Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:35
Ömür, gögerçin, gök ot hem beýlekiler hakda... (Ýüzugra edilen bellikler)

Ýüzugra edilen bellikler
ÖMÜR HAKDA OÝLANYP...


Bu gün irden öýde agtygymyň ýanynda galdym. Işe laýyklap giderin-dä. Ir baranymda-da, alyp barýan galam ýok.
Bu ýazgylarymyň içinde ýolbars balasynyň arryldysy ýaly owazlar wagtal-wagtal eşidilip gitse, geň görmäň. Adylmyrat ýatan ýerinden aram-aram ykyrganyp, arrylda meňzeş sesler çykarýar.
Enesi ony gundap, süýdüni berip, ýatyrdy. Ol häzir parahatja ýatyr. Oýaly-ukuly. Arasynda ýylgyraýýaram. Ondan öwrenmeli zat köp bolsa gerek, umuman... Ýylgyryp geçiräýmeli zatlaram ýüregimize alyp ýörüs.
Düýn XV asyr türk şahyry we kazysy Şeýhulyslam Kemal Paşşazadanyň iki setir goşgusyny okadym. Ony özbekçä Karim Bahriýew terjime edipdir:

Göz ýum jahandan, öz halyňa göz aç, ýeter,
Sen göz ýumup-açýançaň bu dünýe ötüp gider.


Gözüňi ýummaly bu bolýan pelek işine. Içki dünýäňe açmaly gözüňi. Diňe şonda many bar bolmaly, dogrudanam.
Ýüz ýaşasaňam, ömür-ä bir göz açyp-ýumasy salym. Iň soňky nokadyndan garap görseň, ol, hakykatdanam, şeýle bolmaly. Içki dünýäňe kaklyşan zatlaryň ählisini bolsa kagyza geçirmäge çalyşmaly. Meniň pikirimçe, şonda göz açyp-ýumasy mütdetlik ömrüň çygryna juda köp zat sygar.
Şu günler kän oýlanýan. Ömrüň manysy hakda. Has-da ata bolanymdan soň şeýle ýaly. «Adylyň atasy» diýlen ada mynasyp bolmak üçin yhlas etmeli. Buýtar-suýtar etmeli däl. Kämilleşmeli. Çünki onuň çägi ýok. 50 ýaşa golaýladym, ata boldum diýen ýaly pikirler bilen bilim almagy, kämilleşmäge çalyşmagy bes edib-ä boljak däl. Onda goluňy galdyrdygyň, dyza çöküp, boýun sundugyň bolar.
Häzir agtygymyň ýanynda şu oýlara berlip oturyşyma, özümi birhili dünýä täzeden gelen ýaly duýýaryn. Bu pikirlerimiň haklygyny tassyklaýan ýaly, Adylam arasynda ýolbars balasynyň arryldysyny ýatladyp ykyrganýar.
Näme üçin beýle bolmasyn! Onuňam ýyly atasynyňky ýaly bars ýyly ahbetin.

GÖGERÇIN, GÖK OT HEM-DE BEÝLEKILER HAKDA OÝLANMA


Gün ýaşar uçurlary daşaryk çykyp, krowatyň üstünde oturdym. 2-3 sagat ozal ýörite gögerçinler içsin diýen niýet bilen betonyň üstüne suw akdyran ýerime iki sany gögerçin bilen bir gumry gelip gondy.
Gögerçinleri synladym. Olar suwuň içinden nämedir bir zat çöpleýän ýalydy. Suwuny dökmezimden öň doly bedrä gaçyp, ölüp galan kiçijek çybyn-çirkeýlerdir garynjalar bardy. Şolary çokýan bolsalar gerek... («Suw joşsa, balyklar kenardaky garynjalary iýýärler, suw gaýtgyn berse, garynjalar kenarda galan balyklary iýýärler» diýen aýtgy ýadyma düşdi).
Gögerçinler suwdan içdiler. Olaryň arkaýynlygyna geň galdym. Üçegiň üstünde oturan ýerinden başga bir horaz gögerçin hem täsin owazlar çykarýardy aram-aram. Ýerdäki gögerçinlere dahyllydygy duýulýardy bu sesiň. Olaryň howpsuzlygynyň aladasynda bolsa gerek. Ýerdäki gögerçinler bolsa peýwagtyna gezim edip, suwluk ýerden daşlaşyp, asfalt düşelen ýere geçdiler...
Düýn-öňňin men asfalty, hatda betony hem ýaryp çykýan otlar barada geň oýlara berlipdim.
Ýene-de gözüm asfalty böwsüp çykyp, ýeke özi dürterip oturan bir ösümlikde eglendi. Bir garyş çemesi ösmäge ýetişen, uzakdan nähili otdugyny saýgarmadyk ösümligime ünsümiň gönükmegine, belki, gögerçinleriň biriniň oňa ýakynlamagy sebäp bolandyr.
Gögerçin ony bir-iki ýola çokalady. «Bu janawarlaram otlaýan eken-ow» diýip oýlandym. «Nähilidir bir derman ösümlik bolsa gerek?!» diýen bilesigelijilik oýandy aňymda. Emma gögerçinleri ürküzmäge dözmedim. Guşlar uçup gideninden soň, onuň näme otdugyny anyklamak üçin, ýanyna bardym. Terje ýandak eken. Ýöne gögerçin onuň ýapragyny çürtüp iýen bolmaly däl. Sebäbi onuň ýokary başynda biri-birine ýelmeşip diýen ýaly gür halda oturan kindiwanja mör-möjekler bardy. Guş şolary çokalan bolmaly.
Soňam daşy ýaryp çykýan ösümligi egbarladýan kiçijek mör-möjekler, olary çokalaýan guşlar, guşlara ýalmanyp garaýan pişikler... barada oýlandym. Obrazly aýtmaly bolsa, men biri-biriniň başyny iýip gidip oturan bu zynjyr halkasynyň nirerägindekäm?! Muňa akylym çatjak däl. Ýaňky mör-möjeklerem, gögerçinlerem özleriniň bu halkadaky orny barada hiç zat bilýän däldirler.
Ýaşaýşa ymtylýan ýandagam, daşy deşmegi başaransoň, möjejiklerden ejizläsi ýok-la. Ýandaga howp edip möjejikleri ýaradan Hudaý gögerçinem ýaradypdyr ahyry...
Daş öňüňi baglasa-da, deşip geçjek bolmaly. Meniň üçinem gögerçin — gögerçiniňki ýaly ganatly perişde ýaradylandyr ahbetin. Bu pikirlerimiň şertli jemlemesi hökmünde ertirem gögerçinlere suw bermeli diýen netijä geldim.

© Orazmyrat MYRADOW
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 179 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 derwushhana • 19:55, 03.04.2024
Gözüňi ýummaly bu bolýan pelek işine. Içki dünýäňe açmaly gözüňi.- hak aýdýaň, aga, hakyky kämillik şol bolsa gerek.

Ýene-de bir gowy ýazgylar. Sag boluň ýetireniňize. Suwumsyz 10 sahypalyk hekaýa okandan şuň ýaly bir demde dynyp bolýan esseler ýa-da gündelik ýazgylar has täsirli bolýar
avatar
0
2 Küle • 09:12, 04.04.2024
Gaty haladym. Jogap ýazasym gelip gitdi. Minnetdar.
avatar
0
3 Mekan2 • 10:19, 04.04.2024
howwa...

sezer diýipmiş: "bardym, gördüm, ýeňdim (aldym)"
men diýýän: "gördüm, okadym, gowwördüm"
avatar
0
4 Küle • 16:37, 04.04.2024
Özbek edebiýaty bilenem içgin tanyşmalymykak diýýän. Orazmyrat aga ýardam etmezmikä bu meselede?
avatar
0
5 Küle • 01:14, 05.04.2024
Ikinji gezek gaýta okaman bilmedim. Indi muňa jogap haty ýazmasak bolmaýa.
avatar
0
6 Mekan2 • 09:15, 05.04.2024
ýaz, Umyt, bizem okaly. sözbaşyňam taýýar: "ýüzügara eden bellikler"
avatar

Старая форма входа
Total users: 203