16:49 Biler bolsaň, biziň ýükümiz ýeňil | |
DOSTUMA Biler bolsaň, biziň ýükümiz ýeňil, Az bizde alada, Az bizde gaýgy. Şindem batbörek deý asmanda köňül, Agyr zadymyz ýok ukudan gaýry. Duýýas indi ýeňil günleň agramyn, Ýeňilligmiz üçin mätäç kömege. Ownuk ýeňşe çişen gabaramyzdan, Diňe ömrümize düşýär kölege. Biler bolsaň, biziň ýükümiz ýeňil, Ýeňil barmak isleýäris matlaba. Onsoň batyp galýas ýüksüz maşynyň Batyşy dek gabat gelen batgada. Şol batan maşynyň yzky tigri deý, Günler boş aýlanýar, Hepde boş geçýär. Onsoň günbe-günden ownaýar pikir, Onsoň bize garşydaşam çüpreşýär. Biler bolsaň, bize şeýle ýük gerek, Hatda depämizde lowurdan saç-da, Goý, dökülsin, dözmän artyk agramyn, Salyp oturmaga bu argyn başda. Egnindäki ýüki ýetende kişiň, Hem gaty gidýändir, Hem örän dogry. Ýeňil zady zyňyp bolmaýşy kimin, Gaýdyryp ýörmäliň pamyk deý şygry. Ömrümizi sowrup ýörmän dil bile Hem pidasy etmän eşretiň-aýşyň. Gerek agyr ýükün götermek bize, Şonça ýüki ýeňlär ýaly ýaşaýşyň. Nobatguly REJEBOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |