Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:29
"Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!.."

***
Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!
Çyrmaşyk men, ýüregiňe çyrmaşyp,
Ony ähli howp-hatardan aýaryn,
Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!

Däli dünýäň gyzygy ýok eşretsiz,
Söýgüsiz — gözsüzdir.
A men batyl däl.
Görjek dünýäň tomaşasyn-toýlaryn,
Doýma barmy
Bala gaçan lebiňden.
Lowlap duran ot sen,
Serimden geçip,
Porhan kimin aýlanaryn daşyňdan.

Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!
Şu hal seždegähim seniň bedeniň,
Dogamdyr gulagňa siňen pyşyrdym.
Al-arwahlar alyp gaçsyn edebim.
Edebim — hoşlugyň,
Sogabym — söýgim.
Pikirlerim dem alşyňa tabyn hem
Duýgularym kalp urşuňa büdreýär.
Ölümem däl,
Ömürem däl,
Bu pursat
Başga bir älemde täze bir eýýam.

Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!
Ýamanlygam,
Ýagşylygam
Undaly!
Hyjuwmyzdan
Ýaza garaşyp ýatan
Bägüller güllesin,
Güllesin dünýä!
Ýagşylyk gül bolsun, ýamanlyk — tiken.
Barybir ikisem bir jan-u-bir ten.

Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!
Ýör, bu dünýäň çöwre ýüzne gideli!
Ol ýer ikimiziň jennetimizdir,
Ikimiz bolarys ýagşam, ýamanam.
Saçlaryňy ýaý-da, gözüňi ýum sen!
Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!

© Maksatmyrat ÇARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 190 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 3.5/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
0
1 Mekan2 • 10:57, 16.04.2024
joşgunly goşgy ken. ýürgiňem çalt urdurjak ahmal bolsaň.

A men batyl däl.

"a"-ny Maksat itekleýä, biz çekýäs, Maksat itekleýä, biz çekýäs... :-)

men-ä dyngy belgiler ýalňyş goýlupdyr diýjek.
avatar
0
2 Мango • 11:20, 16.04.2024
göwnüne degseň öýkeläsi gelip duran owlanyň goşgusy :-)
"Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!"
---

...Çyrmaşyk men, ýüregiňe çyrmaşyp,
Ony ähli howp-hatardan aýaryn...

çyrmaşyk - haşal ot.
çyrmaşygyň ýürege çyrmaşmasy gowy deňeşdirme-hä däl...

---
"seniň bedeniň - seždegähim"-li ýerlerini halamadym.
edebiýadam bolsa, başga manyda-da bolsa.... bilemogaý.... maňa ýaranok... "seždäni" her ýerde ulanmak gerek däl.
sežde edilmäge degermi o beden? seždedenem bärde zat bardyrla...

ýöne Maksat daýy tehnikany ele alypdyr.
başarýa ýazmagy.
ýekeje ýyzzyl menden.
avatar
0
3 Rowaç • 19:27, 16.04.2024
Çyrmaşykly ýerleri "çolaşyk" birtüýsli. 
Däli dünýäň gyzygy ýok eşretsiz - bolanyna görä, "Loly dünýäň" diýmeli eken.
Dünýäň çöwre ýüzÜne gideli - diýip bilýän bolsa, awtor "bala gaçan leb" ýaly ýönekeýlikden saklanmaly. Onsoňam bogun sany (ol kada ýok bolsa-ha hasam) üçin bogun "iýmek" gerek däl.
Mango kaka, sen o diýýänleriňe goşgy ýazýançylar "giperbola" diýýärmidi?
avatar
0
4 Aýgül_Baýadowa • 21:16, 16.04.2024
Nobatguly aga bn Gurbandurdy agaň äheňi miks bolupdyr.
avatar
0
5 derwushhana • 22:21, 16.04.2024
Ýaz geleni bildirýä. Kömelegiň ýeri böwsüp çykyşy ýaly duýgularam ýüregi çyny bilen böwsüpdir.
avatar
1
6 ToylyOraz • 16:39, 18.04.2024
АФерин говы язылыпдыр...!
Дуйгулары говы беян эдипдир, бу говшак йигдин дуйгусы дийба билжек дал... себаби гыз назиклигни сылап билян йигидин дуйгысыны беян эдиши болуп билер.
ене бир зат гошасым геляр сетирлери Хас биширибрак чемелешсен нахили боларка,
меселем "Däli dünýäň gyzygy ýok eşretsiz," шу сетири хас камиллешдирсен нахили озине чекижи Сетир боларды. Хас гозеллешерди, бир сетири мысал алып ол ери ерине душмандир дийдигим дал . умуман шыгыр барада айтдым..,
Мен автора кем баха гарадыгым дал гаты зехинли экен автор эсерем ерине душупдир.. Йоне
Шыгыр хасам гозеллешерди диен ниет билен Тесвир яздым.! Говшак тесвирлемам ун отунч сораян!
avatar
1
7 sussupessimist • 18:55, 18.04.2024
:) Halayyk, ToylyOraz agzany "говшак тесвирлемелери" üçin iş gozgadyp, suda çekäysekmikäk?
avatar
0
8 Mekan2 • 19:25, 18.04.2024
Beytmäweräliñ
Toýly Orazowiçiñ şu günki ýazanlary Говшак тесвир bolsa, meni ataýmaly.
avatar
0
9 aygull • 20:58, 18.04.2024
Mundan beýlänlikgin gowşak ýazmasa bolýa))
avatar
0
10 ToylyOraz • 23:38, 18.04.2024
Ммм Бах... Бир Тесвир учин Суда чекмек... геле гелмане эрбет дал...
avatar
0
11 Hoshniyetli • 20:08, 19.04.2024
Mango goşulýan.

Söýgi diýen zada-da gereginden artyk baha berýälermikä diýýän.

Ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasy dag ýaly weli goşguda ikisini tapawutsyz görnüşde bir ýere getiripdirler.
avatar
0
12 sussupessimist • 21:06, 19.04.2024
Kä ýagdaýda ýagşylyk bilen ýamanlygyň parhy ýitýär
avatar
0
13 ToylyOraz • 21:30, 19.04.2024
Söýgi diýen zada-da gereginden artyk baha berýälermikä

Сойги диен зада наче артык баха берип билсек Шончада говы боларды Сойгиде вепа ынам артарды!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203