00:34 Guw aýdymy | |
GUW AÝDYMY Il arasynda: ”Guwlar ölmeziniñ öñüsyrasynda aýdym aýdýarmyş” diýen düşünje bar. Guwlar aýdym aýtmaz, Guw aýdym aýtmaz. Guw beýle gowgaýa Başyny gatmaz. Guwlaryñ dünýäsi – Ýuwaş, asuda. Guwlar saz gämisi – Asuda suwda. Kölüñ tolkunmasy – Guw tolgunmasy, Göýä ýaşyp barýan Şapak şöhlesi. Guwlar aýdym aýtmaz, Guw aýdym aýtmaz. Guw beýle gowgaýa Başyny gatmaz. Guwlar sessiz ýaşar, Adaja ýaşar. Guwlaryñ guw ömri Şapaklap ýaşar. Indi ýaşmalymy, Guwlaryñ ömri, Gozganar guwlaryñ Agyr kükregi. Guwlaryñ başyna Soñky gün geler. Öwrüler şapaga Kümüşsow günler. Ugradar ömrüni Guwlar aýdymly. Al şapak hakynda Aýdym aýdyldy. Ýaşýan al şapaga Ganatlar galgar: ”Hoş gal, mylaýym köl! Eý ömrüm, hoş gal!” Guwlaryñ aýdymy – Gussadan doly. Käte meñ sesim dek Hem howsalaly... Guw aýdymy guwuñ Ömrün paýawlar. Aýdym ajal bolup Guwlary awlar. Guwlar aýdym aýdar, Ýok, aýdym aýtmaz. Guw beýle gowgaýa Başyny gatmaz. © Bapba GÖKLEŇ | |
|
Ähli teswirler: 0 | |