16:42 Pikasso, kub, şar we men | |
PIKASSO, KUB, ŞAR we MEN (Iki) dünýäni abat etjek hakykatlary getirende (salam bolsun Oňa), bataklykdaky döwürdeşleri hakykaty kabul etmekde kynçylyk çekdiler. *** Bu surat Pikassoň “Şardaky gyzjagazy”. Ykmanda akrobatlaryň durmuşyndan. Suratdaky kontrast ünsümi çekdi. Hereket we Durgunlyk. Şar we Kub. Şarda - hereketli gyzjagaz. Kubda - durgun, sarsman oturan hereketsiz akrobat... *** Ýazgyň başynda näme diýipdik? Pygamberimiziň getiren hakykatlaryny, bataklykdaky döwürdeşleri kabul etmekde kynçylyk çekdiler. Ýöne, geň hem ähmiýetli bir fakt: Ony ilkinjiler bolup ýaşlar kabul etdi. *** Pikassoň kubyndaka we şaryndaka üns beriň. Kubda oturan eýýäm öz düşünjeleri bilen bekäpdir, dogry-ýalňyş tapawudy ýok eýýäm pikir taýdan «kublaşypdyr». Ony gymyldatmak kyn, kä ýerde bolsa mümkinem däl. Emma şardaky maýyşgak, hereketli ýaşajyk akrobatyň ýagdaýy başga. Halaýan sözümiz bardyr biziň: «Beýnisi ýuwulanlar» diýip. Şardakyň beýnisi hakykata açyk. Oňa kyn däl agy-garany, kuby-şary, hereketi-doňaklygy aýyl-saýyl etmek. Onyň aýagynyň aşagyndaky hekeketsiz, doňňara daş kub däl. Ol şarda. *** Ebu Leheb we Hezreti Ali. Ikisem Onuň (s.a.w.) garyndaşy. Emma, biri kubda. Beýlekisi şarda. *** Kubda oturmak kyn däl. Şarda - kyn. Şardan ýykylmazlyk üçin hereketde bolmaly. Dowamly. © MANGO | |
|
Ähli teswirler: 11 | |
| |