Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:11
Günler geldi, geçdi, sen gelmeýärsiň

Günler geldi, geçdi, sen gelmeýärsiň.
Men, elbetde, garaşaryn entekler,
Elbetde, çekerin kereşmelerňi.
Emma welin bir zat ýadyňda bolsun:
Bu günler dolanyp gelmez –
Olar kem-kem äkiderler
Menden – duýgularymy,
Seniňem ýaşlygyňy.
Ertir öwezini dolmaz bu günüň:
Seniň bir gün berjek suwuň gandyrmaz
Meniň şu mahalky teşneligimi.

Günler geldi, geçdi, görünmeýärsiň –
Jaň edýärsiň uzakdan:
Gaýypdan sesiň bilen,
Salgym dek keşbiň bilen
Suwlaýarsyň kalbymy.
Emma welin bir zat ýadyňda bolsun:
Ömürboýy söýüp bilmen
salgymy –
Men bilmeli seniň janlylygyňy:
Bedenim syzmaly ýylylygyňy:
Ýüregim duýmaly ýürek urgyňy,
Ellerim datmaly synalaryňy.

“Gelip bilmen” diýip sen aglaýarsyň.
Aglama!
Her haçan gelseňem men garaşaryn.
Senden geçmerin asla!
Derdiň çekişerin gamgyn mahalyň,
Bagryma basaryn aglan mahalyň.
Emma bir zat ömür ýadyňda bolsun:
Meni aşyk eden ilki –
Gamyň däl, oýun-gülkiňdi:
Men seni söýüpdim gülen mahalyň!

.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 92 | Mowzugy paýlaşan: Ýaran_Ýagmyr_99 | Teg: Ýaran Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Pero • 09:14, 27.12.2023
Kerişme diýip ýalnyş giden bolmaly.
avatar
0
2 Ýaran_Ýagmyr_99 • 09:18, 27.12.2023
Sag boluň, "kerişme" diýenimi "kereşme" diýip düzetdim.
avatar
0
3 garagar • 13:12, 27.12.2023
Ýaran aga, ädikden ýokary geçsem aýdaweri!

Emma welin bir zat ýadyňda bolsun:
Janly ynsan men –
Hemem söýdüm seni – janly ynsany;
Ömürboýy söýüp bilmen
salgymy –
Men bilmeli seniň janlylygyňy:
Bedenim syzmaly ýylylygyňy:
Ýüregim duýmaly ýürek urgyňy,
Ellerim datmaly synalaryňy.

Wariant:Emma welin bir zat ýadyňda bolsun:
Ömürboýy söýüp bilmen
salgymy –
Men bilmeli seniň janlylygyňy:
Bedenim syzmaly ýylylygyňy:
Ýüregim duýmaly ýürek urgyňy,
Ellerim datmaly synalaryňy.
avatar
0
4 Ýaran_Ýagmyr_99 • 14:56, 27.12.2023
Artykmaç bolsa aýryp goýberdim. Şol bent aslynda beýlekilerden uly, agyr bolup durdy.

Öňki wariantyny depme halal aklaýan delil:

Aşyk ýigidimiz: "Men seni janly ynsan diýip söýdüm, janly tanyşdym. Sen bolsa indi salgyma (wirtual reallyga) öwrülip barýarsyň. Somut, maddy kimdigiňe täzeden ynanmaly bolaryn" diýjek boldy öýdýän.
avatar
0
5 Мango • 16:08, 27.12.2023
"Günler geldi, geçdi, sen gelmeýärsiň".
azeri aýdymy bardy öýdýän: "Bahar gəldi keçdi sən gəlməz oldun..." -diýip.

gow ken bu goşgyň.
ýyzzyl basdym.
avatar
0
6 Ýaran_Ýagmyr_99 • 16:27, 27.12.2023
Meniňem ýadyma indi düşdi şol aýdym. "Türkdemi-bir ýerde bardy şeýle motiwçik" diýip ýördüm.

Düzediş beren sen däl ekeniň-ow, Mango dost. Senmikän diýýärdim, Garagar eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202