Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:50
Beýik ömürden parçalar /dowamy

GURT ÝAKUP

Her näçe gamçylabersinler, bir Gurdy ýykanyň bilen böwet basyp bilmersiň. “Türkmende Gurt kändir. Bu halkyň atasy ene gurdy emen diýýärler. O zatlar ýitip gidiberesi ýok”. Onsoň Gurt bagşy öz deň-duş bagşylarynyň at gazanan artist, halk artist, halk bagşysy ýaly atlaru alyp, döşlerini ordeh medallary dakynşyp ýörenlerini ýatlady. Elbetde olara çigidiň gabygy ýaly göripçiligi ýok. Emma özüniň ýerli häkimetler tarapyndan ýanalyp ýörişine düşünmedi. Ýöne halk welin onuň aýdymlaryna ölemen teşne. Gurt bagşy bir toýda aýdym aýtdygy ertesi ol aýdymy magnitafon kassetasyna göçürip dünýä ýaýradýarlar. Özüni diňläbilmän, kasseta arkaly lezzet alyp ýören halaýyk Gurt Ýakubyň özüni görende Hydyr atany gören ýaly begenýärdiler. Onuň halk içindäki sarpasyny, gurp Ýakuba goýulýan hormaty hiç zat bilen deňär ýaly däl. Ana, şol sarpa, şo hormat bagşynyň iň uly medetkäri boldy. “Alla dert berende dermanyny ýany bien berermiş” diýip Gurt Ýakup öz göwnüne teselli berýärdi. Şeýle gijelerden soň ol öňkidenem ýumşak, mylaýym hem göwüntapyjy bolýardy. Ürç edip täze goşgulary, dessanlary, kyssalary, hekaýat-rowaýatlary öwrenýärdi. Onuň almaz ýaly ýiti zehini okan zadyny tutuşlygyna ýat tutmaga mümkinçilik berýän ekeni. Bir gezek ol bir ýaşulyda “Ýusup – Ahmet” dessanynyň köne nusgasyny görüpdir-de, o dessany ýat tutmak üçin kyrk günlük sorapdyr. “Kyrk günlük” diýip kitap eýesi geňirgenipdir. Gurt Ýakup bolsa kitaby uzak möhletlik soraýandyryn öýdüp müýnürgäp: “Onda otuz bäş günlük beräýiň” diýipdir. Kitap eýesi otuz bäş gün diýilende gurt bagşynyň bosagasyndan ätläpdir. Ol uly dessany sanalgyja günde ýat tutup boljagyna hiç ynanmandyr. Gurt bagşy kitaby myhmanyň öňüne oklapdyr-da, höwes bilen “Ýusup-Ahmedi” aýdyp beripdir, weli begenjinden ýaňa myhmanyň ýüregi ýarylara gelipdir.
- Älhepus, älhepus! Seniň egniňdäki adamyň kellesimikä beri? – diýip Gurt ýakubyň päki bilen syrylyp elmydama ýylmanyp duran kellesini elläp görüpdir.
Ol kelle däldi-de kelle görnüşli türkmen hazynasy-dy. Gaýtalanmaddyk, gaýtalanmajak hazynaly türkmen kellesidi. Sebäbi ömürboýyegninde göterip ýörse-de, onuň içindäki hazynanyň möçberini göz öňüne getirip bilmeýärdi. Gurt Ýakupdan: “Näçe aýdym bilýäňiz, näçe dessan bilýäňiz” diýip soralanda hiç wagt anyk jogap berip bilmezdi.
Türkmengalaly muşdak Annageldi Baýmyrat ogly Gurt ýakubyň aýdýan aýdym-sazlary, dessanlary bilen gyzyklanypdyr.
Bagşynyň tirme aýdymlarynyň mukdaryny kesgitläp bilmese-de, ol şu aşakdaky dessanlary, rowaýatlary, kyssalary Gurt Ýakubyň aýdanlygyna güwä geçýär:
1. Şanama
2. Babaröwşen
3. Ýusup –Ahmet
4. Zeýnelarap
5. Ymam Hüseýin
6. Hatam taý
7. Ybraýym Edhem
8. Sagdy--Wakgas
9. Oguznama
10. Risalaýy Nesimi
11. Hezare sowal Melike Danyşmend
12. Leýli – Mežnun
13. Ýusup – Züleýha
14. Kyssaýy – Fyrgun
15. Şejereýi – terakime
16. Gülpam
17. Myraly we Soltan Söýün
18. Kasasyl Enbiýa
19. Asly – Kerem
20. Uzuklar
21. Meşrep diwana
22. Isgendernama
23. Kyrk hadis
24. Taryhy Enbiýa
25. Taryhy muluk-i Ajam
26. Taryhy halyfat
27. Kyssa Ymam Islim
28. Zarkum
29. Wagzy Azad
30. Wagzyl Jöhit
31. Itli jöhit
32. Makatyl
33. Hejep oglan
34. Sir Şerif
35. Kasym oglan
36. Zöhre – Tahyr
37. Wamyk – Uzra
38. Döwletýar
39. Melike – Mährinigär
40. Melike – Dileram
41. Diwani lugat et-türk
42. Röwzet es-safa
43. Gyýas el-lugat
44. Seýpelmelek – Methaljemal
45. Şirin – Perhat
46. Guşlar dili
47. Pentnama
48. Baharystan
49. Behiştnama
50. Şabährem
51. Gül – Senuber
52. Warka – Gülşa
53. Wepaýy
54. Kowusnama
55. Hoja – Ahmet ýasawynyň hikmetleri
56. Jamynyň eserlerinden
57. Nowaýynyň şygyrlaryndan
58. Ferdöwsiden
59. Mollanepesden
60. Magtymgulynyň eserleri tutuşlygyna

Görşüňiz ýaly, şu eserleri aýdym edip, kyssa höküminde gürrüň bermek hupbatyny bir gyrada goýup, şeýle köp zatlary diňe ýatdan bilýänligi üçinem Gurt Ýakuba ýadygärlik bina edäýmelidi. Emma elinje ýazylyp eline berlen üç kagyzy hem iliň içinde okajak bolanda büdreýän körzehinler oňa ýol öwretjek boldylar. Gurt Ýakup baş bermänsoň, onuň agasy, Begli Ýakuba igenip ugradylar. Olam aýdym – sazdan
Gowy baş çykarýan adamdy. Eger partiýa işi, metbugat işi diýip urdyrmadyk bolsa, olam üýtgeşik bagşy bolup ýetişmelidi. Begli Ýakup bilenem tirkeşen adamlar Magtymgulynyň eserlerine onuň örän çuň düşünişiniu, goşgularyny ýatdan aýdyşyny ýatlaýarlar. “sagylmadyk sygyr süytden çykar” diýilşi ýaly, bagşyçylygam başbitin ugruna ýykylmasaň baş berýän sungat däl.
Şoňa görä bagşyçylyk ylhamy Begli Ýakupdan daşlaşdy gitdi. Ýogsa olaryň atasy Ýakup aga bagşydy ahyry. “Ejem pahyryň aýdan läleleri, hüwdileri” diýip Gurt bagşynyň sanaýan setirlerinden çen tutsaň, onuň ejesi hem örän dilewar, halk döredijiligini gowy bilýän zenan bolarly
Gaýrada atlar boşandy-ýa,
Ýoluna güller düşeldi-ýä,
Haýp, meniň ýaglygym-a ,
Balaman ogly guşandy-ýa.

Siz Gurt Ýakubyň merdem owazynda bu heňleri diňlän bolsaňyz, Sizi täsirli duýgylar gurşap alandyr. Ozaly bilen, “Hany, hüwdi aýdyp, bäbek ýatyrýan eneler?” diýip her kimde geçmişe teşnelik oýanandyr.
Eger eneler hüwdi aýdýan bolsalar, Gurt Ýakup erkek owazy bilen hüwdi aýtmasa-da aýtmazdy. Bagşy hüwdi aýdylmaýanyna gyýylyp, gudratly hüwdileriň müň bir owazynyň ýitip barşyna dözmän, özi aýtmaga mejbur bolýar. “ Goý, bir ýere ýazyp goýsunlar, bu gün bolmasa ertir hüwdä dolanarlar, doňup barýan dünýäni hüwdi aýdyp erederler” diýen umydy bardy.

Hüwdi, hüwdi hüwlendi-ýä,
Suwda balyk köwlendi-ýa,
Balyk diýip tutanym-a
Ýylan bolup towlandy-ýa.

Bu setirlerde näçew duýgy, näçe pelsepe, näçe many jemlenenine bagşy örän çuň göz ýetirýärdi.
Umuman hem, Gurt Ýakubyň her sözüň agramyna, ornuna, maksadyna düşünişi saza düşünişinden kem däldi, ony söýüşi hem şonçarak bardy. Şoňa görä, märekäniň arasynda saz çalman, aýdym aýtman, ýönekeý söhbet edip oturanda-da Gurt Ýakup özüne bakdyryp bilýärdi.

Dowamy bar..
© Oraz ÝAGMYR
Bölümler: Aýdym-saz sungaty | Görülen: 91 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Oraz Ýagmyr | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203