Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:14
Ekizler Ýa-Da Ýene Bir Gezek Gurbannazar Ezizowy Ýatlap
EKIZLER ÝA-DA ÝENE BIR GEZEK GURBANNAZAR EZIZOWY ÝATLAP


(ýatlama)


Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler bilen meniň ýakyndanam, daşdanam hiç hili tanyşlygym ýok, olaryň eserleri bilenem ýaňy-ýakynda şu saýtyň üsti bilen tanyşyp başladym. Ekiz adamlaryň dünýäsi barada kän okasamam, olaryň dünýägaraýşy barada birugurly pikir etmegiň nädogrudygyna düşünsemem, Hydyr aga bilen Ylýas agaň Gurbannazara bolan garaýyşlary meni kän oýlandyrdy. “Ýazmalymy ýa ýazmaly dälmi?” diýen pikir bilen.
Ýazanym bilen ýitirjek zadym ýok, ýöne özümdäki ýaly duýgyny okyja ýetirip bilmesem, onda ondan Gurbannazara-da, onuň ekiz taýyna-da hiç hili peýda bolman, tersine bolar öýdüp, kän ýaýdanyp gezdim.
Hawa, men “Gurbannazaryň ekiz taýy” diýen sözi başda goşa dyrnaga almadym, ýogsa ol meň öz sözümem däl. Gürrüň Hydyr we Ylýas Amangeldiýewleriň agasy Baýram Amangeldiýew barada barýar. Oň bilenem gatnaşygym ýakyndan diýip biljek däl, ýöne ömrümde Gurbannazary görmek miýesser etmese-de, her gezek Baýram agany görsem, Gurbannazary gören ýaly bolýan. Beýle duýgy mende şahyryň ejesi, aýaly, çagalary bilen bolan gürrüňdeşliklerimde-de döräp bilmedi, ýogsa onuň ogly Serdar (Gurbannazar) Ezizow meň studentimdi.
Näme üçin Baýram aga? Dogrusy, men oňa şu wagta çenli ýekeje gezegem “aga” diýip göremok. Illere gürrüň beremde, “Baýram” diýýän, özüne — “mugallym”.
Hawa, ol meniň mugallymym. Ol bizi kän wagt okatmady, okadan wagtlaram diňe aglap geçýärdi diýen ýaly. Haýsy temadan sapak geçse-de, iň soňunda gürrüň Gurbannazara syrygýardy, onsoň...
Ol häzirem şeýle. Birki ýyllykda Gurbannazar barada gepleşik berildi, men şonda teleýaýlymdakylara Baýram aga barada aýtmakçy boldum, ýöne bir gorky meni saklady durdy.
— Aýtmanyňam gowy bolupdyr…
— Ýöne, mollym…
Onuň iki ýaňagyndanam syrygýan gözýaşlara seredip, men: ”Onda ol barada kim bize gürrüň bermeli?” diýjek bolanlarymy ýuwutmaly boldum.
“Ol bizi okatdy” diýip, meň uly gürlän bolmagymam mümkin, sebäbi bir ýylyň içinde ol bary-ýogy 15-20 gezek sapak geçendir, her sapakdan soň bolsa hepdeläp, käteler bolsa aýlap keselhanalarda ýatmaly bolýardy. Ýüregi sebäpli.
Men ol döwürlerde Gurbannazaryň kimdiginem bilemokdym, onuň eserleri bilenem tanyş däldim. Şu häsiýetim şol
döwürlerde-de (çaga wagtymam) bar eken: birini hetdenaşa öwseler, meňki bolanok. Ol şoňa mynasyp bolsa-da. Ol döwürler bolsa gürrüň diňe Gurbannazar hakda gidýärdi. Soň-soňlar maňa kursdaşlarymam geň galardylar: ”Sen Gurbannazary okaman, özüňe goşgy ýazýanam diýýäňmi?!” Ony okamazlyga bu maňa hasam itergi berýärdi.
Gurbannazary okamazlygyma-da, ony okap başlamagyma-da ýene-de Baýram aga sebäp boldy. Has dogrusy, ol hakdaky gürrüň.

Üçünji kursda okaýardym. Şonda kursdaşlarymyň biri:
— Sen institutyň teatrynda çykyş edip ýörsüň, özüňiz barada-da bir duşuşyk geçiräý! — diýdi.
— Düşünmedim?..
— Institutda kimiň goşgy ýazýanyny bilýäň. Şolaň döredijiligi bilen köpçüligi tanyşdyrsaň, gowy bolardy.
Üýtgeşik taýynlygam görmedik, ýöne beýle köp adam gelerem öýtmedik. Duşusykdan soň dekanymyz ýanyna çagyrdy:
— Gowy iş etdiňiz, ýöne daşyndanam şahyrlary, bagşylary çagyran bolsaňyz, has gowy bolardy.
— Men hiç kimi tanamog-a…
— Ökdirowam tanaňokmy?
— Döwletgeldi Ökdirowiçimi?
— Howwa. Şondan aýdym aýtmagyny haýyş edip gör.
Döwletgeldi mugallyma okadýan sapagyndan soň haýyş bilen ýüz tutdum. Ikirjiňlenmedem.
Ikinji duşusygymyzda aktlar zaly doldy diýsem, bärden gaýdar: dik duranlaram kändi.
Döwletgeldi mugallym dutarda saz çalyp, aýdym aýdyp berse-de, berdi welin, özündenem, bizdenem nägile boldy:
— Ýanymda gyjakçy bolmasa, öz aýdýanyma özümem ynanyp bilemok.
— Wah, biz indi gyjakçyny nireden alaly? Öz tanaýanyňyz bar bolsa… — diýip, hemmeden öň dekan dillendi.
— Hon-ha, Derýa ba:r-a — diýip Döwletgeldi Ökdirowiç yzky gapyň ýanynda diwara ýaplanyp duran Derýa mugallymy görkezdi.
Rus edebiýatynyndan okadýan Derýa mugallymymyzyň gyjak çalýandygyna hiç kim ynanyp bilmedi, ol bolsa, ady tutulandan, zaldan çykyp gitdi.
Ondan kän adam haýyş etdi, emma haýry degmedi. Dekanam, prorektoram gitdi. Geň galyp, başlaryny ýaýkap geldiler. Bir gün sapakdan soň Döwletgeldi mugallym meni alyp galdy:
— Sen oňa “Gurbannazar üçin!” diýibem gör. Men diýsem, diňlemez.
Derýa mugallym, meni göreninden:
— Çyk, çyk, Ataýew! Öz wagtyňam, meň wagtymam alma! — diýip, meni gürlemäge-de goýmady.
— Mollym… Derýa Baýramgu…
— Näme “mollym”?! Näme?! Hawa, men indi elli ýyla golaý “Derýa”! Soň?! Size adam dilinde aýdyld-a: “Men gyjak çalamok!” diýip!
— Mollym, Gurbannazaryň hatyrasyna…
Edil ýanymda bolan bolsa, onuň maňa bolmanda bir şarpyk dadyrjagyn-a hiç hili şübhäm ýokdy. Gözleri içiňden geçip gelýär, ýöne olarda hiç-hili many ýok.
— He-eý, Baýram, Baýra-a-amm!.. Sen nädip çydap ýörsüň?!.
Ol aglamasa-da, tas men aglapdym. Şonda-da:
— Ýalkymly Baýrammy?.. — diýenimi duýman galypdyryn.
Ol indi many ýygnanyp ugran gözlerini göni gözlerime dikdi:
— Sen ony nireden tanaýaň?!
— Mollymym…
Ol esli wagtdan soň:
— Hany, geç otur! — diýip, maňa oturmaga ýer görkezdi.
— Biz olarda üç bolup kän oturşypdyk! Gurbannazar dutar çalyp, goşgy okardy, men gyjak çalardym. Baýramyň inilerem ýanymyza kän gelerdi. Şoň ýanynda imenno meň gyjak çalanym üçin şonda magnitofona geçiren ýazgylarymyzam gadagan edipdiler.
Men Gurbannazar ölensoň, bir gezegem elime gyjak alyp göremok… Baýram bolsa…
Ol kän wagtlap dymyp oturdy. Menem sesimi çykarmadym.
— Ýogsa-da, nähili ol?
— Kän wagt bäri göremok…
— Menem şeýle… Dogrusy, duşuşmak problema däl, ýöne … görüşip bilemzok… Ondan bäri on iki ýyl geçipdir, ýöne ýaraň ýüzi kesmekläýinem diýenok. Biri-birimizi görsek welin… Ol henizem aglaýarmy?
— Howwa…
— Sen ondan gaty görme… Men olara, degişip, “ekizler” diýýärdim. Degişmäm çyndanam beter bolaýdy… Bilýäňmi, Gurbannazary morgdan alyp çykmaly bolanda, hiç birimiz girip bilmedik. Baýram girdi. Girdem, ýüregniň ýarsyny şol ýerde goýubam gaýtdy… Şol wagtlar: “Gurbannazaryň ýerine kim janyny berip biljek?” — diýip sorasalar, belki, janyny gaýgyrmajaklar tapylardy, ýöne ýekeje sekundam ikirjiňlenmejegiň ýeke-täk Baýram ekendigi barada men soň-soňlaram kän pikir etdim…

P.S.
Gurbannazar barada soň kän okadymam, ylmy işlerem ýazdym. Kän gürrrüňlerem eşitdim. Henizem eşidýän. Onuň hakykatda nähili häsiýetli adam bolandygyny bilemok, diri wagty gatnaşyp gören bolaýanymda-da, gatnaşygymyzyň nähili derejede bolup biljegi hakynda pikir etsemem, ony göz öňüne getirip bilmedim. Özümdäki birgiden oňşuksyz häsiýetlerime belet bolamsoň, meň üçin Baýram mugallymam, Derýa mugallymam kemçiliksiz adamlar däldi (belki, Gurbannazar bilenem mäşim bişişmezdi), ýöne şu iki adamdaky Gurbannazara bolan garaýyş (şahyra däl-de, adama, dosta bolan garaýyş) soň Gurbannazary ideýallaşdyrjak bolup, ony her ädimde öwmäge döwtalap bolýanlaryň öwgüsin-ä maňa juda ýöntem edip görkezýärdi, ony döwmäge, garalamaga döwtalaplaryň synanyşýgyna bolsa hiç hili pitiwa-da edip bilemokdym.
Entek- entek, azyndan ýene-de elli ýyl dagy geçmese, Gurbannazar barada obýektiw eser ýazyp bolmajagyna gözüm ýetýär. Entek ony gören, tanaýan adamlar dirikä, olaryňam oňa emosinal garaýyşlary güýçlükä, obýektiwlik barada gürrüňem bolup bilmez. Aslynda, şol bize gerekmi bir? Men Gurbannazary diňe goşgulary boýunça tanaýan; şu ýazgylarymam asla ol hakda däl diýseňem boljak. Ony çyn ýürekden söýen şol iki sany adamam onuň goşgularyndan mysallar getirjek bolup ýa onuň eden işlerini köpçülige ýaýyp, onuň adyny arşa göterjek bolup ýörenokdylar. Olar dostlaryny dymyp, aglap söýýärdiler…

© Çary ATAÝEW

Çeşme: Galamdash.com saýty.
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 136 | Mowzugy paýlaşan: Mekan2 | Teg: Çary Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Medicall • 22:16, 05.02.2024
Çary aga! Siziñ bu ýatlamañyzam eýýam bizde siz bilen baglanyşykly pursatlardan azajygam bolsa açyp berdi, az hem bolsa bizem siz barada-da öwrendik:)

Muny paýlaşany üçin @myhmana-da minnetdar!

Meñ pikirimçe ýagşyny öwüp arşa çykarmak gerek däl, emma ýagşyny ýagşylykda ýatlamak mahabata degiśli däl. Ussatlary hökman ýatlamaly. Ýatlanmasa, olar barada bilýän adamlar bilýanini aýtmasa, ömri, döredijiligi barada ýazgylar ýazylmasa onda ony nesiller nireden öwrensin?! Mazamlamaly däl-de, onuñ bilen bolan pursatlary, wakalary gürrüñ berseler,
goşgularyny öwmeseler, emma analiz etseler ýa etmeselerem belki goşgy, eserleriñ döreýşi barada bilýanleri bardyr, şolary nesillere ýetiriberseler gowy, emma aşa öwüberseler çenden çykmak bolyar birhili. (ýa öwmek, ýa döwmek üçin däl-de öwrenmek, nesillere geçirmek üçin ýatlanylmaly...)

Bu meñ şahsy pikirim diñe Gurbannazar babatda däl, ýatlanmaga, öwrenilmäge, sarpalanylmaga mynasyplarymyzyñ ählisi babatda-da şeýle,

Şeýle ýatlama çärelerinden Miras tv-da "Ruhy çyragym" gepleşigi gowy ýola goýulypdyr. Halaýan şol gepleşigi, wagt tapsam seredýänem. Umuman ussatlar baradaky pursatlary bilmek gyzykly.

(hem-de diñe ölerine garaşybam oturmaly däl, dirikälerem bilibermeli gymmatlaryny...)

Bu Kafede-da Gurbannazar Ezizow barada-da Derya mugallymyñyzam ýatlamasy bardyr...
Ruhy şat bolsun!
avatar
avatar
0
3 Мango • 23:26, 05.02.2024
...birini hetdenaşa öwseler, meňki bolanok.

Çary aga. şoňa ýakyn mesele mende-de bar.
ýöne bu Gurbannazara degişli däl.
mysal üçin her kim hindi kino seredýän wagty men seredip bilmezdim...
bilemok... bolşum şeýle...
ýa her kim moda edip bir geýim geýse men geýip bilmezdim...
(bu zatlar ýazgyňyz bilen bagly dälem welin...)
avatar
0
4 sussupessimist • 01:09, 06.02.2024
Aslynda başga adamlaryň, olar azlyk bolsun ýa köpçülik, öwgisem, döwgüsem biziň prizmamyza, görşümize täsir etmeli däl. Pikiriň saplygyny goramagy başarmaly. Indi häzir bütin dünýä bolup, okamanam, düşünmänem bir geniýni öwseler - ol näme üçin meniň gözümden düşmeli? Koelýony, Kiýosakini, Karnegini... aldygyna reklama edýäler - men olary halamok. Bütin dünýä Harri Potteri öwýär. Maňa nä? Onuň ýedi sany lokga tomy meniň üçin ýekeje ýukajyk "Kiçijik şazadaça" ýok. Şol bir adamlar Murakaminem götergileýäler. Dogrudanam, gyzykly ýazyjy. Näme üçin ol meniň gözümden düşmeli?
Başgalaryň Gurbannazara ýa beýleki populýar ýazyjylara bolan gatnaşygy olaryň öz işi. Meniň her birine öz garaýşym bar. Ol hakdaky pikirlerimi argumentirläbem biljek.
avatar
0
5 Medicall • 01:19, 06.02.2024
"Kiçijik şazada" özüni haladyp, gaýta okadyp bilen eser maña-da
avatar
0
6 sussupessimist • 01:22, 06.02.2024
Hindi kinolary diýlende-de, bu ýerde gaty uly umumylaşdyrma bar. Meselem, biri diňe soňky düşürilýän kinolary görüp: "Äý, türkmeniň kinosy barmaý?" diýse, şol mamlamy? Sizden: "Nähili türkmen filmlerini bilýäňiz?" diýip sorasalar, şolary mysal getirýänsiňiz öýdemok. "Şükür bagşy" diýersiňiz, "Aýgytly ädim", "Jemalyň daragty", "Kärizgenler" diýersiňiz, belki "Çöldäki iki adam" diýen tapylar...
Gürrüň Mangonyň hindi kinolaryny däl, suwjuk, ýasama, bir Şahruk Han dyşk edende, 20-30 mölegöz bandidiň uçup gitmegini, ýaňy tanşyp, birden aýdyma gygyryp, tans edip başlamaklaryny, aýdym gutaransoňam agyraýak boluşlaryny... ýagny, Bolliwudyň sungat hakdaky düşünjesine görä düşürýän önümi barada barýandyr. Ýöne, Mango dostum, hindilerde parallel kino diýen akym bar. Onuň hatda dünýä kinematografyna ýetiren täsirem az däl. Beýle kinolaryň marketingi kän bir güýçli bolmansoň, nähilidir bir problemany gozgaýandyklary üçin, tomaşaçysy kän bolanok, ýöne şolaram hindi. Men, meselem, Satýajit Reýiň filmlerini göz öňüne tutýan, ýa-da soňkyraklardan Lunchbox atly bir kino bar. Şonam görüň.
avatar
0
7 Pero • 16:57, 06.02.2024
Ýa-da Лев (Lion) diýen hindi kinony görmedikler bar bolsa maslahat berýän,dile geldi,bile geldi:)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203