Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:02
«Mart gelse men, gör, nämeler etjekdim...»

***
1

…Mart gelse men, gör, nämeler etjekdim,
Porhan bolan dünýä çykyp seýrana,
Gitjekdim,
Ummana baryp ýetjekdim...
Häzir daş menzilim — çykyp eýwana,
Çümüp umman ýaly içki älemme,
Müň geçen ýolumdan bir gezek ýene —
Müň birinji gezek geçýän,
Täleýme
Bakýan müneçjimiň gözleri bilen:
Bar zat öňküligne, degräm çalam-çaş,
Jeňden soňky meýdan,
Gargalaň toýy...
Gygyrýan: nirde sen, nirde, galamdaş?!
Ýa senem arzuwyň armanda goýup,
Eýwandan, adamsyz haýwanat baga
Bakan ýaly garap durmuň?! Görsene,
Jesedi gömmegi öwredýän garga
Pikirlermiň üstün açýar tersine...

Gitjekdim, gep çekmän, mart gelse, seýle,
Pikirlerim — labyr, çekýär aşaga.
Kaýyl bolup barýan, gark bolmak meýli
Maýyl edýär,
Näme görjek ýaşabam?!

2

Jeňden soňky meýdan...
Biçäre bedew —
Pikirlem selpäp ýör süýräp ýüpüni.
Arzuwlarym başsyz — bigäne beden,
Kellä derek alyp dünýäň ýüküni,
Kerte tarap barýar zordan sermenip,
Gargalar ses goşýar gussaly saza.
Eýwanyň diwary — daşky serhedim —
Men seýle gitjekdim ýetäýsem ýaza...

© Orazmyrat MYRADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 128 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Mekan2 • 15:03, 06.03.2024
goşgy gowy däl eken. prosto BET. orsloň diýşi ýaly kak tak možna a?!

sussumes gardaş, paýlaşýan suratlaň bara, ahmal galsaň, düýşüňe girjek. başujuňda çörek goýup ýatmaly edýäň adamlary.

degişýän. respect. tekstsiz paýlaşsaňam, arasynda girip görübermeli. ýokarky pisseli dere dagy, Seýran aýtmyşlaýyn "gara dem alýa"
avatar
0
2 Kyyas • 15:21, 06.03.2024
Sussypessimist daýy! Halyl kulyýew baradaky makalany okatdyñ, yzyndanam bu goşgy jüp ýerinden ýüregimiñ ganyny syrykdyrdy. (Öñem, ejiz ýürek).
avatar
0
3 Medicall • 16:02, 06.03.2024
haladymda bu eseri, meňem etjek zadym kändi-da mart gelse, pikirlem çalam-çaş gaýta häzirlikçeýa.
Orazmyrat aga sagbolsunlar, duýgydaş eseri üçrip
avatar
0
4 Küle • 16:47, 06.03.2024
Ýakyn geçmişde arassa poeziýa okamandym.
Minnetdar.
avatar
2
5 Seýrаn • 23:07, 06.03.2024
4nji teswire, poeziýa näme?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203