21:58 Gorkydan gorkmaň! | |
GORKYDAN GORKMAŇ! Üstünligiň ýolundaky iki sany esasy böwet gorky bilen bolup biläýjek şowsuzlyklardyr. Emma üstünlik ýolunda olar sizi togtatmaly däldir. Islendik päsgelçilik oňyn mümkinçilik ähtimallygyny özünde saklaýandyr. 1623-nji ýylda Frensis Bekon şeýle diýipdir: «Gorkynyň özünden başga hiç hili gorkunç zat ýokdur». 2 asyr soň onuň sözlerini Gersog Wellington özüçe gaýtalapdyr: «Meniň gorkýan ýeke-täk zadym — bu gorkynyň özi». Soňra bu barada Franklin Ruzwelt: «Diňe gorkynyň özünden gorkmak gerek» diýipdir. ... Kuwwatly harby serkerde hem Rim imperatory Ýuliý Sezar ýyldyrymdan gorkýan eken. Tas 2 metre golaý boýy bolan Rus patyşasy Petr I köprülerden gorkýan eken. Ol diňe başga hiç hili ýol bolmadyk ýagdaýynda köprüden geçer eken. Gadamyny atan badyna sandyrap hem edil çaga ýaly aglap başlar eken. ХVIII asyr iňlis ýazyjysy hem tankytçysy Semýuel Jonson bosagadan sag aýagy bilen ätläp girmekden yrym edip, eýmener eken. Birden säwlik bilen otaga sag aýagyny ädip giräýse hem, gaýtadan yzyna çykyp, ýaňadan çep aýagyny ilki ädip girer eken. *** Gorky hereketsizlige eltýär; hereketsizlik tejribäniň bolmazlygyna sebäp bolýar; tejribesizlik nadanlygy döredýär; nadanlyk gorkyny emele getirýär.*** Gorkynyň gözüne dogry bakmak bilen siz ony ýeňjeksiňiz. *** Başdan geçirýän gorkylarymyzyň aglabasy hiç bir fakta (delile) esaslanmaýar. Olar biziň duýgularymyzyň önümleridir. Miçigan uniwersitetiniň geçiren barlag-seljermesi şu aşakdaky ýagdaýy ýüze çykarypdyr. Gorkularymyzyň 60 göterimi hiç zada esaslanmaýar: biz hiç haçan bolup bilmejek zatdan gorkýarys. Gorkularymyzyň 20 göterimi biziň erkimizde bolmadyk geçmiş bilen baglanyşyklydyr. Gorkularyň 10 göterimi durmuşymyza esasly täsir ýetirip bilmejek, oňly ähmiýeti bolmadyk zatlar bilen baglydyr. Galan 10 göterimiň diňe 4 ýa-da 5 göterimini esasly diýip ykrar etmek bolar. Bu statistika gorky sebäpli sarp edýän wagtymyzyň we energiýamyzyň 95 göteriminiň bolgusyz ýere harçlanýandygyny görkezýär. Bu bir henegi ýada salýar. Gije. Aýaly ärini oýarýar: — Bert, oýansana. Aşaky gatda talaňçynyň, aýak sesi eşidilýär. Bert, oýan ahyry! — Bolýar, bolýar, ine, turdum — diýip, on müňünji ýola aýdylan Bert, krowatdan sallan aýaklary bilen çepegini sermäp tapyp, zoraýakdan otagdan çykyp, basgançak bilen aşaklygyna ýönelýär. Düşen badyna özüne çenelip duran nagan nilini görýär. — Dur, butnama, gardaş! Gymmatly zatlaryňyzy, puluňyzy nirde saklaýanyňyzy görkez — diýip, ýüzi örtükli garakçy azmly heňkirýär. Bert görkezýär. Talaňçy puldur gymmatbaha şaý-sepleri haltasyna gapgaryp, ökjäni götermekçi bolanda Bert oňa ýüzlenip, şeýle diýýär: — Aýak çeksene. Gitmezden öňünçä ýokary çykyp, aýalyma bir görnüp gaýtsana. Ol indi 30 ýyl bäri her gije size garaşýar ahyryn. *** Siziň arzuwlaryňyz gorka garşy iň bir netijeli melhemleriň biridir. *** Ahyr netijede nämäni saýlajaklygyňyz özüňize bagly. Siz ýa-ha gorkyňyzy iýmleýänsiňiz, ýa-da ony açlykdan ýaňa lagar düşüp ölmäge iterýänsiňiz. Eger ynamly hereket etseňiz, bu sizi üstünlige ýetirer, eger gorka has köp ähmiýet berýän bolsaňyz welin, bu sizi şol bir duran ýeriňizi debsiläp durmaklyga elter. *** Ýaryşlara gatnaşyp birinji bolup gelip bilmedik wagtyňyz her gezek ösüş derejäňizi ölçäň. Eger siz geçen sapar bäşinji, bu gezek bolsa dördünji bolup pellehana gelen bolsaňyz, bu ýeňliş däldir. Bu üstünlikdir. Bu ösüşdir. Ynha, şu-da ýykylsaň, öňe ýykylmagy we gerekmejek saklanmalardan gaça durmaklygy aňladýar. *** Leňňeç tutujylar tutan leňňeçlerini bedrä ýa-da sebede atar ekenler. Eger sebetde diňe ýekeje leňňeç bolsa, onda sebede gapak ýapmaly bolýarmyş, emma iki ýa-da ondan hem köp bolsa, sebedi örtmäge zerurlyk galmaýar eken. Sebetde birnäçe leňňeç bolsa, olar çykmaga dyrjaşýana asgynçak bolup, birden biriniň çykmagyna päsgel berýär ekenler. Bişow adamlaryň hem aglabasy şeýle hereket edýärler. Toplan we terjime: © Orazmyrat MYRADOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |