Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:24
Dost...

DOST...


Dost, sen bu dünýäde şeýle ýalňyzmy?!
Çyn dost hakda şol kinony gaýtalap
(Gözlerňi gaplapdyr kine ýa gaýgy),
Otuz gezek görýäň ony aýda-ha.

Dost, sen bu jahanda şeýle tenhamy?!
Pelek dady salnan ajy kofäni
Mydam ýeke içýäň,
juda geň halyň
(Birin-ä meňzedýäň Aldarkösäni).

Dost, sen edil ýerden ýeke çykan deý,
Örtjek bolýan ýaly Ýeriň ýarygyn,
Çiňerilýäň her bir depe-çukurna,
Gömjek bolýan ýaly derdiň baryny.

Käte göge bakýaň ideýän ýaly,
Uçup giden bir melegi ýa gyzy.
Kitap oka,
dertleň biderek bary,
Dost, men bu dünýäde şeýle ýalňyzdym...

© Orazmyrat Myradow
Görülen: 113 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 aygull • 15:43, 22.07.2024
Özüme özümden gaýry dostam tapmadym, duşmanam...
avatar
0
2 Мango • 12:55, 25.07.2024
kino görme - kitap oka.
kofänem ýeke içme. (Aldarköse nirden çykdy?).
dertleň bary biderek - kitap oka.
dost, menem ozallar kitap okamokdym....
indi okaýan, ýalňyzam däl...
kitap - ähli derdiň dermany.

---
surat barada.
tw pulty bar (ýogsam kino görme-de diýildi)
elinde kofe bar (ýogsam ýeke içme-de diýildi)
(hä... dost üçin kiçiräk çaşka-da bar ýaly)
KITAP WELIN ÝOK...
diýen etmezek dost eken-aý...
alaýda eliňe kitap...
avatar
0
3 Mekan • 08:48, 07.10.2024
Iñ ýakyn dostum beletfilm boldy. Iñ soñky sapar saýta haçan girenimem ýada düşenok.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203