TÜRKMEN EDEBIÝATY


09:53
Erteki

ERTЕKI

Gulakdan uzakda, gözlerden gizlin,
Dag içinde, bir gowakda, birmahal,
Biri-birisine gazaby gyzgyn,
Ýarag çekişipdir, ölüpdir biri.
Dirisi – gowakdan gidipdir ümsüm,
Ýaragny süpürip, sümsüldäp assa,
Ümsümlik sorapdyr: «Eý, ganhor, kimsiň?!»
Görse, hiç kim ýokmuş. Ganhor garasa,
Daglar somalyp dur, daşlar göz bolup,
Mölerip seredýär dirä hem ölä.
Gan ysyny kowýar şemal gozganyp,
Bu ýeri ne oba, ne-de öwlüýä.
Gowak garaňkyrap, al şapak solup,
Dagy tümlük basýar, turýar harasat.
Gara ýel sowuryp çaňy-tozany,
A sübsegär şemal – gömýär biperwaý:
Öleniň özüni, diriň yzyny.

© Bapba GÖKLEŇ
Bölümler: Goşgular | Görülen: 84 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Bapba GÖKLEŇ | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
0
1 Мango • 10:18, 18.03.2024
jenaýaty gizlemekmi?
---
"...daşlar göz bolup, Mölerip seredýär dirä hem ölä".
iki egnimizdäki "gözlerden" başga beden agzalarymyzam "göz" bolup показание berjekler diýilýär. şony ýatlatdy.
---
şemal näme sebäpden jenaýatçyň tarapynda hereket etdikä?
1) Gan ysyny kowýar şemal gozganyp...
2) ...sübsegär şemal – gömýär biperwaý: Öleniň özüni, diriň yzyny.
---
5 ýyzzyl!
avatar
0
2 Küle • 10:30, 18.03.2024
Ýürek.❤️❤️
avatar
0
3 sussupessimist • 10:58, 18.03.2024
Şemal - döwrüň, wagtyň alamaty diýip kabul etdim men-ä. Ganhorlyk bolýar, her dürli zalymlyk bolýar dünýäde, başynda her kimi lerzana getirýär, soň "şemal" jelladyň aýak yzynam, pida bolanlaryň jesedinem gömýär. заметает следы diýilýäni. Hatda ysynam kowup alyp gidýär.
Bizem onsoň indiki edilen jenaýata nägile bolan bolýas, olam şeýdip geçip gider, soň ýene, ýene...
avatar
0
4 hanturebs • 11:26, 18.03.2024
"Biri-birisine gazaby gyzgyn,
Ýarag çekişipdir, ölüpdir biri."

Gazaplar hetden aşyp, birek-birege ýarag çekişme katdyna ýetilip, ikiden biriň diri galma ähtimallygyň bar bolsa, elbetde, bu derejä ýetmese gowy, onda-da şeýle saýlawyň arasynda galsaň, özümä...
Näme üçin goşgynyň ady ertekikä? Göräýmäne bolup biläýjek waka suratlandyrylan ýaly, personažyň sowukganlygyndan başga.
avatar
0
5 Mekan2 • 11:31, 18.03.2024
turebs han, erteki hökmän hyýaly bolmaly däl ahwetin, wi-i.
avatar
0
6 Mekan2 • 11:49, 18.03.2024
mugallym ýaly gürläp görkezeýinmi?
("howwa-da-howwa" boluşdylarmyşyn)

dil - janly närsedir. dildäki sözleriň manysy giňäp, daralyp, üýtgäp... bilýärler. MeseleM:-)

erteki - 1 köplenç jadyly we fantastik wakalary beýan edýän halk döredijilik eseri, hekaýa. 2 ertirki.

bulardan başga-da biri bolup bilmejek zat aýdyp berse, oňa "o diýýäniň ertekidedir (kinodadyr)" ýa (käte ýalan sözleýänlere-de) "erteki otarma" söz düzümleri diýýäler. wagtyň geçmegi bilen bu söz düzümi has kompaktlaşyp, diňe "erteki (ertekiläý)" diýen şekile gelipdir. bu ýekeje söz bolsa-da, onuň kökünde söz düzümi - frazeologizm ýatyr.
avatar
0
7 Mekan2 • 11:54, 18.03.2024
şeýdibem o sözüň "bolup bilmejek zat", "ýalan", "toslama"... ýaly manylary döräpdir. diýmek näme eken, çagalar, yzymdan gaýtalaň: sözüň manysy giňäp bilýän eken. berekella, bäşlik.
avatar
0
8 Mekan2 • 12:17, 18.03.2024
bolanyna görä gürrüň bereýin.

öňler bir endigim bardy. 4-5 sany çaga görsem: "kömür näme?", "düýäň çagasyna näme diýilýär?" ýalagrak soraglar berýädim. bir saparam gözümiň alnynda :-) "eňňere" sözüniň manysynyň üýtgäp barýandygy hakda pikir etdip. maý tapan (hem sanlary köňräk, hem ýaşlary ulurak çagalara gabat geldi) wagtymam soradym: "eňňere näme diýmek?". he-he, başladylar "bulam-bujarlyk, eden-etdilik, bardaklyk..."

ýaňy ýaly ýadyma düşýä. şo manylaň biri üçinem ulanylanokdy şo söz. ýer eýesi ýa kolhoz ekiniň hasyly alyp boldum hasap edenden soň, kartadan tapanjasyny çöplemäge halka* rugsat berýärdi. hatda mal salsaňam bolýady. şoňa-da "eňňere" diýilýädi. "Üç depäň ýanyndaky pomidor eňňere bolupdyr, buwun mala** şotak gidäýeliň" diýýädik.

*sussupessimist dost dilim endik edipdir :-)
**"mal bakmaga" diýip durman, "mala" diýýädik.
avatar
1
9 Gülkamat • 13:47, 18.03.2024
Myhman beg, cagalygym yadyma düshüp gitdi. Siz mala gideñizde biz pagta giderdik:))))))
avatar
1
10 Mekan2 • 15:04, 18.03.2024
aýtma, Gülkamat hanym, gidilmedik ýer galan däldir. maly-pagtasy, ýekelemesi-otamasy...
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE