Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:43
Goňşymyň ogly şeýle bir gowy-y-y, şeýle bir gowy-y-y...
GOŇŞYMYŇ OGLY ŞEÝLE BIR GOWY-Y-Y, ŞEÝLE BIR GOWY-Y-Y...

Goňşymyzyň bir gowy ogly bar. Arassa, agzyndan ýekeje-de gybat söz eşitmersiň. Ýöräninde-de ýere seredip ýöreýär. Ejesine-de “siz” diýýärmiş. Bir ýerin-ä gutardy. Şo diýip ölüp barýanda. Okuwly. Özem ýeke ogul. Jaýlaram gowy. Düzgünlerem gül ýaly. Ejesem erbet däl. Özi ýaly ýuwaş, “meni urany hudaý ursun”. Kakasam bir institutda mugallym. Özlerem gyz gözleýämişler. Şol oglana görünjek bolup her zat edip çykdym. Şonda-da maňa barmysyňam diýenok. Ýekeje gezek özüme seretdirip bildim, onda-da jigime gaharyma “Gömül, ýerçeken” diýip, bir şapbat uramda jigim uly-ili bilen aglady. Ol oglanam maňa seretdi.

Nämemiş, düşünjeli gyz gözleýämişler. Menem ýüzüme reňk çalmany-ha öwrendim. Zontigem göterýän. Düşünjeli diýdikleri näme-kä? Okuwly diýdiklerimi-kä diýsem, o-da dälmiş. Arada okuwly bir gyza-da barypdyrlar welin, gyz: “Ýaşmak ýaşyndyrmasa, gyňaç daňyn diýmese baraýaryn” diýýämiş. Şo sözi üçinem halamandyrlar. Mes tulalar bar gyz, biri diläp gelýän bolsa boldugydyr-da. Onda-da oň ýaly oglan üçin. Şu wagt düşündirip bilemok-da, goňşymyň ogly şeýle bir gowy-y-y, şeýle bir gowy-y-y...

Jigimi uranymy halamadymy-ka? Aý, ýok-la. Gelnejemem çagalaryny eliniň ýeten ýerine geldigi “gyran degmişler” diýip urýar. Urmasaň bolýamy, o ýerçekenleri. Etiňi iýip barýalar-a. Oň üçin däldir-le. Şu düşünje diýilýän zatlarynyň nämedigini bilsem, ölerdim welin düşünjeli bolardym, şol oglan üçin. Oň nämedigini ne gelnejem düşündirip bilýä, ne-de ejem. Kakamdan soramaga-da utanýan. Bolmasa ertir ölýänem bolsam kakamdan soraýyn. Hindi kinosam başlaman geçdi-le. Gelnejemä: “Otursan-a gyz, bir gerreçi duşmasa şükür et” diýýä...

© Hydyr AMANGELDI.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 111 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
1
1 Мango • 19:51, 19.12.2022
surat ýoldaş Pikassoňky. "Düýş'" diýen eseri.
belki düýşünde goňşusynyň ogluny görýändir.

Hydyr aga sagbolsun aýdýan. Bujagaz miniatýuralary goýmaga rugsat berdi. Bulary arhiwimden paýlaşýan.
ertirem, birgünem ýeke-ýekeden ýene bir-iki sany gysgajyk eserleri bar, şolary goýjak.
avatar
1
2 Mekan • 20:48, 19.12.2022
Haýsy goñşymkanaý o. :)
avatar
1
3 Medicall • 22:22, 19.12.2022
Birini-hä ýatlatdy, gowy ýazylypdyr, sagboluñ!
avatar
1
4 Мango • 22:32, 19.12.2022
Hydyr agaň mini-prozasy.
avatar
1
5 Medicall • 22:40, 19.12.2022
Hydyr agañ galamy ötgür bolsun, ýetirip duruñ!
avatar
1
6 Kyyas • 00:40, 20.12.2022
Gowy ýazýa ömri uzak bolsun.
avatar
0
7 Bagabat • 08:17, 20.12.2022
Pikassoň suraty hakda: "Modernistlerde, postimpressionistlerde erotizm grotesk görnüşde ýygy-ýygydan çykýar" diýilýä welin, çyn öýdýän?
avatar
0
8 Bagabat • 08:18, 20.12.2022
Mini-monolog irräk, ýagny 90-njy ýyllarda ýazylypdyr öýdýän?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203