TÜRKMEN EDEBIÝATY


20:53
Gelnalyjy


Gelnalyjy

(Hekaýa)

Dürli kysymdaky ýeňil maşynlardan düzülen gelnalyjy gyk-baklap, haý-haýlap, waý-waýlap, aýdym aýdyp, dep kakyp, tozan turzup, ýoldan çykyp, ýola girip, biri ozup, biri galyp, ýaglyk parladyp, sozanguýruk bolup, gelin alynjak öýüň alkymyna süsdürilip bardy.
– Geldiler! – diýen söz agyzdan agza geçip, gyzyň oturan otagyna kürsäp girdi. Bu sözi eşidip, otagda oturan daýzalar gapa tarap eňdiler.
– Bekje duruň! – diýip, olar biri-birini gaýduwsyzlyga çagyrdylar. Daşky gapynyň agzynda duran aýal-ebtat, çaga-çuga gün aşyp gelip, suwly nowanyň daşyna üýşen goýun sürüsine döndi.
– Hany, kim birinji bolup gapyny açmaly! – diýşip gygyryşdylar.
– Öýlenýän oglanyň agasy açar-da – diýip, köpi gören bir daýza ýatlatdy.
– Myrat, bol, böwedi böwüs! – diýip, oglanyň agasyny ruhlandyrjak boldular. Beýle hormata garaşmadyk Myrat ýaýaplap ugrady.
– Gyzyl onluklardan elimize tutdurmasa, böwediň golaýyna-da gelmez – diýip, daşky gapa direnip duran daýzalar dillendiler.
”Mende bary-ýogy 11 manat bar, onuňam bäş ýarym manady yza – öýe gitmäge bilet pulumdy. Bilet jähennem diýsemem, 11 manat bu duran arwahlaryň haýsyna ýok bolsun?” – diýip, Myrat içini gepledip ýaýdandy.
– Ýaýdanyp durma, bar-da, omzaber – diýip, öýlenýän oglanyň dosty, daýaw ýigit Myrady itip goýberdi weli, ol gapy saklap duran daýzalaryň ýanyna entirekläp bardy.
– Mende-hä şü… – diýip, Myradyň jübüsinden onlugy çykarany hem şoldy weli, ony şol demde kakyp aldylar. Pul ýetmedik daýzalar indi gapa has hem bek ýapyşdylar. Myrat eli birlikli öňe gitdi. Ony yza pyzyp goýberdiler. Onuň çepiksi göwresi arkanlygyna serpildi. Onsoň ýigit tarapdan gelen aýal-erkek bary gapa tarap çozdy. Hakyky gyk-bak şondan soň başlandy.
– Haýt-haýt, ýuwaşrak – diýen sesden soň ”waý, owratdyň” diýen ses eşidildi.
”Waý, öldürdiň, oglan, goýber, puluňyzam gursun, zadyňyzam” diýip, gapy saklap duran daýzalaryň biri janhowluna bagyrdy. Gyssaga düşen ejelerini görüp, çagalaram eňşeşip başladylar.
– Mugt-a äkitmersiňiz – diýip, gyzyl-hyşdyň daýza gelnalyjylara güýç berenokdy. Oňa:
– Ba-aý, öň berendiris-ä! – diýdiler.
Ol daýza munuň bilenem gowşamady. Onuň eline bir manat tutdurdylar.
– Ýitir, oglan, onyňy, onyňdan zat bolmaz! – diýip, daýza ýigidiň eline kakyp goýberdi.
– Me-how, al, me! – diýip, ýigit onuň eline bäşlik tutduryp, öňe omzady. Gapy birden açylyp, adamlar jaýyň içine güpürdäp gaýtdylar.
– Wiý, a gyz, hany bize, bize bir manadam ýetmedi-le – diýip, pul ýetmedik daýzalar ýykylyşyp ýatan ýerlerinden zeýrenişdiler. Daýaw ýigit olaryň üstünden atan-satan bolup geçip, gyzly otagyň gapysyna geldi. Ol bu ýerde hilä ýüz urdy:
– Açyň gapyny, meniň elimdäki gyzyl onluklaryň ysy burnuňyza uranokmy! – diýdi.
Gapy çalaja açyldy. Wagyrdy peseldi. Gapy saklaýan daýzalar jyklap seretdiler. Olar ýigidiň elindäki iki sany köne birligi görüp, şakyr-şukur gapyny ýapdylar-da:
– Bir manatlyk gyz ýok bärde! – diýşip gygyryşdylar.
– Waý, elim gapyň arasynda galdy! – diýen çirkin ses gelnalyjy tarapdan eşidildi. Iki tarapyň zoruna çydaman, gapy jygyldap hem gymyldap başlady. Ine-de, gapy açyldy.
Ýigit bir gysym ak şaýlygy jaýyň içine seçip goýberdi. Oglan bilen gyz tarap tapyşyp, omadaklaşyp şaýy çöpleýärdiler. Diňe bir daýza gyzyň başyna ýaglyk atmak bilen boldy. Seçilen şaýydan eline gara köpük ilmedik hälki gyzyl-hyşdyň aýal ol daýzany pyzyp goýberdi. Özi hem gyzyň üstüne ýykyldy.
– Waý, boýnum oňruldy! – diýip, gyz gygyrdy. Daýaw ýigit baryp, ýaňky daýzany bir tarapa süýräp aýyrdy.
– Waý, hany gelniň köwşi? – diýşip gygyryşdylar.
Jaýyň içinde heniz gopgun ýatmandy. Gyzyň üstüne ýykylan gyzyl-hyşdyň daýzanyň elinden köwşi aljak bolýardylar.
– Bäş manat bermeseňiz, köwüş ýok! – diýip, daýza köwşi gujaklap ýatyrdy. Bäş manat berip, onuň elinden köwşi aldylar.
Dürli kysymdaky ýeňil maşynlardan düzülen gelnalyjy gyk-baklap, haý-haýlap, waý-waýlap, aýdym aýdyp, dep kakyp, tozan turzup, ýoldan çykyp, ýola girip, biri ozup, biri galyp, ýaglyk parladyp, sozanguýruk bolup, gyz alyp gitdi.

© Bapba GÖKLEŇ
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 81 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Bapba GÖKLEŇ | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 sussupessimist • 21:06, 25.11.2023
Bapbam prozaçy hökmünde-de zor yazyjy.
Bu tarapy okyjylara kan bir belli däl, internetde diňe şu hem-de "Oýtak" hekayasy paylaşylypdy.
Onuň bolsa yene azyndan "Agşamky gezelenç", "Original göçüm", "Ýany itli aýal", "Merjen", "Ak eşegiň arzy" (I.Gögein lakamy bn), "Sabynly waka", "Ekinçi eşek" yaly hekayalary bar. "Hyýalbent" atly powestinden bölegem metbugatda çap bolupdyr, doly yazylypmy-çap edilipmi, habarym yok.
avatar
0
2 Мango • 22:13, 25.11.2023
gowy janlandyryp ýazypdyr.
gapyçy daýzalara pul paýlaýşym ýada düşüp gitdi.
türkmen toýlarynyň gyzygy şu öýdýän...
ýöne, edil uruşa giren ýalam bolunýar şonda :-)

4 ýyzzyl Bapba, 1 ýyzzylam Sussupessimiste.
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE