolamalydyr diýip kelle agyrdýan ýokdy. Özümiziň nirä baş sokýanymyzy soň-soň duýup galdyk.
Oraz Ýagmyr-a harby gulluga gitdi. Özgelerem paýtagtyň muşakgatlaryna maňlaý urup başladylar. Atamyrat Atabaý aramyzda iň keltämiz, iň ekabyrymyz, o döwür iň şöhratlymyz, üstesine-de iň şohumyz. Ol şeýle bir anekdotlar aýdýar weli, gülüp içiň gyrylýar. Elbetde, pukaralygy bar. Her niçigem bolsa töwerekdäkilere görä Atamyradyň pukaralygy ylalaşarlyk. Ol şahyra Bibi Orazdurdyýewa öýlenensoň baýar öýtdük. Sebäbi Bibi baý maşgalanyň gyzydy. Gaýta, tersine boldy. Atamyradyň gan ýuwdup gazananjalaryny Bibi üýtgeşik köwüş almaga we taksili gatnamaga sowurýardy.
Bibi köwüş keselinden saplandymyka?
Taksi keseli nädendir öýdýäňiz?!
Onsoň ýene bir gün Atamyrat ejesi biçäräniň başyndan gum sowrup, pomidor, ot satyp toplanja pullaryny alyp gaýdyp, Aşgabadyň ilersindäki baýyrlykda “Nahalstroý” diýen ýerden üç otagly, bagly, bakjaly howly aldy. O howly şahyr Kakabaý Gurbanmyradyň bir günde gurnup giren külbesiniň beýle ýanynda ekeni. Şeýdip iki şahyr goňşy boldy. Emma goňşular bir-birinden örän uzak häsiýetlidiler. Kakabaý diýlen ýigit ýetimligiň, horlugyň demir dyrnagyndan çykyp gelen, örän okumyş hem dogry sözlüligi kesp-kär edinen kişi. Ol aýalynyň törpüsine çydap, aç oturybilýär, ýöne pul tapsa-da gidip kitap satyn alýar. Onsoň mydama arzan çilimiň ajy tüssesine boglup, kitap okap ýatyr ýa-da bir setir goşgy üçin bütin gijäni ukusyz geçirýär. Kakabaýyň bilimi edebiýat ensiklopediýasy ýaly bir zat. Onuň dil bilşi bir kişiniňkiden artygrak, şygyr we kyssa terjimeleri görelde alarlyk. Şonda-da onuň şöhrat rowaçlygynyň ugry ýok. Kakabaýyň özi hem nirdesiň şöhrat diýip, ýüwrüp ýörenlerden däl. Umuman, Kakabaý gepleşmäge-tirkeşmäge şeýle bir ýakymly bolmasa-da ondan gybat sözüni, ýalan-ýaşryk sözleri eşitmersiňiz. Ol başyna düşeni mertlik bilen çekmäni çagalykdan öwrenen adam.
Aýalynyň ökde bişirýän, etsiz, noýbasyz diňe gyzyl burçly unaşyny içip, şükür edip bilýär. Atamyradyň bolsa goşgulary barha rowaç alýardy ýa-da onuň özi her ýollar bilen itergi berýärdi. Ol döwürler Atamyrat şöhrat atyna münmedigem bolsa, guýrugyndan aslyşypdy. Şygyrlar kitaby hem çap edildi. Şygra gezek gelende Atamyradyň örän ýatkeşligi belli. Esen Nazar kursdaşymyz. Şygyr ýazan bolýar, makalalary çap edilýär. Öýlenibilmän ýörensoň, ol ömralla öýlenibilmejek ýaly duýguda ýaşaýar. Oňa her kim bir gyz hödürleýär: kim küýkini, kim gaýkyny. Esen, biçäre, körem bolsa öýlenjek-le weli, ony bir gören gyz şobada ret edäýýär. Nämedenligini hiç bilip bilmedik. Onsoň obadaşlary ony bir ekabyr gyza öýlendirmegi başardylar. Maşgala düzelip gitdi, emma Esen Nazar indi öýlenenine gije-gündiz ökünip ýaşaýar.
Onsoň ýene bir gün ol bir akyldar aksakala duşup:
-Ýaşuly, öýlenseň gowumy, öýlenmeseň?- diýipdir. Ýaşulam şobada:-Ikisem ýaman- diýip jogap beripdir.
Esen haýyş etmeli bolsa, hiç çekinip durmaýar.
Bir gezek obadan baýja biri sataşanda:
-Agam, elli manat kömek etsene-diýipdir weli, obadaşy otuz manat uzadypdyr. Esen puly sanap:
-Bi-ýä otuz manat ekeni weli, ýigrimisini soň berersiň-dä-diýenmiş diýip, oglanlar gülüşýär. Esen örän ýukaýürek. Başym agyrýa diýdigiň, üstüňde kökenek bolýa. Köplenç, kelle agyry ýitip gidensoňam, ah-wah diýip, ýaňadan kelle agyry döredýär. Pukaraçylyk bolansoň, karz-kowal almaly bolýar. Şonda oglanlaryň ählisi Esene tarap eňýär. Karza barany boş goýbermeýär. Ýöne yz ýanyndan özüniň diläýmesi, ýa “karz alanyň ýadyňdadyr-la” diýip uly iliň içinde aýdaýmasam bar. Muny seni masgaralamak üçin däl-de, Eseniň ba-ar bolubilşi-dä.
Karz berse-de berýär weli, Eseniň soň gaty birahat gezişini duýan Oraz Ýagmyr: ―Pylany Esene bergim bar weli beribilmerin öýdýär-diýip Eseniň ýanynda gürrüň eden bolýa. Onsoň az salymdan görseň, Esen ýa şo bergidara jaň edip durandyr, ýa göni şonuň ýanyna büküdip gidendir.
Käbir adamdan bergisini gaty kyn alsa-da ýene şo adam dilege gelse, Esen durubilmeýär. Esen-dä. Bir ýyl diýlende Oraz Ýagmyr esgerlikden dolandy. Bir ýylda üýtgeşme bary bolupdyr. Hälki Esen Aşgabat obkomynyň “Oktýabryň ýalkymy” gazetine işe geçipdir. Birgeňsi şadyýan bolupdyr. Ýumorlyja sözläsi gelip dur. Uly oblastyň köp ýerini gezensoň, gözi açylyp baslapdyr. Ol Kaka raýkomyna barşyny gürrüň berýär:
Birinji sekretar günortan naharyna öýüne çagyrypdyr. O döwrüň birinji sekretary-da, näçe galplyk edeýin diýse edibilýär. Ynha, onsoň pukaraja Esen Nazar gat-gat ýazylan türkmen halyly otaga aýak basýar. Egin-eşigi köneje, hat-da jorabynyn hem her ujundan, syçan jyklaýan ýaly, başam barmak görnüp dur. Onsoň dürli-dürli naharlar, örän üýtgeşik arak-konýaklar saçaga goýulýar. Eseniň ömründe görmedigi-dä. Börek bilen çyg gaýmagy garyp ýetim garna urýar-urýar. Birinji sekretaram ýeser ýylgyran bolup, aldygna konýak guýup berýär. Ind-ä wagty gelendir diýende söze başlaýar.
-Esen Nazarowiç raýonymyz hakda gowuja makala ýazaweri. Menem seň ýaly ýetim oglandyryn. Bir gaýrat edersiň-dä. Gadryňy bilerin.
Esen özünden näme talap edilýänine kän bir göz ýetirip baranok. Ýöne ―Hawa-la- diýýär-de ýene gaýmakly börege ýapyşýar. Kimiňkide oturanyny unudyp: ―Şu gaýmag-a gaty üýtgeşik ekeni. Stakany näçeden satylýarka?- diýýär. Emma jogap ýerine ajy ýylgyryş görýär.
Öýlän birinji sekretaryň “Wolgasy” Eseni Aşgabada, umumy ýaşaýyş jaýyna getirýär. Sürüji ep-eslije sebedi hem Eseniň goluna berýär. Serhoş gelen Eseni hemişeler gaharly garşylaýan aýaly hem sumkadaky zatlary görüp sesini kesäýipdir. Eseniň bolsa birinji sekretara näme wada bereni bireýýäm ýadyndan çykyp gidipdir.
Esen hakda ýarym çyn-ýarym ýalan gep kän. O hakda anekdotlaram köp ýasaldy. Ynha biri; Esen dördünji etaźdaky öýüne içgili gelýämiş weli, bir gün aýaly onuň golundan tutupdyr-da eýwanyň açyk penjiresine baka çekipdir.
-Esen! Ýa sen bök, ýa men bökjek. Bi içgili durmuşdan bizar boldum.
Eseniň serhoşlygy şobada uçupdyr. Dördünji gatdan böküp aman galmajagy belli.
-Enejan, soň bökäýeýin-le?
-Sen-ä erkegem däl ekeniň. Çekil, özüm bökjek.
-Enejan, bökme. Sen gitseň,çagalara seretjek ýok. Özüm-ä böküp bilmerin weli, gowusy, sen meni zyňaýsana.
Atamyradyň: ―Eseniň häsiýetini doly görkezip bilen ýazyjy klassyk bolýa- diýmesi bar.
…Ýene bir gün Oraz Ýagmyr esgerlikden gelip, Aşgabada göçermen bolup, oglanlardan jaý soragyny edip başlady. Atamyrat bilen Bibi öz jaýlaryndan bir otagy bermäge razy. Onsoň Oraz obadaky gelnini getirip, şo taýda ýaşap başlady. Üç aýdan soň beýle ýandaky boş ýerden bir günde kiçijik bir hütdük gurnup, şo günem göçdi. Sebäbi jaýyňy örän tiz salmasaň, buldozer getirip, kerpiçleriňi owradyp gidýärdi. Jaýyňda otursaň bolsa, gizlin söwdalaşyp, düşünişip bolýardy.
Ynha, onsoň mart aýynda bir günde salnan jaýda peç ýakyp, Oraz bilen gelni ýatýar weli, öl suwag, öl toprak bugaryp, damyp, ýorganlar öl-myžžyk bolýar. Ir bilen oýananlarynda saçlarynyň ýuwlan ýaly çyglygyna düşünmän haýran galýarlar. Şeýdip üçünji bir goňşy peýda bolýar.
…Ýene bir gün şahyr Nobatguly Rejep o jelegaýlarda gorünýär. Ol örän çepiksiz, çala serhoşyň ýöreýşi ýaly daýanyksyz ýöreýär. Kiçeňräk gözleri bolsa ähli kişä gümanly garaýar. Belki, şonuň üçindir, Nobatguly özüniň tapylgysyz şygyrlaryny gözüni ýumup okaýar. Onuň ýygyrt-ýygyrt jalbaryny, penjegini görüp, şeýle beýik şahyryň nädip şeýle geýnip bilşine köpler haýran. Şahyrlyk babatda Atamyrat bilen Nobatguly gizlin bäsdeş bolsalar-da Nobatgulynyň Aşgabada göçüp gelmesini Atamyrat ikelläp goldady. Ýöne Nobatguly bir günde salynýan jaýda ýaşamakçy däldi. Taýýar jaý almaga-da puly ýetmedi. Onsoň ol birki gün Aşgabatda dost-ýarlar bilen arak içişip, goşgy okaşyp, obasyna baka ýom-ýok boldy.
Bir ýyldan geldi-de Atamyratlaň goňşusy bolan meşhur sazanda Akmyrat Çarynyň üç otagly jaýyny satyn aldy. Bu töwerekdäki ähli jaýlar ýaly bu jaý hem dokumentsizdi. Onsoň Nobatguly dünýä ýaly giň ejesini we çagalaryny getirip, täze goňşy boldy. Nobatguly oglanlaryň arasynda ýiti pikirliligi bilen tapawutlanýar. Şol bir mesele hakda dokuz pikir aýdylan bolsa, ol onunjy pikiri aýdyp bilýärdi we onuň pikiri has originaldy. Şeýle-de bolsa onuň özüni alyp barşyndaky bärden gaýtmalar, ýüz hamynyň aşa daýhanlaçlygy Nobatgulynyň belent pikirleriniň ägmiýetini kähalat gowşadýar.
Oglanlar üýşüp-üýşüp uzak gije söhbetler gurýar. Hökman jedeller ara düşýär. Her kim öz pikiriniň dogrylygyna gaty berk ynanýar. Öz ýazan goşgularyny okap bolduklary, ozaly bilen, özleri öz goşgusyny öwüp başlaýar. Beýle öwünjeňlik olaryň arasynda kabul edilen. Diňe Kakabaý kiçi göwünliligini saklajak bolýar. Olam, edil beylekiler ýaly, goşgusyna bir pikir aýdylaýsa, öwgi bolmasa, örän gazaply daraşýar. Mahal-mahal bir-biregiň şygyrlaryny kül edişlik bolýar.
-Seniň goşgularyň bir köpük-diýeniň özi hem şeýle baha alýar. Kähalatda: “Seniň özüň ne poh” diýen derejä çenli pese gaçylýar. Emma gowy tarapy tiz, şobada ýumşaşyp, ýene arak içişýärler.
…Ýene bir gün bu goňşylaryň iki-üç öý beýle ýanyndaky bir sümelgäni heýkeltaraş Täçmyrat Çaryýew satyn aldy. Täçmyrat hä diýmän Baýram Lallyk diýen güýçli hudoźnigi boş ýerden jaý salşyp göçürip getirdi. Täçmyrat türkmeniň gadymy klassyk ýaşaýyş durmuşyny örän gowy bilýär. Özem giň adam, sözüň agramyny, reňkini, ornuny gaty gowy bilýär. Ona derek Baýram gaharly, içse hasam gaharly. Ol bir gezek serhoşka birine: “Dişiňi owradaryn” diýdi weli, şonda Täçmyrat: “Owratsaňam çörek çeýnärlik goýarsyň ahyry- diýip ara düşdi.
Gowy zady Täçmyradam, Baýramam öwünmäni bilmeýärdiler. Onsoň şahyrlaryň öwünişip, pel-pelleşip oturyşlary olara ýaramaýardy. Bir oturylyşykda Atamyrat:
-Öwünip aýtdygym dal, Magtymgulyňky ýaly goşgulary näçe diýseň ýazyp bilýän- diýdi weli, Täçmyrat ýylgyrdy-da:
-Atam, maladys. Hälem ýazdym diýmediň-diýdi. Emma Atamyrat badyny gowşatmady.
-Seniň oýnuňam bolsa, meniň çynym. Ölülerden Magtymguly. Dirilerden özüm. Goşgy ýazyşmakda nähili şahyryň bolsa cykar orta!-diýdi.
Şonda beýle ýanda gyşaryp ýatan Nobatguly dikelip:
-Atam, meni hasap edeňokmy?- diýende Atamyrat ýylgyryp:
-Seniň ölüligiň, diriligiň belli däl-ä-diýdi.
Ýeri gelende ýene bir wakany gürrüň bereýin. Atamyradyň, Nobatgulynyň, Agageldiniň özlerini klassyk hasaplap ýörşüni geň gören biri: “Siz klassyk bolýan bolsaňyz, Lermontow ýaly 27-de, Puşkin ýaly 37 ýaşda giderdiňiz” diýipdir. Şonda Nobatguly:
-Biz klassyklaryň kyrkdan soňam ýaşap bilýändigini subut etmek üçin ýaşap ýörüs-diýipdir. Başga bir okyjy Moskwa baranda Moskwada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Atajan Tagana duşup:
-Atamyrat, Nobatguly, Agageldi dagy özüni klassyk hasaplaýar. Muňa nähili garaýaň?- diýende Atajan Tagan:
-Ýalan sözlemesinler. Türkmen klassygy Moskwada ýaşaýar‘ diýipdir.
Gurbannazar Eziz Kakabaý Gurbanmyratlara seýregrägem bolsa söhbetdeşlige gelýär.
-Siziň kompaniýaňyz ýaman gowy. Şahyr boljaga gaýnap duran gazan-da-diýýär.
Goý, şahyrlaň güni jenjeldir dawa-
Diýip, dodak çöwrübersin gedemler,
Bizi şahyr eden jedeller dälmi?
Halyl, bizi şahyr eden jedeller!
Gurbannazar gelende töwerekdäkiler öwünmediksirän boluşsalar-da, öwrenilen gylyk örkleseň durýarmy?! Ýöne Gurbannazar öwünenlere üns bermän, gulagynyň duşundan geçirip goýberýär. Özi goşgy okanda örän labzy süýji. Soň dymyp, aşak bakyp oturýar. Käbir şahyrlar ýaly pikir aýtdyrmaga zorlamaýar. Ynsanyň dymmak hukugynyň barlygyny hiç-hiç unutmaýan borly. Atamyradyň goşgy okaýşyna göwni ýetýär. Gurbannazar:
-Ýaramaz goşgy ýazýany hem goldamaly, belki gowy ýazyp başlar, ahyry, bolmanda gowy okyjy bolar- diýen pikirde.
Gurbannazaryň özüni alyp barşyny gören onuň örän terbiýeli maşgalada ýetişenini bada-bat duýýar. Örän seresap, örän näzik hem sypaýy, aňrybaş hoşgylaw adam bolany sebäpli, onuň bar ýerinde şoňa görä boljak bolmak edähedi bar. Uly şahyr bolmak üçin, ozaly bilen uly adam bolmak zerurdygyny Gurbannazaryň mysalynda gördük.
…Ýene bir gün çagalar ýazyjysy Agageldi Allanazarow göründi. Ol Moskwanyň edebiýat institutyny gutaryp geldi. Olam bu oglanlaryň arasyna goşulmakçy. Kakabaýyň mellejiginiň aýakujyndaky ýerde iki otaglyja jaýy bir günde gurduk.
Baş gurluşykçy Oraz Ýagmyr. Beýlekilere garanda onda işe ýakynlyk bar. Şoňa görä Atamyrat: “Oraz lampoçka-da ýasap başlady” diýip degişýär. Agageldi öz jaýy gurlanda ne pile el degirdi, ne kerpiç göterdi, ne-de palçyga bulaşdy. Ol ir bilen bazara diýip çykyp gidişine öýlänler dolandy. Okuw diýip, durmuşda gören zady az görünýär. Ol ummasyz çagaçyl. Çaga gorse ogşap, ýalap, sypap barýar. Her gün ir bilen çagajyklary ony dabara bilen ugradýar. Agageldi yza dönüp-dönüp çagajyklaryny ýaňadan ogşap-ogşap göýberýär. Şol gezekleriň birinde çagalaryň arasynda çolaşyp ýören güjügi hem ogşapdyr diýip, Atamyrat gülüşdirýär.
Geň tarapy, Agageldiniň goşgularyny Atamyradam, Kakabaýam, Nobatam öwýär. Agageldi-de Moskwanyň badyhowalygyna gapylyp gelensoň, öwünmekde bu oglanlardan hiç kem durmady. Eseri hakda bir kiçijik bellik edeniň hem başyna gyzyljagurt bolup daş ýagdyrýar:
-Sen bellik eder ýaly kim diýsene! Ýeddiýüz ýyl yza galýaň. Düşünýämiň, ýeddi ýüz ýyl! Seniň bütin döredijiligiň podmýotki ne goditsýa (ýagny köwşüň aşagyna ýamalygam boljak däl ýa-da basyp giden yzyna degjek däl).
Agageldi ýokka oglanlar onuň ýeddi ýüz ýyl diýmesiniň sebäbini biljek bolup kelle döwýärler. Ala-böle ýedi ýüz ýyl diýmesinden bir many çykarybilmän kösenýärler. Atamyrat has kesgirdir weli, olam köp kösendi. Ahyry, bir deliljik tapdy. Aşgabat-Moskwa uçar saparynyň nomeri ýedi ýüz. Şol ýedi ýüz nomer kellesinde ýer edinendir diýip goýdular. Şindi-şindi hem oglanlar üýşende şol ýeddi ýüz ýylyň bu zamanlar näçe ýüz ýyla ýetenini bilmeli diýişýärler.
Ol oglanlaryň bir häsiýeti bar: kim otyrylyşykda ýok bolsa bir salym şonuň edim-gylymyny, otur-turşuny aýdyşyp gülüşýärler, umumy häsiýetini terezä salyp ölçeýärler, ýöne Agageldiniň häsiýetini weli haýsy terezä saljaklaryny bilmän kösenýärler. Agageldiniň oýnaklaýan ala gözleri hem köp zady güman astyna salmaga sebäp bolýana çemeli. Agageldi Atamyradyň: “Ölülerden Magtymguly, dirilerden men” diýenini diňlänsoň, “Ölülerden Tolstoý, dirilerden men” diýmäge çekinmedi. Olar öz şöhrat aldawyna ynanyp pel-pelleşýärdiler, diňe Oraz Ýagmyry bu şöhrat paýtunyna mündürmeýärdiler, onsoň ony ýönekeý bir okyjy hökmünde görýärdiler. Üstesine-de ol içmänsoň, az-kem yzagalagrak saýýardylar.
Kem-kemden ýaşaýyş ýola düşüp başlady. Oglanlaryň jübüsinde pul görnüp ugrady. Onsoň bir-birege lakam goýuşlyk döwri geldi. Lakamsyz galan Agageldi boldy. Onuňam sebäbi Agageldiniň örän düşnüksiz, örän çylşyrymly häsiýetidir. Tanap bolmaýan adama lakamam dakylmaýana çemli.
Atamyradyň sähel büküdibräk ýöreýşini, pikir rüstemligini görüp, onuň bu dünýä öňem bir gezek gelip-giden ýaly hereket edişini synlap, oňa:
-Goja-diýen lakam goýdular. Atamyrat öz lakamyndan razy boldy hem-de bu lakama guwanyp başlady.
Kakabaýa dakylan lakamy onuň özüne aýtmaýarlar. Onsoňam belli bir lakamda durman, iki lakam ulandylar, olam lakamlaryň köküni kesdi. Kakabaýyň özüni dartyk saklaýşy, az-kem betgylawlygy muňa sebäp bolan bolsa gerek. Nobatgula “Agrar”, “Igli” lakamlary ulanyldy. Ol öz lakamlaryna kän bir ünsem bermeýär. Oraz Ýagmyra “Ýagly” lakamyny goýdular.
Ýangyç hökmünde öýde salýarka ulanylansoň, gyşda gyt bolýar diýip tomus alyp goýan Orazyň, baý, üstünden güldüler-ä. Oraz bolsa, boş çelekleriňiz bar, sizem alyň diýip maslahat berýär.
-Gyş entek nirelerde- diýşip gaýra gaýyşýarlar. Şo gyş ir düşüp öýünde çagajyklary titreşip başlady weli, o wagt ýagy nireden tapjak?! Ana, şondan soň Oraza “Ýagly” lakamy tirkelip goýberildi. Indi Orazdan ýag dilemeli weli, erkekler gelmäge ýüz tapman, habarsyz aýallary dilege iberýärler.
-Oraz, bir bedre ýag beräýmeseň, öýmüz doňduryp barýar.
Orazam beýle sebäp tapsa, hezil edinýär.
-Ýagdan köp zat ýok. Siz agyr bedre göterip, ýaga bulaşyp ýörmäň. Ýoldaşyňyz gelsin, alyp gitsin-diýýär. Onsoň, näme, kynam bolsa gelmeli-dä. Öýdäki igenje çydaman Nobatguly bedresini hallanladyp gelýär. Ýüzi örän agyr. Hemişekisi ýaly, sähel sakawlap gepleýär.
-Ýagly, sen gaty biderek adam-aý. Berýäniň-ä ýag weli, edil gan berýän ýaly edýäň-aý.
-Hüjüm etmek iň gowy goranyş.
-Ýag ýakmasak, jan ýakarys weli, ölmejegimiz çyndyr.
Nobatguly, adaty seresapsyzlygy sebäpli, dökän-saçan edip bir bedrä ýag guýýar-da, ne sagbolsun, ne taňryýalkasyn bar. Sessiz öýüne ýumlugýar.
Az salymdan ýene Bibi eli bedreli gelýär.
-Waý, Oraz, özüň guýup beräýmeseň, Atamyrat myhmanly otyr.
Oraz derrew ýagly çelege ýapyşýar. Ýöne Atamyradyň myhman jaýynda yşyk ýoklugyny görüp, Atamyratdan ýene bir gezek aldanandygyny bilýär.
Bir gezek Täçmyrat hudoznik bilen Nobatguly Lebapda gezip ýörkäler, solýarka daşaýan maşyny görüp durzupdyrlar.
-Solýarka satsana.
-Al, agam.
-Onda göni “Nahalstroýa” gideli.
-“Nahalstroý” diýýäniň nire?
-Sen, näme, Aşgabatly dälmi?
-Ýok, bäri Lebap.
-Wi-i, bagyşla, biz özümizi Aşgabatdadyrys öýdüpdiris.
Ýag gytçylygy, kähalat, şeýle aljyraňňylyga-da salýar. Uzak gyş gijeleri oglanlaryň öýlerinde gezek-gezegine diýen ýaly üýşüşip, örän giň örüli gürrüňler edilýär. Atamyratlarda oturylsa, her kim manty ýa-da dolama iýjegini bilýär, Kakabaýlar, elbetde, unaşa ökde. Indi, öňküler ýaly suw, un, burç däl-de, et, noýba hem goşulýar. Nobatgulylar, köplenç çorba berýär. Bol etli çorba.
-Bi, näme, Nobatguly, mydama sizde çorbala?-diýseň,
-Myhman köpelse, suw guýaýmaga amat bolýar-diýýär. Bir myhman geldigi Nobatguly gaty ardynjyraýar weli, aşhanada nahara suw goşulýar. Muny duýan bir myhman öýe girenden:
-Nobat, ardynjyrama, men tiz gitmeli-diýipdir. Agageldiler tagamly türkmen palawyny bişirýärler. Özem köneçe bişirýärler. Tüwini et, käşir bilen garman, örän owadan palaw taýýarlaýarlar. Käşiriň iri, uzyn-uzyn dogralany bada-bat göze ilýär. Agageldiniň palaw iýşini synlasaň hem bir palaw iýençe lezzet alýarsyň: ol örän tiz iýýär we doýup goýändyr diýer ýaly däl. Ol harby gullukda desant bolansoň, nahary tiz iýmek däbi şondan galana meňzeş. Desant sözi agzalsa, Agageldiniň hezil edinýänligini hem ýüzugra aýtmaly. Ol onsoň desant durmuşyny ep-esli gabardyp, örän şowhunly gürrüň berýär.
Agageldi desant bolanyna gaty gabarylýar. Hatda Oraz Ýagmyryň:
-Men raketaçy boldum-diýmesine-de: “Desandyň ýanynda raketaçy bir köpük” diýip pagtabent atyp goýberýär. Bir gezek azyk dükanynyň müdiri Şamyrat aga ýazyjy-şahyrlary çagyryp, dükanyň arka ýüzünde arak-konýak skladyna salyp hezzet-hormat etdi.
Atamyrat otlawaç-da. Ýuwaşjadan:
-Agageldem desant bolup gulluk etdi-diýdi-de göz gytagyny Agageldä aýlap goýberdi. Az salymdan Agageldi desant bolup Çehoslowakiýa zyňylyşy hakda uzak gürrüňe başlady. Has gyzyşanda goltugyny açyp, çöp çyzan ýaly bir çyzygy hem görkezdi.
-Şu ýara-da Çehoslowakiýanyň üstüne bökenimde boldy-diýdi weli, bir sagada golaý bäri dymyp, diňläp oturan dükan müdiri Şamyrat aga çydap bilen däldir-dä:
-Agageldijan, Çehoslowakiýada näçe gün bolduňyz?-diýdi.
-Bir hepderäk bolduk.
-Onda ýagşy-la. Biz Çehoslowakiýa 1945-de girişimizden kyrk sekiziň ahyrynda gaýtdym-da-diýdi weli, oglanlar pakyrdaşyp gülüşdiler.
Oraz Ýagmyrlarda nahar iýilse, köplenç, goýnuň kelle-aýagy bolýar. Ol bir ýerden arzanja bahasyna örän tämizje hem täzeje kelle-aýak getirýär.
…Ýene bir gün onuň “Atçapan” hekaýasy radioda gidip başlady weli (o hekaýa soňra on sekiz ýyllap radioda berildi), redaktory Allaberdi Durdy:
-Bir toklujyk soýup ýuwaýsaňa-diýip köp aýdansoň, Allaberdi we goňşy oglanlar Orazlara üýşdüler. Orazam bir tokly soýan kişi bolup otyr. Ynha, kelle-aýak geldi. Allaberdi:
-Men aýakçyldyryn-diýip bir aýagy özüne çekdi. Derrew iýdi-de ýene bir aýaga el uzatdy. Şonda ol ýazgyn çanakda ýene dört aýak barlygyny görüp doňup galdy.
Oglanlary soňky wagtlar çagyrylmadyk myhmanlar gaty heläk edip başlady. Olaryň on bäş gün bolup gidýäni hem bar. “Pylanyny myhman çüýredýär” diýşip, oglanlar daşyndan gülüşýärler. Şo gije ýene bir topar myhman dökülip, hälki gülüşýänleriň külbesiniň dar törüni eýeleýärler weli, olaryň gülküsi çekgesinde doňup galýar.
O döwürki myhmanlaryň bir däbi bardy, yzyna myhman tirkäp geläýýärdiler. Soň şo tirkelen myhmanyň özi gelip başlaýardy. Ýöne myhmanlaryň arasynda şahyr Amandurdy
Annadurdynyň geň häsiýeti bar. Oňa “Sary bilbil” diýýärler. Örän beýik şahyr. Ynha, ol, özi Aşgabatda ýaşasa-da, her gije biriniňkä myhman düşüp başlady. Bir gün däl, on gün däl, soň-soň dynç günleri-hä gündizine-de gelýär. Bir gelse örän uzak oturýar, özem ile gezek bermän, aldygna rubagysyny okaýar.
Aman hernäçe gowy şahyr, gowy adam bolsa-da, bizar etse, soň sowaşyp başlaýarlar. Onsoň ýene bir gün oglanlar üýşüp, Amandan halas bolmagyň ýollaryny gözlediler.
-Amanyň rubagylaryny öwýäs. Indi geler weli, rubagylaryny kül edeliň, şonda bu taýdan aýagy kesiler.
-Aman geldigi gizleneliň-de öýdäkilere ýok diýdireliň.
-Beýdip gaçyp ýörenden: “Amanjan bizi heläk etme. Bizem ýaşamaly, ýazyp-pozmaly” diýip, ýüzüne aýdalyň.
-Ýo-ok. Gelende çaý-suw bermän aç saklalyň. Onsoň Amany daňyp saklabam bilmersiň.
Başga-da köp çäre orta atyldy. Ýöne Amandan dynjaklaryna ynanýan ýokdy.
Şondan soň Amandan gaçyşlyk başlandy. Amanam yza çekiliberenok. Bibi daşarda işe güýmenip, Aman göründigi:
-Atamyrat öýde ýok, Oraz-a öýünde-diýip başlady. Oraz jaýy has dar bolansoň, özem gödensiz uzyn bolansoň, az-küş ýerde gizlenibem bilmeýär. Ýöne ol bir gezek basga bir ýol tapdy.
-Atamyrat seniň rubagylaryňy ýaman gowy görensoň, bir kitaba goşjak diýýä-diýip Amana aýdýar. Aman bolsa: “Wah, Atamyrady görjekdim weli, Bibi “Atamyrat ýok” diýdi-dä” diýýär.
-Bibi Atamyradyň öýe gelenini görenem däldir. Ýaňyja işden bile geldig-ä.
Onsoň Oraz Amany yzyna tirkäp, Atamyratlara ugraýar. Bibi:
-Amany Orazlara ugratdym-diýip arkaýynlanyp öýe giripdir. Oraz gelşine gapyny kakman öýe girýär-de Atamyradyň iş otagynyň gapysyny çekýär. Otagda Atamyrat görnenok.
Aman bolsa: “Atam ýokdur-la” diýýär. Oraz Amana ümläp, duldaky krowadyň tutusyny galdyr diýýär. Aman tutyny galdyryp jyklasa, Atamyrat eli kitaply ýatyr.
-Atam, bu taýda ýatmaň näme?
-Öz öýüm, nirde ýatamda näme?!
… Ýene bir gün Aman Orazlaryň gapysyny kakýar weli, Oraz hasyr-husur gizlenýär.
“Oraz heniz işden gelenok” diýip, Orazyň gelni jogap berýär. Açyk gapyda öýe bakyp duran Aman şahyr:
-Oraz işde bolsa, o krowadyň gyrasyndan çykyp ýatan aýaklar kimiňki?-diýýär.
Amanly ýagdaý birki aýdan sowuldy gitdi. Onsoň ýaňadan Amany, onuň joşgunly okaýan rubagylaryny küýsediler. Ol il içinden irginsiz toplan almaz dänelerini gije-gündiz ýylmap-ýylmap, merjen-zümerret derejesine ýetirýär. Ol bir öýe, bir şähere, bir ýurda sygjak şahyr däl. Şoňa görä bolsa gerek, ol bir ýerde karar tapman çawjap ýör. Şahyr bu dünýäni ýüregine sygyrsa-da, şahyr ýüregi bir dünýä sygmaýar.
-Ýazyp ýetişmedik goşgy setirim, kepenimden çykar kebelek bolup…
…Ýene bir gün şahyr Italmaz Nury Atamyratlara gelýär. Töwerekdäki oglanlaram üýşýär. Ýaz ýaly şahyr. Onuň bir geň häsiýeti bar: köpleriň eşiden syryny diňe özi bilýän ýaly edip aýdýar.
-Eşitdiňmi?
-Ýok.
-Öz aramyzyň gürrüňi weli, Pylanyny pylan baýraga hödürlediler. Baýrak alýança hiç kime aýtmaweri.
Italmaz beýle syrjagazlaryny, ýanyňdan aýrylmanka, üç-dört kişä pyşyrdap ýetişýär. Italmaz özi hakdaky anekdotlar aýdylsa, heziller edýär.
-Gowusy, Atamyrat, Atamyrat, özüň aýtsana-diýip tiz sözleýär. Onsoň Atamyrat goşgy okamaga ökde bolşy ýaly, anekdotlary hem şirelije aýdyp başlaýar. Italmaz, bu anekdotlary müň gezek eşidenem bolsa, birinji gezek eşidýän ýaly, ýürekden gülýär.
Bir anekdot:
Italmaz Moskwada edebiýat institutynda okaýarka, köplenç, sapaga gijä galyp barýar ekeni.
-Şu gün bir wagtynda baraýyn-diýip, ot alyp giden güni hem giç barypdyr. Professor Italmazyň gapyda bir aýagy ak köwüşli, beýlekisi gara köwüşli galpyllap duranyny görüpdir.
-Mähribanym. Aýagyňa nämeler geýip gelipsiň?
-Bagyşlaň, öýde galanlary hem şuň ýaly.
Ýene bir anekdot:
Italmaz Moskwada bile ýaşap-okan dosty, Azerbeýjanyň uly şahyry Fikret Gojany Türkmenistana näçe çagyrsa-da gelmändir. Onsoň bir gün: “Italmaz öldi. Ertir bäşde jaýlanýar” diýip, Baku şäherine telegramma iberýär. Ertir Bakudan gelen uçardan Fikret Goja gözlerini ýaşardyp düşýär weli, garşysynda Italmaz ýylgyryp dur.
-Bah, bah, ba-ah! It ölür, Italmaz ölmez-diýip, çepiksizje Italmazy gujaklapdyr. … Ýene bir gün Atamyrat her goňşudan pul ýygnap, meşhur bagşy Ödenyýaz Nobaty çagyrdy. Atamyradyň giň otagynda, ýagny Aman şahyrdan gaçyp, krowadyň aşagynda gizlenen otagynda ilkagşamdan gaty lezzetli aýdym-saz başlady. Agageldi şobada uklady. Muňa gözi düşen Ödenyýaz Nobat gaty geň galdy.
-Bä-äý, “Tagtabazarda iki aýaklylaryň ählisi aýdym-saza ýakyn” diýip ýördüm weli, bolmady-ow-diýdi.
-Agageldiden gaty görme. O çagalar şahyry bolansoň, çagalaň ýatýan wagty ýataýmalydyr. Onsoňam Agageldiniň iň gowy wagty ýatan wagtydyr. Ondan saňa diňleýji bolmaz. Ol sygryň sesini eşegiň sesinden zordan tapawutlandyrýar-diýip, Oraz Ýagmyr sözledi. Bagşy Gün dogar-dogmazda dutary bir ýanynda goýup, derini sylyp otyrka, Agageldi oýanaýdy. Turşuna:
-Tüweleme, Öde akga, uzak gije gaty gowy aýdym aýtdyň-diýdi weli, bagşy hem: “Tüweleme, senem uzak gije gaty gowy ukladyň” diýdi.
Ynha, “Nahalstroýda” geçen bäş-alty ýyl garyplyk-pukaralyk bilen geçenem bolsa, o ýyllar uly sapaklar berdi. Soň şähere-döwletiň beren jaýlaryna göçüşlik başlady.
Wezipe keseli hem köpüsine degdi.
Şo arada gözel ýaşlyk hem geçip gidipdir.
Ýollar aýrylyp başlady.
Şeýdip, her maşgala bir ýerden çykdy, emma ýakymly ýatlamalar weli, ömür boýy bizden aýrylmasa gerek.

Oraz Ýagmyr. Daglar ýumrulyp beýgelýär. – Ankara, 2007. 3-22-nji sahypalary.
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 527 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Oraz Ýagmyr | Рейтинг: 4.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
1
1 Мango • 18:18, 25.01.2023
Uly şahyr bolmak üçin, ozaly bilen uly adam bolmak zerurdygyny Gurbannazaryň mysalynda gördük”.
Şahyrlyk bilen adamlygy birleşdirip bilmek kyndyraý.
===
Oraz Ýagmyr öz ýatlamasynda özi barada “Oraz Ýagmyrlarda….” diýip ýazýa welin….
Gyzykly ýatlamalar.
Ruhy şat bolsun.
avatar
1
2 Bagabat • 18:31, 25.01.2023
Oraz Ýagmyr, Türk dünýäsini ýaýmak babatda bitiren hyzmatlary üçin, 1999-njy ýylda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Halkara "Liýakat" baýragyna, Garajaoglany dünýä tanatmakdaky uly işleri üçin 2005-nji ýylda Tarsus Bäş Altyn baýragyna, 2009-njy ýylda Türkiýe Ýazyjylar Birleşiginiň ― Beýik Baýragyna
mynasyp bolupdyr. Edebiýat bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýeläpdir.
Ýalňyşmaýan bolsam, türk dilinde onuň "Bozgurt nagmalary" atly (?...dy öýdýän) göktürkmenlere bagyşlanan şygyrlar ýygyndysam çykypdyrmyka diýýän.
Ol 90-njy ýyllarda baýrak almaga baranda horaşaja geýimlidigi üçin türk gazetlerinde "Türkiýäniň Prezidentinden baýrak almaga deşik köwüşli sahna çykan şahyr" diýen ýaly aňlatmada mynasyp bolupdyr öýdýän.
avatar
1
3 Medicall • 10:32, 09.02.2023
Horoşaja geýinip baran bolsa näme üçin deşik köwüşli diýdilerka?!

Oraz Ýagmyr ägirtler, ussatlar üçin köp iş edendigine ýatlamalaryny okanyňda-da gözýetirýäň. ýetireniňize olaryňam ruhlary şat bolsun!
avatar
1
4 Bagabat • 10:50, 09.02.2023
Sahna çykmak üçin onuň basgançagynda barýarka köwşüniň aşagymy, burnumy görnüpmiş.
avatar
0
5 Merw • 13:10, 30.08.2023
Howwa hakykatda pahyr gürrüň beripdi köwşi ýyrtyk ekeni. Baýrak alyp bolansoňlar indi nirä diýipdir Oraz Ýagmyr welin ýolbeledi oňa köwüş dükan baraly diýip ýylgyrypdyr.
avatar
0
6 Şygryýetiň_aşygy • 14:58, 25.11.2023
Gowy ýatlamalar. Sag boluň!
avatar
0
7 Sylapberdi • 16:24, 25.11.2023
Aý olam bir edebi manyowdyr-da agam
avatar
0
8 Kerim • 11:17, 24.06.2024
Gowy,gowy
avatar

Старая форма входа
Total users: 202