15:02 "Nurdan söz" baýragy bäsleşigi hakynda | |
“Zehili awtor”, “kämil eserler”, “dürdäne setirler”, “ajaýyp duýgular”... Gulaga ýakymly gelýär. Ýöne, hany, beýdip diňe men hakynda gürrüň edip oturmaýaly! :))) Öz ýagdaýlaryňyz nähili?. Bäsleşigi haýyrly tutum hasap edýärin. Ýöne her gowusynyň gapdalyndan “ýönesini” aýdyp gideýin. Teswirleriň bäsleşigini aýryp, tankydy syn-makala geçirilmegi dogry öýdýän. Sebäbi teswirleri bäsleşdirip, netije çykarmak iň bärkisi tehniki taýdan kyn. Teswire baha beriş örän subýetkiw bolup biler (birine ýaran degişme beýlekisi üçin tagamsyz, biriniň gozgan meselesi biri üçin ähmiýetsiz, biriniň aýdan belligi beýlekisi üçin ýerliksiz, ýagny esere baglanyşyksyz-dahylsyz görnüp biler). Teswir örän efemer bir zat. Tankydy makala bosa wariant berýär. Ýagny sen esere ýazjak teswiriňi ýazmaga ýetişmän galsaň, ýa-da ýazanyňda üns bermeseler, ýa-da düşünmeseler, eger şol teswir ähmiýetli bolmasa owarram edip geçiberersiň. Eger aýtjak zadyň diňe şol esere degişli däl-de, has ähmiýetli, has umumy meselä degişli bolsa, ulaldanyňa degýän bolsa, onda ýörite makala bilen çykyş edip, teswirde aýdyp ýetişmedigiňi şonda ýaýbaňlandyryp, delillendirip, aýdyňlaşdyryp açyklarsyň. Şonuň üçinem özüm-ä bolmanda-da teswirden makala geçip ýörün. Ýene bir zat. Hoşniýetli okyjylar adatça awtoryň komplimentini ýetirýärler. Onsoň taryplary gaýtalap oturman, diňe tankyt aýmak biriniň üstüne düşýär. Nämesini gowy görendigini takyklaýan teswirçilerem bar, ine, olaryň analiz bereni bildirýär. Ýöne, özüm-ä, öz garaýşym boýunça, “göwnejaý bolupdyr”, “süňňi sagdyn eser”, “sagdyn eser”, “birkemsiz ýazylypdyr” diýýänler bilen ýolum bir däl. Şeýle bolmalydyr hasaplaýanaryň edebiýatyň jemgyýetdäki “funksiýasy” barada biziňkiden-ä başga garaýyşy bar. “Täze ýyl baýramy geldi, bir gowja goşgy ýaz” diýip tabşyryk berýän redaktorlar (bu-ýa onuň işi, özüm bolsamam şeýderdim), “Sünnet toýumyzy gutlap, bir gowja goşgy taýýarlap okasana” diýýän dostlar, “Pylanyň goşgulary birhili Magtymgulynyňka meňzäp dur-how: gowy öwüt beriji, halky dilde, okuja düşnükli” diýip öwýänler, elbetde, eserlerden täzeçillike, gözlege, gorkunç çuňluklara, kellagyryly soraglara garaşmaýarlar. Olar üçin goşgularyň jemgyýete gulluk edýän utilitar maksatlary bolmaly: adamlary ruhlandyrmaly, terbiýelemeli, dilini baýlaşdyrmaly, wagtyny gyzykly etmeli. Kerim Gurbannepesow hem beýle goşgularyň gerekdigini aýdyp, olara “çörek goşgular” diýýärdi öýdýän. Ýagny, ýönekeý adamlar üçin sagdynja, guratja, labyzlyja, garaz durmuşa estetika berýän, ýerinde gereklije goşgular-da. Kerim aga, belki, dogry aýdýandyr, ýöne özüme-hä gerek däl. Köplere gerek däl. Men şu wagt täze ýyly gutlap, saýta nusgawy “ýasawda” on iki süňňi sagat, zarňyldap duran goşgy goýup bilerdim, emma gerekmi? Olar ýaly “birkemsiz” goşgular onsuzam radioda, TW-de ýaňlanyp dur. Ýekeje ýalňyş ýerini, kemini tapmarsyňyz. Bu edebiýatyň senet hökmünde, tehniki taýdan ösýänligi. Geçen asyryň ortasynda ady belli şahyrlaryň käte tagaşyksyz düzýän beýle mazmunly şygyrlaryny häzir öwrenje şahyrlar sünnäläp şagladyp otyrlar. Emma häzir kämillik bu bilen ölçenenok. Häzir lawr has elýetmez boldy. Onsoň şu ýerdäki käbir okyjylaryň hem esere “birkemsiz eken”, “negözel eser” diýmekleri meni geň galdyrýar. “Birkemsiz” diýen baha çyndanam hiç düşünip bilemok. “Birkemsiz” diýip, mugallym okuwçynyň ýazan diktantyny öwer. Bizem bu ýerde özümizi mugallym hasaplaýan bolsak, öwrenje şahyrlary şeýle öwüp bileris. “Birkemsiz”, “negözel”, “sagdynja”, “guratja” diýip baha bermek – awtora ýokardan aşak seretmek. Men bolsa awtordan özümi täsirlendirjek, meni oýlandyrjak ýa-da duýgulandyrjak, garaz maňa sapak berjek eserlere garaşýaryn ahyryn. Çetime degse jedel edýärin. Sarsdyran ýerini aýdýaryn. “Birkemsizligi” bilen işim ýok meniň. Içinden “dürdäne” tapsam “birkemsiz” bolmasa-da, içi boş “birkemsizlerden” maňa ýene-de şol gymmat görner. Şonuň üçinem, güýçli ýa-da pes tarapy barada derekli aýdara zadyň ýok bolsa, “negözel zada at dakma” diýip, özgeleriň agzyny dykjak bolmaga gerek ýok. Dostoýrewskiniň eserleri “birkemsiz” zadam däl, “negözel” zadam däl, “sagdyn” zadam däl. Olar kän nogsanly, aýylganç-myrtar, hassa eserler. Käbirleri hapysa-ýürek bulaýjyrak. Emma adamzat öz wagtyndaky “sagdyn-düzüw” eserleri unudyp, şolary hazynasyna salypdyr. Bäsleşigiň aýba-aý jemlerini fiksirowat edip gitmegi hem ýerlikli hasaplaýaryn. Munuň hysyrdyly bolmagy mümkin, ýöne ýylyň aýagynda alaga-da bütin ýylyň jemini jemlemek ondanam has hysyrdyly bolup çyksa gerek. Aýdaly, mart aýynda bir parlak eser çyksa, onuň ýylyň ahyryna çenli ýatda birinji bolup galmagy mümkin, emma ýylboýy diňe aram-aram elhalrak eserler saýlanyp çykyp dursa, şolardan soňkularyň peýdasyna nähaklyga ýol berilmegi mümkin. Ýylyň ahyrynda aýdalyk ýeňijiler toplanyp syn berilse beýle nogsanlyk bolmaz. Soňky belligim: beýle bäsleşikler hemişe belli bir derejede kötel synag bolup durýarlar. Maddy taýdan däl. Adamlar baýrak, pul, ýewro diýip gatnaşýan däldir-le, bir otluçöp berseňem mes bolarys-la (güpür gepledim öýdýän otluçöpe dil ýetirip: kä situasiýalarda ýekeje otluçöp – ölüm-galym meselesi). Bu bäsleşik, esasan, gatnaşyjylar üçin synag. “Mus-musuň mustapasy”: bäsleşik diýen zady özüňiz kän görýänsiňiz. Olar köplenç öýke-kine, göwni galma, tersleşme bilen aýrylmaz hemra bolýar. Şol töwekgelçilik bar ýaly. “Gaýtyp bäsleşik diýip, gaş bejerjek bolup, göz çykaraýdyk, dek başymyzy depejen äre beräýdik” diýdirämäň bize! Barmagyňyzy stola tarkyldadyp: “Howul bela! Ýene gagyldap başlad-ow bü Ýaran aga. Näme, mundan öň bäsleşik geçirildi-de, dawa-kine edilen ýeri barmy?” diýjegiňizi görüp durun. Howa, bu arkaýynlyk berýär. Agzybirlik, hoşniýetlilik, birek-birege sabyrlylyk, tankyda sarpa, bilime taşnalik, esasanam, edebiýata söýgi – “Edebiýat kafesindäki” müşderileriň şu wagta çenli gazanan gowy reputasiýasy bolup durýar. Menem diňe şol reputasiýanyň sarsmazlygynyň, şu päkize atmosferanyň saklanmagynyň janköýer tarapdary bolamsoň howatyrlanmamy (esassyzdyr, enşalla) paýlaşaýdym. Täze ýylyňyz düşümli, durmuşyňyz abadan, işleriňiz rowaç bolsun! | |
|
Ähli teswirler: 10 | |
| |