16:24 Meniň ilkinji ulagym (Ýüzugra edilen bellikler) | |
MENIŇ ILKINJI ULAGYM ("Ýüzugra edilen pikirler" siklinden) Öňräk ilkinji ulagymyň näme bolanlygy hakynda oýlandym. Oýnawaç maşyn-a bolmaly däl. Özbaşyma oýnawaç maşynymyň bolany ýadyma düşenok. Çaga welosipedi hem däl bolsa gerek. Biraz özümi bilip ugran uçurlarym welosipedli bolupdym. Has dogrusy, kakamyň men barada “Indi-hä şu oglum şol tigri sürüp bilse gerek” diýen netijä gelen güni tigirli boldum... Gazjaý diýip atlandyrýan otagymyzda üçege çykylýan dörtburçluk deşik bardy. Şoňa gabatlap merduwan söýäp, kakam üçekden tigir düşürdi. Ol pursat meniň üçin gözbagçynyň zömmek şlýapadan akja towşan çykaryşy ýaly, garaşylmadyk zat bolupdy. Üç tekerli tigir. Özem häzirkiler ýaly öňki tekeri uly, artkylary kiçi däl-de, üç tekerem des-deň ululykda. Şol döwür welosipedi bahalandyrmak babatda ulanýan ölçeglerimizde ony nähili atlandyranymyz ýadymda ýok. Dörtýüzlük diýip atlandyrýanymyzdan-a has kiçi, ikiýüzlük diýýän tigrimizdenem ulurak. Garaz, üçýüzlük diýseňem boljak (çünki iki ýüz ellilik diýen düşünje düýbünden ýokdy). Onuň bir geň tarapy bardy. Täsin bir tilsim bilen, ony ulularyňka meňzeş iki tekerli tigir hem edip bolýardy. Günlerde bir gün kakam: “Indi-hä şu oglum tigir sürmäge ökdelän bolsa gerek” diýen pikir bilen, ony iki tekerli tigre öwrüp berdi... Kakamyň hemme zady başarýan ussadygy baradaky pikir ilkinji gezek şonda dörän bolsa gerek mende. Bu pikirim gümürtik hem bolsa, şol tigriň ilkinji ulagym bolmanlygy gümürtik däl... Megerem, ilkinji ulagym birýüzlük tigriň kiçijek tekeriniň içinden ujy egremçeli bäşlik sim geçirilip, tigirläp oýnan ulagym bolsa gerek. Hawa, bu-da “megerem”. Gümürtik-dä, garaz. Sebäbi şu wagt enemiň ýüň saýýan ýylgyn çybygyny at edinişim ýadyma düşdi. Şeýle-de bolsa, içinden ujy egremçeli sim geçirilip, tigirläp barýan ulagymda saklanaýaýyn-la, sebäbi ilkinji ulagymyň näme bolanlygy hakdaky pikir seýilgähdäki ullakan çarhypelegiň duşundan geçip barýarkam döredi. Tigirläp barýan tigirçegimem şonda göz öňüme geldi öýdýän... Şol pursat men öz ulagymda toýa barýardym. Toýa çenli ýoldaky kellämde aýlanan oýlarym şu... Toýdan gaýdyşyn tigir hakda däl-de, aýlanyp duran çarhypelek hakda oýlandym... Nähilidir bir kinodan bolsa gerek, çarhypelekli bir görnüş göz öňüme geldi. Onuň üstünde kellesi göçen ýetginjek içki joşgunyny zowladyp gygyryp çykaryp ýetişmeýänligi üçin, ellerinem kelemenledýär. Onuň akyly ýerinde däldigi görnüp dur. Hä diýmän aýlanyp ýene aşak — ýere düşjegini unudaýýan bolmaly-da. Oglanlyk edýändir-dä... Toýdan gaýdyşyn näme üçindir Ependiniň: “Iý, ýeňim, iý!” diýen sözi hem ýadyma düşdi. Sebäbi toý ertekini ýada salýardy — edil ertekidäki ýaly, dürli gatlaklara niýetläp, ak hem gara keçeler düşelen bolmasa-da, şoňa ýakynrak bir oňaýsyz täsir galdy... Toýuň beýemçisiniň özüni alyp barşy sebäp boldy öýdýän, gaýdyşyn, ýakynda okan bir tymsalym hem ýadyma düşdi: Biri eşek satyn alypdyr. Eýesi eşegini münüp, ýola düşse, kejir eşek hiç düz ýöremeýärmişin — birde ýoluň o ýakasyndaky öýe, birde bu ýakasyndaky öýe sowulýarmyş. “Hyh” bilenem, taýak bilenem gönelmändir. Soňra sorap-idäp görse, eşegiň öňki eýesi gedaýçylyk bilen gün görýän adam eken... Toýuň beýemçisi hem öňki endigini gaýtalaýan ýalydy. Onuň ozal kim bolanlygy bilen gyzyklanyp göräýmek pikiri hem döredi. Ýöne şol wagt men eýýäm öz ulagymda öýe ýetip barýardym. Ýaňky tymsaldaky eşek ýaly iki ýana sowlup ýörmän, göni öýe tarap sürdüm. Sebäbi ol meniň belet ýolumdy, ýekeje tekerli — içinden ujy egremçe edilen bäşlik sim geçirilip, tigirläp sürýän (megerem) ilkinji ulagymy hem men şu ýoldan göni sürýärdim. Ondan bäri bu ýola ençeme gezek daş düşelip, gatlak-gatlak bolan hem bolsa, çagalygymda gumak ýolda tigirçegimiň galdyran yzyny yzarlap barýardym. Ol meniň durmuşyň döredýän gatlaklarynyň arasynda ýitip gitmezlik üçin çelgimdi... © Orazmyrat MYRADOW | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |