12:17 Suwsasaň, suw içmeli | |
SUWSASAŇ, SUW IÇMELI Ýaşuly ýazyjy gazetde «Paýhasly sözler» diýen sözbaşy astynda çap edilen pikirlerden söhbet açdy-da, oýunlyga salyp, tankyt törpüsini süýkäp ugrady: «Suwsasaň, suw içmeli diýen ýaly bolýar-a olardan käbiri...». Onuň aýdýan sözlerini menem oýun hökmünde kabul edip, ýylgyryp oňaýdym. Çünki onuň aýdýan zady meniň bilýän gazetimde ýokdy. Umuman, bolaýanda-da, muňa beýle bir ýöntem zat hökmünde-de garamaly dälmikä diýýärin... Ol belliklerini aýdyp oturan çagynda ýylgyrmagymyň sebäbi gojanyň teýeneli sözleri bilen bagly däldi. Okan bir tymsalymdaky aždarha ýadyma düşüpdi. Ol janawar diňe ertekide bolýar diýselerem, şol okan tymsalym bilen aňyma aralaşyp, şol ýerde mesgen tutup, dessançylaryň aýdyşy ýaly, «gudrat bilen bina bolup» galypdyr. Ol tymsaldan men-ä häli-häzire çenli zelel göremok. Ýogsam ony juda gysgajyk terjime etmeli bolsa, «Suw içjek bolsaň, aždarhany örüzme!» diýip ýa-da «Suwsasaň, suw içmeli» diýip hem aňladyp bolardy. Ony sizem dolulygyna okap göräýiňsene. Ol şu nokada çenli okan sözleriňizden beýle bir köp hem däldir-le... Bir esger aňrysy-bärisi görünmeýän çöllükden gidip barýarmyşyn. Ol juda uzak ýol sökmeli bolupdyr. Ýol azaby – gör azaby, ol atyndan jyda düşüpdir. Artyk ýük hasaplap, söweş enjamlaryny – sowudyny, tuwulgasyny hem taşlapdyr. Diňe gylyjy galypdyr. Açlykdan hem suwsuzlykdan ýaňa halys egbarlapdyr. Birden alysda bir köle onuň gözi kaklyşypdyr. Emma kölüň ýakasynda üç kelleli aždarha bar eken. Esger dergazap bolup, gylyjyna ýapyşypdyr-da, bolanja güýjüni toplap, ol mahluk bilen söweşe giripdir. Bir gije-gündiz gidişipdirler, ikilenji günem söweş netije bermändir. Ahyry aždarhanyň iki kellesi togarlanypdyr. Üçülenji gün halys güýçden gaçan aždarha ýan beripdir. Aýak üstünde zordan duran, gylyjyny götermäge-de mejaly bolmadyk esger hem onuň gapdalynda süýnüpdir. Şonda soňky deminde aždarha esgerden sorapdyr: – Esger, ýogsa-da seniň maksadyň nämed-aý? – Suw içjekdim... – Ýeri, içiberseň bolmaýamydy?!.. Hekaýatyň hikmeti: Durmuşyňy özüň kynlaşdyrma. Dükana-beýlekä gitjek bolanlarynda men-ä çagalara Daňatar agalaryň Aždar atly itindenem sowlup geçmeklerini sargaýan. Göni ýol barka, aýlawly ýol bilen gidip, kösenmezliklerinem tabşyrýan... Ilki-ilkiler suw içesi gelýän oba adamlary çeşmeden, kölden, guýudan elleri bedreli, küýzeli suw daşap içipdirler. Bu meselede hem işiň aňsat ýoluny agtarýan kimdir biri beýdip kösenip ýörmän, kölden turba çekmegiň kül-külüne düşüpdir. Suw içesi gelýän adamyň yhlasy bilen oba adamlary elleri agyr bedrelidir küýzeli suw daşamakdan dynypdyrlar. Bu barada tutuş bir kitaby okapdym. Ony işi ýeňilleşdirip, oýnam jümlede size ýetirdim. Bolmalysam şeýle bolsun gerek. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Men pikirimi bir söz bilen aýdýarkam, ol ýerde üç sözüň geregi näme?». Ýüz ýyl töweregi ozal ýazylan bir kitapdan okapdym. Onda şeýleräk bir pikir ündelýärdi: «Häzir adamlaryň uly-uly eserleri okamaga wagtam ýok, kanagatam ýetenok. Okyjylar üçin 200 sahypadan artyk eser aşa uly bolýar». Bu sözlerdäki aýdylýan sahypa sanyny indi 100 esse azaldyp aýtsak hem, telek bolmasa gerek. Meniň pikirimçe, häzir internetden gysgaça maglumatlary okamaga öwrenişen adamlaryň aglabasy üçin 2 sahypa ýazgy hem aşa köp bolup görünýän ýaly. Sözümiziň başynda ýatlan ýazyjymyz hem gazetdäki uly göwrümli makalalardan däl-de, bir-iki jümleden ybarat pähimlerden söz açypdy. Şunuň özi hem uly göwrümli ýazgylary hat-da ýazyjynyň hem okamaga o diýen bir döwtalap däldigi barada oýlandyrýar... Şu ýerde nämedir bir zat güpbe ýadyma düşen ýaly bolup, sakga durdum-da, gündeligime ýazan sahypa sanymy agdaryp çykdym.Baý-buw, elýazmam dört sahypadan agypdyr. Kompýutere geçirseňem, iki sahypa golaýlaberer. Onsoň özüme garşy gidýän ýaly bolmaýyn diýip, morta gutarýan hem bolsa, bu ýazgyma şu ýerde nokat goýaýyn diýdim. Galan gürrüňem soň bir ýola edibereris-dä. P.S. Ýene bir sözlem artykmaçlyk etmese gerek (bu abzas makalany ahyryndan okap başlaýanlara degişli, takat edip, şu ýere çenli okanlar bolsa aşakdaky sözleri indiki okajaklara maslahat berip bilerler), birdenkä bu ýazgyny gabaralyrak görseňiz, mundaky aždarha bilen esger baradaky tymsaly okap oňaýsaňyz hem bolar. Onuň nirräkdedigi saýgardyp durandyr. Ony hem has uzak hasap etseňiz, diňe munuň sözbaşysyny okap çäklenseňiz-de bolar: «Suwsasaň, suw içmeli». © Orazmyrat MYRADOW “Örküç, belki, ganatdyr” kitabyndan. | |
|
Ähli teswirler: 16 | |
| |