23:35 Ylýas Amangeldiden goşgular | |
ELLI BÄŞ ÝAŞ Men bir perde-de däl, Ýa düzülen goşa tar. Nämüçin maňa basýarsyň? Kakýarsyň maňa? Elli bäş ýaşadym, Şeýle-de dert kän. Ýa sen, Eger, gyş güni ölsem, Tabydym üste ýagsa gar, Meni guburyma äkitmän, Ondanam islärmiň owaz? Eşdilmedik, diňlenmedik owazy, Aýazda açylan güli islärmiň? Ejizje ýüregmi şunça ýyl, Ezenim azmy? Gyssaýarsyň, gyssaýarsyň, gyssaýaň, Bar mülkümi dökmedimmi öňüňe? Bu gün ony özümdenem gysganýaň. Ejemiň gujagna gelemde aglap, Başgalaryň emýän süýdüne derek, Ýa berdiňmi maňa daňyň sazyny, Şindem gideňok depämden. Niçik-de bolsa ýegdirin, Depeläriňden... Elli bäş ýaşadym. Tomusda, ýazda-da, gyş günler-ä has, Uzady gijelem gündizlerimden, Deňine göterip guşlaryň, Okladyň-da gapmadyň, Bolmasyn diýdiňmi halas – Öňümdäki ak kagyzy ýapmadyň. Men bolsa gorkýaryn, şeýle gorkýaryn, Ters owazy çykarmakdan, Düzülmedik kirşleri deý dutaryň. *** ALADAŇDANDAN Barýan şähere barýan, Aladaňdan. Barýan sähere barýan, Aladaňdandan Niýetim, pälim oňat, Aladaňdandan Gelsin maňa kanagat Aladaňdandan Ýok, bagtymy gözlämok, Aladaňdandan Özüm ilden gizlämok, Aladaňdandan Hiç kimseden närazy däl, Aladaňdandan Bir özümden razy däl, Aladaňdandan. *** IL BILEN BOLMAK Käwagt bir gezek mähirden gansam, Käwagt bir gezek bir özüm galsam, Käwagt bir gezek tütesem, ýansam, Käwagt bir gezek gollarym ýaýsam. Galan wagtym bolsa il bilen bolsam... © Ylýas AMANGELDI Çeşme: https://makalam.com/gosgy-soz-beripdim-701/ | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |