Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:35
Beyik köñle syýahat
BEÝIK KÖÑLE SYÝAHAT

Bagtyň ýiten günleri

Bir gün Hanmämmet öýlänara paltany daşa çalyp başlady. Hangül öýüň hysyrdysy bilen girip-çykyp ýör. Garşy daş ojakdaky gazanyň aşagyna odun atýar. Ysmanak gaýnadyp, aç çagajyklaryň garnyny doýrasy gelýär. Çagalaram
töwerekde oňa-muňa güýmenýärler. Uly ogly Baýly we Artykgül obanyň beýleräginde daýylarynyňka gitdiler. Öýde-de doglanyna kyrk gün hem bolmadyk Maýa sallançakda ýatyr, kämahal jägildeýär. Hangül emdirip, sallançagy üwräp gaýdýar.
Adaty bir gün. Hangül Hanmämmedi, palta ýitiläp oturansoň, oduna gitjekdir öýdýär.
─Hanmämmet, oduna gitjekmi?
─Ýok seniň boýnuňy çapjak─Hanmämmediň sesi gaty çykmady. Hangül o söze kän üns bermedi. Öwrenişen sözleri-dä.─Meniň boýnumy çapanyň bilen ojaga odun bolmaryn. Oduna gitjek bolsaň, Baýlyny daýylaryndan çagyrjak.
Hanmämmet dymdy. Paltany aldy-da, dikilen hatjaly agaçdaky horjuna saldy. Ýene hiç söz diýmän, aşak inip gitdi. Yzyndan göz gytagy bilen garap galan Hangül ol Baýlyny getirmäge gidýändir ýa-da aşakda atalaryndan galma mellege aýlanmaga barýandyr öýtdi.
Emma Hanmämmet günortan bolsa-da gelmedi, garaňky gatlyşanda biriniň atyny idip geldi. Hangül Hanmämmetde bir howsala, bir galagoplyk barlygyny duýdy. Sesini çykarmady. Çagalar agşamlygam ysmanak iýip ýatdylar. Hanmämmet daşary çykyp barýarka, birden yzyna gaýtdy, sallançagyň ýanynda oturan Hangülüň bogazyny garsa bogdy-da ýuwaş, emma gaty gaharly gepledi.
─Şu gije beýlä geçýäs. Ýa meň bilen gidýäň, ýa şu taýda läşiňi serýän. Eşidýämiň, seni bu taýda başy boş goýman. Hanmämmediň heleýi ýaly diýdirmejegim hakdyr.
─Çileden çykmadyk bäbegimize nebsiň agyrsyn. Ilki özüň görüp-bilip gel, onýança çaga usugar...
─Kes sesiňi! Ýa gidýäň, ýa ölýäň.
─Beýtme!
Hanmämmet Hangülüň bogazyndan elini aýyrdy-da sessiz daşary ylgap, ýene sessiz geldi. Hangül hiç zatdan habarsyz halda sallançagy yrap otyr. Ol arkasyndan eli paltaly gelen Hanmämmedi görmedi. Oýuna-pikirine gelmejek beýle wagşylygyň bolup biljegine ol hiç ynanmazdy. Urar, söger, ondan aňry gitmez öýderdi. Muňa-da gaty bir ynanybermezdi. Hanmämmet çagajyklarynyň atasy ahyry, şol çagajyklarynyň hatyrasyna, eli ýaraga uzamaz, olary enesiz ýetim-ýesir goýmagyň berbagtlygyna akly ýetýändir öýdýärdi.
Daýna Daýna bolaly bäri ilden çykgynçlyk bolmandy, hiçkim beýle habar eşitmändi.
Hangül ýene sallançagyň bagyny çekip goýberdi. Şo mahal arkadan urlan agyr urgy onuň merdem başyny bir ýana ýykdy, göwrede ýere serildi.
Diňe bir eziz enäniň göwresi däl, o göwre bilen birlikde ähli umytlar, arzuwlar ýere serildi, ogul-gyz doguryp, hatar-kerwen bolup, yranmaz maşgala bolup ýaşamak höwesi ýere serildi. Hangüli hasap etmäniňde-de dört ogluň, iki gyzyň ykbaly hem ýere serildi galdy.
Hanmämmet ganygyzgynlygyna bäs gelmän paltany salanda ýeke bir Hangülüň ömrüni däl, öz ömrüni hem çapdy. Ogul-gyzynyň gelejekki bagtyny çapdy. Bir paltanyň urgusy näçe ýürek bagyny çapdy.
Namys hakda söz galmady. Namysy ýatlaýan adam öz namysyna palta urarmy?! Agaja urlan palta namys edýärdi, ynsana urlan palta nätdikä?!
Hanmämmet tiz-tizden, hassyllap dem alyp başlady.
Beýnisi syzlap, başy erbet şyňlady. Gözlerine gan öýlüp, ýere gaçaýjak boldy. Ol demigip başlady. Ylgap daşary çykdy, ýene öýe kürsäp girdi. Duldaky boş horjuny alyp daşary ylgady, eýersiz atyň üstüne horjuny atdy, atyň ýüpüni çözdü-de batly çekip, gapa getirdi. Öýe girip ilki Aşyrberdi bilen Begmämmedi südürrükledip getirdi-de hersini horjunyň bir ýanyna saldy, olar oýaly-ukyly halda näme bolýanyny bilmän, bir söz aýtjak bolanda, kakasy “lal bol” diýdi. Hanmämmet ýene öýe ylgady-da ukudan oýanmadyk Nuryny Begmämmediň sokulan horjun gözüne ýerleşdirip atyň ýüpünden çekip ýola düşdi. Ol gaty hopurgaýardy, demigýärdi we atyň ýüpüni gaty çekýärdi. Aty süýräp gitjege meňzeýärdi. Ýodajyk bilen gidip tokaýa girdi. Nurynyň boýuny deňeýän çynarjygynyň ýanyndan geçdi. Hangülüň suw alýan güzeriniň beýle ýanyndaky ýalpak kenardan Sumbara girip başlady. Emma at birbada horgurdy, yza tesdi, silkinip bir gapdala bökdi. Şo mahal Nury horjundan gaçdy-da başy daşa degip özünden gitdi.
Garaňky gijede howsalaly Hanmämmet mundan bihabar galdy. Ol at ýüpüni has berk tutup, ony derýa baka ykjam çekip başlady. At zora çydaman, ýuwaş-ýuwaş toýnagyny suwa batyryp, ýöräp ugrady. Olar Sumbaryň o tarapyna geçenlerinde süllümbaý ezilip geçdiler we ýüzüni baýyrlara baka tutup gitdiler. Horjundan we at guýrugyndan akýan suwuň şyrryldysy hem kesiliberdi.
* * *
Öýde uzak gije üwrelmän, ajyganda emme berilmäni üçin uzak gije jägildäp, aglaý-aglaý surnugan bäbejik Maýanyň hem aglamaga güýji ýetmän, dodajyklary kepäp galdy.
Sumbaryň daşly kenarynda atdan gaçyp, özüni bilmän ýatan Nury hem gijäniň ýary gözüni açanda niredeligini bilmän, bu ýerlere neneňsi düşeninem bilmän, gorkusyna gözlerini ýumdy. Emma töwerek janlydy, bir möjejik gyrmyldap onuň köýnejiginiň ýyrtyk ýerinden girdi-de goltugyny gazalap ugrady. Sumbaryň owazy hem Nuryny öz erkine goýmady. Birden-birden güýçlenip, edil öz üstüne akyp gelýän sil ýaly şowwuldy, birdenem peselip, uzaklaşyp, kesilip barýan ýaly owazlar onuň gulagyna gelýärdi. Şol arada başga bir möjejik onuň alkymyndan çakdy. Edil ary çakan ýaly boldy. Nury “Eje!” diýip gygyrjak boldy. Emma ses çykmady. Aç, öňdenem ysgynsyz göwre, başy deşilip akan ganlara çydaman ýene ýere ýazyldy. Ol özünden gitdi. Ejizje göwräni dag ýaly gören mör-möjekler onuň üstüni basdylar, ýylyja gandan doýdular. Belki, ýylan-içýanlar bu ýat myhmany görmäge gelip, onuň üstünden iki ýana geçendirler. Bu tokaýdaky janly-jandara meňzemeýän ys-kokuny duýup, daşlaşyp gidendirler.
Nury säherler özüne gelende şagallaryň gaty golaỳda uwwuldaşýan sesini eşitdi, gaty gorkdy. Turjak bolup başyny galdyranda salgym ýaly görünýän agaçlar ikiýana çaýkandy. Ol iki elini ýere diräp oturdy. Edil garşysynda birki ädimlikde özüne bakýan, gözleri lowurdap duran, şagalmy-gurtmy bir haýwany gördi-de gorkusyna “Eje-e” diýip çirkin gygyrdy hem-de emedekläp gaçyp başlady. Nury aýasyna, dyzyna degýän çöp-çalamyň agyrysyny duýman birküç ädim daşlaşdy. Bütin tokaý şagal uwwuldylaryna goşulyp çykýan : “Eje-e-e!” diýen ses bile ýaňlandy. Nurynyň ýene güýji gaçdy. Gözýaşly gözlerini gorka-gorka arka aýlanda o haýwany görmän, sähel ynjaldy. Şonda-da “Eje-e-e!” diýip ýiti-ýiti gygyrmaga başlady.
Ol özüniň ne takdyr bilen bu tokaýa düşenini henizem bilip bilenok.
Töwerek has ýagtyldy. Şagal sesleri bireỳỳäm kesildi. Säheriň bu tämizliginde ýene Sumbaryň güwwüldisi, suwuň şogur-şogury Nurynyň gulagyna urup başlady.
Özge hiç kim Nurynyň sesini eşitmese-de, ejesi onuň sesini eşider, özge hiç kim kömek etmese-de ejesi Nura kömek eder. Muňa Nury ýürekden ynanýar. Onsoň ejesine ses ýetirjek bolup, barha batly aglap-gygyryp başlady.
Täret kylmak üçin daşary çykan bir aksakgal tokaýdan gelýän agyly çaga sesini eşitdi-de ilki öz gulagyna ynanman durdy. “Säher wagty tokaýda çaga näme işlesin?!” Emma diňşirgendigiçe ses gowy eşidilip başlady. Aksakgal öýdäkileri daşary çagyrdy-da: “Ses eşidýäňizmi?” diýdi. “Howa, howa, bir oglanjygyň sesi öz-ä”. “Hany, goňşulara aýdyşdyryň-da, derrew habar alyň. Bu ses gowulygyň alamaty däl. Tiz boluň”.
Obadaşlar hasyrdaşyp tokaýa inip gitdiler. Ses gelýän ýere barsalar, Nury ysgynsyz halda nirä giderini bilmän dur. Onuň deşilen kellesinden akan gan saçyndan, ýaňagyndan syrygyp, garalyp doňup galypdyr. Aglaýa-aglaýa gözleri, dodaklary çişipdir. Bir garry ene ony garsa gujaklap göterdi-de oba baka ýöräp gaýtdy, beýlekilerem bir betbagtlygyň bolanyny duýup, näme-näme bolanyny anyk bilibilmän, duman içinde galan ýaly boluşyp, oba girdiler-de Dänegulyň depesiniň orta bilindäki Hanmämmediň öýüne baka ýokarlygyna ýörediler.

* * *

Hem garyp, hem ýetim, hem-de ýat ýurtda

Hanmämmet o tarapa geçensoň, uzak gitmedi. Sorap-idäp, bir mahallar Daýnada ýaşap gaýdan daşky bir garyndaşynyňka bardy. Sowuk garşylanyşyny görse-de, başga alajy ýok, biçäre bir halda gelenini özi gowy bilýär. Ýüzi salyk, egni gysyk Aşyrberdi bilen Begmämmedem, kürk towuk ýaly ýygrylyşyp, bu öýe öwrenişmän, bu taýdaky çagalar bilen ysnyşman, kakasynyň ýanyndan aýrylmajak bolşup ýörler. Hanmämmediň mahal-mahal bir nokada bakyp uzak oturşyny gören öý eýesi hem Hanmämmetden bir ýakymsyzlyk syzyp başlady. Öňem ýykma-ýykylma gün dolap oturan maşgalanyň üstüne bir köpüksiz Hanmämmediň hem iki ogly bilen gelip çökmesi, elbetde, öý eýesini birahat edip başlady. Hanmämmediň çagajyklarynyň horlukdan ýaňa gök-nil bolup başlan meňzine bakyp nebsi agyrdy. Olaryň tiz-tizden ejesini soramasy, beýleki doganlaryny gözlemesi hem öý eýesiniň göwnüni gyýýardy.
“Kaka, ejemi haçan getirjek? Jigilerimizi getireli, kaka. Gowusy, obamyza gaýdaly, kaka” diýlen sözler Hanmämmede aýdylsa-da, öý eýesi o sözlerden howatyrlanýardy. “Eger maşgalanyň beýleki ýarysy hem gelip çökäýse, onda biziň maşgalamyz gedaýlyk edibermeli bolar”.
Gelen gününiň ertiri Hanmämmet öý eýesi bilen ikiçäk galyp, geljekki ýaşaýyş hakda maslahat etdi. Günemma dolar ýaly näme etmeli? Gazançly bir iş tapylmazmyka? Nireden bir sümelge gurunmaly?
Öý eýesi: “Gowuja atyň bar ekeni . Şony sataly. Öý dikeli, soňuny soň görübereris” diýdi. “Hanmämmediň atyny aljak ýokmuka?” diýip, öý eýesi oba adamlaryndan soraşmaga gitdi. Hanmämmedem daşky sekide ýeke özi gaty kilimi dyrmalap otyr. Şo mahal gedaý pisint bir kişi göründi. Onuň gür şaç-sakgaldan ýaňa diňe gözleri ýyldyrap görünýärdi hem-de jüýk burny tüýden
çykyp durdy. Ol “Bäri gel” diýip, Hanmämmede yşarat etdi.
─Sen Hanmämmet dämi?
─Hawa, sen kim?
─Men bir ötegçi. On gün içinde yzyňa geç. Jezaňy çek. Geçmeseň içiňi gurşyndan doldurarlar. Eşitdiň dämi?
─Geçmerin.
─Onda günüň sanalgy, kelemäňi gaýtaryber.
Gedaýa meňzeş kişi öýleriň arasynda ýitip gitdi. Hanmämmedi agyr der basdy. Ol zordan sekä gelip oturdy. Näme etjegini, neneň çykalga tapjagyny bilmedi. Ol hiç-hiç beýle bolar öýtmeýärdi. Hangülli wakany ol öý eýesine-de aýtmandy ahyry. Hanmämmet ýene kilimi dyrmalap başlady. Aşyrberdi bilen Begmämmet gelip onuň ýeňinden çekende, ol ukudan oýanan ýaly boldy.
─Kaka, haçan Daýna gaýdýas?
─Bu taýy gowy däl-laý .
─Bärik näme üçin geldig-aý?
Hanmämmet köp soraga bir jogap berdi. Dogrusy, özüne – özi jogap berdi.
─Jaý salyp ýerleşsek, gül ýaly bolar.
Emma, hälki gedaýa meňzeşiň “Günüň sanalgy, kelemäňi gaýtaryber” diýen sesi ýene gulagynda ýaňlandy. Hanmämmet ýola baka gorkuly garap goýberdi. Ol bu sagada çenli oýlananda Daýnada galan çagalaryna daýylary eýelik eder öýdýärdi. Emma özüni öldürseler, bu iki çaga kim çörek berer? Bu ýat ilde kim iki çagany duluna geçirer?
Hanmämmet içindäki tupana çydaman, özi hem bilmezden, iki oglunyň başyny sypap-sypap goýberdi. Gül ýaly höwürtgäni ýykanyna, gyzyletene guş ỳaly çagajyklaryny gaty ýere dökenine şu mahal düşünip başlady. Ol uludan dem aldy. Iki ogluň ekabyrjasy Aşyrberdi kakasynyň gamgyn halyny, gaty keýpsizligini duýýar. “Kaka, Daýna gaýdaly-la. Bu taýy birhili-le. Adamlaram ýaman gorkunç-la”.
Hanmämmet çagalary biri-birinden aýra salmaly däldigine göz ýetirdi. Bu iki ogluny hem araçäkden yzyna geçirip gaýtsa nädýä ? Emma o taýy hem açlyk.
Kimiň ölüp, kimiň diri galjagy belli däl.
Şeýle ýagdaýda günler geçip başlady. Hanmämmediň atyna hyrydar tapyldy. At puluna çörek satyn alyp başladylar. Beýle ýandaky bir boşlukda jaý salmaga hem girişdiler. Üstüni balyk geriş edip basyrmak üçin Hanmämmet öý eýesi bilen tokaýdan üç dört sany agaç çapyp, pudap gaýtdylar. Agaç çalygansoň alyp gelip ulanjakdylar. Bu arada on – ýigrimi gün geçdi. Jaýyň boýy ýetdi. Hanmämmet : “Günüň sanalgy, kelemäňi gaýtaryber” diýlen owazy hem unudyberdi. “Ýat ýurtda beýle zat bolmaz-la”.
Bir gün ir bilen Hanmämmet garyndaşyň eşegini aldy-da, agaçlary getirmäge gitdi. Günortana çenli bir gezek gidip geldi. Çaý-çöregini iýdi-de, ikinji ýüki getirmäge ugrady . Agaçlary eşege ýükläp, ugranda arkadan bir çybşyldy eşidildi. Gaňrylanda şol gedaýa meňzeşi görüp ýetişdi. Ol Hanmämmede çenäp, sapançany dört ýola gysdy. Hanmämmet öňe ýykylyp, doňup galdy. Gedaýa
meňzeş kişi Hanmämmediň kellesine sapançany diräp, ýene iki gezek gysdy-da ýom-ýok boldy. Eşek janawer agaçlary süýräp öýe geldi. Eşegi görüp, Aşyrberdi bilen Begmämmet kakasy gelendir öýdüp, ýola ylgadylar. Olar her näçe gözleselerem kakalaryny görmediler, ol gözler ömürlik ýolda galdy.
Şeýdip, iki ogul Eýranda hem garyp, hem ýetim galyberdi.

* * *

Açlyk – iň gazaply hökümdar

Mekdebiň ähli okuwçysyny jemläňde otuzdan geçmeýärdi. Bir gün ir bilen araçäkçileriň komandiri atyny dabyrdadyp geldi-de, atdan düşmän mekdebiň müdirini ýanyna çagyrdy.
─ Ähli okuwçyňy şu taýyk topla. Öten agşam bugdaý hoşalaryny döwüp alyp ogurlapdyrlar. Çaga aýak yzy bar. Men ogryny tapmasam bolmaýar.
─Siz ogryny nädip tanamakçy?
─Men ilki olaryň gözlerine bir bakaýyn. Ogry göti gowşakdyr. Tapmasam, soň näme etjegimi bilýän. Hany, ähli çagany meniň öňüme üýşür!
Müdir hor, ysgynsyz, eleşan oglan-gyzlary otaglardan çykaryp, daşarda bir hatara düzdi.
Komandir batly gepläp başlady.
─ Eşidýäňizmi? Kim bugdaý ogurlan bolsa, elini galdyrsyn. Özüm bilsem, ynha şu sapança bilen ataryn ─ol sapançany gabyndan çykaryp, asmanda bulaỳlap ỳene saldy, atdan indi-de jylawundan tutup, her çaganyň gözüniň içine gahar bilen bakyp başlady. Müdir çagalaryň gorkýanyny duýdy-da komandiriň ýanyna baryp pyşyrdady: “Ýoldaş komandir, beýdip çagalary gorkuzmak bolmaz ahyry”. Komandir gaty gepläp jogap berdi.
─Hä, bugdaý ogurlanlarynda gorkmaýarlar, indi gorkýarlar. Düşnükli-i. Hany, aýdyň, kim bugdaý ogurlady?
Jogap ýok . Komandir çaga ýüzlerine birlaỳ bakyp çykdy. Belli bir çagany öňe çykarmady.
─Agşama çenli şeýdip durarsyňyz. Kim meýdan etse tezegini görkezip gidip biler. Tezegiňizi görmesem, biriňizem gitmersiňiz. Düşnüklimi?
Müdir gaharly gepledi.
─Beýle zat bolmaz.
─Beýle zat bolar! Komandir atyna böküp mündi-de atyny müdiriň edil ýanyna sürdi. Sapançasyny çykardy.
─Seň özüň ogurlan bolmagyň hem mümkin.
─Çagalara ters görelde görkezmäli.
─Meniň aýdanym bolar. Tä tezegini görkezýänçäler hiç ýaňa butnamazlar. Düşnüklimi. Iýlen bugdaý tezek bilen çykar.
Müdir komandir bilen gidişme wagty däl diýip oýlandy-da sesini çykarmady. Boş klaslaryň birine girip gitdi. Komandir bolsa hatarda duran çagalara ýigrençli bakyp at üstünde otyr. Çagalaryň içi gysyp başlady, ýadadylar, gorkudan ýaňa ýüzüni ap-ak edip, özünden gider hala gelenlerem bar. Birahat müdir klasdan çykdy, gaharly ýöräp komandiriň garşysyna geldi.
─Sen özüňe berlen hukukdan daşary hereket edýäň. Çagalara zorluk edýäň. Men seniň üstüňdäki komandirlere arz ederin.
─Eliňden gelse, asmany aşak çek. Harby ýagdaýda harbylara boýun bolmaly bolarsyňyz . Garşy giden gurşun ýuwdar – komandir ýene elini sapançasyna degirip aýyrdy. Mekdep müdiri ak saçly ýaşuly kişi “goýsana” diýen manyda elini bulap goýberdi-de bir ýana gitdi. Ep-esli salymdan Dusýa doktor bile geldi. Dusýa daýza aňyrdan gelşine gepläp başlady.
─Iwan, dälirediňmi? Näme üçin beýdýäň? Munyň jenaýat ahyry. Çaga bugdaý iýenem bolsa, bir ýarym günden çykýar, bilip goý.
Hany, çagalar, baryň, öýli-öýüňize gaýdaýyň.
Çagalar uly beladan sypan ýaly boldular. Dusýa daýza eli ýeten çaganyň başyny sypap-sypap goýberdi. Şonda ol Nurynyňam başyny sypaşdyrdy we oňa örän mährem bakdy. Nury eleme-deşik köýneklije, ýama-ýama balaklyjady, aýagy ýalaňaçdy. Ýöreý-ýöreý aýagynyň aşagyny gara gasyn tutupdy, çordan ýaňa derisi jaýryk-jaýrykdy.
─Hangülüň oguljygy bolsaň gerek. Bilip goý, Nuryjan, men seniň göbek eneňdirin orak orulýan günleri bolupdyň, şu günki ýaly ýadymda. Bar, oýnaber, Nuryjan.
Nury gamly gözlerini gyrpman, sözlemän gitdi, onuň çep çigninde köneje matadan tikilen torba asylgydy, içinde-de kitap-depderler bardy.

dowamy bar
Bölümler: Romanlar | Görülen: 93 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Oraz Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 21:59, 23.09.2023
Romanyñ başyny okap dowamyny soña goýupdym, paýlaşanyña sagbol, aýaldogan, Nury Halmämmet Ussadyñam, Ejesi Hangüliñem, doganjyklarynyñam ruhy ynjalsyn, ruhlary şat bolsun

Ýõne gaty elhençlik bolupdyr, durşy bilen ýüregagyry, aglaman saklanmak mümkin däl.

Dowamyna garaşýan
avatar
0
2 Pero • 08:27, 25.09.2023
"Agaja urlan palta namys edýärdi, ynsana urlan palta nätdikä?!"
avatar

Старая форма входа
Total users: 203