TÜRKMEN EDEBIÝATY


10:08
"Yraň atmaň soňy geldi..."

Yrañ atmañ soñy geldi,
Men bir tarapa eñýärin.
Bu ýerler bermez teselli.
Bu ýerleri çalyşýaryn,
Bir jübüt gaýyş ädige.

Gara ýoly kesip geçip,
Ýolsuz boz ýere düşýärin,
Eh, jähennem! Kelle göçüp,
Bu ýerleri çalyşýaryn,
Bir jübüt gaýyş ädige.

Tutduryp men ümdüzime,
Serimi baryp goşýaryn,
Sährañ deñiz dek meñzine.
Bu ýerleri çalyşýaryn,
Bir jübüt gaýyş ädige.

Çöl ýabany, men ýabany,
Burnuna ýel alan ýaby.
Küýsäp ýabany howany,
Bu ýerleri çalyşýaryn,
Bir jübüt gaýyş ädige.

Sesim eşdiler alysdan,
Salgymdan añryk geçýärin.
Men salgymyñ añyrsynda,
A siz bolsa bärisinde,
Bärisini çalyşýaryn,
Bir jübüt gaýyş ädige.

© Bapba GÖKLEŇ
Bölümler: Goşgular | Görülen: 85 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Bapba GÖKLEŇ | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 sussupessimist • 10:15, 26.11.2023
Bapbaň goşgularynda "Kitaby dädem Gorkutdaky" aydyşyklara çalymdaş arhaistik, sap poeziya göryän. Çeşmäň gözbaşyna, dagyň bir yşjagazyndan yarylyp çykyan yerine dolanan yaly.
avatar
0
2 Atsyzatly • 10:54, 26.11.2023
Näçe müň ýyllap tebigaty synlap, tebigatyň içinde kemala gelen adama, indi, birbada sowuk dört beton diwaryň içinde telewizor synlamak aňsadam düşýän däldir. Şondan her kime ýaşaýan şäher jemgyýetini taşlap, sähraýy-çöle, boz meýdana çyksa howasy täzelenip, durmuşy gowulaşaýjak ýalydyr.

Görmedik baglaryň gözel ýalydyr,
Görmedik ýurtlaryň täsin ýalydyr.
Geň-taň işler bolup geçýär dünýäde —
Gözler mydam görmediginiň zarydyr.

«Хорошо там, где нас нет»
avatar
0
3 sussupessimist • 15:59, 26.11.2023
Yok, gürrüň yaşap yören fiziki gurşawyň barada baryandyr öydemok. Ol babatda Bapba Gökleň gaty seyrek gabat gelyan derejedäki patriot bolmaly, meň eşiden-okan gürrüňlerimden, döredijiliginden çen tutsam.
Bärde dünyewi däl-de, ruhy salgymyň "aňyrsy" bilen "bärsi" göz öňüne tutulyar.
avatar
0
4 Küle • 17:49, 26.11.2023
Dine Bapbadan däl tutuş poeziýa äleminde in halaýan goşgularymyn biri
avatar
1
5 Küle • 18:23, 26.11.2023
Bapba hepdeligi süýt önümleri ýaly ýaramlylyk möhleti gysga goşgulardan ýaňa kepän ruhumyza çabga bolup ýagdy. Minnetdar.
avatar
0
6 Мango • 01:14, 27.11.2023
"Bir jübüt gaýyş ädik"... bir hili ýolagçylygyň simwoly ýaly.
ädigini geýip, ýola düşmäge karar berýär, ýogsam "Gara ýoly" taşlap "Ýolsuz ýere düşýär"-em.
gahrymanyň "ýabany howany" küýsemegi - erkinlik küýsegimikä?

...emigrasiýaň gürrüňi-hä däldir-dä hernä?
avatar

Старая форма входа
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Özüm özümi synlap, haýran galdym. Ýyl, ömür diýlеn zat adamy nä hala salýar ekеn?!
© HYDYR AMANGELDI
EDEBIÝAT KAFESINDE
Men adamlary diňlemegi gowy görýän
© UMYT KÜLE
EDEBIÝAT KAFESINDE
Baglar, Ynanmañ, Gara gyşyñ Gününe!!
© MEŇLI AŞYROWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
Bäh, aýna-da garraýan eken..
©LAÇYN PÜRJÄÝEWA
EDEBIÝAT KAFESINDE