Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:52
Doglan günüm

DOGLAN GÜNÜM

Doglan güni Mosartyň hem Gulbabaň
görnenmiş bir ýyldyz —
guýrukly, ýagty.
Men doglamda ýok ekeni gül bagda,
güýz ekeni,
meger, guýlandyr ýagmyr.
Oraz aýyndamyş (adymdan belli),
Taňryň gök mizanyn deňlän senesi.
Kakamam gidendir ýanynda, belki,
ejem bilen bile,
geňläp sereden
köp bolandyr,
asyl bäbekhana hem
gidip ýörmez eken aýallar o çak.
Mätişge bolanmyş göbegenem meň,
ýöne kakamdyr-la azan çykan-a.
Diländirler,
içmän bada,
zyýat ýaş,
hökman diländirler bagtyň ulusyn.
Bolmagymy, belki, adamzada baş
belki, döwrümiziň Magtymgulusy
bolmagymy, meger, arzuw edenem
tapylandyr ýüze sylyp Aý ýaly.
«Jomart bor» diýenmiş maňa enemem,
mydam açyp ýatarmyşym aýamy.

Bilemok bolanyn, bolmanyn asla,
şol gün ýagty ýyldyz, ýagty buludyň.
Ýöne güýz,
mizanda doglandyr ahmal,
Ýesenin deý,
beýik Magtymguly-da...

© Orazmyrat MYRADOW
Görülen: 106 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Мango • 15:49, 16.07.2024
mätişge bolanda - ors bolýan bolmaly.
o-da матрешка sözündenmikä? ýa матушка-danmyka?
hemem "mätişge" kemsidiji söz hataryna girmeýämikä?
edil, "чурка" diýişleri ýaly.
ýaňlyşmasam amerikada hem "negr" sözini diýmek jenaýat diýsem-ä birhili welin, edil diýseň özüňe problema çykaraýýaňam öýdýän.
---

Mätişge bolanmyş göbegenem meň,
ýöne kakamdyr-la azan çykan-a.
Diländirler,
içmän bada,
zyýat ýaş
,
hökman diländirler bagtyň ulusyn...

gündiz hudaýýoly, gije-de "molla kowdy" :-) – bu biziň bolşumyz.
hemme zady tanyşlyk, para-peşgeş, sowgat-serpaý bilen çözýäs :-)

---
deňeşdirmeler barada.

Doglan güni Mosartyň hem Gulbabaň
görnenmiş bir ýyldyz —
guýrukly, ýagty.

Mosart bilen Gulbabany bile agzamak (deňeşdirmek) bu ýerde gowy gelişse-de Ýesenin bilen Magtymgulyny kän gelişdirmedim. 

Ýöne güýz,
mizanda doglandyr ahmal,
Ýesenin deý,
beýik Magtymguly-da...

ters zadam ýok, dogglan paslynyň güýzligi deňeşdirilýär, ýöne onda-da...
"mizanda doglandyr Ýesenin ýaly biziň Säpärmämmet" diýilse bir hili Saparmämmet beýgeldilen ýaly bolýa-da, şondanmyka Magtymgulam Ýesenin ýaly mizanda dogdy diýilse... bir hili ýerinde däl ýaly. Magtymguly Ýeseninsizem Magtymguly ahyryn... diýesim gelýä, Orazmyrat kaka-da meni bagyşlasyn.

goşgy ýamanm gowja, bir hili ýürekdeş gürrüňdeş diňlän ýaly.
ilkinji 5 ýyzzyl menden.
avatar
0
2 Мango • 15:59, 16.07.2024
häää... ýene-de Magtymguly barada, has dogrusy doglan ýyly barada dürli wersiýalar bar ekenaý.



sowet markasyna görä 1959-da 225 ýyllygy bellenen bolsa, doglan ýyly - 1734.

sowet manadyna görä - 1733.
2003-de çykan türkmen ýubileý manadyna görä – 1733
(suraty goýmadym, uly çykýar)

2024-de 300 ýyllygy belleýän bolsak, onda – 1724 bolýa

3 wersiýa: 1724 - 1733 - 1734
avatar
0
3 Мango • 16:13, 16.07.2024
suwrat barada.
ýene güýz, güýz bolsa saralýar ýapragy ýada saldy.
ojagaz popoloş eljagazlaryň aşakdaky el ýaly bolýança ençeme ýapraklar saralmaly.
aslynda doglamyz-da ölmek, saralmak hem başlaýýamyka?
aý ýok, ýolagçylyga başlyýan bolaýmasak.
haldan-hala geçipjik ýola dowam ederis.
avatar
0
4 sussupessimist • 16:54, 16.07.2024
Bäý, Mango, senem şahyrlary boksýor deňeýän ýaly terezä mündürýäňäý. Magtymguly - абсолютный чемпион мировой литературы в супертяжелом весе, Ýesenin - чемпион российского промоушена "Серебряный век" в лирической весовой категории... Bärde ýöne, howwa, pasla görä, megerem, ýazyp oturan wagtyndaky howa görä aňyna gelendir Orazmyrat agaň. Geň paslyýalogik goňşuçylyk. 

mätişge'de göwne alarlyk zat ýoklaý. Türkmen oba adamlary ony birtüýslije ýylylyk, mähir bilen aýdýarlar ahyryn. матушка sözündendir. Bir köneje ors babulýajygy göz öňüne gelenokmy bu sözde - öýünde piražki, tworogly bulka-watrýoşkajyk, blinçik bişirýän, setka haltajygyň (авоська) içine sguşonkajyk salyp, ýaglygy eňeginde daňyp, žempirjiginiň birki iligini dakyp, şypbyklyja çala küýkerilip ýöräp barýan, käte-de gep urmaga daşary çykyp, podýezdiň öňünde özi ýalyjak joralary bilen oturýan babulkalar...
Meň babamyň aýaly orsdy (ýöne mamam däl;), şol pahyr ýadyma düşdi. Goşga dahyly ýok. Ötünç
avatar
0
5 Kerim • 19:08, 16.07.2024
Her saýta goýlan zatdan soň Mango bilen Sussupessimisti teswirlerini okamagy gaty gowy görýän. Edil çeper eser okan ýaly. Sag bolsunlar! Goşgy barada: gowy gowy
avatar

Старая форма входа
Total users: 203