Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:02
Pikire özeleniş

PIKIRE ÖZELENIŞ

Ýaňy bir ýörjen-ýörjen bolup ugran pikirlerimiň yzyna düşüp, birden ol ýykyljak bolsa, tutaryn diýen umyt bilen, abşanaklap barýan. Edil derwezesine ýakynlap gelýän hüjümçiniň depjek pökgüsini gaýtarmaga çemelenýän futbol derwezeçisi ýaly. Pikirim welin ýörjen-ýörjenligiňem üstesine, ýaňy oýanyp, entek ukudan hem doly açylmadyga meňzeýär. Sebäbi özüm giç ýatdym. Giç ýatmagymyň sebäbi bolsa kitap okanlygym bilen bagly... Ony soňlaman goýasym gelmedi. Asyl goýubam bolmady. Ýogsam, öňki çenime görä, ol kitap maňa ýene 1-2 gün güýmenje bolmalydy. Ony okap gutaranlygymyň ýene bir sebäbi bar: soňky döwür nähilidir bir işe gümra bolsam, meselem, nämedir bir zat ýazýan bolsam, aýratynam, kitap okaýan bolsam, ony soňlamaga howlugýan. Hamana, ýetişmejegim ýaly. Gije şol kitaby okap otyrkam hem şeýle pikir gelip geçdi. Özem ol pikir häzirki ýaly ýörjen-ýörjen halda yraň atyp baranokdy. Gaty galjaňdy. Şeýle dogumly pikiri kitap döredýän bolmaly. Ýene-de şonuň ýaly gowy kitap okaýsaň! Eger şonuň ýaly gowy zat ýazyp bilmejek bolsaň, kimdir birine ýaňky aýdan sözlerim ýaly sözleri diýdirip bilmejek bolsaň, onda-ha hiç zat ýazman, diňe okap oňanyňam ýagşy.

Besdir! Öň, garaz, işsiz oturandan, eliňe çöpjagaz alyp, ýer dyrmamak ýalyrak zat-da bu ýazgylarym diýip, özüme göwünlik berýärdim. Indi näme? Ýörjen-ýörjen halda zordan ädimläp barýan oýaly-ukuly pikirimiň yzyndan bat bilen itip goýberdim. Ýüzinligine takyr ýere ýazylyp düşdi. Beýnisiniň içinde bir sarsgyn bolandyr. Burnuna birhili ganyň ysy hem urandyr. Men awunyp ýüzin ýatan pikirimiň bu halyna düşünýän. Sebäbi özüm şeýle halda ýykylyp görüpdim. On iki ýaşymdakam, takyr ýerde futbol oýnaýan çagymyz, pökgini öňüme salyp, garşydaşyň iki sany kerpiç bilen belgilenen derwezesine ýetip barýarkam bolupdy bu ýagdaý. Diňe bir ýeňsämden batly iterip oňman, berkräk awunsyn diýip, aýagyma badak hem atypdylar. Gözüme gan öýenini-öýmänini-hä bilemok, maňlaýym sypjyrylyp, burnuma-da hem içinden, hem daşyndan gan ysy gelipdi. Öňkime görä galdawrak, güýçlüräk bolup turupdym şonda. Dyzymdaky sypjyryk dyz epmezligi ündäpdi. Maňlaýymdaky bolsa ol ýerde öňden ýazylan ýazga käbir düzedişleri girizen ýalydy.

Tur, pikir, ýatma, ýüzin ýatsaň, üstüňden basyp öterler. Ötseler, ýene ýagşy, aýaklaryny süpürip, oňurgalaryň üstünde bökjeklärler. Göter başyňy ýerden! Kak çaň-tozanyňy! Ýöre! Mendenem göwün-kine etme. Hatda oýanmak üçin käte özüme-de şeýle zabun daraýan. Indi seň gezegiň, indi sen meni dik saklamaly. Egilseň, menem eglerin. Epilseň, epilerin. Seriňi dik tut. Şonda sen köpüň içindenem saýlanarsyň — «Hanha, pylanynyň pikiri!» diýip buýsanyp bakarlar. Belki, saňa meňzäsi gelenler hem tapylar! Gaýrat et! Çynym bilen özelenýän, şonda seniň özgerdip bolmaýan söze öwrülip bilmegiň ähtimaldyr.

* * *


Düýnki pikirimi — yzda galan 48 ýaşyň her birini amanadyny tabşyran adam hökmünde suratlandyryp, bir eser, belki, goşgy ýazmak pikirini amala aşyrasym gelýär. Ýöne pikiriň bolmagy, islegiň bolmagy hem ýeterlik däl bolmaly-da. Ine, şu wagtam nähili ýazmalydygyny öwredýän kitaplaryň birini okap soňlap barýaryn. Dogry, beýle gollanmalaryň peýdasy uly. Ýöne tebigy halda ýazyberseň, gowy bolaýjak ýaly. Hemme maslahata «hä» berip, her geňeşe eýerjek bolsaň, ýazan zadyň çaşynyň gözüne sereden ýaly bolaýjaga meňzeýär. Ýene-de şol öňki kyrkaýak ýadyma düşýär. Ol şonça aýagy bilen hem hiç hili büdremän, çolaşman, arkaýyn ýörär ýörer eken. Emma bir gün tilki duşup, onuň şonça aýakda nädip ýöräp bilýänligine geň galýanlygyny aýdanyndan soň, ol aýagy aýagyna çolaşyp, ýöräbem bilmändir. Meniň hem häzirki halym iki aýagy biri-birine çolaşyp, gadam urup bilmeýäniňki ýaly. On iki ýaşymdakam badak atylanda çolaşan aýagymyň pikirimdäki sudury entegem öňki katdyna gelip bilmeýärmikä ýa? Kelläme gelşine görä ýazyp ýörşüm nähili gowy eken.

* * *


Bir kitabyň, bir-de depderiň ýüzüne seredip otyryn. Kitaby-ha, herhal, okap bolýar, depderçäm bolsa ak sahypalary bilen maňa pitjiň atýan ýaly... Dem-düýtsüz... Dymýar. Açylanok. Has dogrusy, açyk, ýöne seslenenok. Men munuň üçin ýörite ýarygije, aýazly gije oýandym ahbetin. Ine, indem dymma-dymma... Kitaba kän üns berýänimden öýkeleýärmikä?! Ol häzir kitapdan rüstem halda ahbetin, ýazylmadyk sözleriň, pikirleriň bary — onuňky. Onuň her sahypasyna bir roman, bir ykbal, bir ömür ýerleşýär-ä. Belki-de, köp ömür sygýandyr?! Kitapdan kelläme suwlup geçen pikirler süzülip, oňa damýar-a. Dirilik melhemi-de şondan datly, güýçli däl bolsa gerek!

Kitap diňe bir seni däl, meni hem kitaba öwürdi. Belki-de, seni maňa öwrendir. Meni bolsa saňa!

* * *


Bolmady... Igli pikir bilen tekepbir depderimiň hem dili birikmedi. Näçe özelensemem, ýeňsesinden itenimde aňňalak gapan ýaly bolan pikiriň öýkesi ýazylmady. Belki, hak edýändir, hakymdan çykýandyr şeýdip. On iki ýaşymdakam badak atyp ýykanlaryndaky öýkämi özümem şu çaka çenli unutmandyryn ahyry. Ýogsam, ol, heý, ýadyma düşermidi?! Dogry-da, walla...

© Orazmyrat MYRADOW
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 90 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Küle • 10:43, 16.03.2024
Erbet görmedim.
avatar
0
2 sussupessimist • 12:41, 16.03.2024
Adynda "özelenişe" derek, "özelenme" diýen bolsa gowrak bolardymyka diýýän.
avatar
0
3 Küle • 13:33, 16.03.2024
Has urguly bir at gerek. Özelenme-de ýetenok.
avatar
0
4 sussupessimist • 13:55, 16.03.2024
"Tur, pikir!" diýen ýalyrakmy? :)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203